- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Dişleriň kariýesi
Umumy maglumatlar.
Dişleriň kariýesi (latynça Caries dentis) – bu patologik hadysa bolup, dişleriň ösüp äňden çykanyndan soňky döwürlerinde olaryň gaty dokumalarynyň minerallarynyň eremegi (demineralizasiýasy) we organiki birleşmeleriniň dargamagy (proteolizi) sebäpli döreýär hem-de soňky netijelerinde bolsa dişlerde köwekleriň emele gelmegine alyp barýan keseldir.
Dişleriň kariýes keseli irki döwürlerden bäri lukmançylyga bellidir. Günorta Aziýada we beýleki ýurtlarynyň käbir gazuw-agtaryş ylmy işleriniň netijelerinde mundan 500 müň ýyl ozal jaýlanan adamlaryň äň süňklerinde kariýesli dişleriň bardygy tapyldy (THilad E., Birkhed D. 1986ý.). Bulardan başgada biziň eramyzdan 2,5-3 müň ýyl ozal hem dişleriň kariýesiniň bolanlygy baradaky maglumatlary birnäçe ylmy-amaly işler tassyklaýar. Häzirki döwrüň ylmy çeşmeleriniň takyklamalaryna görä adamlaryň dişleriniň kariýes bilen zeperlenmeleriniň artmaklygy durmuş siwilizasiýasynyň has ösmekligi bilen baglanylyşdyrylýar. Muňa subutnama bolup gazuw-agtaryş işlerinde adam siwilizasiýasyndan daşda ýaşap geçen eksimoslaryň äň süňklerindäki dişlerinde kariýes çüýremesiniň bolmanlygy tassyk edildi, bu bolsa olaryň diňe tebigatyň önümlerini we aw etini iýip geçenligi üçindir. Köp maglumatlara garalanda irki döwüriniň ýaşaýjylarynda kariýesiň depgininiň pes bolandygy we onuň ösmekliginiň artmagy bolsa durmuşyň şertleriniň üýtgemekligi bilen düşündirmek bolar, mysal üçin IX – XII asyrlarda häzirki Russiýa Federasiýasynyň territoriýasynda ýaşan adamlarda kariýesiň ortaça ýaýraýyş depgini 3,3%-den kän bolmandyr, XVII – XIII asyrlarda bolsa diş kariýesiniň has köpelmekligi, köwekleriň çeýneýiş hem-de gapdal taraplaryny zeperlemekleri adamlaryň iýmitinde şekeriň hem-de goşundyly unyň köpelip başlandygy bilen subut edilendir.
Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň hödürlän nomenklaturasy boýunça dişleriň kariýes bilen zeperlenmesiniň ýagdaýlaryna baha bermek üçin esasy üç sany görkezijini ulanmaklyk maslahat berilýär: keseliň ýaýraýyşy, zeperlenmäniň depgini hem-de depgininiň ösüşi.
Kariýesiň ýaýraýyşy. Kariýesiň ýaýraýyşy diýilip birnäçe adamlaryň, ilatyň arasynda dişleri kariýes bilen zeperlenen bejerilip petiklenen ýa-da dişleri sogurlan adamlaryň % göterimine aýdylýar. Onuň kesgitleniş formulasy:
Kariýes ýaýraýşy = |
Dişleri kariýes bilen zeperlenen, petiklenen, sogurlan adamlaryň sany x 100 |
% |
Barlanan adamlaryň umumy sany |
Kariýesiň depgini. Belli bir ýaşaýjylaryň ilatyň arasynda her adam başyna düşýän kariýesli dişleriň, petiklenen hem-de sogurlan dişleriň ortaça hasabyna aýdylýar. Köp halatlarda oňa KPS indeksi hem diýilýar, ýagny: K – kariýesli we onuň ötüşmeleri; P – bejerilip petiklenen dişler; S – sogurlan dişler.
Kariýesiň depgininiň kesgitleniliş formulasy:
KPS = |
Kariýesli petiklenen, sogurlan dişleriň umumy sany |
Barlanan adamlaryň umumy sany |
Çagalar stomatologiýasynda kariýesiň depgini süýt dişlerinde kiçi belgili kp ýagny süýt dişleriň kariýesi we bejerilip petiklenen dişler. Sogurlan süýt dişleri hasaba alynmaýar.
