Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.3. Kariýesiň klinikasy

Tegmilt kariýesi (makula kariosa), ýa-da syrçanyň demineralizasiýasy. Syrçanyň deminera­lizasiýasy diýlip ondaky mineral duzlaryň çenden-aşa eremeginde kariýes ojagynyň emele gel­megine aýdylýar. Kariýes ojaklary syrçanyň adaty reňkiniň üýtgemesi bilen ýüze çykýar, ak-hek pisint reňkden tä ak-sarymtyl, çalymtyl, goňur, gara reňklerde bolup biler. Deminera­liza­siýa ojagynda syrçanyň öwüşgini, öçügsi bolmagy bilen onuň bütewüligi saklanýar, dürtgüjiň kömegi bilen barlanylanda bir-hili nätekizlik, ýa-da oý-çukurlyk duýulmaýar. Tegmilt kariýes ojaklary köplenç ýagdaýlarda diş täjiniň boýunjyk, galtaşýan taraplarynda duş gelýar. Tegmiltler her-dürli reňkdäki we göwrümde bolup bilerler.

Tegmilt kariýesiniň ak-hek pisint reňkdäki görnüşi has ýiti patologik hadysa eýedir we az wagtyň içinde kariýesiň beýleki görnüşlerine (ýüzleýe) geçmegi mümkindir. Tegmiltleriň sary, goňur, gara reňkdäkileri haýal patologik hadysa (demineralizasiýa) eýedir we köp wagtdan soň kariýes boşluga getirýär, kä halatlarda bolsa tegmilt kariýesiniň doly togtamagyna hem alyp barmagy hem ähti­maldyr (G.N.Pahomow, 1974, 76, 78). Tegmilt kariýesiniň ojaklarynyň has giňden döremegi çagalaryň ýaşyna, iýmitine we agzyň arassaçylygyna baglydyr diýip, G.N.Pahomow öz ylmy işlerinde belleýär (74, 78). Agzyň gigiýenasy pes boldugyça şonçada karýesiň peýda bolmagyna şert döreýär. Ýokarky äňiň dişleriniň tegmil kariýesi aşaky äňdäkilere garanyňda giňden gabat gelýär, esasan hem ol ikinji kesiji dişlerde bolýar. Kariýes ojaklarynyň köpelmeklerine çaganyň umumy beden kesellerine, uglewod, süýji önüm­lerine köp iýmeklerine we başgada bedene ýaramaz täsir ediji sebäpleriň bolmaklygy bilen dü­şün­dirilse bolar. Tegmilt kariýesiniň ululygynyň çuňlugyny, gerek bolan bejergini saýlap almaklykda tegmiliň göwrümini anyklamak gerekdir. Munuň üçin syrça adaty görejiň kömegi bilen ýagtylykda seretmeklik we oňa reňkleri çalmaklyk arkaly geçirilýar. Şonda tegmiltiň ululygy belli bolýar. Tegmilt näçe uly boldugyça şonçada kariýes ojagynyň tiz geçýänligi we gelejekde köwegiň emele geljekliginiň nyşanydyr. Egerde kariýes tegmiltiniň göwrümi 3/1 we ondanam köp diş syrçasynyň gapdal tarapyny eýelän bolsa onda bu barlagyň netijesine garamazdan şol ýerde orta kariýes ojagynyň bardygyň subutnamasydyr we köwegi petiklemeklik zerurdyr.

Ak tegmilt kariýes kliniki taýdan alamatsyz geçýar we onuň tegmiltlerini lukman tara­pyn­dan dişlere gözegçilik edilip seredilen wagty ýüze çykarylýar. Daşky temperatu­ranyň gyjyndyrjy­la­ryna duýgurlygy bolmaýar, kä halatlarda turşy, süýji zatlary iýlende ýokary duýujylyk ýüze çyk­maklygy mümkin, olam tiz wagtdan geçip gitýär. Dişiň pulpasynyň elektrik togyna duýujylygy kada-da bolup, onuň möçberi 2-6 mkA-a deňdir. Ak-hek pisint tegmilt ojagyny 2%-li metileniň gök ergini bilen reňklenende ol reňklenýär. Onuň sebäbi bu tegmilt kariýesde syrçanyň syrdyrjylygynyň has ýokary bolany üçindir.

Reňklenen tegmilt kariýes hem klinik taýdan arz-şikaýatsyz geçýär, ony anyklamaklyk barlaglar geçirilende mümkin bolýar.

