Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)

Häzirki wagta çenli diş syrçasynyň kariýes keseliniň döreýiş sebäpleriniň ýollary doly ta­kyk­lanmadykdyr hem-de bu barada ýüzlerçe-müňlerçe nazary deliller getirilip kliniki ehspe­rimental amaly işleri geçirilendir. Ýöne muňä garamazdan kariýesiň döreýşi we kliniki geçişi jedelli we çylşyrym­lylygy meseleleriň biri bolup galýar.

Syrçanyň kariýesi özüniň gelip çykyşyny biziň häzirki eýýamymyzyň başlaryndan alyp gaý­d­ýar we şol döwüriň gadymy grek lukmany Skribonin adam bedeninde hapa suwuklyklaryň bolmak­lygy we olaryň täsirleri arkaly kariýes döreýär diýip aýdypdyr. Şu nazary takyklama esasda XVIII asyrda diş kariýesiniň döremekliginde himiki teoriýasynyň ähmi­ýeti öňe sürülip, syrçanyň owran­mak­lygynda himiki turşularynyň, olaryň agyz boşlugyna düşmek­ligi we syrçany eredişi täsiriniň bar­lygy subut edilipdir. Şondan bärem aýdylyp gelýän düşünje – himiki turşularyň ýok ýerinde syrçanyň kariýesem ýok diýilen setirler häzirki günem özüniň täsirini ýitirmeýär. Ýigriminji asyrda mikro­biologiýa dersiniň ösmekligi bilen mikrob bedenjikleriniň kariýes döremekligindäki ähmiýeti öňe sü­rülip bu keseliň döremekligi mikroblar arkalydygy hem subut edildi hem-de dişleriň kariýesi tur­şu­laryň we mikroblaryň täsirleri arkaly döreýar diýilen takyklama şu gün özüniň işjeňligini ýitirmeýär.

Kariýesiň döremekliginiň himiki – parazitar teoriýasy. 1884 ýylda ýewropaly alym Miller diş kariýesiniň döremekliginde himiki-parazitar teoriýasyny hödürledi we ol “Agyz boşlugynyň mikrob bede­n­jikleri” atly kitabynda olaryň syrçanyň dargamak­lygyndaky we çüýremek­ligindäki ähmiýeti hem-de onuň ýollaryny subut etdi. Ol kitabynda dişleriň zeperlen­megi himiki-parazitar hadysa bolup, bu hadysa iki tapgyrda bolup geçýär. Birinji tapgyry - syrçanyň himiki turşularyň täsi­ri sebäpli eremegi, mineral düzla­ry­ny ýitirmegi – deminerallizasiýasy hadysasy. Adam iýmit iýeninden soň dişleriň oýuk, çukanak, tebigy jaýryk­larynda iýmitiň galyndylarynyň ýelmeşip galmak­lygy, esasanam uglewod, süýji, şeker, hamyr önüm­lerinden, galyndylaryndan mikrob bedenjikleriň gatnaşmaklygynda organiki turşularyň (üzüm kislotasy, uksus, alma turşularynyň, süýt turşysynyň) emele gelmekligi bolup geçýär. Öz gezeginde bolsa bu turşularyň syrça erjel täsir etmekligi sebäpli onuň gowşagrak ýerleriniň mineral duzlaryny eredýärler hem-de onuň kariýese garşylygyny gowşadýarlar we belli bir möhletde onuň owranmaklygyna sezewar edýärler. Ondan soňra syrçada syzdyryjylyk hady­sanyň ýokarlanmaklygy we onuň içki gatlaklaryna organiki we organiki däl maddalaryň, mikroblaryň aralaşmagyna ýol açylýar. Şeýlelikde kariýes hadysasynyň ikilenji tapgyry – syrçanyň we dentiniň mokrob bedenjikleri we olaryň bölüp çykarýan fermentleri tarapyndan dargamaklygy we çüýremeklik hadysalary bolup geçýär. Onuň bolsa soňky netijeleri kariýes köweginiň peýda bolmaklygydyr.

