- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
Dişleriň kariýesiniň kliniki geçişi boýunça iki tapgyra bölünýär: ilkinji döwri – syrçanyň reňkiniň üýtgemegi, ýöne syrçanyň owranmagy we boşluklaryň emele gelmesi bolmaýar. Ikilenji döwri – syrçanyň owranmagy we onda boşluklaryň emele gelmegi bolup geçýär.
Diş kariýesiniň ilkinji tapgyrynda syrçada bolup geçýän patologik hadysalary öwrenmek örän zerur bolup, ol köp derejede kariýesiň gelip çykyşyny, döreşýiş sebäplerine jogap höküminde hyzmat edýär. Tegmilt görnüşdäki kariýes ojaklaryny has takyklamak üçin häzirki döwürde birnäçe barlag-anyklaýyş usullary hödürlenendir. Olar elektron mikroskopiýa, polýarizasiýoň mikroskopy arkaly syrça böleklerine 50-60 mkm çuňlukda seretmeklik hem-de ony fotosuratyna düşürmekdir (6.1.-nji a.b. surat).
Düşürilen suratlarda ilkinji kariýes ojagy üç-burçlyk şekilinde bolup onuň dübi syrçanyň daşky gatlagyna gönükdirilendir. Ojakdaky patologik üýtgeşmeler tegmiltiň ulylygyna baglydyr. Kiçi tegmilli ojaklarda (onuň göwrümi 1 mm2 çenli) keseligine kesilen syrça böleginde iki sany üýtgeşme zolaklary görünýär – reňklenen we reňksiz zolaklar. Tegmildiň göwrümi ulaldygyça ondaky zolaklaryň sany artýar we kä halatlarda üç sany uly zolagy, kä ýagdaýlarda bolsa 5 zolagy hem görmek bolýar (G.N.Pahomow, P.A. Leus 1974, 1976 ý.). Ol üýtgeşme zolaklaryň atlary – reňklenen, reňksiz, zeperlenmäniň düýbki zolagy 6.2.,3.-nji suratda görkezilendir.
Syrçanyň içki gatlaklarynda, syrça-dentin araçaklerinde hem-de dentinde üýtgeşmeler duýulmaýar. Kariýes ojagynyň emele gelen ýeriniň syrçasynyň daşky gatlagynda üýtgeşmeler az-owlak derejesinde görünýär. Şunlukda tegmilt kariýesde esasy patologik üýtgeşmeler syrçanyň iň daşky gatlagynyň astky gatlagynda bolup geçýändir (Barowskiý E.W., Leus P.A. 79ý.). Şol gatlagy elektron mikroskopy arkaly surata düşürlenende onda owunjak boşluklaryň bardygy – 3-5 deň tä – 20 çenli subut edildi. Ylmy netijeleriň has takyk bolmagy üçin dikligine kesilen syrça bölejiklerini mikrorentgen suratyna düşürilip, ondaky mineral birleşmesiniň ýumşaklygy ýa-da gatylygy owrenildi (P.A. Lues 74, 76, G.N. Pahomow 76, 82). Barlaglaryň netijelerinde kariýes ojaklarynyň her-dürli tapgyrlarynda syrçanyň zeperlenen ojagynda onuň gatylygynyň pese gaçandygy we demineralizasiýa hadysasynyň bolup geçýandigi mälim edildi. Esasanam disiň syrçasy kalsiý, fosfor, ftor duzlaryny köp ýitirýänligi subut boldy (6.4.-nji surat). Kariýes ojagynda kalsiý duzunyň ýitirilişi 20-30%-e deňdir.
Tegmilt kariýese ojagynda diňe bir organiki däl maddalaryň eremänligi däl-de eýsem organiki birleşmeleriň hem dargaýandygy mälimdir. Olardan esasy ähmiýetlisi syrçanyň beloklarydyr (proteýinler). Rus alymy W.K. Leontýew tarapyndan (1978) dişleriň ilkinji kariýes ojaklarynyň emele gelmekliginde syrçadaky beloklarynyň ähmiýetiniň bardygy we olaryň başlangyç kariýesde dargamaklygynyň artýandygy doly tejribede tassyk edildi. Diş syrçasy näçe köp mineral duzlary, beloklary ýitirse şonçada onuň mehaniki berdaşlylygy pese gaçýar we gelejekde onuň owranmaklygy, pytrap gopmaklygy netijesinde kariýes köwekleriniň emele gelmekligi bolup geçýär.
