- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
4.2.10. Funksional barlaglary
Funksional barlag usullary keselleri anyklamakda goşmaça takyklaýyş bolup, olar, zeperlenmeleri irki döwurlerinde, gizlin alamatlaryny we geçiş möhletlerini ýüze çykarmakda wajyp ähmiýete eýedir. Mundan başga-da bejergilere görkezmeleri we onuň netijeliligini, soňraky boljak ýagdaýlary kesgitlemek üçin hem gerekdir.
Biomikroskopiýa anyklaýşy – kiçi gan damarlardaky ganyň akymyny göz görejiniň kömegi bilen takyklamakdyr. Gan damarlarynyň gürlügini, ganyň akymy, doluş we akyş tizligini we ş.m. Bu barlag usuly nemli bardanyň aftoz stomatit çişmelerinde we parodont dokuma kesellerinde ulanylýar.
Çeýneýşiň barlagy. Bu usulda agzyň çeýneýiş agzalarynyň işjeňligini barlanylýar. 3 sany görkeziji kesgitlenýär. Çeýneýşiň işjeňligi, çeýneýşin netijeliligi, çeýneýşiň ukyplylygy.
Polýarografiýa barlagy. Bu usulda ýumşak dokumalardaky kislorod madda çalşygynyň derejesi kesgitlenilýär. Barlag ýörite kislorodyň mukdaryny ölçeýji abzalyň kömegi bilen geçirilýär - “Polýarograf” anyklaýyş usuly ulanylýar. Ol dişýany we nemli bardanyň kesellerinde, dokuma şikeslenmelerinde we başg. maslahat berilýär.
Reodentografiýa barlagy – diş pulpasynyň gan damarlaryndaky gan aýlanyşyň ýagdaýlaryny öwrenmek (ganyň basyşy, damaryň diwarynyň gysylyşy, işjeňligi we b.ş.) hem-de pulpa çişme kesellerini özge kesellerden tapawutlandyrmak, diş täçlerini ortopedik bejergilerde gyrlanda pulpadaky üýtgeşmeleri öwrenmek işleri üçin niýetlenendir.
Reoparodontografiýa barlagy – dişýany dokumalardaky gan damarlarynyň ýagdaýlaryny öwrenmeklik üçin niýetlenen usuldyr. Ol ýörite abzalyň kömegi boýunça amala aşyrylýar.
Fotopletizmografiýa barlagy – bu usulda dokumadaky ýerli ganaýlanyşygynyň derejesini optiki surata düşürmek arkaly kesgitlenilýär. Bu usul boýunça çişme ojagynyň serhedini we gan aýlanyşynyň derejesini kesgitlemek başardýar. Esasanam ol dildäki, dodakdaky, dulukdaky stomatit çişmelerinde, ýa-da parodontit kesellerinde ulanylýar.
4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
Keselleri doly anyklamak we kesgitlemek üçin birnäçe goşmaça barlaglar ulanylýar. Olar umumy klinik, biohimik, morfologik, gistologik barlaglardyr. Stomatologiýanyň amalynda has giňden goşmaça barlag usullary bolan mikroskopik, serologik, allergologik, hem-de umumy ganyň, peşewüň düzümini barlamaklyk ulanylýar.
Mikroskopik barlaglar. Bu usullarda haýsam bolsa bir zadyň mikroskopik gurluşy öwrenilýär: öýjükleriň, nemli bardanyň gurluşy, bakteriýa bedenjikleriniň, ýaranyň, örgünleriň gurluşy we başg.
Sitologiýa barlagy dokumalardaky öýjükleriň gistologik gurluşyny we onuň düzüminiň aýratynlyklaryny kesgitlemek üçin geçirilýär. Sitologik anyklaýyş usuly häzirki döwürde giňden ulanylýan usullaryň beridir. Ony barlaglaryň ýönekeýligi, netijeliligi we näsag üçin howpsuzlygy bilen düşündirmek bolýar. Bu usulda bejerginiň netijeliligini takyklamak aňsatdyr.
