- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
Organik yşyklandyryş aýnasynyň kömegi bilen dokumalara sowuk şöhle gönukdirilýär we yşyk kölegesiniň emele gelmekligi netijesinde zeperlenmeler anyklanylýar. Anyklaýyş garaňky otaglarda geçirilýär. Bu usul dişleriň kariýesini anyklamaklyk, pulpitleri, diş çökündilerini, daşlary takyklamak üçin, syrçanyň jaýryjaklaryny ýüze çykarmak, kariýes köwekleriniň taýýarlanyşynyň hilini, çökündileriň aýyrylyş derejelerini hem takyklamak üçin niýetlenendir.
Diş kariýesinde goňur öwüşginiň bolmagy, pulpitlerde diş täjiniň reňkiniň garalmaklygy we ş.m.
4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
Lýuminesent barlag usulynyň esasy manysy dokumalaryň we olaryň öýjükleriniň ultramelewşe şöhlelerinde özleriniň adaty öwüşgünlerini üýtgedýänligindedir.
Bu usul köwekdäki petigiň erňekleriniň ýagdaýlaryny anyklamak, ondaky yslaryň barlygyny bilmeklik, başlangyç kariýesiň hem-de nemli bardanyň we diliň, dodagyň keselleriniň morfologik elementlerini takyklamaklyk üçin niýetlenendir.
Lýuminesent takyklaýşy üçin medisina senagatynda ýöriteleşdirilen abzallar (OLD-41), mikroskoplar, kwars lampalary, Wudanyň filtrleri öndürilýar we ulanmaklyga hödürlenýär.
Wudanyň şöhlesinde adaty sagdyn dişleriň syrçasy ak-gar öwüşgin berýär. Kariýes bilen zeperlenen we emeli täçli dişler gara reňkli öwüşgin berýär. Agyzdaky dile şöhle tutulanda, kadada apelsiniň reňkinden tä gyzyl reňke çenli öwüşgin gözegçilik edilýär. Diliň gipowitaminozdaky zeperlenmesinde ýarpy-ýalta renklenmeklik, leýkoplakiýada bolsa açyk-reňkde öwüşgin bolýar.
Agzyň nemli bardasynyň çişme kesellerinde, olardaky morfologik üýtgeşmeler her-hili reňkleriň öwüşginini berýärler.
Mysal üçin, bardanyň gyzyl ýasy demrewüň iň adaty görnüşinde açyk-sarymtyl öwüşgin, gyzyl wolçankada – açyk ak – gögümtil reňkde, nemli bardanyň gan öýme we gyzarma ýerleri – goýy gögümtil – çal reňkde, giperkeratoz teňňejikler – açyk-gök öwüsýärler. Nemli bardadaky eroziýalar we ýaralar garamtyl-goňur reňkleri, iriňli suwuklar we gançökündilerinde emele gelen kesmekleri bolsa sarymtyl-goňur reňkdäki öwüşgini berýär.
Lýuminesent barlag usuly garaňkydylan otaglarda geçirilýär. Gönükdirilen şöhle bilen dokumanyň aralygy 20-30 sm golaý, emma daş bolmaly däldir.
Bulardan başga-da lýuminisent barlagy, Wudanyň şöhlesi gistologik, mikroskopik takyklamalarda hem giňden ulanylýar.
4.2.9. Funksional takyklamalar
Ýellenme (urtica) takyklamasy – dokumalardaky we nemli bardadaky suwuklyklary we ýellenmeleriň möçberini bilmek üçin geçirilýän usuldyr. Bu usulyň esasy maksady dokuma ýa-da nemli barda 0,2 ml fiziologik ergini sanjym esasda göýberilýar we ol suwuklygyň siňiş tizligi ölçenilýär. Kadada emele gelen ýellenme 50-60 minudyň dowamynda siňip aýrylyp gidýär. Ýellenme suwuklygy 25 minudyň dowamynda siňip gitse, onda dokumanyň suwuklanmasy ýokary, eger-de çiş 1,0 sagatdan-da köp wagtda siňse, onda onuň suwuklanmasy pes hasap edilýär. Takyklama has aýdyň bolar ýaly barlagy 2-4 gezek gaýtalamaly.
Gistamin barlagy – allergiýa hadysasynda dokumadaky we suwuklykdaky gistamine bolan duýgurlygy bilmeklikdir. Usulyň esasy manysy sanjym bilen 1 damja gistamin deriniň astyna goýberlende emele gelýän düwünjigiň göwrümi gandaky gistaminiň mukdaryna gonüden-göni baglydyr. Sanjymdan 10 minut geçenden soň kadada 5 mm göwrümdäki düwünjik emele gelýar we onuň daşyndaky gyzarmasynyň ululygy 20 mm çenli bolýar. Gistamin takyklamasynyň netijesinde gan kapilýarlarynyň diwarjyklarynyň geçirijiligini, syzdyryjylygyny bilmek; wegetatiw nerw ulgamynyň işjeňligini, bedeniň allergologik ýagdaýlaryny bilmek bolýar. Gistamin takyklamasy položitel bolanda, ýagny, gistamin duwunjiginiň has ulalmagy aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde, üznüksiz gaýtalaýan aftoz stomatitde, köp görnüşli suwjarma eritemasynda bolýar we ş.m.
