Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Dişleriň menekliligi (flýuorozy).

Dişleriň menekliligi çaganyň ösýän bedenine ftor ionynyň köp mukdarda düşmegi esasynda ýüze çykýar we ösüp çykýan dişleriň täjiniň syrçasynyň reňkiniň üýtgemegi bolup geçýär. Dişleriň flýuorozyny ilkinji bolup 1900 ýylda italýan lukmany Stefan görüpdir we ol bu hadysa garalan dişler diýip at beripdir. 1920 ýyllarda dişleriň menekliligi Potsdam şäherinde we Neapolda amerikaly luk­man Smit tarapyndan ýüze çykarylypdyr we ilkinji gezek onuň sebäbini içilýän agyz suwunda fto­ruň köplügi bilen düşündiripdir. Rus alymlary R.D. Gabowiçiň we G.D. Owruskiniň (1969) maglu­matlaryna görä şu döwürde endemiki flýuorozyň ojaklarynyň müňlerçesiniň barlygy aýdylýar.

Dişleriň menekliligi has irki döwürde ýüze çykandyr we ol esasan bedeniň ftor ionlary bilen ýokary derejede awulandyrmagy bilen ýüze çykýar, şeýlelikde-de oňa köp awtorlar syrçanyň menekliligi, deşijekli syrça, tegmiltli syrça diýip atlandyrylýar.

Dişleriň menekliligi endemiki, professional we industrial görnüşlere bölünýär.

Endemiki flýuoroz – bu meneklemek bolup ftoruň mukdary, içilýän agyz suwunda we ýerde köp bo­lan wagtynda ýüze çykýar we şol ýerde ýaşaýan ilatyň köpüsiniň dişleriniň zeperlenmekligi bilen düşündiril­ýär.

Professional flýuorozy – adamlaryň işleýän kärine baglylykda, ýagny, bedene ýaramaz täsir ediji faktorlar sebäpli ýüze çykýar.

Industrial flýuoroz birnäçe ösen kärhanalaryň we edaralaryň daşarky howa sredasyna we ýere awyly jisimleri çykarmaklygy (sement zawody, aýna döwüji, super sulfat zawody we ş.m.), esasan şol ýerde işleýän we şol territoriýada ýaşaýan ilatda ýüze çykýar.

Endemiki flýuoroz bütin dünýäde ýaýrandyr we olaryň has uly ojaklary Amerika döwletine (Texas, Doko ştatlary), Hytaýda, Italiýada, Ýaponiýada, Hindistanda we Afrika döwletlerinde bardyr. Dişleriň menekliliginiň ýaýraýşy we onuň depgini ftor ionynyň bedene düşmeginiň mukdaryna we bedeniň oňa bolan duýgurlygyna baglydyr. Käbir alymlar flýuorozy syrçanyň gipoplaziýasyna degişli diýip aýdýarlar, ýöne bu beýle däldir.

R.D. Gabowiçiň, G.D. Owruskiniň we W.K. Patrikeýewiň aýtmaklaryna görä ftor elementi dişiň gaty dokumalarynyň emele gelmekliginde fermentleri dargadýar we syrçanyň düzüminiň üýtgemegine alyp barýar. Endemik flýuorozyň ojaklary goňşy arkalaşykly döwletlerde hem bardyr. Meselem olardan: Kaluga şäheri (Rossiýa), Şuşensk şäheri (Gazagystan respublikasy), Iwano-Frankowsk welaýaty (Ukraina), Apşeron ýarym adasy (Azerbaýjan respublikasy), Takob obasy (Täjigistan respublikasy). Biziň Türkmenistanymyzda: Gökdepe etrabynda, Balkanabad şäherinde, Garagum çöllüginde ýaşaýan ilatlarda we başgalarda. (5.3. a,b surat).

Bedene ftor ionynyň esasy düşýän ýoly bolsa içilýän agyz suwudyr we onda ftoruň mukdary 1 litrde 0.1 mg-dan 1.0 mg. Çenli bolýar.

Dişleriň menekliliginiň ýüze çykmaklygy üçin suwuň düzüminde 0.5 mg. ýokary bolan ftoruň mukdary ýeterlikdir.

0.5-1 mg. (1 litr suwdaky) ftor 5% çenli flýuoroz,

1-1.5 mg. ftor 15-20% derejede flýuoroz,

1.5-2.0 mg. ftor 30-40% derejede flýuoroz,

2.0 mg. ýokary ftor 50% derejede flýuoroz,

4.0 mg. çenli ftor 90% derejede flýuoroz keselini döredip bilýärler.

