Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Kariýesden özge zeperlenmeler

Kariýesden özge keseller kän bir ýaýramadyk, emma köpdürlüligi bilen häsiýet­lenýän zeper­lenmelerdir. Olaryň käbirleri doly öwrenilen bolsa-da, käbirleri entek öwrenilmedikdir. Şonuň üçin hä­zirki wagtda bu topardaky keseller stomatologiýada özleriniň wajyplygyny ýitirmeýär we öwre­nilmegi zerurdyr. Stomatolog lukmanlar öz amaly işlerinde bu zeperlenmeleri anyklamakda we bejermekde käbir kynçylyklary çekip gelýärler. Olary aradan aýyrmak biziň borçlarymyzyň biri bolup durýar. Bu zeperlenmeleri doly anyklamak we ygtybarly bejermek üçin ilki bilen olary toparlara anyk bölmek gerekdir. Şu meselede şu günki güne çenli iň bir amatly diýip W.K. Patrikeýewiň (1968) hödürlän toparlara bölünşigi diýsek ýalňyşmasak gerek.

W.K. Patrikeýewiň topara bölüşi:

I Dişiň gaty dokumalarynyň ösüp emele gelýän döwürlerinde döreýän kariýesden özge zeperlenmeler:

1) dişiň gaty dokumalarynyň kemterliligi (gipoplaziýasy);

2) syrçanyň gipoplaziýasy;

3) syrçanyň menekliligi (flýurizi);

4) dişleriň göwrümleriniň anomaliýasy;

5) dişiň täjiniň reňkiniň üýtgemesi;

6) dişleriň gaty dokumalarynyň nesle geçiji zeperlenmesi.

II Dişleriň ösüp çykanyndan soňraky döwurlerinde döreýän kariýesden özge zeperlenmeler:

1) dişleriň ýokundylary we kesmekleri;

2) dişiň gaty dokumasynyň çendenaşa sürtülmesi;

3) pahna şekilli kertik;

4) dişleriň eroziýasy;

5) dişleriň nekrozy (çüýremesi);

6) dişleriň gaty dokumasynyň ýiti şikesleri;

7) dişleriň gaty dokumasynyň ýokary duýujylygy (giperesteziýasy).

Kariýesden özge zeperlenmeler.

Dişleriň gaty dokumalarynyň kariýesdan özge zeperlenmeleri özleriniň gelip çykyşy we döreýän döwürlerine görä 3 topara bölünýär:

I-nji topar: Dişleriň gaty dokumalarynyň ösüp emele gelýän döwürlerinde ýüze çykýanlary bu topara degişli: Syrçanyň giprolaziýasy (kemterligi), menekliligi (flýuorozy) hem-de syrçanyň giperplaziýasy (artykmaçlygy);

II-nji topar: Kariýesden özge zeperlenmeleriň dişleriň gaty dokumalarynyň ösüp çykanyn­dan soňraky döwürlerde emele gelýänleri degişli: olardan syrçanyň ýokary duýujylygy (giperete­ziýasy); pahna şekilli kertik; syrçanyň çendenaşa sürtülmesi, syrçanyň eroziýasy we birnäçe beýleki mehaniki, himiki şikeslenmeleri;

III-nji topar: Dişleriň gaty dokumalarynyň nesle geçiji zeperlenmeleri. Bu topara degişli: çagalarda amilogenez we dentinogenez hadysalarynyň bozulmagy, bedende sünk sistemasynyň emele gelmegindäki gaty dokumalarynyň emele gelmeleriniň bozulmagy, mermer we disploziýa kesellerinde bolýan üýtgeşmeler we ş.m.

Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)

Syrçanyň kemterliligi dişleriň gaty dokumalarynyň, syrçasynyň ösüp emele gelýän döwür­le­rin­de doly emele gelmezligi, esasanam, çaganyň ösýän bedeninde madda çalşygynyň bozulmagy we dişiň dokumalarynyň gurluşynyň kemterligi sebäpli ýüze çykýar.

Syrçanyň gipoplaziýasyny iki topara bölýärler: ýerli hem-de umumy ýaýraň görnüşler. Ýerli görnüşde haýsam bolsa bir ýa-da iki dişiň gaty dokumasynyň zeperlenmegi bolup geçýär, umumy ýaýraň görnüşde hemme dişleriň ýa-da birnäçe topar dişleriň syrçasynyň zeperlenmegi bolýar.

(5.1. surat)

Birnäçe rus alymlarynyň garamagynda (I.G. Lukomskiý, 1955 ý., I.W. Waýs, 1965 ý. we baş­galar) dişleriň gaty dokumalarynyň kemterligini diňe mineral madda çalşygynyň bozulmagy esa­synda ýüze çykýar diýip hasap edýärler. W.K. Patrikeýew (1958 ý.) gipoplaziýa keseli diňe bir mineral madda çalşygynyň bozulmagy esasynda bolman, eýsem, dokumalarda organiki bir­leşmeleriň bozulmagy esasynda hem ýüze çykýar diýip belleýär.