Süýt hem-de hemişelik dişleriň agyzda alyş-çalyş döwründe, ýagny garyşyk prikusda kariýesiň depgini süýt hemde hemişelik dişlerde kesgitlenşi KPS/kp boýunça hasaplanylýar.
Kariýesiň depgininiň ösüşi. Bu takyklama boýunça ilkinji gezekde kariýesiň depginini hasaplanylandan soň birnäçe wagtyň geçmegi bilen onuň depgininiň artýandygyny ýa-da kemelýanligini bilmek üçin kesgitlenilýar. Ol kesgitlemeleri 6-aýdan, 1,2,3,5, 10 ýyldan soň geçirmeklik maslahat berilýär.
Kariýes keseliniň we onuň ötüşmeleriniň ýagdaýlaryny, alnyp barylýan oňüni alyş, bejeriş çäreleriniň netijeliligini takyk bilmek alynýan bahalaryň doly bolmagy üçin BSÇÇ hödürlän ýaş toparlary ulanylsa has gowy diýlip hasap edilýär. Mysal üçin, 3 ýaşly çagalarda barlag-anyklaýyş geçirmek süýt dişleriniň ýagdaýlaryny öwrenmäge mümkinçiligi berýär; 6 ýaşly çagalarda hemişelik ilkinji uly azy dişleriň kariýes bilen zeperlenme ýagdaýyny anyklamaklyk üçin: 12 ýaşly çagalarda hemişelik dişleriniň çagalar döwründäki ýagdaýyny anyklamak üçin; 15 ýaşda dişýany dokumasynyň ýagdaýlaryny anyklamak üçin; 35 – 44 ýaşda – dişiň gaty dokumalarynyň we paradont dokumasynyň keselleriniň ýagdaýlaryny takyklamak üçin; 65-74 ýaşda agzyň keselleriniň ýagdaýlary we olara stomatologiýa kömeginiň guralyş aýratynlyklaryny öwrenmek üçin geçirilýär. Bulardan başga-da diňe bir kariýesiň we dişýany dokumasynyň keselleriniň ýagdaýlary takyklanman eýsemde şol ýaş döwürlerde stomatologiýa kömeginiň ýagdaýyny, geçirilýan öňüni alyş, bejeriş çäreleriniň netijeliligini, gelejekde stomatologik gullugynyň düýpli meýilnamalaryny düzmekde möhüm orny bardyr.
Barlag-anyklaýyş, epidemiologik barlag işleri çagalarda her ýylyň dowamynda, uly ýaşly adamlarda bolsa her 5-10 ýylda geçirilip durulmaly (BSGG hödürleýşi boýunça). Barlag geçiriljek welaýatlarda azyndan 10-15 etraplarda, uly şäherlerde-birnäçe nokatlarda geçirilmelidir. Her bir barlag geçirilen ýerde ýaş toparda, her jynsa baglylykda seredilen adamlaryň sany 20-den az bolmaly däldir, her welaýatda bolsa azyndan 200-300 adama çenli barlanylmalydyr.