Sitologik barlagy geçirmek üçin çişme ojagyndaky ýaranyň ýüzünden alnan bölejik dokuma, iriňli suwuklyk, ýara suwuklygy, kesmekler, çişler ulanylýar. Ýaralaryň, çişmeleriň ýüzünden arassa aýna gutujygynyň ýa-da rezin pozgujynyň kömegi bilen mazok almak ýa-da olardaky gopan dokuma gatlaklaryny şpateliň, gladilka gurallaryň kömegi bilen goparyp almak, ýa-da ondaky çişme suwuklyklaryny sorup almakl arkaly hem barlaglar geçirilýär.
Sitologik anyklaýyş punksiýa çişme ojagyny sanjym iňňeleri arkaly deşmek we çuň ýerleşen ojakdan onuň suwuklygyny şprise sormaklyk hem-de alnan maddany barlag etmeklik arkaly amala aşyrylýar.
Howply domme çiş kesellerini anyklamaklykda, dermatozlarda (pakgarçak keselinde), wagtynda bitmeýän eroziýalarda, jaýrylmalarda we başg. sitologik barlaglar has netijeli usul bolup hyzmat edýär. Sitologik barlagda agzyň ýiti gerpetik uçuklamasynda köp ýodraly ulalan öýjükleri görmek bolýar. Akantolitik pakgarçak kesellerinde – göwrumli akantolitik öýjükleri, Tşankanyň öýjüklerini görmek bolýar.
Agzyň inçekesel ýarasynda – inçekeseliň tümmejikleriniň öýjüklerini, epiteliýal öýjükleri, Langerhanyň uly öýjüklerini hem-de spesifik däl çişme öýjüklerini – limfositleriň, neýtrofilleriň, plazmasitleriň, makrofaglaryň barlygy takyklanylýar.
Agzyň rak (kanser) çişmesinde dokuma gurluşynyň adatydan düýpli üýtgeşmesi bolan aplaziýasyny, öýjükleriniň we suwuklyklarynyň atipizmini we başg. üýtgeşmeleri görmek bolýar.
Biopsiýa barlagy – zeperlenen dokuma bölejigini barlag üçin kesip almak hem-de keseli doly takyklamak üçin niýetlenen usuldyr. Biopsiýa anyklaýşy kliniki we beýleki goşmaça barlaglar keseli doly takyklamaklyga mümkinçilik bermedik ýagdaýlarynda geçirilýär. Barlag üçin 5-6 mm diametr göwrümdäki dokuma bölejigi ýeterlikdir. Lukmanlar tarapyndan keseliň kliniki we laborator barlaglarynyň netijeleri deňeşdirilip, oňa takyk baha bermek we olaryň geçirilişiniň dogrulygyna göz ýetirilmelidir. Eger-de käbir nädogrulyklar ýüze çyksa onda barlaglar täzeden gaýtalanylmalydyr.
Bakteriologik barlaglar – çişmäniň ojaklarynda (eroziýa, ýara, iriň çişi we başg.) mikrob bedenjikleriniň düzümini anyklamaklyk üçin alynýan barlag usulydyr. Bu barlag köp halatlarda keseli döredijileriň sebäpkärini bilmek üçin (ýörite ýokanç keselleri, wirus keselleri, kömelejikler, bakteriýalar, ýonekeýjeler we başg.) geçirilýär. Barlag üçin alynýan maddalar ertir ir bilen aç garna ýa-da iýeninden 3-4 sagat geçenden soňra, agzy suw bilen çaýkadylandan soňra, alynýar.