Tegmilt kariýesiň deňeşdirilip anyklanylyşy. Tegmilt kariýes ojaklaryny syrça­nyň gipopla­zi­ýasy we menekliligi (flýurozy) bilen tapawutlandyrylýar. Olaryň biri-birine meňzeşligi syrçada tegmiltleriň bolmagy we keselleriň kliniki arz-şikaýatsyz geçmegidir.

Dişleriň gipoplaziýasyndaky tegmiltleriň kariýesden tapawudy, olaryň birmeňzeş topardaky dişleriň şol bir ýerinde bolmagy, sanynyň köp bolmagy we ol tegmiltleriň dişleriň ösüp çyka­nyndan ýagny irki döwürden bäri bardygy we olaryň wagtyň geçmegi bilen üýtgemeýanligi, reňk­leýjileri çalanyňda olary özüne siňdirmeýänligi bilen düşündirilýär. Dişlerdäki flýu­rozyň tegmiltleriniň kariýesden tapawudy olaryň ýerleşýän ýerleriniň diş täçleriniň wes­tibulýar tarapyndadygy, birmeňzeş topardaky (semetrik) dişleriň zeperlenmesi, flýu­roz tegmiltleriniň owunjak köp, ak hek, sary, goňur reňklerde bolmagy, olaryň hem wag­tyň geçmegi bilen üýtgemeýänligi, reňkleýji erginleri siň­dir­meýänligi bilen tapawut­landyryp bolýar. Başga bir tarapdan dişleriň menekliligi köplenç endemik ojaklarda – ýagny agyz suwda ftoruň mukdarynyň optimal bolmaly­syn­dan köp bolan ýerlerde gabat gelýär. Biziň Türkmenistanymyzda flýurozynyň endemi­ki ojaklary Gökdepe etraby, Balkanabat şäheri, Garagumuň jümmüşinde ýaşaýan maldarçylyk obalarynda duş gelýär (G.P. Paşaýew, 1978, 94, 98). Tegmilt kariýesi ýokarda agzalan tegmiltleriň tersine, köplenç ftoruň agyz suwda kemter edýän ýerlerinde, dişleriň täjiniň boýunjyk, gal­taşýan (aproximal) taraplarynda, çeýneýji tarapynyň jaýryklarynda gabat gelýär. Simmetrik däl, biri-birine meňzeş bolmadyk tegmiltler, olary käbir wagtyň geçmegi bilen ulalyp ýa-da kiçelip bilýär, wagtynda bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilmese kariýesiň ötüşme görnüşine geçýär.

Ýüzleý kariýes (caries super-ficialis). Bu kariýes ojagy tegmilt kariýesiniň ýerinde syr­çanyň dargamagy (destruksiýasy) sebäpli ýüze çykýar. Ýüzleý kariýese mahsus hi­miki gyjyndyr­jylar­dan (süýji, turşy) dowamly bolmadyk agyrlar döreýär. Kä halatlarda gaty­rak gyzgyn, sowuk gyjyndyr­jylar hem agyry döredip bilerler, esasan hem bu ýagdaý, ha­çanda kariýes ojagy dişleriň boýunjyk tö­we­reklerinde ýerleşende gabat gelýär. Kariýes bilen zeperlenen dişe obýektiw seredilende çuň bol­madyk kariýes köwegini görmek bol­ýar. Dürtgüç bilen barlananda syrçada nätekizlik duýulýar hem-de onuň ýiti ujy saklanýar. Boşluk diňe syrçada ýerleşip onuň düýbi entäk dentin gatlagyna ýetmeýär. Ýüzleý kariýes köwek­leriniň takyklanmasynyň kyn bolan ýerleri olam bolsa haçanda kariýes ojaklary diş täji­niň tebigy jaýryjaklarynda ýerleşen ýagdaýlarda kyn bolýar. Sebäbi adaty jaýryjaklaryň (fissu­ralaryň) giňligi, çuňlugi dürli-dürli bolup, olary dürtgüjiň kömegi bilen ölçemeklik örän kyn­dyr. Olaryň düýbinde ýerleşen kariýes ojaklaryny hasam kyndyr. Şunuň ýaly ýagdaýlarda kariýesi anyk­la­mak üçin goş­maça barlag usul­laryny ulanmaklyk zerurdyr. Olar syrçany rentgen sura­tyna düşürmek (Barowskiý E.W., Leus P.A. 1974, 76), syrça reňkleýji erginleri çal­mak (Borowskiý E.W., Aksamit 1974, 78), syr­çanyň elektrik togy geçirjilik uky­byny kesgitlemek (W.K. Leontýew 1984, 86) hem-de, syr­çanyň lýumines­sensiýa şöh­lesindäki öwüşginini takyklamak ýaly usullardyr.