KPS indeksi bize örän köpdürli maglumatlary berýär, onuň düzümini kesgitläp hasaplanymyzdan soň anyklaýşa we bejergilere bolan mätäçligi, gerek boljak serişdeleriň möçberini hem-de geçiriljek işleriň netijeliligini takyklap bolýar. Meselem KPS indeksiniň derejesi 6 bolanda ol üç dürli ýagdaýda bolup biler: 4+1+1; 1+4+1; 1+1+4. birinji ýagdaýda KPS indeksiniň gurluşynda zeperlenen dişleriň sany 4 barabar, a petiklenen dişleriňki bolsa 1-deň şu ýagdaýda stomatologiýa kömeginiň derejesi kanagatlanarsyzdygy görünýär. Ikinji ýagdaýda haçanda 1 sogurlan we zeperlenen diş, a petiklenenleriň sany bolsa 4-deň onda şol ýerde stomatologiýa bejergi işleriniň gidişiniň kadaly ýagdaýdadygyny tassyklaýar. Üçünji ýagdaýda bolsa haçanda 1 diş zeperlenen we 1 petik goýlan hem-de 4 diş sogurlan ýagdaýda stomatologiýa kömeginiň has pesligi we lukmanlaryň bolsa köplenç halatda dişleri bejermän sogurmaklyk bilen meşgullalýanlygynyň subutnamasydyr. KPS indeksiniň has ýokary görkzjileriniň bolmagy şol ýerlerde stomatologiýa keselleriniň öňüni alyş çäreleriniň göwnejaý geçirilmeýanliginiň alamatydyr. Egerde belli-bir ýerlerde öňüni alyş çäreleri geçirilýän bolsa onda onuň soňky netijeliligini takyklamak üçin kariýesiň depgininiň ösüş indeksini kesgitlemeklik zerurdyr. Munuň üçin şol bir ýerdäki adamlarda, çagalarda, beýleki ilatly ýerde başlangyç kariýesiň depgini kesgitlenilýär we birnäçe wagtdan soň (6 aýdan, 1,2,3-5-10 ýyldan) barlaglar geçirlip kariýesiň depgini kesgitlenilip, onuň derejeleri deňeşdirilip, pese ýa-da ýokary galandygy mälim edilýär we şol görkezijiler esasda-da geçirilen çäreleriň oňaýly ýa-da oňaýsyzlygy takyk bolýar.
Alynjak maglumatlar has takyk bolmaklygy üçin barlag geçiriljek ilatly ýeri, adamlary olaryň ýaşyna, jynsyna, ýaşaýşyň maddy, medeni, ykdysady şertlerine baglylykda geçirilmelidir.
BSSG görkezmesine görä ilatly ýeriň diş kariýesiniň depginini (KPS) kesgitlemek üçin 12 ýaşly çagalaryň arasynda onuň ölçeg derejesi boýunça kesgitlemekligi maslahat berýär: diş kariýesiniň KPS depgini has pes derejede KPS=0-1.1; pes derejede-KPS=1.2-2.6; ortaça ýagdaýda KPS=2.7-4.4; ýokary ýagdaýda KPS=4.5-6.5; has ýokary bolanda KPS=6.6.
E.M.Kuzminanyň (1995) geçiren ylmy empidemiologik barlaglaryň netijelerinde Russiýa federasiýanyň territoriýasynda 12 ýaşly çagalaryň arasynda kariýesiň ýaýraýşy we depgini her dürli bolup çykdy. Keriýesiň pes depginli ýerleri Kolomna, Tambow, Çita şäherlerinde, kariýesiň ortaça depginli ýerleri Mahaçgalada, Murmansk, Nowosibirsk, Twer, Moskwa, Smolensk, Woronež şäherlerinde ýaşaýan çagalarda duş gelýär. Kariýesiň ýokary derejedäki depgini bolsa Arhangelsk, Nikolaýewsk-Amurda, Omsk we Soçi şäherlerinde duş gelýär diýip ol öz maglumatlarynda görkezýär. Köp döwletler boýunça KPS indeksiniň derejesi 12 ýaşly çagalaryň arasynda köp durlidirler. Mysal üçin KPS-iň pes depgini Şweýsariýada, Daniýa döwletlerinde, Belgiýada, Şrilankada gabat gelýär; onuň ortaça depgini – Beýik Britaniýa, Şwesiýa, Finlýandiýa, Iýordaniýa döwletleriniň çagalarynyň arasynda duş gelýär; ýokary depgini – Norwegiýa, Germaniýa, Meksika, Kuba döwletlerinde, goňşy Eýran döwletinde hem gabat gelýär. Orta Aziýa döwletlerinde hem-de biziň Türkmenistanymyzda diş kariýesiniň depgini ortaça derejesindedir (KPS=2.7-4.4).
Diş kariýesiniň her-dürli derejesinde ýaýramagy we depgininiň bolmagy ilatly ýeriň içýän agyz suwunda ftoruň mukdaryna köp halatda baglydyr. Sebäbi kiçi himiki işjeň element bolan ftor syrçanyň kämilleşmeginde we kariýese garşy durnuklygynda örän möhüm ähmiýete eýedir.
