- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Stomatologiýa gullugyny guramak
__________________________________________________________________________
Stomatologiýa gullugy lukmançylygyň bir görnüşi bolup, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda stomatologiýa gullugynda hem ýetilen sepgitler we gazanylan netijeler az däldir. Soňky döwürde dünýa lukmançylyk ylmynyň gazanan üstünlikleriniň esasynda keselleri bejeriş we öňüni alyş işlerini döwrebäp guramak giň ýaýbaňlandy. Şonuň üçin hem bu ugurda işleriň esasy ugurlary kesgitlendi.
Stomatologiýa gullugyny ösdürmegiň aşakdaky esasy ugurlary bardyr:
lukmanlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek;
diş bejeriş enjamlary, günde sarp edilýän serişdeler bilen üpjünçiligi gowlandyrmak;
diş keselleriniň öňüni alyş işlerini döwrebap guramak;
daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak we dünýa tejribesini özleşdirmek hem-de ;
nazary we amaly endikler boýunça yzygiderli kämilleşdiriş okuwlaryny guramak.
Bu ugurlar boýunça edilen işler agzalmaga mynasypdyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly häzirki wagtda saglygy goraýyşyň bu ugry düýpli özgertmeleri başdan geçirýär, stomatologiýa gullugynyň işini döwrebap guramak üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Şeýle hem gullugy ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlarda, ýokary hünär derejeli lukmanlaryň nazary we amaly bilimlerini yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk enjamlary, gündelik sarp edilýän derman serişdeleri bilen üpjunçiligi gowlandyrmak bu ugruň has gerimli ösmegine we guramaçylyk meseleleriniň çözülmekligine ýardam berer.
Stomatologiýa gullugyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, bejeriş we öňüni alyş müdirliginiň garamagynda baş hünärmen - baş stomatolog tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Iş birligine girmeýän baş stomatologlar welaýat, etrap, şäher stomatologiýa şypahanalarynda bolýarlar.
Iş birligine girmeýän baş stomatolog wezipesine, ýokary derejeli, ussat stomatolog-hünärmen bellenilýär. Ilki bilen TSG we DSM-niň stomatologiýa merkezleriniň başlygy, soňra welaýat we şäher stomatologiya merkezleriniň başlygy bellenilýär.
Baş hünärmen-stomatolog, bejeriş we öňüni alyş mudirliginiň ýolbaşçylarynyň we ýerli saglygy saklaýyş guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde, usuly gollanma taýarlanylmaly. Guramaçylyk topary ylmy ýolbaşçylyk, stomatologiya gullugyny guramaga ýardam bermeli. Ol ilat arasynda stomatologiki gullugy guramaga we guramalary döretmäge, kämilleşen öňüni alyş we bejeriş işlerini ýola goýmaga ýardam bermelidir.
Baş stomatologyň işi ilat arasynda stomatologiki gullugy guramak we üpjün etmek bolup durýar. Döwrüň talap edişine görä, stomatologiki keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde amaly işleri girizmeli. Baş stomatologyň wezipesine, zerur bolan ýagdaýlarda, bejeriş we maslahat beriş işlerini ýerlerde guramak: ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda şäherlerde, etraplarda, obalarda ilat arasynda stomatologiki maslahatlary guramak girýär. Şeýle-de, olar obalarda, etraplarda, welaýat stomatologiki edaralarynda, bölumlerinde, otaglarynda geçirilýän bejeriş we öňüni alyş işleriniň hiline gözegçilik etmek, ilat arasynda ýaýran aýratyn keselleri ýüze çykarmak we anyklamak işlerini alyp barmalydyr.
Baş stomatolog stomatologiýa gullugyny ösürmekde ýyllaryň dowamynda berjaý edilmeli işleriň meýilnamasyny düzmäge we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge, täze guraljak stomatologiki edaralary meýilleşdirmäge, agyz boşlugynyň sagaldyş işlerini geçirmäge, ýokary okuw mekdeplerinde stomatolog lukmanlaryň okuwyny kämilleşdirmäge, enjamlary, abzallary, gurallary we häzirki zaman gerekli bolan serişdeleri täzelemek boýunça meýilnama düzmäge gatnaşmaly. Şeýle-de, bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň ýerine ýetrýän işlerine gözegçilik edip, zerur bolan ýagdaýlarda stomatologiki gullugyň ýerine ýetirýän işlerini gowulandyrmak üçin degerli maslahatlaryny berip bilýär.
Ýerli saglygy goraýyş guramalary etraplarda, welaýatlarda, şäherlerde ylmy-amaly maslahatlary meýileşdirip, geçirip bilýärler.
Baş stomatolog, stomatologlaryň jemgyýetine, lukmançylyk mekdepleriniň stomatologiýa fakultetiniň talyplaryna, welaýat, şäher stomatologik edaralaryna ylmy, usuly, amaly stomatologik gulluklaryny guramaga ýardam bermeli. Baş stomatolog ministrligiň, saglygy saklaýyş edaralarynyň ýyl boýunça stomatologiýa gullugynda ýerine ýetirilýän işleri meyileşdirmek we tassyklamak işlerine gatnaşmaly.
Baş stomatolog, ýerli saglygy goraýyş guramalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde stomatologiki edaralaryň ýerine ýetirmeli işlerini meýilleşdirip, tassyklamaly. Meýilnama stomatologiýa gullugyny geljekde giňeltmek barada bolmaly. Ýagny, stomatologiýa merkezlerini, bölümlerini, otaglaryny guramak barada, stomatologyň işiniň hilini gowulandyrmak we agyz boşlugyndaky keselleri bejermegiň we öňüni almagyň täze ýollaryny oýlap tapmak barada iş alyp barmaly. Bejergi döwründe näsaglaryň sarp edýän wagtyny azaltmaly. Ýokary hilli lukmançylyk-stomatologiki gullugy guramaly. Wagtal-wagtal lukmanlary, şepagat uýalary, diş ussalary bilen kämilleşdiriş okuwyny geçirmeli. Esasy stomatologiki keselleriň öňüni almak barada pikirleri öňe sürmeli. Wagyznamalar arkaly sagdyn durmuş-ýaşaýyş, içeri we daşary syýasat barada işleri geçirmeli.
Stomatologiki gulluk bejeriş edarasynyň görnüşine we mümkinçiligine laýyklykda meýilleşdirilmelidir we guralmalydyr.
Oba saglygy goraýyş edaralarynyň düzümi etrapara guramalara, edara-kärhanalara we ilat sanyna baglydyr. Esasy bejeriş we öňüni alyş işleri keselhanalar bilen saglygy goraýyş (welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde) edaralarynyň stomatologiki bölümlerine ýüz tutýan ilat sanyna baglydyr. Ilatyň 99 göterimi ambulatoriýa gullugyndan, 1 göterime çenlisi keselhanalarda bejeriş we öňüni alyş hyzmatlaryndan peýdalanýar.
Häzirki wagtda stomatologiki gullugyň hilini ýokarlandyrmak üçin, düzüminde birnäçe görnüş boýunça (anyklaýyş, öňüni alyş, terapewtik, hirurgik, ortopewtik, ortodontik, cagalar we fizioterapiya) bölümler bolan stomatologiki merkezi guramak bilen, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak mümkinçiligi artýar. Aýratyn bölümlerde lukmanlar näsaglary kabul etmek bilen, öz işleriniň tejribelerini artdyrýarlar. Çünki, günde dürli görnüşli stomatologiki gulluk ilata hyzmat edýär.
