Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi

Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýy köp dürli patologik hadysalaryň döremegine we geçi­şine täsir ediji faktor bolup, ony kesgitlemek möhüm bolup durýar. Kesgitlemek diňe bir çökün­dileriň mukdaryna bagly bolman, eýsem olaryň hiline-de baglydyr. Häzirki döwürde gigiýenik indeks­leriň kesgitlenişiniň birnäçe usullary bolup, olardan çökündileriň barlygyny hasaplaýanlar hem bar.

6 1

1 6

6

6

Grin we Wermilliýon (1964 ý.) agyz boşlugynyň ýonekeýleşdirilen gigiýenik indeksini hödürlediler (4.3-nji a surat). Munuň üçin diş ýokundylarynyň we daşlarynyň barlygy takyklanylýar, takyklamalar ýokarky birinji uly azy dişleriň ýaňak tarapyndaky, aşaky birinji uly azy dişleriň dil tarapyndaky we ýokarky merkezi alyn dişleriň westibulýar tarapyndaky çökündiler hasaba alynýar, diş formulasy

Ilki bilen diş ýokundylary, soňra bolsa daşlary ýüze çykarmaklyk amala aşyrylýar.

4.3-nji / a. surat

Hasaba alnyş şu ballar boýunça geçirilýar: 0 – diş çökündileri ýok; 1 – diş çökündisi diş täjiniň 1/3 tutýar; 2 – diş çökündisi dişiň täjiniň 1/3 böleginden tä 2/3 bölegine çenli tutýar; 3 – diş çökündisi täjiniň 2/3 köp bölegini tutýar.

Diş çökündisiniň indeksi (DÇI) şu formula boýunça kesgitlenýär:

DÇI

6 dişdäki ballaryň jemi

6 (dişleriň sany)

Kadada indeks = 0 bolmalydyr, 1 – 2 – 3 ballar bolsa gigiýenik indeksiň kanagatlanar­syz­dy­gyny aňladýar.

Diş daşlarynyň indeksiniň (DDI) kesgitlenişi hem çökündileriňki ýalydyr. 0-diş daşlary ýok; 1-kentlewük üsti daşy diş täjiniň 1/3 tutýar; 2-kentlewük üsti daşy täjiniň 2/3 tutýar; 3-kentlewük usti daşy diş täjiniň 2/3 köp bölegini tutýar hem-de kentlewük asty daşy hem bardyr. Indeksiň hasap­la­nyşy şu formula boýunça:

DDI

Ballaryň (6 dişdäkileriň) jemi

6 (diş sany)

Agyz boşlugynyň gigiýenik indeksini Fedorow-Wolodkina tarapyndan teklip edilen shema boýunça hem hasap­la­nylýar. Bu usulda dişiň täjiniň ýüzündäki çökundileri ýüze çykarmak üçin ýod ergini ýa­-da kaliý ýod ulanyl­ýar. 1 gramm ýod külkesi, 2 gramm kaliý ýod we 40 ml destilirlenen suw guýlup ergin ýasalýar. Şol ýasalan ergini bolsa aşaky öňdäki 6 sany alyn dişleriň westibulýar tarapyna çalynýar. Kesgit­leme 5 ball sistemasy boýunça geçirilýär. 1- diş täjiniň reňklenmesi ýok, 2 – diş täjiniň 1/4 bölegi reňklenýär, 3 – reňklenme diş täjiniň 1/2 bölegini tutýar (deň ýarysy), 4 – reňklenme diş tajiniň 1/4 bölegini tutýar (deň ýarysyndan köp bölegini), 5 – diş täjiniň hemme bölegini çökündiler tutýar.

4.3-nji / b surat

Indeksiň hasaplanylyşy şu formula boýunça geçirilýär:

Kep

6 dişdäki ballaryň jemi

6 (dişleriň sany)

Gigiýenik indeksiň görkezijisi 1,0-1,5 bolsa, ol indeksiň kanagatlanarlydygyny aňladýar. Eger-de, görkeziji 2-5 bolsa, indeksiň kanagatlanarsyz ýagdaýdadygyny aňladýar.

Diş etinde kähalatlarda howply çişleriň we ýellenmeleriň emele gelmelerem duş gelýär, köplenç iriňli çişleriň – abssesleriň bolmagy, diş etiniň gyzaryp ýellenip durandygy görünýär. Iriňli çişler wagtyň geçmegi bilen bişip ýarylýar we iriň akyjy ýodajyklaryň emele gelmegine alyp barýar. Şu hadysa diş köküniň ujy çişmeli periodontitde gabat gelýär. Mundan başga-da, parodontyň ötüşme ýagdaýlarynda-da, diş etiniň boýunjyk towereklerine golaý ýerleşýan iriňli ojaklaryň bolmagy we olaryň daşyna akyp çykma ýagdaýlary-da köp gabat gelýar. Bu çişleri has doly takyklamak üçin rentgen suratyna düşürmek geçirilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]