Iýmitlenmek we kariýes. Häzirki döwürde birnäçe ylmy-amaly işleriniň netijeleri esasynda syrçanyň kariýes keseliniň döremezliginde dogry we ýokary hilli iýmitleri iýmegiň, kariýes dörediji iýmitleriň bolsa ýokary täsirleriniň bardygy doly tassyk edildi. Esasanam uglewod, süýji, şeker önümleriň, hamyrdan taýýarlanýan, düzümi ýakymsyz himiki birleşmeden taýýarlanýan konditer önumleri, suwuk içgileri we başgalaryň diş syrçasyna erediji, iýiji täsir edip, onuň berdaşlylygyny gowşdýar we kariýesiň döremegine uly ýardam edýär. Muňa mysal bolup Aşgabat şäherinde konditer fabriginde işleýän işgärleriň arasynda dişleriň kariýes keseliniň beýleki ýaşaýjylara seredeniňde 2,5-esse köp duş gelýandigi anyk subut edildi (M.K. Durdyniýazow, H.A.Aýnazarow 1984, 1985) we olarda kariýesiň depgini 12.5-15.1 boldy.
Dişleriň kariýesiniň döremeginde iýmite baha berlende onuň umumy we ýerli täsirlerine garalmalydyr.
Iýmitiň umumy beden arkaly dişlere täsirleri ondaky bolup geçýan madda çalşygy bilen baglanyşyklydyr. Muňa mysal bolup iýilýan iýmitiň kemter bolmagy bilen – beloklaryň, ýaglaryň, witaminleriň ýetmezçiligi, esasanam “C, D, A” witaminleriň kemterliligi zerarly umumy bedende gowşaklyk ýüze çykýar. Bu bolsa öz gezeginde agyz boşlukdaky agzalaryň hem işjeňliginiň pese gaçmagyna, ýagny sülekeý mäzleriniň işjeňliginiň, öwmek mäzleriniň suwuklygynyň bölünip çykyşynyň azalmaklygy, diş syrçasynyň agyz suwuklygy bilen alyş-çalyşynyň bozulmaklygy we başgada birnäçe fiziologik ýagdaýlaryň üýtgemelerine we kariýesiň döremekligine şertler peýda bolýar we gelejekde oňa sebäp bolýarlar.
Iýmitiň ýerli täsiri. Häzirki wagtda uglewod önümleriniň kariýes döretmekligindäki ähmiýeti doly tassyk edildi muňa mysal bolup exsperiment-synag geçirilýan alakalara, syçanlara kariýes dörediji saharozany berilende 100% kariýes ýüze çykýar. Bulardan başgada muňlerçe geçirlen ylmy-amaly barlag işleriniň netijesinde iýmit arkaly iýilýän uglewod önümleri dişiň syrçasyna ýaramaz täsir ediji, dişleriň ýüzüne ýelmeşip olarda organiki çökündileriň we turşularyň (süýt turşysy) emele gelmekligine sebäp bolup syrçanyň duzlarynyň eremekligine (demineralizasiýasyna) alyp barmaklygy, mundan başgada şeker we şeker önumleri agyz boşlukdaky kariýes dörediji mikrob bedenjiklerine iýmit hökümde hyzmat etmekligi, olaryň has köpelmekligine we kariýesiň döremekligine ýenede bir şertiň bolmaklygyna alyp barýarlar. Rus döwletiniň alymy bolan akademik W.K. Leontewiň (1984, 86, 89, 93) takyklamalaryna görä dişleriň kariýesiniň döremekliginde uglewod onumleriniň kabul edilen mukdaryna bagly bolman eýsem-de olaryň görnüşleriniň, günüň dowamynda näçe gezek kabul edilmekligi, agyzda näçe wagt saklanmaklygyna, dişiň syrçasyna ýelmeşmekligine bagly diýip kesgitleýär.