Ýüzleý kariýes syrçanyň gipoplaziýasy, eroziýasy hem-de pahna şekilli kertigi bi­len deňeş­dirilip tapawutlandyrylýar. Bulardan başgada orta kariýes bilen hem geçirilmeli.

Tapawutlary: syrçanyň gipoplaziýasynda zeperlenen syrçanyň ýüzi tekiz, ýum­şamadyk, ojak­lar diş täjiniň öň (westibulýar galtaşýan) taraplarynda hem-de bir-näçe, bir topardaky, (simmetrik ýagdaýda) bir meňzeş ýerlerde ýerleşendirler.

Syrçanyň eroziýasynda zeperlenen syrçada emele gelen boşlugyň dübi, erňek­leri tekiz, ýyl­manak hem-de ol boşluk dübi ýalpak käsäni ýadyňa salýar. Köplenç eroziýa ojaklary şu aşakdaky görkezilen dişleriň boýunjyk töwereginde ýerleşýändir.

54321

12345

5 4 3

3 4 5

Keseliň taryhy anyklanylanda näsaglarda himiki, mehaniki temperatur gyjyn­dyrjylardan gys­ga wagtlayn uly bolmadyk agyrlar bardygy hem-de olaryň öz iýmit­lerinde turşy, duzly önüm­leri köp ulanýanlygy belli bolýar.

Pahna şekilli kertik dişleriň täjiniň diňe boýunjygynda ýerleşip onuň şekili pahna meň­zeşdir. Boşlugyň dübi, gyralary tekiz hem-de ýulmenekdir. Näsaglaryň arzy-şikaýatlary has ötüşen ýagdaýlarynda sowuk-gyzgyna duýujyly artýanlygy üçindir.

Orta kariýes (caries media). Kariýesiň bu görnüşinde syrçanyň we dentiniň zeperlenmesi bo­lup olaryň ikisiniň araçakleriniň bitewliligi bozulýar. Ýöne entekler kariýes köweginiň dübinde sag­dyn galyň dentin gatlagy saklanýar. Orta kariýesde näsaglar köp halatlarda arzy-şikaýat etme­ýärler, ýöne käbir ýagdaýlarda gysga wagtlaýyn uly bolmadyk agyrlardan olam bolsa himiki, me­ha­niki temperatur gyjyndyrjylaryň täsirleri esasda döreýärler. Gyjyndyrjylar kariýes köweginde gorjalyp aýyrylandan soňra agyrlar dessine aýyrylyp gidýär. Zeperlenen dişe göz asty bilen seredilende onda çuň bolmadyk kariýes köweginiň onuň içinde bolsa ýumşan hem-de reňki üýtgän dentin gatlagyny görmek bolýar, dürtgüç bilen barlanylanda onuň diwarlarynyň hem-de dübiniň ýumşandygy belli bo­lup, azowlak agyry hem döreýär. Orta kariýes ojagyny takyklamak çeýneýji dişleriň tebigy jaý­ryjak­la­rynda ýerleşen wagtynda kabir kynçylyklary döredýär. Sebäbi adaty fissuralary zondirlemek (durtgüçlemek) we olaryň dübinde ýerleşen ojak­lary takyklamak kyn düşýär. Adaty jaýryjagyň göw­rümi diş dürtgüjiniň ujynyň ulylygy bilen gabat gelmeýar we onuň göwrümi ulydyr, şunuň ýaly ýag­daýlarda dişleriň fis­su­rasyny borlaryň kömegi bilen gyryp açmaklyk ýa-da dişi rentgen suratyna düşürmeklik ýa-da W.K. Leontýewiň (1984), Aýnazarowyň H.A. (1989) hödürlän elektrometriýa anyk­laýyş usulyny ulanylsa has takyk anyklamaklyk başardýandyr.

Kariýes köwegi gyryjy abzallaryň kömegi bilen gyrylanda uly bolmadyk agyry döreýar, ýöne ol gysga wagtlaýyn dowam edýar. Käbir adamlarda çüýreme köwegi gyrylanda kanbir agyry bolmaýar. Orta kariýesde dişiň pulpasynyň elektrik togyna duýujylygy kadada bolup ol 2-6 mk A -deňdir.