Mikrobiologik barlag maddalary alnanda käbir tertip-düzgünleri berjaý edilmelidir:
1) Barlag maddasy alynmazdan öň agzyň içini derman saklaýjy erginler bilen çaýkamaly däldir;
2) Barlag serişdesi alynmazdan öň näsag agzyny ýyly suw ergini bilen çaýkamaly;
3) Barlag üçin alynjak serişdäniň ýerini (ýarany) arassa lukmançylyk hasasy bilen ýüzleýje süpürmeli;
4) Barlag maddasyny ýaranyň çuň düýbünden almaly;
5) Alnan barlag serişdesi haýal etmän laborator-anyklaýyş ýerine iberilmeli;
6) Bakteriýalary köpeltmek üçin niýetlenen gaplara şol wagtyň özünde geçirmeli. Eger-de şu ýokarda agzalan tertipler berjaý edilmese onda barlagyň netijeleri nädogry bolmagy ähtimal;
7) Barlag serişdelerinde köp mukdarda kömelejikleriň ösmegi, şol bedenjikleriň zeperlenmäni döredendiklerine güwä geçmek.
Eger-de ak spirohetleriň bolmagy (treponemalaryň) merezeliň bardygy (gaty şankr) ýa-da ikilenji merezýeliň bolmagyny tassyklaýar. Nemli bardanyň ýaraly, Wensanyň stomatitinde 100% derejede fuzospirohetozlaryň bolmagy takyklanylýar.
Serologik barlaglar. Bu gan suwuklygyndaky antitelalary ýa-da antigenleri, dokumadaky ýa-da mikrob bedenjikleriň antigenlerini deňeşdirmek, immunologik hadysalara gatnaşmaklaryny kesgitlemekdir.
Wassermanyň barlagy (komplementiň lagtalanmaklygy). Bu barlag Kanyň we şitohol çökundisiniň emele gelmeklik ýagdaýlary bedendäki merezeliň bardygyny anyklamak üçin geçirilýär. Merezelde serologik barlaglar kesel ýokuşanyndan 5-6 hepdeden soňky günlerde (gatan şankyryň 2-3 hepdesinde) pozitiw bolýarlar. Ikilenji merezelde bolsa ol barlaglar has ýokary derejede pozitiw bolýarlar. Üçülenji merezelde serologik barlaglaryň 50-70% pozitiw bolýar. Käbir halatlarda Wassermanyň barlaglarynyň pozitiw däl ýagdaýlary bermekligem ähtimaldyr.
Serologik takyklamalar bulardan başga-da adamlaryň bedeniniň immun ýetmezçiliginde, ýokanç wirusly usullerde hem ulanylýar.
Derman allergiýasynyň ýagdaýlaryny anyklamak.
Derman allergiýasynyň anyklanylyşy köp halatlarda çylşyrymly bolup, bu ýagdaýlar derman serişdeleriniň bedene ýokary duýujylykly täsirleri esasynda, ýa-da immunologik sebäplere baglylykda döreýär.
Allergik hadysasynyň tiz wagtda ýüze çykýan ýagdaýlary (anafilaktik şok, Kwinkanyň ýellenmesi) antigen E-nyň imunnoglobulin LgE bilen birleşip dokumalardaky ýarym nukreýarlar we makrofaglar bilen özara baglaşmasy esasda döreýär (allergik hadysasynyň I görnüşi). Käbir ýagdaýlarda bolsa dokuma öýjüklerinde sitoliziň bolmagy esasda antigen bilen antitelanyň birleşmesi bolup, ganda gemolizi, leýkopeniýa, trombositopeniýa hadysalary bolup geçýär (allergik hadysanyň II görnüşi).
Allergik hadysasynyň III görnüşinde immunologik birleşmeler gan damarlarynyň diwarlarynda çökýärler we Artýusyň fenomenini, deride, nemli bardalarda ekzantemalary ýüze çykarýar (gyzarma, çişme).
Allergik hadysasynyň IV görnüşinde dokumalarda haýal ýüze çykýan hadysalar döreýar we olaryň esasy sebäpkärleri dokumalardaky ýokary duýujylykdyr we olar esasan limfosit öýjükleriniň gatnaşmagynda bolup geçýär. Olar dermanly ekzema, dermatitler we stomatitlerdir.