Bulardan başgada tegmilt kariýes ojaklarynda syrçanyň syzdyrjylygy ýokarlanýar. Adaty syrçadan syzyp geçmeýan erginler geçip başlaýarlar, mysal üçin reňkleýji erginler – metilen gök, eritrozin, fuksin we başg. Şol reňkleýjiler stomatolog lukmanlaryň tarapyndan başlangyç tegmilt kariýesi anyklaýjy serişde höküminde ulanylýar (Aksamit L.A. 1974). Birnäçe alymlaryň geçiren amaly tejribeleri esasynda zeperlenen syrça elektron-mikroskopy arkaly surata düşürilende onuň kristall duzlarynda bolup geçýän üýtgeşmeler hem ýüze çykaryldy. Ýagny ol kristallaryň durkunyň, göwrümleriniň üýtgemegi, näbelli sypatlardaky kristallaryň peýda bolmagy, gidrooksid apatitleriň gurluşynyň bozulmagy we ş.m. ýaly hadysalar bolup geçýär.
Mundan başgada başlangyç kariýesde diş pulpasynda bolup biläýjek üýtgeşmeleri öwrenmek hem zerur bolup durýar. Şu nukdaý nazardan rus alymy L.A. Iwançikowanyň geçiren tejribe işleriniň netijelerini bilmek gereklidir. Elektron mikroskopy arkaly ak tegmilt kariýes ojakly dişiň pulpasynyň ýagdaýlary öwrenilende onda dürli üýtgeşmeleriň bolmaýanlygyny subut edildi. Käbir daşary ýurt alymlarynyň aýtmaklaryna görä kariýesiň iň ilkinji tapgyrlaryndan başlap pulpada fiziologik we birnäçe morfologik üýtgeşmeleriň hem bolýandygy aýdylýar (Leus P.A., Pahomow G.N. 1974, 76). Dişiň syrçasyndaky kariýes ojagynyň göwrümi bilen ondaky Ca+P+F duzlarynyň mukdar derejesiniň aralarynda göniden-göni arabaglanşyk bardyr. Kariýes ojagy näçe ulaldygyça şonçada mineral duzlaryň mukdary pese gäçýar hem-de demineralizasiýa hadysasy ýokarlanýar.
Syrçada ak tegmilt kariýes ojagy ýüze çykanyndan soň onuň kliniki geçişi iki görnüşde bolup biler. Birinji ýoly-ýiti geçişinde az wagtyň içinde tegmilt emele gelen ýerde kariýes köwegi döreýär. Ikinji ýoly – üznüksiz geçisde köp wagtlap reňklenen tegmilt ojagy üýtgewsiz saklanyp durup kä-halatlarda bolsa kariýes hadysasy yzyna gaýtmasy we öz-özünden ýitip gitmekligi hem mümkindir.
Üznüksiz haýal geçýän reňklenen tegmilt kariýesi ojagynda elektron mikroskopy bilen seredilende syrçada we dentin gatlaklarynda patologik üýtgeşmeleri görmek bolýar.
Syrça – dentin serhedinde destruktiw bozulmalar görünýär, kariýesi ojagynyň göwrümi syrçanyň boýunjyk töwereginden başlap tä tümmejiklere çenli barýar (goňur-gara tegmilt reňkli ojagy). Bu kariýes ojagy bir näçe ýyllaryň dowamynda saklanyp ahry soňunda onuň daşky syrça gatlagy owranyp kariýes köwegini emele getirýär.
Reňklenen tegmilt kariýes ojaklarynyň goňur ýa-da gara reňklere boýalmasynyň nämeden bolýandygy henize çenli doly aýdyň däldir. Käbir alymlar kariýes ojagynyň reňklenmesini syrçada bolup geçýän madda alyş-çalşygynyň esaslarynda melanin pigmentine meňzeş serişdäniň emele gelmekligi (tirozin aminokislotasynyň gatnaşmaklygynda) sebäp bolýar diýip aýdýärlar. Bu barada prof. R.Ç. Sinisiniň demineralizasiýa ojagynda tirozin aminokislotasynyň ýygnanmaklygynda melanin reňkleýjiniň emelegelmekligi bolup geçýär diýen takyklanmasy dogry diýip aýtmak bolar.
Şeýlelikde başlangyç tegmilt kariýesde syrçanyň iň daşky gatlagy saklanyp onuň astky gatlagynda ösen demineralizasiýa hadysasy bolup onuň ilkinji günlerinde diňe syrçada patologik üýtgeşmeler bolup soňky döwürlerinde kariýes ojaklary ulalyp çuňlaşyp patologik üýtgeşmeler syrçanyň çuň gatlaklaryna syrça dentin serhedine ýetýärler. Ýöne şonda-da syrçanyň iň daşky gatlagynyň bütewligi saklanýar. Onuň owranman saklanmasy sülekeý bilen syrçanyň arasynda fiziologik bolup geçýän gaýtadan minerallaşma (reminerallizasiýa) hadysasy esasdadyr. Soňabaka kariýes hadysasy ulalyp dentin gatlagyny has zaýalap başlaýar we kariýes köweginiň emele gelmekligine alyp barýar hem-de onuň beýleki görnüşlerine geçýär.
