Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

4.2. Obýektiw barlag usullary

Obýektiw barlag usullaryna diş-äň ulgamyna seretmek, perkussiýa, pulpasiýa, termometriýa we beýleki goşmaça barlag usullary degişlidir.

4.2.1. Seretmeklik

Seretmekligiň esasy maksady näsaglaryň kömek üçin ýa-da dispanser hasaba alnyşda lukman­lar tarapyndan diş-äň ulgamynyň ýagdaýyna baha bermegiň ilkinji basgançagydy. Seretmeklik näsa­gyň daşky ýüzüne we agzyň agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamak üçin ulanylýan barlagdyr. Ony amala aşyrmaklyk görejiň kömegi bilen tebigy ýa-da emeli ýagtylykda geçirilýär.

4.2.1.1 Daşky serediliş

Daşky seredilişde ilki bilen adamyň ýüz keşbine, onuň dogry we nädogrulylygyna, çişleriň bolmagyna, assimetriýanyň, gyşarmaklygyň, ýellenme­le­riň barlygy-ýoklu­gy­na üns berilmelidir. Ondan soňra ýokarky we aşaky dodaklaryň ýag­daýlary, gyzyl gaýmanyň çişmeleri, ýarylmalary, ýaraly aftalaryna, başga-da birnäçe beýleki morfologik örgünleriň barlygy ýa-da ýoklugy anyklanylýar.

Näsaglaryň ýüz keşbiniň üýtgemeleri käbir umumy bedendäki bolup geçýän patologik hadysa­lara baglydyr. Mysal üçin, galkan şekilli mäziň işjeňligi çendenaşa ýokarlananda (Bazedow keseli) göz almasynyň öňe çykmasy (ekzoftalm) bolýar, şu mäziň göwrüminiň ulal­magynda (zob) aşaky äň alkymynyň ýellenip sallanmagy, adam ýüzüniň ýellenip çişmesi böw­rek, ýürek kesellerinde hem-de ýokary duýujylyk (allergiýa) hadysalarynda-da bolup geçýär.

Eger-de näsag gözüniň ýa-da burun boşlugynyň nemli bardalarynyň zeperlen­melerine arz ed­ýän bolsa onda şol agzalaryň ýagdaýlary doly gözden geçirilmeli. Käbir kesellerde, meselem ulgam­laýyn pakgarçak keselinde diňe bir agzyň içine zeper ýetmän, eýsem, gözüň, burnuň agza­la­ryna-da zeper ýetýär.

Deriniň we nemli bardalaryň reňkiniň üýtgemesi.

Adamlaryň ýüzüniň, dişiniň reňki herdürli bolup, olar adamyň dogabitdi tebigatyna baglydyr. Ýöne köp halatlarynda adamyň derisiniň we nemli bardasynyň reňkiniň üýtgeşmesine baglylykda käbir keselleri anyklamak hem mümkin.

Ýüz reňkiniň agarmasy - böwrek keselinde we umumy ganazlyk keselinde (anemiýada) ýürek, gan-damar kesellerinde ýüzüň reňki agaryp ýellenmesi bolýar hem-de dodaklaryň gyzyl gaýmasy - siýanoz (gök reňke) boýalmasy görünýär. Ýüzüň derisiniň we nemli bardalaryň gyrmyzy-gyzyl reňke boýalmasy ganyň Eritroçit öýjükleriniň çendenaşa köpelme (eritrositoz) hadysasynda, ýa-da eritemiýada bolýar. Mundan başga-da ýüz derisiniň gyzarmasy alkogol içgilerini köp kabul edýan adamlarda-da duş gelýär, ýagny bu bolsa Polisitemiýa we bagryň başlangyç Sirrozynyň alamatynyň bardygyny subut edýär, ýüzüň, dodaklaryň gögermesi (sianozy) tebigy bolup bilýär hem-de birnäçe patologik ýagdaýlarda döreýär. Meselem, dogabitdi ýürek, damar ulgamynyň kemterliliklerinde, öýken kesellerinde (emfizema, bronhektazlarda), mundan başga-da reňkiň gögermesi käbir derman serişdeleri içilende hem bolup geçýär (sulfanilamidler, fenasetin, antifebrin nitraty, aniliniň önümleri, wismut, analgetikler we ş.m.).

Ýüz derisiniň we nemli bardalaryň saralmalary bagryň we ganyň kesellerinde, umumy beden sepsisinde, enterokolit we näsagyň howply syrkowlamasynda bolýar.

Käbir adamlarda ýüz derisiniň reňkiniň goňur-gara reňklere boýalmagy olaryň bedeninde melanin önüminiň mukdarynyň köp bolan ýagdaýynda, käbir witaminleriň ýetmezçiliginde (B12, PP, B), aýallaryň göwrelilik döwürlerinde we başga-da Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan milletlerde fiziologik ýagdaýda gabat gelýär. Biziň Türkmenista­ny­myzyň ýaşaýjylarynyň arasynda hem şol melanoz tegmildiniň köp mukdardaky görnüşleri duş gelýär.

Daşky seredilişde äň asty, boýun töweregindäki ýerleşýän limfatik düwünleriň ýagdaýlaryna seretmek we anyklaýyş geçirmek gerekdir. Olaryň ululygy-kiçiligini, el bilen basylyp görülende agy­ry­nyň barlygyny, limfa damarlarynyň dokumalara ýelmeşenligini we başga-da alamatlaryny takyklamak keseli bejermekde uly ähmiýete eýedir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]