- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
Agzyň hususy boşlugyna seredilende ilki bilen onuň nemli bardasynyň reňkine we çyglylygyna üns berilýär. Kadada onuň reňki açyk gülgüne bolup, kä halatlarda fiziologik agarmasy, aksowult öwüşginde bolmagyda bolup bilýär, ýagny, fiziologik giperkeratozda. Käbir ýagdaýlarda nemli bardanyň gyzaryp, ýellenip durmasy-da mümkindir.
Dile seretmek. Ilki bilen diliň üstündäki ýerleşýän emzijekleriň ýagdaýyna seretmek, näsagyň arzy-şikaýatlaryny diňlemekden başlanýar. Dilde agyrylar, ajamalar, turşama we başgalar bolup bilýär. Aşgazan-içege ulgamynyň käbir näsazlyklarynda diliň üstünde gopýan we gopmaýan kesmekleriň emele gelmesine üns bermek ýa-da kömelejik mikrob toparynyň turşamasy esasdaky kandidoz ak-çal kesmekleriň bolmagyna, kä halatlarda bolsa bularyň tersine diliň üstki nemli bardasynyň tiz gopmagy onuň ýalaňaçlanmagyna we iýmit iýlende oňa esasanam turşy, duzly, ajy zatlaryň çendenaşa ötmegi, agyrynyň peýda bolmagyna sebäp bolýar.
Diliň emzijekleriniň çendenaşa kiçelmeginde (atrofiýasynda) onuň üsti ýülmenek bolup sülekeý bilen bilelikde ýelmeşegen ýagdaýa geçýär hem-de dişlere sürtülip käbir ýerleri goýy gyzyl reňke geçýär. Şu hadysa howply gan keselinde bolup geçýär, oňa Gýunteriň glossit keseli diýlip at berilýär. Käbir ýagdaýlarda bolsa munuň tersine diliň üstki emzijekleriniň çendenaşa ösmegi (gipertrofiýasy) giperasid gastrid keselinde, öt haltasynyň işjeňliginiň bozulmalarynda duş gelýär. Bu ýagdaýda näsag diliň üstünde bir del zadyň barlygy we ýuwdunanda bokurdagyna degýändigini aýdýar.
Diliň ýagdaýyna seredilende onuň köküniň daşky iki gyrasynda gülgüne-gyzyl reňkdäki görnüp duran limfa dokumasy bardyr. Kä halatlarda näsaglar we lukmanlar ony patologik emele gelmesi hökmünde görýärler, ol bolsa fiziologik ýagdaýdyr.
Dile seredilende onuň göwrümine we üstki şekiline üns bermek möhümdir. Diliň göwruminiň çendenaşa uly bolmagy (makroglossiýa) dogabitdi, ýa-da keseller sebäpli çişip ulalmagy sebäpli bolýar. Munuň tersine, kiçi dillilik (mikroglossiýa) diňe dogabitdi bolýar. Diliň üstki şekiliniň üýtgemesi - gasynly dil, diliň çat açmasy, jaýrylmasy ýaly alamatlar hem duş gelýär.
Agzyň hususy boşlugynyň düýbüne seredilende ondaky nemli bardanyň ýagdaýyna, diliň jylawjyklaryna, gasynlara we sülekeý mäzleriniň akyp çykyjy ýodajyklaryna üns bermelidir. Köp çilim çekýanleriň nemli bardasynyň reňki goýy goňur-garamtyl reňkde bolýar.
Köp halatlarda nemli bardanyň ýüzi galňan, reňkem ak-çal reňkde bolsa, onda onuň gatylygyny, göwrümini aşaky dokumalara ýelmeşişini agyrynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny gowy anyklamak zerurdyr. Sebäbi giperkeratozlaşan nemli bardanyň bölegi howply çişleriň döremeginiň sebäpkäri diýip hasap edilýar. Agzyň nemli bardasynda eroziýanyň, ýaranyň, çendenaşa buýnuzlaşma ojaklarynyň bolmagyna lukman üns bermelidir. Onuň sebäbiniň mehanik şikeslerdenmi agyzdaky ýiti gyrakly dişlerdemi, göterilýän emeli täçlerdenmi, protezlerdenmi ýada başga sebäplerimi anyklamak zerurdyr. Bu bolsa takyk diagnoz goýmaga we netijeli bejergi geçirmäge mümkinçilik berýär.