Bulardan başgada Miller özüniň barlagynda agzyň suwklygynyň, sülekeýiň dü­züminiň, muk­darynyň üýtgemekliginiň, iýilýän iýmitiň täsirlerini hem ünsden düşür­meýär. Häzirki wagta Milleriň hödürlän teoriýasy özüniň kliniki we ylmy-amaly taýdan özüniň dogrylygy barada subutnamalaryny tapdy we özüniň ähmiýetini ýitirmeýär.

D.A.Entiniň nerw – trofiki teoriýasy. Diş kariýesiniň döremegini rus alymy D.A. Entin (1928 ýylda) merkezi nerw ulgamynyň we onuň iýmitlendiriş işjeňliginiň peselmegi sebäpli beden agza­la­rynyň we şol sanda dişleriň gaty dokumalarynyň berdaşlygynyň pese gaçmagy we syr­çanyň kariýese me­ýil­liligi ýüze çykýandygy bilen düşündirýär. D.A. Entiniň aýtmagyna görä dişiň gaty dokumala­rynyň, şol sanda syrçanyň içinde bolup geçýän madda çalşyklary – organiki we organiki däl jisimleriň alyş-çal­şygy merkezi nerw ulgamynyň göz astynda saklanylýar. Egerde merkezi nerw ulgamynda, dişiň pul­pa­synyň dentin turbajyklarynyň içinden geçýän nerw süýmleriniň, odontoblast ösüntgilerinde pato­lo­gik üýtgeşmeler ýüze çyksa, onda syrçanyň kadaly iýmitlenişi bozulýar, syrçanyň mineral we orga­niki düzümleri bozulýar we belli bir möhletlerde diş kariýesiniň döremegine getir­ýärler. D.A. Entiniň bu barlagynda umumy bedeniň nerw ulgamynyň ýagdaýlary göz öňünde tutulup, agyz boşluk­daky ýerli kariýes dörediji şertler kän bir hasaba alynmandyr bu bolsa teoriýanyň oňaýsyz tarapydyr.

I.Ç.Lukomskiniň trofiki teoriýasy. Bu I.Ç.Lukomskiý (1948 ý.) tarapyndan diş pul­pa­sy­nyň odontoblast öýjükleriniň trofiki işjeňliginiň pese gaçmaklygy esasda hödürlenen teoriýadyr. Bu teo­riýa görä kada-da dişiň gaty dokumalarynyň iýmitlenişine we olaryň durnuklylygyna pulpa­daky odon­toblast öýjükleri we olaryň ösüntgileri jogap berýärler diýilip aýdylýar. Awtoryň çakla­ma­syna görä belli bir patologiki ýagdaýlar pulpadaky odontoblastlaryň gurluşynyň, işjeň­liginiň kadasynyň bo­zulmagyna geti­rip, syrçanyň hem düzüminiň, madda çalşygynyň bozulmaklygyna alyp barýar we kariýesiň döremek­ligine şert döreýär. I.Ç.Lukomskiniň 1989 ýyllarda Ukrainaly alym, professor W.R. Okusko tara­pyndan giňden öwrenildi. W.R.Okuskonyň barlaglarynda dogrudan-da dişiň syrça­sy­nyň daşky we içki gatlaklary özüne iň gerekli mineral we organiki birleşmeleri dişiň pulpasyndan alýandygy, esasanam pulpadan gaýdýan odontoblast ösüntgisinden, dentin turbajyklaryndan akyp gaýdýan suwuk­lykdan, syrça suwuk­lygynyň üsti bilen getirilýändigi ylmy-laborator, eksperimental barlag­laryň üsti bilen doly tassyk edildi.

