Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi

Häzirki wagtda her bir alymda kariýesiň döreýiş ýoly barada dürli pikirler döre­meýär, olar kari­ýesiň döreýiş ýoluny syrçanyň deminerallizasiýasy hadysasy bilen bagla­nyş­dyrýar. Ýagny diş syrçasynyň daşyndaky kariýes dörediji şertlerine (mikroblaryň, kesmekleriň, çökündileriň we başg.) esasanam şol şertlerdäki emele gelýän organiki turşularyň (alma, üzüm, süýt we başg.) täsiri esasda syrçanyň duzlarynyň eremegi we olary ýitirmegi, ondan soňra syrçanyň içine mikroblaryň, turşularyň aralaşmagy bilen syrçanyň içki we dentiniň gatlaklarynyň dargamagy hem-de soňky ne­tijelerinde kariýes köweginiň emele gelmekligi bilen düşündirmek bolar. Ýöne kariýes dörediji şertleriň görnüşleri birnäçe bolup, olaryň sanyny doly takyklamak kyndyr. Şonuň üçinem kariýes dö­redijileri köp görnüşli we kariýesiň sebäpleri köp dürli diýip hasap etmeklik dogry bolup çykýar. Ol sebäpleriň esa­sylary diýip, agyzdaky mikroblar toplumy, ugle­wod iýmiti, şeker önümleri kabul ediliş tertibiniň bo­zulmaklygy, diş çökundileri we olaryň düzümi, agyzdaky suwukluklar, sülekeýiň mukdary we düzü­miniň üýtgemekligi, umumy bedeniň durnuklylygy we oňa daşky gurşawyň oňaýsyz täsirleri we şoňa meň­zeşleri aýtmak bolýar. Şeýlelikde kariýes hadysasy köp sebäplidir we olary ýerli we umumy toparlara bölüp bolar (E.W. Borowskiý we başg. 2002 ý.). Umumy dörediji sebäpler esasan iýmitiň hili, ýokumlylygy, ýeterlikli bolmaklygy, onuň umumy bedeniň madda çalşygyna täsiri. Bulardan başgada iýmit galyn­dylary dişleriň daşyna ýelmeşip galmagynda, çökün­dile­riň emele gelmegine we kariýes dörediji şertleriň bolmaklygyna ýol açylmagy, esasa­nam şeker we uglewod önümleri, ýerli sebäplere degişli bolup agyz boşlugynyň suwuk­lygy, sülekeýiň mukdary we olaryň düzümi umumy beden baglan­yşyklygy, ondaky go­ra­ýyş güýçleriň we başg. Umuman aýdylanda umumy we ýerli sebäpler biri-biri bilen özara baglanşykdadyrlar we kariýes şol sebäpleriň täsirleri esasda döreýändir (Borowskiý E.W. we başg. 2002 ý.). Şol kariýes dörediji sebäpleriň umumy çyzgysy şu aşakdaky suratda berilendir.

Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.

Başlangyç (tegmilt) kariýesiň emele gelşini E.W. Borowskiý we başgalar aşakdaky ýaly düşündirýärler. Haçanda adamlar köp mukdarda şeker we uglewod önümlerini çenden aşa köp iýseler we agzyň arassaçylygyny pes derejede berjaý etseler, onda kariýes dörediji mikroblar (streptokokkus mutans we başg.) syrçanyň daşyndaky organiki örtügine (pellikulasyna) aralaşyp, oňa çökýärler we köpelýärler hem-de diş çökundilerini emele getirýärler. Mundan başga-da şeker önümleriň kabul edilmegi diş çökündilerinde PH turşulygynyň artmagyna getirýär (4.5-5.0). Bu turşulygyň köp wagtlap dişiň syrçasyna täsir etmegi onuň mineral dizlarynyň eremegine alyp barýar we deminerallizasiýa bolup geçýär. Bu hadysa dowam etdigiçe syrçanyň syzdyrjylygy ýokarlanýar, onuň içki gatlaklaryna turşular, mikroblar aralaşýar, syrça owranýar we onda boşluklar emele gelýär. Tegmilt kariýesi kliniki geçişi boýunça çalt (ýiti) ýa-da haýal (üznüksiz) görnüş­lerde bolup, ol syrçanyň hem-de umumy bedeniň garşylyk güýçlerine baglydyr. Şonuň üçin hem tegmilt kariýesi ojagy yzyna gaýdylan bilen, ýagny gaýtadan minerallaşmak hadysasy esasda, sülekeýiň, agyz suwuklygynyň gatnaş­magynda, profilaktiki serişdeleriň täsirleri esasda we ş.m. Şeýlelikde adam­lary iki topara bölmek bolar: kariýese garşylykly we kariýese meýilliler. Kariýese garşylyk güýçleri köp dürlidirler. Olar iýmitiň düzümi we onuň ýokumlylygy, mineral duzla­ra (Ca, P, F) baý bolmaklygy, agyz suwdaky ftoruň mukdary, sülekeýiň mukdary we onuň düzümi, agyz suwuklygyndaky immunoglobulinleriň (A, G, M, E, C, D) bolmagy umumy beden goraýyş güýçleri, syrçanyň turşularda ereýjiliginiň pes bolmagy we ş.m. ybaratdyr. Kariýese garşy güýçleri ýokarlandyrmaklyk bolsa stomatolog lukmanlaryň iň bir wajyp wezipeleriniň biridir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]