Takyk keselleri anyklamak üçin nemli bardadaky we dodagyň gyzyl gaýmasynda duş gelýän morfologik üýtgeşmeleri bilmek has zerurdyr. Şu elementleri bilmek köp ýagdaýlarda dogry diagnoz goýmaga kömek edýär.
Zeperlenme görnüşlere, gelip çykyşy boýunça, olary ilkinjilere we ikilenjilere, öz gezeginde olary hem içi boşlukly we boşluksyz toparlara bölýärler.
Ilkinji zeperlenme görnüşlere aşakdakylar degişli: tegmilt, düwünjik, tümmejik, düwün, pakgarçajyk, iriňlije, pakgarçak, ýellenme, bardaly iriňli haltajyk (kista). Ilkinji zeperlenme görnüşlere aşakdakylar degişli: ýüzleýje ýara (eroziýa): ýara afta jaýryk, kesmekleme, teňňejik, tagma (rubes), pigmentasiýa.
Tegmilt (latynça- macula). Nemli bardanyň belli-bir ýeriniň reňkiniň üýtgemesine tegmilt diýilýär. Tegmiltler birnäçe çişmeler arkaly ýüze çykýar. Gyzylymtyl reňkdäki 1.5 sm çenli ululykdaky üýtgeşmä rozeola (latynça), 1,5 sm uly bolan goýy gyzyl reňkdäki üýtgeşmä bolsa - eritema (latynça) diýilýär. Tegmiltler trawmatik şikeslerde, ýanyklarda-da döreýär. Mundan başga-da käbir kesellerde: gyzamykda, täjihorazda, B12 witamininiň ýetmezçiliginde we ş.m. kesellerde duş gelýar.
Çişme kesellere baglylykda däl ýagdaýlarda döreýän tegmiltlere degişli bolup, nemli barda-da, deride melarin pigmentiniň köp bolmagynda derman serişdeleriniň täsiri arkaly (wismut, şwines, simap) emele gelýär (4.4-nji a sura). Bulara gara, goňur, çal reňkler degişlidir.
Düwünjik (latynça- papula). Bu içi boşluksyz çişme sebäplere görä 5 mm-e çenli ululykdaky emele gelmedir,ol diňe nemli bardadan ýokary galyp duran epiteliýal gatlagy öz içine alýar (4.4-nji b surat). Morfologik gelip çykyşy-kiçi öýjükleriň infiltrasiýasy, nemli bardanyň çendenaşa buýnuzlaşmasy (giperkeratozy, akantozy) sebäplidir.Düwunjik köplenç halatda agzyň gyzyl ýasy demrew çişmesinde gabat gelýändir.
Düwün (latynça- nodus). Düwnüň düwünjikden tapawudy ululygy we nemli bardanyň hemme gatlaklarynyň zeperlenmesi bilen düşündirilýär (4.4-nji ç surat). Palpasiýa edilip görülende gowy ele bildirýär hem-de infiltrat gatamasynyň bardygy duýulýar.
Tümmejik (latynça-tuberculum). Tümmejik çişme sebäplere görä döreýän 5-7 mm ululykdaky, nemli bardanyň hemme gatlaklaryny zeperleýän morfologik elementdir. Palpasiýa edilip görlende ol gataňsy, agyryly, nemli barda gyzaran we çişen (4.4-nji d surat). Tümmejigiň dargap başlamagy bilen ýarany emele getirýär. Ýeri bitende bolsa yz, tagmany galdyrýar. Köplenç tümmejik inçekeselde (tuberkulýozda) gabat gelýär.
Ýellenme (latynça- urtica ). Ýerli gowy göze görnüp duran ýellenme allergik hadysalarda, Kwinkanyň ýellenmesinde duş gelýär (4.4 –nji d surat).