Orta kariýes kliniki alamatlarynyň meňzeşligi bolanlygy üçin pahna şekilli ker­tikden, syr­çanyň eroziýasyndan, çuňňur kariýesden we üznüksiz periodontitlerden tapa­wut­landyrmalydyr. Pahna şekilli kertikden we syrçanyň eroziýasyndan orta kiýes, kariýes köweginiň erňekleri, diwarlary nätekizligi, düýbi ýumşanlygy hem-de zeper­lenen dokumalaryň reňkiniň üýtgänligi bilen tapawutlanýar. Kari­ýesden özge kesellerde bolsa munuň tersine zeperlenen ojaklaryň, boşlugyň gyralary, diwarlary gaty hem-de tekiz, syrçanyň, dentiniň reňki üýtgeşmedik halda we başgalar mahsusdyr. Çuňňur kariýesden tapawut­lylygy kariýes köweginiň çuňlugy näsaglaryň arzy-şikaýatlary esasda geçirilýär.

Orta kariýesiň esasy tapawutlandyrylmalysy üznüksiz paradontitler bilen geçiril­meli­dir. Olaryň bir-birine meňzeşligi, näsag dişde agyrynyň bolmazlygy, kariýes köweginiň içinde iýmit galyndysynyň saklanýandygy we dişde ýakymsyz ysyň peýda bolmagyndan arz etmekleridir. Olaryň tapawutlylygy: orta kariýesde boşlugy gyrylyp arassalanylanda näsag dişde agyrynyň bolmagy we aşa sowuk suwo degende dişde duýujylyk peýda bolýar. Diş pulpasynyň elektrik toguna duýujylygy barlananda ol 2-6 mkA deň bolýar. Üznüksiz periodontitlerde bolsa kariýes köwegini gyryp arassalanylanda hiç hili agyry bolmaýar, gaty sowuk gyjyndyryjylarada dişiň duýujylygy peýda bolmaýar, mundan başgada pulpanyň elektrik toguna duýujylygy takyk­lany­landa onuň derejesi 100 mkA-danam ýokary bolýar. Bu bolsa diş pulpasynyň doly jansyz­lanandygynyň subut­namasydyr. Takyklamanyň has doly bolmagy üçin näsaglaň dişi rentgen suratyna düşürmek zerurdyr. Kariýes bilen zeperlenen dişde periodont dokumasynda hir-hili patologik üýtgeşme görünmeýär, periodonty zeperlenen dişde bolsa destruktiw üýtgeşmeleri görmek bolýar.

Çuňňur kariýes (caries profunda). Kariýesiň bu görnüşinde dişiň syrçasynyň we dentin gat­lagynyň düýpli zeperlenmesi bolup şoňa görä-de näsaglarda arzy-şikaýatlar hem bolup geçýär. Näsag­lar zeperlenen dişinde daşky gyjyndyrjylarynyň (temperatura, himiki, mehani­ki) täsirleri esasda gysga wagtlaýyn agyrynyň peýda bolýandygyny, kariýes köweginden gyjyndyrjylary sorulyp ýa-da dör­jelenip aýrylandan soňra agyry dessine aýyrylyp gidýändigini aýdýarlar. Kariýes hadysa­synyň köp wagtlap dowam edýan wagtlarynda bolsa agyrynyň diňe bir uly täsirli gyjyndyr­jylardan bolman eýsem-de adaty, ýönekeýje täsirlilerden hem döreýändigi mälim bolýar. Kariýes ojagyna obýektiw seredilende çuňňur kariýes köweginiň barlygy, onuň gyralaryndaky we düýbün­däki dentiniň ýum­şan­dygy, dentiniň reňkiniň ak-sarymtyl reňkden tä gara goňur reňke çenli üýt­gänligi görünýär. Dürtgüç bilen barlag geçirilende köwegiň düýbine, diwarlaryna onuň ýiti ujy­nyň aňsat çümýänligi hem-de uly bolmadyk agyrynyň peýda bolýandygy aýan bolýar. Käbir ýag­daý­larda çuň kariýesiň ýiti görnüş­lerinde dişdäki agyrlar güýçlenýär, dowamlyrak bolup ýiti ojak­laýyn, üznüksiz fibroz pulpitleriň kliniki alamatlaryny hem berip bilýär. Diş ýumşagynyň elektrik togyna duýujylygy kadadakydan pes–10-12 mkA çenli deňdir. Çuňňur kariýesiň has haýal (üznük­siz) geçýän görnüşlerinde dişde kän-bir agy­ry peýda bolman onda iýmit galyndylary ýygnanyp näsagyň agzynda ýakymsyz yslary döredýär, kariýes köweginiň diwarlary, düýpleri gataňsy, abzal bilen dürtülende çümmeýär we agyry döremeýär, zeper­lenen dentin gatlagyň reňki gara-goňur reňkde, diş ýumşagynyň elektrik toguna duýujylygy – 2-6 mkA deň (fiziologik kada-da).