R.D.Gabowiçiň görkezmeleri boýunça dişleriň menekliligi (1949) öz derejesi boýunça 4 topara bölünýärler:

1. Çyzyjakly görnüşde;

2. Tegmilt görnüşde;

3. Tegmilt – deşijekler görnüşde;

4. Eroziýa – Destruktiw görnüşde.

Flýuorozyň kliniki ýüze çykyşy we onuň derejesi içilýän agyz suwdaky ftoruň mukdaryna we umumy bedeniň oňa bolan duýgurlygyna baglydyr. Şeýlelikde ýeňil görnüşinde tegmilt, çyzyjaklar ýaly zeper döredýär, has ýokary derejelerinde bolsa boşluklaryň, eroziýalaryň emele gelmegi bolýar, kä halatlarda bolsa dişiň syrçasynyň doly ýitip gitmekligine hem alyp barýar. Ýokarky ýagdaýlarda adam­laryň ýaşaýan ýerlerini, flýuorozyň ýaýraýşyny hem-de agyz suwdaky ftoruň mukdaryny öwren­meli we endemik flýuorozyň barlygyny tassyklamaly. Çagalarda dişleriň flýuorozynyň ýüze çykmagy üçin endemik ojakda azyndan 2-3 ýyl dişleriniň ösüp çykmazyndan öň ýaşamaklygy gerekdir.

(5.4. a,b surat)

Bejermek we öňüni almaklyk çäreleri.

Dişleriň flýuorozynyň bejerilişi olaryň depginine we kliniki geçişine baglydyr.

Menekliligiň ýeňil görnüşlerinde çagalar käbir bejergilere mätäç däldirler we olary diňe dispanser gözegçiligine almak ýeterlikdir. Menekliligiň agyr derejelerinde konserwatiw – kosmetik we ortopediki düzediş işleri geçirilýär.

Ýe. W. Borowskiniň görkezmesi boýunça flýuoroz tegmiltleri syrçadan aýryp bolýar, birnäçe kislotalaryň kömegi boýunça: 10% duz we limon kislotasy; çakyr daşy turşusy we başgalar. Syrçanyň mineral duzlarynyň ergininde soňra oňa düzüminde kalsiý, fosfor birleşmelerini saklaýan erginleri çalmaly, ýagny gaýtadan minerallaşdyrmak üçin. Kä halatlarda bolsa flýuorozyň tegmilt­le­rini gyryjy daşlaryň kömegi bilen gyrdap aýyrmaklyk hem ulanylýar. Flýuorozyň has agyr dereje­sin­de (eroziw – ýara, destruktiw meneklilik) syrçanyň zeperlenen ýerlerini petiklemeklik ýa-da ortopediki emeli täçleri geýdirmeklik arkaly bejerilýär.

Menekliligiň öňüni alyş çäreleri.

Syrçanyň menekliliginiň öňüni almak üçin iň möhüm zatlaryň biri, olam bolsa belli bir ýaşalýan etrapa, welaýata, regiona agyz suwunda ftoruň bolmaly mukdaryny kesgitlemeklikdir. Orta Aziýa ýurtlarynda, şol sanda biziň ýurdumyz Türkmenistanda yssy-gurak howa şerti bolany üçin ftoruň ortaça hasap boýunça bolmalysy gyş aýlary – 0.8-0.9 mg/litr, a tomus aýlary - 0.65-0.7 mg/litr suwda.

Flýuorozyň öňüni alyş çäreleri esasan 2 ugurdan ybaratdyr: 1) umumy ilatyň arasynda geçirilýän çäreler; 2) şahsy çäreler.

Umumy çärelere degişli:

a) içilýän agyz suwundaky artykmaç ftoruň mukdaryny azaltmaklyk, agyz suwuny garyşdyrmaklyk;

b) agyz suwunyň ftoruny azaltmak, arassalamaklyk. Bu meselede 23-40 gramm agramlyk­daky süňki aşgarly suwuklykda gaýnatmaly we ony 50.0-60.0 0S+ gradusa sowatmaly. Emele gelen madda aşgarda ýuwulýar, soňra kislotada we ýönekeý suwda ýuwulýar. Suňkde Ca, P birleşmelerini (örän az mukdarly ftor maddasyny) agyz suwuny ftordan arassalamak üçin ulanýarlar we 500 kg süňk ununda 3 muňe golaý litr suwy arassalamak bolýar.

Flýuorozyň şahsy öňüni alyş çärelerine bolsa çagalara dişleri ösüp çykmanka witaminleriň “C” we “B” görnüşlerini, süýt önümlerini, tomus aýlary olary başga etraplara, welaýatlara, ýagny, agyz suwunda ftoruň az ýerine, ibermeklik ýaly çärelerden ybaratdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]