Allergologik hadysalarynyň anyklaýyş usullaryny takmynan 3 topara bölmek bolýar. 1) Näsagyň allergologik taryhy maglumatlaryny ýygnamaklyk. 2) Deridäki we beýleki anyklaýyşlar (probalar). 3) Laborator takyklamalar.
Allergologik anamnezi – keseliň gelip çykyşynyň taryhy maglumatlary zeperlenmäniň sebäplerini takyklamagyň ilkinji usullarynyň biridir we esasydyr. Dogry we takyk soralyp ýygnan maglumat köp halatlarda aňsat diagnoz goýmaga mümkinçilik berýär. Allergologik anamneziniň maglumatlary ýygnanda näsagyň allergologik ýagdaýyny, kesellerini bilmek (dem gysma keseli, pollinoz, güýzki lihoradka, (gyzdyrma) ekzemalar, guragyry keseli we başg.) bu keselleriň onuň garyndaşlarynda bolmagy, derman serişdelerine ýokary duýujylygynyň we ş.m.-leri anyklamakdyr. Mundan başgada näsagyň haýsy derman serişdesini soňky wagtda köpräk içendigini, iýmitlere ýokary düýgurlygynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny, agajyň güllerine, tozgalamalaryna, himiki serişdelere, haýwanlarynyň tüýlerine, atyryň islerine we başga-da allergenlere duýujylygynyň barlygyny ýoklugyny sorag-ideg edip bilmeli.
Näsagdan derisiniň ýa-da dyrnaklarynyň kömelejiklerden zeperlenmesiniň bardygyny, ýoklugyny (epidermofitiýa, trihofitiýa).
Allergologik taryh ýygnalandan soňra oňa baha bermek we birnäçe günden soň diýlen allergen serişdeleri berilmeli, ýakyndan täsir edilmesi togtadylanyndan soň näsagyň ýagdaýyna seredilmeli, ýagny, allergik alamatyň aýrylýandygyny ýa-da peselýändigini anyklamaly. Eger näsagyň ýagdaýy gowlanýan bolsa onda bu takyklanan allergeniň dogrulygynyň alamatydyr.
Allergologik ýagdaýyň ikinji kesgitleniş usuly - näsagda bolaýjak allergen serişdeleri barlap görmek we deride anyklaýyş usullary geçirip görmekdir.
Allergenleri deride barlap görmek has amatlydyr. Olara degişli derä damdyrmak, çalmaklyk, derini ýyrtyp oňa damdyrmak ýa-da deri içine sanjym etmek ýaly usullary bardyr. Allergik hadysasynyň oňaýly ýa-da oňaýsyzdygyny kesgitlemek ýerli eýozinofilleriň üýşmesi we leýkositoz hadysasynyň bolmaklygy bilen geçirilse has takyk bolýar (Borowskiý E.W. we başg. 2002ý.). Mundan başga-da allergen goýberilen deride gyzarma (eritema) we ýellenme (dokuma suwuklygynyň ýygnanmaklygy) bolup geçýär.
Näsagda bolaýjak allergenleri käbir takyklamalar boýunça geçirmek maslahat berilýär:
a) Dilasty barlagy: allergen diliň aşagyna göýberilýär ýa-da pagta siňdirilip birnäçe minut (10-15) goýulýar ondan soňra näsagyň özüni duýuşy we diliň astyndaky nemli bardanyň üýtgeşmeleri esasynda baha berilýär.
b) Leýkopeniýa barlagy: allergenleri goýberilenden 20-40 minut öň we soň gandaky leýkositleriň sany taktklanylýar. Olaryň sany 1 mm-da 1000 öýjükden pese gaçsa, onda bu şol nasagda allergiýa sensibilizasiýasynyň bardygynyň alamatydyr.
w) Trompositopeniki indeksi – gana allergenler düşenden soň antigen+antitelo birleşmesiniň emele gelmesi sebäpli ganyň düzümindäki trombosit öýjükleriniň çürşmekligi (aggluýunitasiýasy) we olaryň sanynyň azalmaklygy bolup geçýär.