Biziň pikirlerimize görä (prof. G.P.Paşaýew, dos. H.A.Aýnazarow) tegmilt kariýesiň ilkinji sagatlarynda ösen deminerallizasiýa hadysasy syrçanyň iň üski gatlagynda bolup geçýärde ol hadysa tiz wagtda syrçanyň astky gatlagyna baryp ýetýär we az wagtyň içinde syrçanyň iň daşky (üstki) gatlagy reminerallizasiýa hadysasy esasda sülekeýden, agyz suwklugyndan syrça aralaşýan adaty minerallar bilen doldurylýar (Ca+P+F) hem-de syrça owranman saklanyp galýar, gelejekde bolsa deminerallizasiýa hadysasy has ösen ýagdaýda syrçanyň astky gatlagynda dowam edýär. Syrçanyň iň daşky gatlagy özüniň bütewliligini tegmilt kariýesiniň iň soňky günlerine çenli saklap galýar we ol owranyp pytraýar haçanda ýüzleý kariýese geçeninde.
Ýüzleý kariýesde syrçade kariýes boşlugy emele gelip, onuň gurluşynyň, durkunyň bozulmaklygy, mikrob bedenjikleriň düşmekligi bolup geçýär. Ilkinji günlerinde heniz syrça-dentin serhedinde dentin gatlagynda patologik üýtgeşmeler görünmeýär. Ýöne wagtyň geçmekligi bilen deminerallizasiýa hadysasy çuňleşip syrça-dentin serhedini, dentini zeperleýar we kariýesiň üçünji derejesine geçýär.
Orta kariýesde patologik ojagyna elektron mikroskop bilen seredilende üç sany zeperlenme gatlaklary görmek bolýär. (6.6.-nji surat). Birinji zolak çüýrän we dargan syrça-dentin gatlaklary; ikinji zolak – dury we zeperlenmedik dentin gatlagy; üçünji zolak – ikilenji dentin gatlagy we pulpadaky üýtgeşmeler.
(6.5.-nji surat)
Birinji zolakda – syrçanyň we dentiniň dargan bölekleri, mikrob bedenjikleriniň köp mukdary we olaryň bölüp çykaran serişdeleri, aşaky gatlaklarda dentiniň ýumşan ýerleri, dentin turbajyklary giňelen, käbir ýerlerde dentinde boşluklarynyň bolmaklygy, odontoblast ösüntgileriniň daşyny ýag tutmaklygy, distrofiýasy, dentiniň has dargamaklygy, ýumşamaklygy syrça-dentin serhetlerinde has işjeň bolup geçýär. Dentin syrça garanyňda çalt dargaýar we şonuň üçin kariýes köweginiň girelgesi dar, düýbi giňdir. Kariýes ojagynyň ikinji zolagynda – dury we üýtgeşmedik dentin gatlagy bolup olar kariýesiň çuňleşmeginde kem-kemden ýukalýarlar. Dury dentinde dentin turbajyklary daralýar hem-de çenden aşa minerallaryň çökmekligi bolup geçýär (giperminerallizasiýa hadysasy). Bu gorag hadysasydyr. Kariýes ojagynyň üçünji zolagynda – pulpada bolýan üýtgeşmelerde kariýes ojagyna garşy diş pulpasy tarapyndan ikilenji zolak dentin gatlagy emele gelýär, ondaky dentin turbajyklary bir sydyrgyn bolman olar entek doly emele gelmedik ýagdaýda hem-de tertipsiz minerallaşandyrlar. Bu dentin gatlagyna kä wagtlar latynça “irzegulýar” diýip hem aýdylýar.
Diş pulpasynyň edil özünde hem üýtgeşmeler duýulýar. Elektron mikroskop abzalynyň kömegi bilen pulpa seredilende, ýüzleý kariýesde pulpa tarapdan oruntutyjy dentin gatlagynyň emele gelendigi, odontoblast öýjükleriniň hatarlarynyň bozulmaklygy we sanynyň azalmaklygyny görmek bolýär. Orta kariýesde – göze dürtme üýtgeşmeleriň, pulpanyň gan we nerw damarlarynda, birleşdiriji dokumanyň süýmlerinde görünýär. Çuňňur kariýesde – gan damarlardaky we nerw dokumalardaky üýtgeşmeler has artýar, kä ýagdaýlarda bolsa ýiti çişmäniň alamatlaryny görmek bolýar. Eger-de şu ýerde tizden bejeriş çäreleri geçirilmese kariýes ötüşip, pulpa çişmesine geçip bilýär.