Iýilýän iýmitleriň diňe bir kariýes dörediji häsiýetleri bolman, eýsem oňaýly täsir edijiligi hem bardyr. Muňa mysal bolup iýmitleriň düzümindäki ftoruň, wanadiniň, seleniň, sinkiň, kremniniň, kümüşiň we başgada birnäçe mikroelementleriň kariýese garşy täsirleri ýokarydyr. Mundan başgada gataňsy iýmitleri köp çeýnemeklik dişlere oňaýly arassalaýjy täsirli, dişlere çeýneýji agram bermeklik dişýany dokumalarda, periodontda, pulpada we başga dokumalarda-da ganaýlanşyny, madda çalyşygyny ýokarlandyrýar bu bolsa öz gezeginde dişleriň durnyklylygyny artdyrýar hem-de kariýese garşylygy ýokarlandyrýar. Ýone gynansakda adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowylanmagy, siwilizasiýanyň ösmegi bilen adamlaryň arasynda ýumşak iýmitlege uýgunlaşmagy, uglewod önümlerini köp kabul etmek endiginiň ýokarlanmagy diş kariýesiniň keselleriniň we onuň ötüşmeleriniň has giňden ýaýramagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin hem geljek nesillerde iýmit iýmekliginiň kadalaryny, dogry we ýokumly iýmitlenmek tertiplerini girizmek stomatolog lukmanlaryň iň wajyp wezipeleriniň biri bolup durýar.
Mikroblaryň beden täsiri. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy-amaly işleriň netijelerinde kariýesiň döremegi üçin diňe bir agyz boşlugynda uglewod önumleriniň bolmagy zerur bolman, eýsem kiçijik mikroblaryň hem bolmagynyň ähmiýeti anyklanyldy. Şonuň üçin hem şu gün doly takyk aýtsa bolar, ýagny kariýes keseli mikrob bedenjiksiz döremeýär. Bu tassyklama laýyk diýip Orlanderiň we beýleki alymlaryň (1954) geçiren ylmy tejribesini aýtmak bolar. Ýagny bu ylmy tejribede ýaňyja eneden doglan alaka-syçanlary iki topara bölüp, birinji topardaky syçanlara–adaty iýmiti bermeklik, ikinji topardakylara bolsa – kariýes dörediji uglewod we mikrob taýajyklaryndan arassalanan iýmitiň täsiri öwrenilipdir. Üç aýdan soň syçanlaryň dişleriniň ýagdaýlary barlanyp görlende birinji topardaky syçanlaryň dişlerinde 96% -e çenli kariýesiň barlygy we onuň depgininiň 4.0-e golaý bolandygy, a ikinji topardaky syçanlarda bolsa kariýesiň bolmandygy anyklanypdyr. Bulardan başgada ýümşak diş çöküdüleri, kesmekleri hem öz gereginde kariýes döredijileriň (streptokoklaryň) ýaşaýşyna, köpelmegine amatly ýer bolup hyzmat edýarler we olar biri-bir bilen özara arabaglanşykda bolýarlar.
Şeýlelikde kariýes ojagynyň döremeginde mikrob bedenjikleriniň ähmiýeti örän uludyr. Olaryň içinde Streptokokkus Mutans (96% derejede kariýes dörediji); Streptokokkus Saliwarius, Streptokokkus Sangius (15-20% derejede kariýes dörediji) esasy hasap edilýär. Mikrob bedenjikleri agyz boşlugynda, diş çökundilerinde köpelýärler. Olar uglewod önümlerini iýmit höküminde sarp etmekleri netijesinde özlerinde işlenip çykarylýan maddalaryň çykmagyna–organiki turşularynyň bölünip çykmagyna alyp barýarlar (süýt turşysy, üzüm turşusy, garynja turşusy we başg). Ol turşular bolsa diş syrçasyna ýaramaz erediji höküminde täsir edip onuň mineral düzlarynyň eremegine -demineralizasiýa hadysasyna alyp barýar we kariýesiň döremegine sebäp bolýar.
Bedeniň keselleri we kariýes. Köp ýyllaryň dowamynda dişleriň kariýesiniň döremeginde umumy bedeniň geçiren we häzitrki dowam edýän kesel ojaklarynyň ähmiýetiniň barlygy baradaky meseleler doly çözülmän, çekeşikliligine galýar. Köplenç ýagdaýlarda diş kariýesi bilen arabaglanyşygy bolan keselleri – inçekeseli, guryagyryny we başda-da birnäçe keselleri mysal getirip bolýar. Ýöne häzirki wagytda olaryň kariýesiň döremegindäki ähmiýetleri doly subut edilmedik. Beýle diýilse umumy keselleriň ähmiýetini doly aradan aýyrmak hem bolmaz, sebäbi umumy bedeniň ýagdaýy, onuň keselleri agyz boşluk agzalaryna gönüden-göni täsir edýär, ýagny diş pulpasynyň işjeňligine, sülekeý mäzleriniň işjeňligine täsir edip, dişiň syrçasynyň berdaşlylygynyň peselmegine we kariýese bolan şertleriň döremegine alyp barýar.