D.A.Entiniň fiziki-himiki teoriýasy. Bu takyklama boýunça dişleriň gaty doku­ma­lary (syr­ça, dentin) özlerine gerek bolan maddalary fizikanyň kanuny bolan osmosyň we disfuziýanyň düz­günleri boýunça iki ýoldan: 1) daşky–agyz boşluk suwuk­lygyndan, sülekeýden; 2) içki–diş pul­pa­sy­nyň üsti bi­len umumy beden gan aýlanyşygyndan alýar diýlip tassyklanylýar. Kadada fiziki akym­lar we mad­da çalşygynyň hereketi pulpadan dentine we syrça gönükdirilendir. Şonda dişiň gaty do­kumalary agyzdaky kariýes dörediji sebäplere garşy durnukly bolup, kariýes döremeýär diýip D.A. Entin tas­syk­laýar (1953). Egerde fiziki akymlar tersine sülekeýden, agyz suwklugyndan syrça, den­ti­ne tarap gönük­dirilen bolsa, onda syrça esasy organiki däl maddalary sülekeýden, agyz suwuk­ly­gyndan alýanam bolsa, ol gerekli organiki maddalary (beloklary, ýaglary, lipidleri) doly alyp bil­me­ýär, sebäbi syrça organiki deodolary içki gan aýlanyş ulgamyndan pulpanyň üsti bilen ilki dentin suwukly­gyn­dan soň­ra syrça suwuklygyndan alýandyr (W.R.Okuşko, 1989 ý.). Bulardan baş­ga­­-da şu tersleýin akym­da agyzdaky kariýes dörediji sebäpler, diş syrçasyna çözuş edip başlaýarlar, mikrob bedenjikleri syrça ýelmeşýärler, diş çökündileri emele gelýärler, sülekeýdäki or­ga­­niki turşularam tä­sir edip başla­ýarlar. Şeýle ýagdaýda köp wagtyň dowamynda täsir et­mek­liginde ahyry syrçanyň bir ýeri gowşaýar we kariýes döremekligine ýol açylýär.

Bu takyklamanyň oňaýsyz tarapy adam bedeniniň umumy ýagdaýlaryny hem-de agyz boşluk agzalarynyň durnuklylygynyň ýagdaýlary hasaba alynmaýanlygydyr.

A.E.Şarpenagyň beloklaryň ähmiýeti baradaky teoriýasy. Rus alymy A.E. Şar­pe­nak (1949 ý.) diş kariýesiniň döremeginde syrçada belli-bir beloklaryň madda çal­şygynyň bozul­magy, umumy bedende belok ýetmezçiligi, ýagny iýmitiň üsti bilen kemter duşmegi we ş.m. sebäp bolýar diýip belleýär. Alymyň tasyklamasyna görä bedendäki belli bir agza şol san­da dişiň gaty dokumalarynyň hem esasy gurluşyk özeni bolup hyzmat edýär. Olaryň organiki birleş­me­leri, olaryň işinde bolsa esasy äh­mi­ýetlisi beloklardyr. Syrçanyň düzümindäki beloklaryň mukdary ýetmezçilik etse onuň işjeň­li­giniň pese gaçma­gyna, mineral çalşygynyň bozul­magyna hem-de kariýese garşy durnukly­lygy­nyň pese gaçmaklygyna alyp barýar. Netijede syrça owra­nyp pytrap başlaýar we seýlelikde kariýesiň döremekligine şert döreýär. Şu ýokarky ta­kyk­lama esas bolup rus alymy prof. W.K. Leontýewiň (1978) geçiren ylmy işleriniň neti­jeleri hyzmat edýär. Prof. W.K.Leont­ýewiň mysa­lynda syrçanyň ortaça 20-ä golaý beloklary bar, olaryň 5-6-sy has gereklidir. Olardan Prolin, Oksiprolin, Lizin, Serin we başgalar. Alymyň tassyklamasyna görä (1978) dişiň syrçasy özüne gerek bolan beloklary syrça suwuklygyndan alýar we özüniň organiki durkuny olardan düzýär. Özüniň fiziologik adatlaryna görä syrçanyň minerallaşmasy we berkleşmesi beloklaryň gatnaş­magynda bolup geçýär. Syrçanyň adaty minerallaşmasy, gaýtadan minerallaşmasy ýa-da onuň mi­ne­ral­laryny ýitirmesi (deminerallizasiýasy) syrçadaky beloklara doly bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem syrçadaky beloklar onuň berdaşlylygynda ýa-da kariýese meýilli bolmak­lygynda möhüm ähmiýete eýedirler (W.R. Leontýew, 1978 ý.) häzirki wagytda hödür­lenen kariýesiň döreýşiniň şu takyklamasy möhüm orny eýeleýär we ony öwrenmek alym­lar tarapyndan dowam etdirilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]