Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi

Diş kariýesiniň kliniki sypatlary hazirki döwürde takyk öwrenilen. Kariýes çüýremesinde gaty dokumalarda bolup geçýän üýtgeşmeler we kliniki alamatlaryny hasaba alnyp, olary dürli toparlara bölýärler.

Bütündünýa saglygy goraýyş guramasynyň teklibi boýunça (9-njy mejlisi) şu aşakdaky topara bölüniş hödürlendi:

  • syrçanyň kariýesi, şol sanda bu tegmilt kariýes hem içine alar;

  • dentiniň kariýesi;

  • diş sementiniň kariýesi;

  • ösmesi togtan kariýes;

  • odontoklaziýa;

  • özgeçe kariýes;

  • takyklanmadyk kariýes.

Russiýa Federasiýasynda diş kariýesini zeperleýji çuňlygy boýunça 4 bölege bölýärler we ol giňden amaly klinikada ulanylýar:

  • diş kariýesiniň tegmilt görnüşleri (stadiýasy);

  • ýüzleý kariýes;

  • ortaça kariýes;

  • çuňňur kariýes.

Russiýa Federasiýasynda we BSGG hödürlän topara bölünmeleriniň arasynda kän bir tapawut ýokdur. Ýöne amaly işlerinde, bejergileri has takyk saýlap almakda Russiýa Federasiýasynda alymla­rynyň hödürlän kariýesiň toparlary has amatlydyr.

Syrçanyň tegmilt kariýesi iki toparda-da meňzeşdir. Orta kariýes we çuňňur kariýesiň dentiniň, sementiň kariýesinden tapawutlylygy bejergisiniň aýratynlygy bilen bag­lydyr. Kliniki ala­matlarynyň ýüze çykyşy boýunça ak reňdäki we reňklenen tegmilt kariýes ojaklary bardyr (ak-sa­rymtyl, ak-goňur reňkden tä garamtyl reňke çenli). Ak teg­milt bolanda kariýes hadysasynyň ýiti, reňklenen tegmilt bolanda bolsa, onuň haýal (üz­nüksiz) geçýandiginiň nyşanydyr. Kliniki taýdan tegmilt kariýesiniň reňkini, stadiýasyny takyklamak gelejekde nähili bejerjiniň saýlap almak­­da-da uly ahmiýete eýedir. Ýagny ak-hek pisintli tegmilt kariýesde, syrçada has progressiw demine­rali­zasiýa hadysasy bolup geçýär we şoňa göräde has işjeň bejeriş usullaryny saýlap almaly bolýar. Eger­-de, syrçada reňklenen tegmilt ojagy bar bolsa, onda haýal ýa-da togtan görnüşdäki demine­rali­zasiýasy bolup geçýar we bejergiler hem şol hadysa laýyklykda geçirilmeli bolýar.

Lukmançylyk amaly işinde kä halatlarda ikilenji (residiw) kariýes ojaklary hem duş gel­ýar. Bu hadysa haçanda hemişelik goýulan petikleýji serişdesiniň gyraky erňeklerinde “syrça+petikleýji” serhetlerinde kariýes çüýremeleri bolandaky ýagdaýda ýüze çykýar. Umuman ikilenji kariýes ojagy diýilmekligi ilkinji gezekde kariýes köwegi gyrylyp petikleýji goýulanda käbir lukmanlar tarapyndan goýberilen säwlikleriň netijesinde, petikleýji serişdesiniň hiliniň pes bolmaklygy zerarly ikilenji kariýes ojaklary birnäçe wagtdan soň ýüze çykanlygy sebäplidir. Käbir alymlar kliniki şertlerde kariýes hadysasyny iki görnüşe bölýärler, ýagny ýiti we üznüksiz (haýal) geçiji kariýes ojak­lary. Umuman lukmançylyk ylmynyň nazaryndan garanyňda bu bölünmeler nädogryrakdyr, sebäbi ýiti kariýes ojagynyň emele gelmesi we boşluk bolmagynyň dowamlylygy 3-6 aýdan az däldir, bu bolsa bedende ýiti patologik hadysanyň dowamlylygyna gabat gelmeýär. Muňa garamazdan stomatolog-lukman alymlary kariýes ojagynyň geçişi, ösüşi boýunça her dürli depginlerininiň bardygyny takyk­laýarlar. Haýal ýa-da çalt bolup geçýan syrçanyň demineralizasiýasy (syrçanyň mineral duzlaryny ýitirmekligi); ýa-da ýiti we haýal bolup geçýan kariýes hadysalary muňa mysal bolup bilýär.

Rus alymy T.F. Winogradowa (1976, 1978) çagalarda diş kariýe­siniň ýitiligini ýa-da üznüksizdigini kesgitlemegi olaryň ýaşyna we agyzdaky kariýes ojaklarynyň ösüş depgininiň derejesine baglylykda anyklamagy hem-de kariýesiň depginini üç görnüşe böldi: kariýesiň kompensirlenen, subkompensirlenen we onuň dekompensir­lenen kliniki geçiş görnüşlerine.

Kariýesiň kompensirlenen görnüşinde çaganyň dişleriniň kariýes ojaklarynyň sany (KPS, kp, KPS + kp indeksleri boýunça) olaryň ýaşyna baglylykda ortaça şu aşakdaky mukdardan geçmeýär: 7-10 ýaşda – KPS+kp derejesi 5,0-e çenli; 11-14 ýaşda -4,15; 15-18 ýaşda – 6 deň.

Kariýesiň subkompensirlenen görnüşinde ortaça kariýesiň depgini: 7-10 ýaşda KPS+kp 6-8 aralykda; 11-14 ýaşda - 5-8 aralykda; 15-18 ýaşda – 7-9 aralykda bolýar.

Kariýesiň dekompensirlenen görnüşinde kariýesiň depgini subkompensirlenen görnüşine garanda ýokarydyr we ortaça 7-10 hem-de 11-14 ýaşly çagalarda KPS+Kp-niň derejesi 8-den ýokary, a 15-18 ýaşda bolsa KPS-niň derejesi 9.0-dan hem ýokarydyr.

Ýokarda görkezilen toparlara bölünmeler çagalary ýylyň dowamynda näçe gezek agzyň sagal­dyş çärelerini geçirmäge, her toparda kariýesiň öňüni alyş çäreleriniň meýilnamasyny düzmeklige ýardam berýär. Mysal üçin birinji topardaky çagalary agzy sagatlandyrmak we kariýesiň öňüni alyş çärelerini ýylyň dowamynda 1 gezek amala aşyrmaklyk ýeterlikdir (T.F.Winogradowa 1978, 1987, Saharowa E.B. 1984, 1986) ikinji toparda her 6 aýdan, 3-nji toparda bolsa her 4 aýdan sagaldyş çärelerini geçirmeklik zerurdyr.

Diş kariýesi ýokarda agzalananlardan başga-da dişleriň ulgamlaýyn kariýes bilen zeper­lenmesi hem diýilýär aýratyn topara bölünýär. Bu toparda ähli dişleriň kariýes bilen zeperlenmesi, esasan hem olaryň täçleriniň boýunjyk töwerekleriniň zeperlenmesi bolup geçýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]