Umumy bedeniň diş pulpasy arkaly syrça täsiri - köp wagtlardan bäri öwrenilip gelýän ulgamyň biridir we köp amaly-ylmy işler muňa subutnama bolup bilýär. Dişiň gaty dokumalary (Syrça, dentin, kök sementi) köp halatlarda özlerine gerekli bolan minerallary we organiki birleşmeleri (beloklary, ýaglary, lipidleri) pulpanyň usti bilen alýarlar (Okusko W.R. 1989).
Dişiň syrçasy bu örän ýokary derejede minerallaşan dokumadyr. Ol agyz boşluk suwuklygy we sülekeý bilen elmydama alyş-çalşygynda bolup, özüniň mineral duzlaryny täzeläp, baýlaşdyryp durýar hem-de olaryň arasynda elmydama arabaglanyşyk saklanýar. Öz gezeginde bolsa agzyň suwuklygynyň we sülekeýiň mukdaryna onuň düzümine umumy bedendäki bolup geçýän hadysalar özleriniň täsirlerini ýetirip, kä halatlarda syrçanyň organiki we organiki däl düzüminiň üýtgemesine eltip, kariýese meýilli syrçanyň ýüze çykmaklygyna sebäp bolýar.
Çaganyň has irki döwürleri, haçanda äň süňküniň içinde hemişelik dişleriniň düwünçekleriniň emele gelýän, dişleriň ösüp çykýan döwürleri, ýaňyja çykan dişleriň syrçasynyň kämilleşmedik (6-14 ýaşda) beden näsazlyklarynyň kariýese şert döredijiliginiň has ösen döwürleri hasap edilýär. Şeýlelikde çaga enäniň göwresiniň içindekä we doglanyndan tä ýetginjeklige çenli (14 ýaş) aralyklda pediatr lukman, maşgala lukmany tarapyndan çaganyň umumy bedeniniň sagdyn bolmagyna ýokary üns berilmelidir. Çaganyň 14-18 ýaşy dolanyndan soň ösüp çykan dişleriň syrçalary kämilleşýärler we soňraky ýaş döwürlerinde umumy beden keselleri dişiň syrçasynyň minerallaşmasynyň derejesine we onuň gowşamagyna gaty uly täsir edip durmaýar (Borowskiý E.W. we başg. 2002ý).
Daşky gurşawyň bedene we dişiň gaty dokumalaryna täsiri. Daşky gurşawyň adam bedenine we dişiň dokumalaryna ýaramaz täsir edijileri bu ýiti gün şöhlesi we hasam onuň iýonlaşdyrylan şöhlesidir. Haçanda agyz boşlugynyň agzalaryny rentgen şöhlesi arkaly surata düşürilende şöhläniň iň köp düşen ýerlerinde gelejekde kariýes zeperlenmesi ýüze çykýar. Mysal üçin dişleriň köpçülikleýin, ýaýraw boýunjyk kariýesi, aýlaw (Sirkulýar) kariýes ojaklary we ş.m. köp halatlarda şöhle kariýesi hem diýilýär.