Laborator barlag usullary. Bu usullara serologik, immunologik we öýjükleriň riýaksiýalary degişlidir. Serologik barlaglara degişli: Mikro presipitosiýasy Uaniýe gelýewidäki presipitasiýasy, agglýunitasiýa we gönü däl gemagglýunitasiýasy, komplementleriň birleşmeleri we başg.
Allergiýanyň Mahsusdäl barlaglaryna aşakdakylar degişli:
1) Çişme ojagynda we çetki gan aýlagynda eýozinofil öýjükleriniň sanynyň köpelmegi;
2) Çetki gan aýlagynda trombositopeniýa, leýkopeniýa, agranulositoz hadysalaryny görmek bolýar;
3) Gan suwuklygynda globulinleriň, esasanam (β, γ) betta – gamma globulinleriň köpelmesi.
Allergenleriň spesifiki takyklama usullaryna leýkositleriň blasttransformasiýasy (LBT); leýkositleriň hereketiniň togtamagy (MUT); neýtrofil öýjükleriniň zeperlenmesiniň görkezijisi (NÖZG). Bazofilleriň Şiller boýunça reaksiýasy, göwrümli öýjükleriň degranulýasiýasy (GÖDG) we başg. degişlidir
Bulardan başga-da käbir amaly ähmiýeti bolan patohimiki takyklamalar hem geçirilse – ganyň düzüminde gistaminiň, serotoniniň, gepariniň, asetilholiniň, kininleriň mukdary kesgitlense hem takyklama esas bolýar.
Bakterial allergenleri takyklamak üçin derman allergenleriniňki ýaly ýokarda agzalyp geçilen barlag usullary ulanylýar.
Ganyň umumy derňewi. Ganyň düzümi derňelende ondaky gemoglobuliniň mukdary, eritrositleriň sany, leýkositleriň sany, ganyň reňk görkezijisi we leýkositar formulalary kesgitlenilýär.
Ganyň kliniki derňewlerini dişýany dokumasy we nemli bardasy keselli näsaglarda geçirmeklik hokmanydyr. Esasanam nemli bardanyň bitmezek ýaraly çişlerinde, howply, ýokanç kesellerinde, umumy ganyň kesellerinde (leýkozda, ganazlykda we başgalar). Leýkositleriň, eritrositleriň sanyndan başga-da olaryň reňk beriji elementleriniň ýagdaýlaryny, leýkositoz formulalaryny, bedeniň ummunologik ýagdaýyny takyklamak üçin zerurdyr. Mundan başga-da eritrositleriň çökmekliginiň tizligini kesgitlemeklik bedendäki we agyz boşlugyndaky patologik zeperlenmäniň bardygyna subutnama hökmünde hyzmat edýär.
