Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi

Diş kariýesi kliniki geçişi boýunça iki topara bölünýär, ýagny kariýesiň tegmilt we boşlukly stadiýalary. Bejerginiň geçirilişi hem iki ugurdan ybaratdyr: 1) konser­watiw bejeriliş – dişleriň gaty dokumalaryny gaýtadan minerallaşdyr­mak­lyk – reminerallizasiýa usuly; 2) hirurgik bejerliş – köwekleri petiklemek usuly.

Adaty bejeriliş usuly – gaýtadan minerallaşdyryjy bejergisini geçir­mek üçin häzirki döwür­de onlarça, ýüzlerçe serişdeler amaly işe hödürlenendir, ýöne olaryň içinde esasy täsir ediji serişde höküminde hyzmat edýärler Ca, P, F mineral düzlarydyr. Olar 10% kalsiniň glýukonatynyň ergini; 1-3% Remodent er­gi­ni; 0.2-0.5 - 1%-2% derejeli NaF-ryň erginleri, Witaftoruň ergini, kalsiniň we fos­foryň birleşdirilen erginleri we başg. Bulardan başgada dişlere çalynýan örtükleriň; Ca+, P+, F saklaýan gelleri, laklary (prof. W.K.Leontýew, 1984, 89), ýoriteleşdirilen hamyrlaryň – Bentodent palçygy (prof. G.Paşaýew 2001 ý.) we ş.m. ulanmaklyk maslahat berilýär.

Gaýtadan minerallaşdyryjy bejerginiň geçiriliş tertibi: ilki bilen dişleriň täjiniň syrça­la­rynyň ýüzi iýmit galyndylaryndan hem-de diş çökündilerinden doly arassala­nylýar. Syrçanyň ýüzi 1-3% wodorodyň perekis ergini bilen birnäçe gezek ýuwulmaly, ondan soňra dişiň syrçasy erginler, hamyrlar bilen örtülýär, 15-20 minut dowamynda, has dogrusy er­gin­leri we hamyrlary her 4-5 minutdan çalyşyp täzelense gowy netijeli bolýar. Be­jergide ilki başda kalsiý, fosfor saklaýjylary ulanylsa dogry bolýar, sebäbi dişiň syrçasynyň esasy durky şol minerallardan ybaratdyr. 3-5 gezek bejergiden soňra 0.2-0.5 - 1-2% ftorly matriniň erginini çalmaly. Ftor serişdesi syrçanyň daşky gatlagyny berkidýär, onuň ereýjiligini pese gaçyrýar, ýöne ftor onuň içki gatlak­laryna kän bir aralaşyp bilmeýär (Owruskiý, Çobowiç, 1968 ý.). Şeýlelikde ilki bada syrçany Ca, P+ Mg, K, Kr we beýleki kiçi himiki minerallardan doldurylmaly, ondan soňra oňa ftorly serişdeleri ýapgy edilse dorgy bolýar.

Bejerginiň netijelerini takyklamak üçin syrça adaty seredilende ondaky tegmiltleriň aza­landygy, ýitenligi bilen ýa-da oňa 2% Metilen gögüň suwly erginini çalmak arkaly geçirilýär. Eger-de bejerjiler netijeli bolsa, onda bu tegmiltleriň göwrüminiň azalandygy bilen düşündirilýär.

Eger-de näsagyň dişlerinde goýy, goňur-gara tegmiltler bar bolsa onda olaryň bejergä mätäçligi ýokdur. Sebäbi kariýes hadysasy haýal ýagdaýa geçip, agyz suwuk­lygyndan, sülekeý­den özüne gerekli mineral duzlary alyp, öz-özünden minerallaşma bolup geçýär bu bolsa kari­ýes hadysasynyň togtaýandygynyň subutnamasydyr.

Hirurgik bejeriş usullary – kariýesiň ösen stadiýalarynda (ýüzleý, ortaça, çuňňur) geçirilýär, onuň bejergisi kariýes köweklerini gyryp arassalamakdan (nekroektomiýadan), derman serişdeleri bilen ýuwmakdan (antiseptiki arassalaýyş) hem-de ony petikleýji serişdeler bilen doldurmakdan ybarat bolup durýar.

Kariýes boşluklarynyň gyryp arassalanyşynyň we olara şekil bermeginiň düzgünleri. Kariýes köweklerini gyryp arassalamak bejerginiň iň wajyp tapgyrlarynyň biridir. Onuň düzgün­le­rini doly berjaý etmek gelejekde ikilenji kariýes ojagynyň döremezligi üçin hem-de goýulan petikleýji serişdesiniň köp wagtlap saklan­magyna ýardam edýär.

Umuman aýdylanda terapewtik stomatologiýasynyň amalynda köwekleriň gyrylyp aras­salanyşynyň iki ugury bardyr. Birinji ugur: I.G.Lukomskiniň (1948 ý.) hödürlemesi boýunça kariýesiň zeperlenmelerini sagdyn dokuma çenli gyryp ýonmak we sagdyn syrçany, dentin dokumalaryny aýawly saklap alyp galmak düzgüni öňe sürülýär, müňa “Biologiki aýaw­ly­lyk” diýilýär. Ikinji ugur: Angliýaly alymy Blek öz hödürlemesinde dişiň gaty dokumalaryny, diş täjiniň syrça böleklerini iki zolaga bölýär; 1) kariýese meýilli zolaklary; 2) kariýese garşy durnukly bölekleri. Şeýlelikde Blegiň usuly boýunça dişiň täjine kariýes keseli ýoluksa onda onuň ululygyna – kiçiligine garamazdan dişiň syrçasyny we dentinini tä onuň galyň, ýagny kariýese garşy durnukly ýerlerne çenli gyryp aýyrmak maslahat berilýär. Şeýlelikde uly hem-de çuň kariýes köwek­leri emele getirilýär. Häzirki wagtda dişleriň kariýesiniň ýerleşişi, kliniki geçişi, depginleri we başgada birnäçe aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýokarda agzalan iki ugury hem amalda ulanyl­ýar, ýöne esasan has giňden ýaýran usuly Blegiň usuly boýunçadyr. Blek boýunça dişleri ýonmaklygynyň we olara şekil bermekliginiň 5-klasy bardyr.

(surat 6.7.) Blegiň usuly boýunça kariýes köwekleriniň toparlara bölünişi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]