Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy

(elektroodontodiognostikasy)

Dişiň dokumalaryna elektrik toguny goýbermeklik arkaly geçirilýan barlag örän netijelidir. Olar pulpanyň hem-de dişi gurşap alýan dokumalaryň ýagdaýlaryny doly bilmäge ýardam edýär. Elektrik toguny ulanmagyň esasy maksady her bir diri dokumanyň nerw öýjükleriniň belli bir mukdardaky gyjyndyryjynyň täsirlerine oýanmak häsiýetiniň barlygyndan gelip çykýar. Ýagny, belli bir kiçi derejedäki elektrik togunyň güýjine dokuma nerwiniň oýanmagy we gyjyndyryja jogap bermegidir. Bu hadysa her-bir dokumada deň däldir, patologik hadysalarda bolsa üýtgeýändir.

Diş dokumalarynyň elektrik toguna duýujylygyny barlamak ýöriteleşdiri­len abzallaryň kömegi bilen geçirilýär. Bulara OD-2M, JWN-1, ЭOM-1, ЭOM-3, OSM-50 we başgalar degişlidir. Bu abzallaryň kömegi bilen, ýokary derejede, dişleriň duýujylygyny takyklamak başardýar.

Elektroodonto anyklaýşyň geçiriliş tertibi.

Gurşundan ýasalan, “+” belgisi bilen bel­lenen 10x10 sm ululykdaky possiw elektrody näsagyň eline hasa bilen berkidilýär, hasa bilen eliň derisiniň araly­gynda ölje mata goýulýar. Anyklaýyş geçiriljek dişiň töweregi çökündilerden arassa­lanylýar hem-de ony gowy edip gury pagta letdesi ýa-da howa bilen guradylýar hem-de oňa agzyň suwuklygy barmaz ýaly pagta letdejikleri bilen örtmeli ondan soňra işjeň (aktiw) elektrody “-” belgisi bilen bellenen tok simini ýukajyk öllenen pamyk bilen örtmeli we ondan soňra onuň ujuny dişiň gaty dokumasyna, ölçeg geçiriljek ýerimize degirmeli. Alyn dişlerde ölçeg geçirilýän ýeri-kesiji tarapynyň ortasynda, kiçi azy dişleriň çeýneýiş tarapynyň ýaňak tarapdaky tümmejigiň, uly azy dişlerde bolsa öňki ýaňak tümmejiginiň çür depesinden geçirilmelidir. Bu bolsa dişleriň syrçasynyň iň galyň hem-de gistologik gurluş aýratynlyklaryna baglylykda edilýär. Eger-de dişde uly kariýes köwegi bar bolsa, onda ölçegi kariýes köweginiň düýbünden hem ölçemek bolýar.

Lukman tarapyndan ölçeg geçirilýän wagty elektrik togundan goranmaklyk üçin rezin ellik geýmek we plasstmas gurallary ulanmaklyk zerurdyr. Häzirki wagtda diş pul­pasynyň kadadaky we patologik ýagdaýlaryndaky toga duýujylyklary doly takyk­lanan­dyr. Sagdyn dişleriň pulpasy 2-6 mkA derejedäki elektrik togunyň güýjüni duý­ýar. Diş kariýesiniň ilki başlarynda tegmilt kariýesde dişleriň duýujylygy üýtgemeýär. Kariýesiň ösen derejesinde bolsa (orta, çuňňur kariýes) pulpanyň toga duýu­jylygy pese gaçyp başlaýar, bu bolsa ondaky morfologik üýtgeşmeleriň bolýandygyna şaýatlyk edýär. Elekt­rik toguna duýujylygynyň hasam pese gaçmagy (20 den - 40 mkA çenli) pulpadaky çişmäniň derejesi aňladýar. Eger-de pulpanyň toga duýujylygy 60 mk A ýeten bolsa, onda täç pulpanyň nekroz­laşan, eger-de 100 mkA we ondanam ýokary elektrik togyna duýujylyk bolsa, onda kök pul­pa­­synyň hem doly nekrozlaşan bolýar. Kadada kök daşyndaky periodont dokumasy 100-200 mkA toguna duýgurdyr. Eger-de periodontda patologik uýtgeşmeler bolup geçen bolsa, onda, onuň toga duýujylygy ýene-de pese gaçýar we 200 mkA-denem ýokary bolýar (350-500 mkA).

Käbir ylmy çeşmeleriň maglumatlaryna görä sagdyn dişiň pulpasy toga duýujy­ly­gyny peseldip bilýär (Borowskiý E.W. we başgalar 2002). Mysal üçin, dişiň gyşyk çykmagy, garşydaş dişiniň sogrulmagy bilen onuň işjeňliginiň pese gaçmagy ýa-da adamynyň ýaşynyň ulaldygyça pulpadaky madda çalşygynyň bozulmagy we onda duzlaryň çökündisiniň emele gelmegiň netijesinde we ş.m.

Ýokarda agzalyp geçilen anyklaýyş usuly we ölçeg birlikleri hemişelik äň gatnaşygyndaky dişleriň kökleriniň doly ösüp gutaran döwurlerine degişlidir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]