Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Dişleriň eroziýasy

Dişleriň eroziýasy esasan alyn hem-de kiçi azy dişleriň westibulýar (öňki) tarapynda ýer­le­şip, köplenç halatlarda orta we uly ýaşly adamlarda duş gelýär. Häzirki döwre çenli dişleriň erozi­ýa­synyň sebäpleri doly anyklanylmadyk. Käbir maglumatlara görä olar dişleriň gaty diş çotgasy bilen arassalananda, köp mukdarda turşuly önümleri, suwuklyklary içmeklik endiklerinde, ýa-da işleýän käri boýunça ýaramaz himiki täsirleriň bolmagy zerarly (konditer önümçiliginde organiki turşular; sement zawody, superfosfat kärhanalary we ş.m.) eroziýalar ýüze çykýar.

(5.7. surat)

Dişleriň eroziýasynyň kliniki häsiýetlerinde hem kähalatlarda daşky gyjyn­dyry­jy­lara ýokary duýujylyk peýda bolar.

Bejerilişi.

Dişleriň eroziýasynyň bejeriliş ugurlary giperesteziýa we pahna şekilli kertigiňkä meň­zeşdir. Ýagny:

1) Dişleriň gaty dokumalaryny gaýtadan minerallaşdyrmak;

2) Eroziýanyň zeperlenmelerini kompozit petikleýjiler bilen doldurmak;

3) Agyr derejelerinde emeli täçleri geýdirmek;

4) Profilaktiki çäreleriň maslahatlaryny bermek.

Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy

Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy (çüýremesi) ýerli we köp halatlarda umumy sebäplere görä ýüze çykýar. Merkezi nerw sistemasynyň bozulmasy, içki mäz organ­la­rynyň keselleri, hem-de birnäçe bedeniň awuly ýakymsyz jisimler bilen zeperlen­me­le­rin­de döreýär (duz, kümüş, azot, kükürt turşulary).

Syrçanyň nekrozy aýal maşgalalarda göwrelilik wagtynda, galkan mäziniň giper funksiýa­la­ryn­da, tireotoksikoz ýagdaýlarynda alyn hem-de kiçi azy dişleriň boýunjyk töwereklerinde tegmilt peýda bolup, syrçanyň çüýremesi başlanýar we boşluk emele gelýär. Kliniki häsiýetleri boýunça ol dişleriň gipe­resteziýa we pahna şekilli kertiklerine meňzeşdir.

Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy

Bu ýagdaýlar kärhanalarda işleýän adamlarda duş gelýär. Esasan hem ýaramaz awyly organik we organiki däl kislotalary bölüp çykarýan ýerlerde (kükürt, azot, kümüş, hlor, uglerod turşulary) bolýar. Bu ýaramsyz turşular dem alyş howasynyň dem bilen agyz boşlugyna düşen dişleriň syrçasyny ere­dip başlaýarlar. Şeýlelikde syrçanyň eräp ýumşamagy bilen olaryň tiz wagtdan sürtülmesi baş­lan­ýar, kä halatlarda bolsa diş täjiniň tutuşlygyna sürtülip aýrylyp gitmegi hem bolar. Diş boşluk­larynda ikilenji dentin gatlagynyň emele gelmegine ýa-da pulpanyň nekroz bolmagyna getirýär.

Bejeriliş ugurlary:

1) Keseliň döreýiş sebäplerine garşy çäreleri görmek;

2) Dişleriň gaty dokumalaryny gaýtadan minerallaşdyrmaklyk usullaryny ulan­mak­;

3) Emele gelen boşluklary, zeperlenmeleri kompozit petikleýjiler bilen doldur­mak;

4) Agyr derejelerinde dişlere emeli täçleri geýdirmek (ortopedik bejeriş).

Dişleriň ýiti şikeslenmesi

Dişleriň ýiti şikeslenmeleri esasan öňki alyn dişlerde ýüze çykýar. Olar sport işlerinde, kärhanalarda zähmet çekýän ýerlerinde we beýleki durmuşda gabat gelýän näsazlyklar esasynda döreýär. (5.,8.,9. surat).

Dişleriň ýiti şikeslenmeleri 3 topara bölünýär:

1) dişleriň gaty dokumalarynyň daşyndaky ýumşak dokumalarynyň zeperlenmesi; 2) dişleriň çykygy; 3) dişleriň gaty dokumalarynyň döwülmegi.

Dişleriň ýiti şikeslenmelerini dogry anyklamak üçin dişi rentgen suratyna düşür­mek zerurdyr.

Keseliň kliniki alamatlary bolsa ýetirilen şikesiň derejesine baglylykda ýüze çykýar. Güýçli agy­ry, dişiň daş-töweregindäki ýumşak dokumalaryň gyzarandygy, çişendigi, gan öýmäniň bardygy, di­şiň haýsam bolsa bir derejesinde yrgyldaýandygy, agyrylydygy belli bolýar.

Bejeriji ugurlary.

Dişiň gaty dokumalaryna ýeten şikesiň derejesine, görnüşine baglylykda bejergi ugurlary saýlanyp alynýar. Olardan:

1) Agyrysyzlandyrmak;

2) Dişleriň ýumşagynyň depilpasiýasy;

3) Çykan ýa-da döwlen dişiň täç böleklerini, köklerini seýiklemek;

4) Çişmä garşy derman serişdelerini ulanmak;

5) Dişleriň döwük-ýenjiklerini düzetmek, petiklemek;

6) Döwük ýa-da ýenjikleriň agyr derejelerinde hirurgiki, ortopediki bejergileri geçir­mek we ş.m.

VI Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]