Pakgarçajyk (latynça-wesicula). Bu içi boşlukly tegelek şar şekilindäki 5 mm çenli ululykdaky morfologik zeperlenmedir, onuň içindäki boşlugy çişme ýa-da gan suwuklygyndan doly bolup nemli bardadan ýokary çykyp durýandyr (4.5-nji a surat). Pakgarçajyk epiteliýal gatlagyň içinde ýerleşenligi üçin tiz wagtda ýüzi ýyrtylyp onuň suwuklygy daşyna çykýar. Pakgarçajyk köplenç ýagdaýlarda agzyň wirusly zeperlenmelerinde gabat gelýär: gerpesde, otbaşda, demrewlerde.
Iriňlije (latynça-pustula). Bu morfologik zeperlenme pakgarçajyga meňzeşdir, ýöne içinde iriňli suwuklygy bardyr. Iriňlije deride we dodagyň gyzyl gaýmasynda duş gelýändir (4.5-nji b surat).
Pakgarçak (latynça-bulla). Pakgarçajykdan tapawudy göwrüminiň ululygy boýunçadyr. Pakgarçak epiteliýal gatlagyň içinde (4.5-nji ç surat) haçan-da ondaky öýjükleriniň bir-birinden aýrylyşmasy sabäpli (akantolitik pakgarçakda) ýa-da epiteliýal gatlagyň astynda (4.5-nji d surat) haçan-da epitelial gatlagyň aşaky gatlaklardan aýrylmasynda (allergiýada, köp elementli suwjarma eritemada) döreýär. Pakgarçagy agyzda görmek örän kyn, sebäbi olar ýüze çykanyndan az wagtyň geçmegi bilen üsti ýyrtylyp içindäki suwuklyk dökülip gidýär, diňe pakgarçagyň gyralary galýar.
Bardaly iriňli haltajyk (latynça-kista). Kista içi boşlukly, epiteliýal gatlakly we dasy birleşdiriji dokumadan ybarat bolan bardaly haltadyr (4.5-nji d surat).
Eroziýa (latynça-erosio). Eroziýa bu nemli bardanyň epiteliýal gatlagynda ýerleşen ýuzleýje ýaradyr (4.6-nji a surat), olar pakgarçajygyň, pakgarçagyň ýyrtylan ýerinde, ýa-da düwünjiklerden, şikeslerden soň emele gelýän ikilenji morfologik hadysadyr. Tagma emele getirmezden bitip gidýär.
Afta (latynça-aphta). Bu tegelek şar şekilindäki, ýüzi fibrin çal kesmekli, erňekleri gyzaryp duran eroziýadyr (ýukajyk ýaradyr).
Çuň ýara (latynça-ulcus). Nemli bardanyň hemme gatlagynyň zeperlenmesine çuň ýara diýilýär (4.6-nji b surat). Ýüzleý ýaradan tapawutlylykda çuň ýaranyň düýbini we diwarlaryny görmek bolýar. Çuň ýara şikeslerde, inçekeselde, merezelde, howply çişlerde döreýär. Ýara bitenden soň mahsus tagmalary galdyrýar.
Jaýryk (latynça-rhagades). Bu çyzyk şekilindäki jaýrylma dokumalaryň maýyşgaklyk häsiýetiniň pese gaçýan ýerlerinde emele gelýär. Esasanam deride we dodagyň gyzyl gaýmasynda duş gelýär.
Teňňejik (latynça-sfuama). Deride we dodagyň gyzyl gaýmasyndaky epiteliýal gatlagynyň gopmagy, tozgalamasy sebäpli döreýär (4.7-nji a surat).
Kesmek (latynça-krysta) eroziýanyň, ýaranyň jaýrygyň içindäki çişme suwuklygynyň gurap, onuň ýerine kesmegiň emele gelmesine aýdylýar (4.7-nji b surat).
Tagma (latynça-cicatrix, rusça-рубец). Tagma bu çuň ýaradan, jaýrykdan soň, zeperlenmäniň öwezini birleşdiriji dokumanyň doldurmagy sebäpli ýüze çykýan morfologik üýtgeşmedir.
(4.7-nji ç surat)
Pigmentasiýa (latynça-pigmentatio). Deriniň ýa-da nemli bardanyň patologik hadysalary sebäpli melanin ýa-da başga pigmentleriň çökmeginde reňkiniň üýtgemegine pigmentasiýa diýilýär.
