Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

4.2.2. Dişleriň perkussiýasy

Dişleriň perkussiýasy bu dişlere gorizontal ýada wertikal urgular arkaly periodont dokumanyň ýagdaýyny anyklamaklyk üçin niýetlenen barlag usuly. Kadada adaty güýji uly bolmadyk urguda agyrysyz. Dişlere kakyp görmeklik dürtgüjiň tutawajy bilen ýa-da jubtegiň ters tarapy bilen dişleriň çeýneýji ýa-da kesiji taraplaryna kakmaklyk arkaly amala aşyrylýar. Eger-de periodont dokumasynda patologik zeperlenmeler bar bolsa onda belli bir derejede agyry peýda bolýar. Dişleriň perkussiýasyny ilki sagdyn dişlerden başlamaly we kem-kemden näsag dişe golaýlamaly. Ilki näsag dişden kakyp başlamaly däl, sebäbi näsagda ýaramaz duýgularyň bolmaklygy ähtimal hem-de näsag dişi tapawut­lan­dyrmasy aňsat bolar ýaly. Wertikal perkussiýasy dişiň kök ujy periodontunyň gorizontal perkussiýasy dişiň köküniň gapdal periodontunyň ýagdaýyny anyklamak üçin niýetlenendir.

4.2.3. Palpasiýa barlagy

Palpasiýa barlagy bu eliň barmaklarynyň kömegi bilen dokumalaryň gatylygyny, ýumşak­ly­gyny, ondaky agyrylary we çişleri ýüze çykarmak üçin ulanylýan anyklaýyş usulydyr. Ol patologik ojaklaryň göwrümine we ýerleşişine baglylykda amala aşyrylýar. Käbir ýag­daýlarda diňe süýem barmagyň kömegi bilen we başga ýagdaýlarda bolsa iki, üç ýa-da iki eliň barmaklary bilen hem palpasiýa geçirilýär. Palpasiýa etmekligi sagdyn dokumadan başlamaly we kem-kemden zeperlenen dokuma geçmeli. Şeýlelikde dokumadaky çişmeleriň, üýtgeşmeleriň, agyrynyň serhetlerini takyklamak başardýar.

Agyz boşlukdaky nemli bardalaryň ýaralary palpasiýa edilende olaryň erňekleri­niň gatylygy, agyrlylygy anyklanylýar. Eger-de ýaranyň erňekleri gataňsy hem-de agyrysyz bolsa onda şol ýaranyň howply çişe ýa-da mereziýele degişlidigini aýdýar.

Palpasiýanyň kömegi bilen dişleriň yrgyldamasyny takyklamak hem bolýar, ýöne, köp halatlarda diş yrgyldamasyny takyklamaklyk jubtegiň kömegi bilen geçirilýär. Ýagny, diş jubtegiň agyzlary bilen gysylýar we ol yrgyldadyp görülýär. Kadada diş çala yrgyldaýar, ýöne ol göze görünmeýär. Parodontyň kesellerinde (parodontit) hem-de kök depejik periodont dokumasynyň kesellerinde patologik yrgyldamalar duş gelýär. Patologik yrgyldynyň üç derejesi bardyr: I-derejesinde yrgyldamasy - diş öz hanasyndan westibulýar-lingiwal taraplara hereket edýär; II-derejesinde diş westibulýar-lingiwol hem-de medio-distol taraplaryna-da yrgyldap hereket edýär; III-derejesinde dişler hemme taraplaryna-da yrgyldap hereket edýar.

4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.

Fiziki barlag usullarynyň iň bir köp ulanylýanlarynyň biri dişleriň temperatura gyjyn­dyry­jy­syna duýujylygyny takyklamak usulydyr. Bu usulda diş pulpasynyň ýagdaýy, syrçanyň syzdyryjylyk ukyby kesgitlenilýär. Gyjyndyryjy höküminde sowuk, gyzgyn suw ulanylýar. Iň aňsat usuly bolsa dişlere sanjym şprisiniň kömegi bilen suwy pürkmek arkaly amala aşyrylýar. Kä halatlarda pagta pamygyny alyp oňa suw siňdirilýär hem-de ol kariýes köwegine ýa-da diş täjiniň daşyna örtülýär we belli bir dişiň temperatura bolan duýujylygy anyklanylýar.

Diş pulpasynyň temperatura duýujylygy anyklanylanda kadaly ýagdaýlarda onuň örän ýokary sowuklykdaky - 17-22 0C we 50-52 0C gyzgynlykdaky gyjyndyryjylary duýýanlygy belli boldy hem-de onuň temperatura adaty duýujylygy sowuk we gyzgynlygyň aralygyndaky +30 0C-dygy belli boldy.

Diş pulpasynyň çişme hadysalarynda dişiň temperatura duýujylygy üýtgeýär kä halatlarda ýokarlanýar, ýa-da peselýär. Sowukdan ýa-da gyzgyndan agyrylaryň döremegi bolup geçýär. Eger-de dişiň pulpasy doly nekrozlaşyp ölen bolsa, onda, pulpa her-hili temperatura gyjyndyrmasyna jogap bermeýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]