Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.

Agyz boşlugyna seretmek onuň bosagasyndan başlanýar. Dişleri gysylan, ýokarky we aşaky dodaklary gowşadylan ýagdaýda amala aşyrylýar. Ilki bilen dodaklaryň gyzyl gaýmasyna we çüňk­lerine seredilýär. Olaryň reňkine, tozgalamasyna, kesmeklemek hadysalarynyň barlygy ýa-da ýoklugy anyklanylýar. Dodaklary çala daşyna çöwürip seredilende ondaky nemli bardalarda owunjak sülekeý mäzleriniň çykyş ýodajyklaryny görmek bolýar we ondan sülekeý bölünip çykýar.

Ondan soňra stomatologik görüji aýnanyň kömegi bilen dulugyň nemli bardasynyň ýagdaýlaryna seretmek amala aşyrylýar. Onuň öllenmek we reňkiniň ondan yzrakdaky bölümde ýerleşen fordaýş mäziniň ýerleşişine, ýokarky ikinji uly azy dişleriniň gabadynda bolsa ösüntgi görnüşdäki gulak, ýany sülekeý mäzleriniň çykyş ýodajyklaryna seredilýär. Dulugyň nemli bardalarynda, köplenç halatda, dişleriň yzlaryny görmek bolýar we bu fiziologik ýagdaýdyr.

Seredilişiň iň bir möhümleriniň biri hem - diş hatarlarynyň gatnaşygyny anyklamak­lykdyr (prikuslary) (4.1-nji surat). Häzirkizaman topara bölünişigine görä prikuslar fiziologik we patologik görnüşlere bölünýärler (bu barada has giňden ortopedik stomatologiýa dersinde ýazylandyr).

Dişleriň etlerine seretmek

Kadada kentlewügiň reňki açyk gülgüne reňkde bolup, dişleriň boýunjygyny dykyz gurşap alýan dokumadyr. Diş etiniň emzijekleri bolsa dişleriň aralygyny dolduryp, olar hem açyk gülgüne reňkdedirler. Diş bilen aralyk kentlewügiň birleşýän ýerlerinde fiziologik kisejikleri emele getirýär, patologik kesellerde bolsa olar patologik kisejiklere öwrülip çuňlaşýärler. Kisejikleriň çuňlugyny ölçemek ýöriteleşdirilen ujy düwmeli dürtgüjiň kömegi bilen amala aşyrylýar.

4.2-nji surat. Düwmeli dürtgüjiň çyzgysy.

Kentlewüge seretmek arkaly ondaky çişmäniň derejelerini (kataral, ýaraly, gipe­r­t­rofik, atro­fik), keseliň geçiş (ýiti üznüksiz, ýitileşen), ýaýraýşyny (ýerli, ýaýraw), agyrly­gy­ny (ýeňil, orta, agyr) kesgitlemek mümkinçiligi döreýär. Käbir gyjyndyryjylaryň (diş daşlary, çökündileri, ýokundylary, emeli täçler, protezler) täsirleri esasda kentlewügiň emzijekleri çendenaşa ösüp dişleriň täç bölegini ýapmaklygy-da mümkindir. Mundan başga-da diş etiniň ulalmagy içilen derman serişdeleriň täsiri esasda-da bolup bilýär.

Cpitn indeksiniň kesgitlenişi

CPITN – parodont dokumalarynyň keselleriniň anyklanyşy we bejergä mätäçligini kesgit­le­mek üçin BSSG tarapyndan hödürlenen indeksdir. Indeksi kesgitlemek üçin 10 sany dişiň töweregindäki parodontlaryň ýagdaýyny öwrenmek möhümdir, şol dişleriň hatarlardaky formulasy:

17 16 11

26 27

47 46

31 36 37

10 sany dişleriň töwereklerine seredilenden soň olaryň diňe 6 sanysynyň ballary hasaba alynýar. Ýagny 17 we 16, 26 we 27, 36 we 37, 46 we 47 öýjük segmentleriniň biriniň iň agyr derejedäki baly hasaba alynmalydyr. Mysal üçin, 17 dişde kentlewügiň ganamaklygy bar bolsa, 16 dişde bolsa diş daşlary bar bolsa, onda hasaba alyş kartasynyň segment-oýjügine diş daşlary 2 ball diýlip hasaba alynýar.

Eger-de barlanmaly diş sogurlan bolsa onda anyklaýyş onuň gapdalyndaky dişde geçirilýär, eger-de gapdaldaky dişlerem ýok bolsa, onda şol sekstant-öýjük hasaba alynmaýar. Sekstantlary barla­maklyk ujy düwmeli dürtgüç bilen dürtgelemek arkaly amaly aşyrylýar. Dürtgelenen wagty gurala artykmaç agram, güýç berilmeli däldir (25 gramm agramlyk). Dürtgelenen wagty näsagyň kentle­wü­ginde agyry ýüze çyksa bu bolsa agramyň köp düşenliginiň subutnamasydyr. Her dişiň toweregine 3-4 gezekden köp dürtgelemeklik zerurlygy ýok. Kentlewük dürtgelenenden soň 30-40 sekundyň dowa­mly­lykda ganakma peýda bolýar. Diş daşlary dürtgüjiň saklanmasy, nätekizligi duýulan wagty anyk bolýar, pato­logik kisejikleriň çüňlugy bolsa dürtgüjiň boýunyň çuňluga gidişine görä kesgitlenýär.

CPITN – indekse baha bermeklik ine şu aşakdaky kodlar boýunça geçirilýär. 0-ball – kentlewügiň ýagdaýy kada-da; 1-ball – kentlewügiň ganamaklygy; 2-ball – diş daş­la­rynyň barlygy; 3-ball – patologik kisejiginiň çüňlugy 4-5 mm çenli; 4-ball – patologik kisejigiň çüňlugy 6 mm we ondan-da ýokary.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]