Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Pahna şekilli kemtik.

Bu zeperlenme özboluşly bir kemtik bolup, orta we uly ýaşly adamlarda duş gel­ýär. Kem­tikler dişleriň boýunjyk töwereginde ýerleşip onuň şekili pahna meňzeşdir. Gy­ralary, diwarlary, düýbi tekiz bolup, üçburçluk sypatynda, dişleriň gaty dokumalarynyň bolsa reňkleri üýtgeýär.

(5.5. surat)

Pahna şekilli kemtik munuň özi üznüksiz kesel bolup, ol birnäçe ýylyň dowamynda emele gelýär.

Häzirki döwürde onuň gelip çykyşy barada, birnäçe nazaryýetler bardyr ilki bilen rus alymy N.N.Znamenskiý özüniň ylmy işleriniň netijeleri boýunça fiziko-himiki döreýiş teoriýasyny hödürledi. Şuňa görä pahna kertikler syrçanyň boýunjyk töwereginiň himiki taýdan eremekligi we onuň ýumşamaklygy esasynda ýüze çykýar diýip aýdýar.

Häzirki döwürde pahna şekilli kemti mehaniki surtülmäniň esasynda ýüze çykýandygy bellenilýär. Onuňam sebäbi gaty diş çotgalary dişleri nädogry arassalamak, ýagny çotgalar bilen dişleriň hatarlarynyň ugruna taraplaýyn hereket etdirilse boýunjyk tarapdaky ýuka syrça sürtülme sebäpli ýülmenýär we soňabaka pahna şekilli kertik emele gelýär. Esasanam diş hataryndan az-owlak öňde, çykyp duran dişlerde; gyýak dişler, kiçi azy dişler; alyn dişleri. Köplenç bolsa äňleriň sag tarapdaky dişiň saglak adamlara, çep tarapda bolýar, haçan-da ol adamlar çepbekeý bolsalar. Üçünji ýene-de bir düşündirme paradont dokumasy keselli adamlarda, haçan-da dişleriň etleri kiçelip aşak düşmede dişleriň kökleri açylanda pahna şekilli kertik köp duş gelýär.

Pahna şekilli kertigiň kliniki alamatlary dişleriň ýokary duýujylygy bilen meňzeş. Ýagny, adamlarda himiki ýiti iýmitlerden, gyzgyn – sowuk içgilerden agyry peýda bolýar.

Bejeriliş ugurlary.

  1. Konserwatiw bejergisi – pahna şekilli kertigiň başlangyç – ýüzleý görnüş­le­rin­de syr­ça­ny gaýtadan minerallaşdyrmaklyk amala aşyrylýar (Sa+, R+, F+, kiçi elementler).

  2. Pahna şekilli kertigiň orta derejelerinde olary gaýtadan dikeldiji petikleýjiler bilen dol­durmaklyk maslahat berilýär.

  3. Agyr derejelerinde, uly çuň kertiklerde ortopediki bejeriliş – emeli täçleri geýdermeklik maslahat berilýär.

Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi

Adamlaryň ýaşy naçe ulaldygyça olaryň dişleriniň gaty dokumalarynyň az-azdan sürtülip ýülmenmegi, ýagny fiziologik sürtülmesi bolup geçýär. Käbir halatlarda bolsa olaryň az wagtyň içinde, çalt sürtülmeleri bolýar oňa bolsa patologik sürtulme diýlip aýdylýar. Patologik sürtülmäniň ýerli hem-de umumy sebäpleri bardyr (surat 5.6.).

Ýerli sebäplere: diş-äň sistemasynyň fiziologik gatnaşygynyň bozulmalary (patologik tapyşma): göni gatnaşygy, çuň gatnaşygy, tersleýin gatnaşyk; gapdal gatnaşyklar, açyk prikusy we ş.m. degişlidir. Mundan başga-da oňa nädogry goýulan emeli täçler we diş hatarlarynyň kemtikleri sebäp bolup bilýär.

Haçanda syrçanyň kislotalar, aşgarlaryň täsiri esasynda gowşamasy, ýa-da içki organlaryň kabir ýetmezçilikleri, keselleri sebäpli duzlaryň zeperlenmeleri, nerw dokumalarynyň ýetmezçilik­lerinde we başga ýagdaýlarda dişleriň syrçasynyň çalt ýülmenmesi bolup geçýär.

Kliniki häsiýetleri patologik sürtülmäniň derejesine bagly bolup, ilki başda uly bolmadyk ýokary duýujylyk ýüze çykýar we agyr derejelerinde hemme gyjyndyryjylara bolan ýokary duýujylyk we birnäçe ötüşme kesellere alyp barmagy (pulpit, periodontit) hem mümkin.

Bejerilişi: Başlangyç döwürlerinde derman serişdeleriniň kömegi bilen ýokary duýujylygy we patologiki sürtülmäniň döreden ýerli sebäpleri aýyrmak bolýar.

Orta we agyr derejelerinde dişleriň zeperlenen ýerlerini petiklemek; emeli täçleri geýdirmek, görkezme boýunça dişleriň pulpasyny aýyrmak we beýleki ortopediki bejergi geçirilýär. Patologik sürtülmäniň döremezligi üçin çagalarda hemişelik äň gatnaşygynyň emele gelýän döwürlerinde ortodont lukmanlar olaryň fiziologik kadanyň emele gelmegini gazanmaklyklary zerurdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]