Biziň Türkmenistanymyzda gün şöhlesiniň ýiti, yssy-gurak günleriniň, aýlarynyň köp bolmagynda adam bedenine we agzyň agzalaryna olaryň edýän oňaýsyz täsirleri köpdür. Howanyň has yssy, gurak günlerinde (15-nji Maý tä 15-nji Sentýabr aýyna çenli) adamy bedeni we onuň suwuklyklary işläp çykaryjy agzalary çendenaşa köp işjeňligi we güýji sarp etmeli bolýar hem-de köp suwuklyklary bölüp çykarýarlar. Şeýlelikde beden köp mukdarda suwuklyklary (H2O) talap edýär. Bu ýagdaýlar bolsa käbir agzalardan çydamlylygy, gurplylygy talap etýär. Käbir agzalara düşýän agyr işjeňlik netijesinde belli derejede madda çalşyklaryň bozulmagyna alyp barýar hem-de patologik hadysalaryň döremegine şert döreýär. Dişiň syrçasynda kariýes ojaklarynyň köpelmegine, sülekeý mäzleriniň işjeňliginiň pese gaçmagy, sülekeýiň mukdarynyň azalmagy, onuň düzüminiň üýtgemegi, kentlewügiň suwuklygynyň mukdarynyň azalmagy, agzyň suwuklygynyň düzüminiň bozulmagy we birnäçe başgada işjeňlikleriň bozulmagyna getirýär we agyzda keselliligiň döremekligine şert döredýär. Bu aýdylan şertler bir-biri bilen özara baglanyşyklydyr. Şeýlelikde kariýes keseli öwrenilende daşky gurşawyň käbir aýratynlyklary giňden göz öňünde tutulmalydyr. Ýokarda agzalanlara mysal edip ýurdumuzyň birnäçe alymlarynyň geçiren ylmy-amaly işleriniň netijelerini aýtmak bolar (Berdimuhammedow G.M. 1990, 94; G. Paşaýew 1978, 94, 96; M.K. Durdyniýazow 1982, 84, 96; Aýnazarow H.A. 1989, 94, 97).
Kariýes ojaklarynyň ýerleşiş aýratynlyklary. Dişleriň kariýes keseli bilen zeperlenme derejesi birmeňzeş däldir. Ýokarky äňdäki dişleriň kariýes bilen zeperlenmesi aşakdaky äň dişlerine garanyňda ýokarydyr. Dişleriň täç böleginiň taraplarynyň hem zeperlenme derejesi tapawutlanýar. Mysal üçin uly hem-de kiçi azy dişleriniň köplenç çeýneýiş tarapyndaky tebigy jaýryklarynda we fissuralarynda kariýes ýerlesegendir, ikinji orunda şol dişleriň gapdal degişme (aprokximal) taraplaryndaky kariýes ojaklary, üçünji orunda – ýaňak, duluk tarapyndaky ojaklar. Azy dişleriň dil tarapynda kariýes ojaklary örän seýrek duş gelýär. Gyýak we kesiji alyn dişlerde azylara garanyňda kariýes az derejede gabat gelýär. Egerde näsagda önki alyn dişlerinde kariýes ojaklary bar bolsa (esasanam aşaky alyn dişlerinde), onda bu şol adamda kariýese bolan goranyş güýçleriniň has pesliginiň subutnamasy bolup hyzmat etýändir. Käbir halatlarda bolsa, ýagny diş hatarlarynyň nädogrulyklary, dişleriň has gysylyşmagy, hatardan daşarda we şuňa meňzeş ýagdaýlarda gyýak we kesiji dişlerde hem ýokary derejede kariýes ojaklary ýüze çykýar. Mysal üçin 19-24 ýaşly adamlaryň arasynda ýokarky kesiji alyn dişleriniň kariýesiniň ýaýraýşy ortaça 12-15%-e deň bolsa, onda şol adamlarda dişleriniň gysylyp çykan wagtlarynda kariýesiň ýaýraýyşy 20-23%-e çenli artýar. Eger şol dişleriň aralary giň-açyk (diastema,trema) ýagdaýda bolsalar, onda kariýesiň zeperlenmek derejesi pese (3-4%) gaçýar (Borowskiý E.W. we başg. 2002 ý).
Äňleriň sag ýa-da çep taraplaryndaky dişleriniň kariýes bilen zeperlenmesiniň derejeleri birmeňzeşdir.
Dişler ösüp çykanyndan soň haýsysy az wagytda kariýese sezewar bolýanlygy öwrenilende birinji orunda-üçünji uly azy dişleri (akyl dişi); ikinji orunda-ikinji uly azy dişleri (ýedinji dişler) üçünji ýerde-birinji uly azy dişleri (altynjy dişler) eýeleýärler. Ýokardaky agzalanlary jemleseň dişler näçe agzyň girelgesinden daşda ýerleşdigiçe şonçada kariýese köp sezewar bolýarlar diýip aýtmak bolar.
