Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary

Anyklaýyş usullaryň içinde iň bir giňişleýin ýaýrany rentgenologik barlag usuly­dyr. Käbir ýagdaýlarda ol dişiň kesellerini anyklamaklykda ýeke täk usul hökü­minde hyzmat edýar. Rentgen barlaglarynda birnäçe ugurlar ulanylýar, ýone olaryň için­de iň esasysy rentgenografiýa usulydyr.

Stomatologik şypahanalaryň şertlerinde, köplenç, agyz boşlugynyň içki ýakyn fokusly ren­t­gen suratyna düşürmek usuly ulanylýar. Diş kökleriniň zeperlenmelerini takyklamaklykda we onuň bejergisinde, dişleri gurşap alýan dokumalaryň ýagdaýlaryny öwrenmekde hem-de äň süňklerindäki patologik bozulmalaryň derejesini ýüze çykarmakda rentgen barlaglary uly ähmiýete eýedirler.

(4.13. surat) Ýokarky üç alyn dişler agyz içki rentgen suraty.

Rentgen suratyna her bir dokuma belli bir derejede düşmeýär. Suratyň hili dokumanyň gatylygyna, dykyzlygyna, kontrastlygyna baglydyr.

Dişiň syrçasy açyk we dykyz surata düşýär, dişiň beýleki ýumşagrak dokumalarynyň bolsa (sementi, denti) öçügsi we dykyzdäl surata düşmek ykyby bar. Dişiň boşluklary, akabalary öçugsi – ga­raň­ky düşýär, sebäbi olarda has ýumşak dokumalar bar - pulpa dokumasy.

Gowy duşürilen rentgen suratlarda äň süňkleriniň gurluşy has aýdyň görünýär. Olarda süňk öýjükleri, süňküň daşky kortikol gabygy, içki gatlagyndaky süňk diwarlary, trabekulalary, süňk ýülügi we ş.m.... Ýokarky äňdäki boşluklar, burun we maňlaýdaky boşluklar suratda gara reňkde bolýar. Dişlerde goýulan petikleýjiler hem surata gowy düşýarler, ýone, olar hem biri-birinden tapawutlanýar. Amalgamalar, pes-plastmassalar we kompozitler has gowy düşýärler.

Rentgen barlaglary göze görünmeýan kariýes boş­luklaryny, ösüp çykmadyk dişle­ri, dişleriň kökleriniň ýagdaýlaryny bilmekligi, onuň uzyn­ly­gyny, gyşarmalaryny, akabadaky petik­leý­jilerini, onuň doldurylyş derejesini, periodontiň zeper­len­mesini, kökleriň döwulmelerini, deşil­me­lerini, soýgetleriň barlygyny, akabanyň giňligini, darly­gyny, emeli täçleriň goýulyşyny, olaryň dogrulygyny, kök aralyk süňküniň bozul­malaryny, äň süňkleriniň eremekligini, onuň derejesini, görnüşini, äň süňklerdäki howply çişleri, boşluklary, kistalaryň emele gelmelerini takyklamak we birnäçe başga-da anyklamalary etmegi başarýar.

Rentgen barlaglaryň usullary:

Ýerli rentgen surata düşürmeklik usuly. Bu usul boýunça 4-5 dişiň töwere­gin­de äň süňkleriniň, periodontuň, dişiň dokumalarynyň şekillerini görmek amala aşy­ryl­ýar. Bu usul boýunça kariýes we onuň ötüşmeleriniň parodontitiň, gingiwitleriň, ösüp çyk­­madyk dişleri, kistalary we beýleki ýerli patologik üýtgeşmeleri anyklamak başardýar.

Panoramalaýyn (giňişleýin) rentgen surata düşürmeklik usuly häzirki döwürde giň­den ýaýrandyr. Bu usulda surata düşürilen tagtada bütünleý ýokarky-aşaky äň­leriň, dişleriň şekilleri düşürilýär, dokumalaryň göwrümlerini 1,5-2 esse ulaldyp görkezilýär we onda süňkleriň gurluşy has oňaýly görünýär. Dişleriň zeperlenmelerinde we parodontyň keselli näsaglarda köp ulanylýar. (4.14. a, b surat).

Ortopantomografiýa usuly. Bu usulda ýokarky hem-de aşaky äňleriň, dişleriň şekilleri bir suratda ýerleşdirilip, ol, ulaldylan görnüşde düşürilip, ýokarky we aşaky äňleriň, çep-sag taraplaryň dokumalaryny deňeşdirilýär (4.15 sur.).

Tomografiýa usuly. Bu usul dokumalary gatlak-gatlak edip düşürmek, süňkleriň çuň gatlaklaryny aýratynlykda surata düşürip, ondaky patologik üýtgeşmeleri anyklamak üçin niýetlenen dir. Ol süňk kistalarynda howply dömme keselleri anyklamakde ulanylýar.

e) Sialografiýa usuly – sülekeý mäzlerini ýöriteleşdirilen rentgen suratyna düşürmeklik usu­ly­dyr. Bu usulda sülekeý mäziniň içinde reňtgen şöhlesine ýokary duýujylykly, surata gowy düş­mek­lik ukyby bolan dermanlar goýberilýär (ýodolipol, propitodol, gipak, urografin we başgalar) we soňra rentgen suratyna düşürilýär. Suratlarda sülekeý mäzleriniň göwrümini we ondaky duz çökündileri anyklamaklyk başardýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]