Ganyň, peşewiň biohimiki barlaglary. Gandaky, peşewdäki şekeriň mukdaryny kesgitlemeklik (şeker diabetinde, parodontit kesellerinde, üznüksiz kandidozlarda) geçirilýär, kähalatlarda aşgazan suwuklygynyň düzümini öwrenmeklik, peşewdäki beloklaryň düzümini we birnäçe beýleki barlaglary geçirmeklik maslahat berilýär. Käbir kliniki we laborator barlaglaryň netijeleri aşakda görkezilen
Kliniki – laborator barlaglaryň görkezijileri
Görkezijileriň ady |
Kadada |
Ganyň görkezijileri |
|
Eritrositler : Aýallarda Erkeklerde |
3.8 – 4.5 ▪ 1012/ litr 4.5 – 5.0 ▪ 1011/ litr |
Gemoglobin: Aýallarda Erkeklerde |
120 – 140 gr/litr 130 – 160 gr/litr |
Reňk görkezijisi |
0.9 – 1.1 |
Retikulositler |
0.8 – 1.0 % |
Leýkositler |
4000 – 9000 ▪ 10 9/ litr |
Taýajyk ýadroly neýtrofiller |
1 – 6 % 0.004 – 0.300 ▪ 10 9/ litr |
Segment ýadroly neýtrofiller
Eýozinofiller |
47 – 72 % 2000 – 5500 ▪ 10 9/ litr 0.5 – 5 % 0.020 – 0.300 ▪ 10 9/ litr |
Bazafiller |
0 – 1 % 0.065 ▪ 10 9/ litr |
Monoşitler |
3 – 11 % 0.090 – 0.600 ▪ 10 9/ litr |
Limfoşitler |
19 – 37 % |
Tromboşitler |
180.0 – 320.0 ▪ 10 9/ litr |
Eritrositleriň çökmek tizligi: aýallarda erkeklerde |
2 – 15 mm/sagatda 1 – 10 mm/ sagat |
Ganyň lagtalanmak wagty: başlangyjy – 1 min 35 sek soňy - 2 min 50 sek Ganyň akmaklyk wagty - 3 minuda çenli |
|
Ganyň düzüminiň biohimiki görkezijileri: |
|
Umumy belok |
65 – 85 gr/litr |
Beloklaryň düzümi: Albuminler Globulinler Alfa1 Alfa 2 Betta (β) (γ) gamma |
56.5 – 66.8 % 33.2 – 43.5 % 3.5 – 6.0 % 6.9 – 10.5 % 7.3 – 12.5 % 12.8 – 19.0 % |
Moçewina Azodyň galyndylary Kreatiniň Glýukoza Siýalowyý turşusy |
2.5 – 8.33 mmol / litr 14.28 – 28.56 mmol /l 44.0 – 88.0 lekmol /l 2.78 – 5.55 mmol /l 135 – 200 ED birligi |
Umumy bilirubin Holesterin Peşew turşusy Süýt turşusy Umumy lipidler Β – lipoproteidler Umumy fosfolipidler Organiki däl fosfor Plazmadaky kaliý Plazmadaky kalsiý Magniý |
8.55 – 20.5 mkmol / litr 3.6 – 6.7 mmol / litr 170 – 450 mkmol / litr 0.56 – 1.67 mmol / l 4.0 – 8.0 gr / litr 3.5 – 5.5 gr / l 1.94 – 3.23 mmol / l 0.646 – 1.292 mmol / l 3.6 – 5.4 mmol / l 2.25 – 2.75 mmol / l 0.7 – 1.07 mmol / l |
Gan suwuklygyndaky demir: aýallarda erkeklerde |
10.7 – 21.5 mkmol / l 14.3 – 25.1 mkmol / l |
Mis Hlor |
11 – 22 mkmol / l 96.0 – 110 mmol / l |
Protrombin indeksi Fibrinogen Turşy fosfatazasy Aşgar fosfatazasy holinesterazasy |
0.8 – 1.1 2.0 – 4.0 gr / litr 0.05 – 0.13 mmol (sagat-litr) 0.5 – 3 mmol (sagat-litr) 160 – 340 mmol (sagat-litr) |
Peşewiň biohimiki görkezijileri |
|
Beloklar Glýukoza Kaliý Magniý Marganes Organiki däl fosfor |
0.0 gr / litr 0.0 mmol / litr 35 – 90 mmol / 24 sagatda 1.69 – 8.23 mmol /24 sagatda 0.36 – 1.27 mkmol / litr 19.4 – 38.7 mmol / 24 sagatda |
17 – ketosteroidler: erkeklerde aýallarda |
22.9 – 81.1 mkmol / 24 sagat 22.2 – 62.5 mkmol / 24 sagat |
Moçewina Peşew turşusy |
333.0 – 585.0 mmol / 24 sagat 2.36 – 5.9 mmol / 24 sagat |
Simap (rtut) Swines (gurşun) |
0.498 mkmol pes / 24 sagat 0.386 mkmol pes / 24 sagat |