Şilleriň – Pisarýewiň barlagy. Kentlewük etiniň çişmesiniň depginini anyklamak üçin geçirilýär. Munuň üçin diş etiniň nemli bardasyna Şiller – Pisarýewiň ergini çalynýar. Ol erginiň düzüminde 1,0 g kristallik ýod, 2 g kaliý ýody bolýar we olar 4 ml distillirlenen suwda eredilýär. Kadaly kentlewük eti ergin çalnandan soň samanyň sary reňkini berýär. Eger-de kentlewükde üznüksiz çişme peýda bolan bolsa ondaky glikogeniň mukdary onuň derejesine laýyklykda köpelýär we erginiň düzümindäki ýod birleşmeleri glikogen bilen birleşip ak-goňur reňkden tä goýy goňur reňke çenli öwüşgin berýär we şeýlelikde çişmäniň derejesini kesgitlemek başardýar.
Ýasinowskiniň barlagy. Bu usulda agyz boşlugyna leýkositleriň we epiteliýal öýjükleriň düşüşiniň mukdaryny kesgitlenilýär.
Ilki bilen näsag agzyny 50 ml fiziologik ergin bilen 5 minudyň dowamynda çaýkap dökmeli. Ondan soň 5 minut arakesme we ondan soňra ýene-de şol 15 ml ergin bilen agzyny çaýkatmaly we ony bir probirka ýygnamaly. Öwreniji aýna gutusynyň üstüne 1 damja agyzda çaýkalan suwuklyk we 1 damja 1% natriý eýozininiň natriý hloridiniň izotoniki ergininde eredileni damdyrylyp üstünden aýna gutusy bilen jebis ýapylýar. Şöhleli mikroskopda aýnadaky reňklenýän (gülgüne) we reňklenmeýän (ýaşyl) leýkositleriň sany kesgitlenilýär. Daşky membranasy saklanan (diri) öýjükler reňklenmeýärler we şeýlelikde reňklenmedik öýjükleriň sany ýaşaýşa ukyply leýkosit öýjükleriň göterimini (%) kesgitleýär.
Nemli bardasy we parodontlary sagdyn adamlarda agzy çaýkadylyp alnan suwuklygynyň 1 mkl möçberinde leýkosit öýjükleriniň ortaça mukdary 80 den tä 120 çenli, olaryň içinde dirilige ukyplysy 90-98% barabardyr. Şol barlag suwuklygynyň içinde epiteliýal öýjükleriniň sany 25 den 100 çemesi aralykdadyr.
Kaweşkiniň barlagy - bu usulda dokumanyň fagositoz we regenerasiýasynyň derejesini anyklamak üçin niýetlenendir. Munuň üçin dokuma, dodagyň nemli bardasyna 0.1 ml 0.25% derejedäki tripanyň ýa-da metileniň gögüniň arassalanan erginleri sanjym esasda goýberilýär. Goýberilen bardada tegmilt emele gelýär we onuň şo bada göwrümi ölçenilýär. Gaýtadan ölçemeklik 3 sagatdan soň geçirilýär.
Hasaplanyşy: ilkibadadaky tegmiltiň göwrüminiň radiusynyň 3 sagat geçenden soňky göwrümine bolan gatnaşygyna baglylykda geçirilýär (R22/ R21); kadada 5-den 7-ä çenli aralykda. Eger-de ol olçeg 5-den kiçi bolsa onda dokumanyň durnuklylygynyň pesligini, a egerde ol 7-den ýokary bolsa onda durnuklylygynyň ýokarydygynyň subutnamasydyr.
Kulaženko boýunça kapillýarlaryň durnuklylygyny barlamak. Bu usulda wakuum derejesine baglylykda belli-bir wagtda gan damarlarynda ganöýmäniň derejesi takyklanylýar we şol wagt esasynda-da damarlaryň diwarlarynyň durnuklylygy kesgitlenilýar. Aşaky äňiň alyn dişleriniň nemli bardasynda barlag geçirilende kadada 50-60 sekunt wagtda ganöýme emele gelýär. Äňleriň beýleki bölekleinde bolsa ondanam ýokary wagtda emele gelýär. Parodont kesellerinde ganöýme wagty 2-5 esse azalýar, ýagny çişme hadysasynyň derejesine baglylykda ol tiz emele gelýär.
Dişetiniň suwuklygyny barlamak (KS). Kentlewük suwuklygynyň bölünip çykyşynyň mukdaryny kesgitlemek G.M.Barer we başgalar (1987) tarapyndan hödürlenen usul boýunça geçirilýär. Dişeti kisejigine suwuklyk sorujy kagyzjygy goýulýar, 3 minut wagtdan soň kagyzjygyň agramyny çekýärler we agram tapawudy boýunça onuň mukdary kesgitlenilýär. Takyklamaklygy 16, 21, 24, 31, 36, 44 dişleriň töwereginde geçirmeklik maslahat berilýär.
Indeksiň kesgitleniliş formulasy:
DSI |
Dişeti suwuklygyny görkezijileriň jemi |
Barlanan kentlewük kisejikleriniň sany |
DSI – Dişeti suwuklygynyň indeksi.
Kadada kentlewük suwuklygynyň mukdary 0-0.1 mg; üznüksiz kataral gingiwit 0.1-0.3 mg; parodontitde 0.3 mg we ondan hem ýokary bolýar.