Çuňňur kariýesi orta kariýesden hem-de ýiti ojaklaýyn, üznüksiz fibroz pulpitlerden tapawutlandyrmak gerekdir.

Orta kariýeden tapawutlylygyny çuňňur kariýesde, kariýes ojaklarynyň ulu­ly­gy, çuňňlugy, ondaky döreýan agyrlaryň köplügi (daşky gyjyndyrjylaryň köpüsinden döreýän agyrlar) bilen subut etmek bolar.

Çuňňur kariýesiň ýiti ojaklaýyn hem-de üznüksiz fibroz pulpitlerden tapawutlyly­gyny pul­pitlerdäki öz-özünden sebäpsiz döreýän agyrlar, agyrlaryň dowamlylygy (20-30 minut) olaryň kä halatlarda tutgaýly ýüze çykmaklygy bilen subut edip bolýar. Bular­dan başgada kariýes köwe­giniň düýbi zondirlenende birden-kä tutgaýly ýokary agyry­nyň ýüze çykmaklygy (ýiti ojaklaýyn pulpitde) ýada agyrdan başgada diş pulpasynyň ganjarmaklygy (üznüksiz fibroz pulpitde), diş ýum­şagynyň elektrik toguna duýujylygyny barlanylanda bolsa – 12-20 mkA-a çenli (ýiti ojaklaýynda), 20-40 mkA-a çenli hem ýetip bilýär (üznüksiz fibrozda). Mundan başga-da keselleri has takyklamak üçin onuň gelip çykyşynyň, özüni alyp baryşynyň taryhyny öwrenmek zerurdyr.

Göwrelilik we kariýes. Bütündünýa stomatologiýasynyň ylmy çişmelerine ser salsaň dişleriň kariýesiniň döremeginde, oňaýly şertleriň bolmagyna ýollaryň açyl­magynda aýallaryň göwre­lilikleriniň uly ähmiýetiniň bardygy barada subut­namalar getirilýär. Göwrelilik döwründe kariýesiň ýaýraýysynyň we ösüşiniň depginleriniň artmaklygy bolup geçýär diýip rus alymlary L.A. Aksamit, Çuçmaý (1980, 82, 84) öz işle­rinde tassykladylar. Göwreliligiň ilkinji aýlarynda (7-8 hepdesinde) adaty sagat aýallarda dişleriň kariýesiniň 23% göterimi ýüze çykaryldy. Göwreliligiň wagtynyň ulaldygyça kariýesiň depgini hem ýokarlanyp başlaýar. Göwreliligiň soňky aýlarynda onuň derejesi 61-63% gote­rime çenli ösýär. Her gowreli aýalda 4-5 dişinde kariýes ojak­lary we dişleriniň boýunjyk töwereginiň zeper­lenme­leri bolýar. Bulardan başgada agyzda diş çökundileriniň muk­darynyň köpelmegi, kentlewük etiniň gyzaryp çişmesiniň, ganamagynyň, gingwit keseliniň hem depgininiň ýokarlan­maklygy bolup geçýär.

Biziň güneşli Türkmenistanymyzda hem göwrelilik barada hem-de onuň agzyň agzalaryna ed­ýän täsirleri barada birnäçe ylmy-amaly işleri geçirildi (Durdyniýazow M.K. 1982, 1986, 1996, Berdymuhammedow G.M. 1987, 1989, 1990, Aýnazarow H.A. 1984, 1986, 1993). Şol ylmy amallarda do­gur­dan-da kariýesiň we dişýany dokumasynyň çişme keselleriniň döremeginde, olaryň agyr de­re­je­de bo­lup geçmegine aýallaryň göwreli­liginiň täsiri, göwreliligiň patologik bolup geçmegi, onuň sany­nyň artmagy bilen umumy bedene, agzyň agzalaryna oňaýsyz täsirleriniň bardygy doly subut edildi. Şol maglu­matlary hasaba alyp dişleriň kariýesiniň kliniki geçiş aýratynlyklaryny, bejeriş we öňü­ni alyş çäreleriniň meýilnamalary, teklipleri amaly saglygy goraýyş edaralarynda ulanmak­lyga hödürlendi.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]