Häzirki döwürde dişleriň gaty dokumalarynyň gipoplaziýasy minerallar we organiki madda çalşygynyň bozulmasy esasynda ýüze çykýar diýip hasap edilýär.

Dişleriň gaty dokumalalrynyň kemterliginiň döremegi şu aşakdaky esasy şertlere bagly­dyr.

1. Gipoplaziýa (kemterlik), haçan-da, bedende madda çalşygynyň bozul­masy ýa-da kesel dörediji ýerli sebäpler diş düwünçekleriniň emele gelýän, ösýän döwürlerinde olara täsir etseler ýüze çykyp bilýär.

2. Umumy ýaýraň gipoplaziýa keselinde birmeňzeş, bir topardaky dişleriň bir wagt­da, bir derejede zeperlenmesi bolup geçýär.

3. Gipoplaziýa keseli bilen diňe birmeňzeş, bir topardaky dişler zeperlenmän, eýsem beý­le­ki dişleriň, ýagny, şol wagtda dokumalarynyň emele gelýän döwürleri gabat gelse, şol dişleriň dokumalary hem zeperlenýär.

Gipoplaziýa keseliniň kliniki häsiýetleri.

Syrçanyň gipoplaziýasy başlangyç döwürlerde ak ýa-da goňur-gara tegmil görnüşinde, soňraky ösen görnüşlerinde bolsa nätekiz, çukanak, jaýryklar, oýujaklar görnüşinde gabat gelýär.

Gipoplaziýa keseliniň has agyr derejelerinde bolsa, dişleriň täç böleginiň daşky sypatlarynyň hem üýtgemekligi, syrçanyň doly ýoklugy ýaly görnüşleri-de duşýar.

Umumy ýaýraň gipoplaziýa kesellerine Getçinsonyň dişleri, Furunýe­niň we Pflýugeriň dişleri degişlidir.

Getçinsonyň dişleri – dişleriň täç bölegi suw çeleginiň formasynda bolup kesiji dişleriň (alyn dişler) kesiş tarapy aý şekilinde oýuk bolýar. Bu ýagdaý köplenç halatlarda dogabitdi merezel keseli bilen zeperlenen ýagdaýlarda duş gelýär.

(5.2. a, b surat)

Furünýeniň dişleri – bu ýagdaýda hem dişleriň täç böleginiň daşky sypatlary suw çeleginiň formasyna meňzeş. Getçinsonyň dişlerinden tapawudy, kesiji tarapdaky ýarymaý şekilli oýunyň ýoklugydyr.

(5.2. ç surat)

Pflýugeriň dişleri – bu ilkinji uly azy dişleriniň täç böleginiň konus şekilinde bolmagydyr.

Ýene-de bir gipoplaziýa keseliniň görnüşi Turneriň dişleri – bu ýagdaýda uly azy dişleriniň fissur jaýryklarynyň nätekizligi ýa-da olaryň doly üýtgemegi bolýar. Has agyr ýagdaýlarda bolsa dişleriň syrçasynyň ýitip gitmekligi bolup geçýär.

Dişleriň gaty dokumalarynyň kemterlemegi (gipoplaziýasy) beýleki diş kesellere garanyňda az duş gelýär we olaryň ilatyň arasynda ýaýraýjylygy 1-2%-e deňdir.

Gipoplaziýanyň önüni alyş çäreleri.

Öňüni alyş çäreleri ýerli hem-de umumy işlerden ybaratdyr.

Umumy profilaktiki çärelere göwreli aýallaryň saglygyna seretmek, birnäçe mineral seriş­deleri içmäge görkezme bermek (Sa+, F+), dogry we ýokumly iýmitlen­mek­lik, çaga doglan­dan soňraky döwürlerde-de ony dogry emdir­meklik we ş.m. degişli bolup durýar.

Ýerli profilaktiki çäreler çagalaryň agyz boşlugynyň sagdynlygyny gazanmaklyk, dişleriň gigiýeniki taýdan päkizeligi, süýt dişleriň kariýes we onuň ötüşme kesellerini wagtynda bejermek, paradontit çişme keseliniň öňüni almaklyk ýaly işlerden ybaratdyr.

Syrçanyň gipoplaziýasyny bejermek:

Başlangyç stadiýalarynda konserwatiw bejermeklik, ötüşen formalarynda ortope­dik bejer­giler geçirilýär. Terapewtiki konserwatiw bejergiler tegmiltleri derman seriş­deleri bilen aýyrmak we syrça zeperlenmelerini petiklemek arkaly geçirilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]