Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary

Näsaglarda agzyň agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň esasy maksady keseli doly takyklamak we şoňa görä ygtybarly bejergileri geçirmekdir. Agyz boşlugyna seretmek we anyklamak umumy anyklaýyş usulynyň bir bölegidir.

Öňde goýlan maksada ýetmek üçin gerekli maglumatlary ýygnamak hök­manydyr. Stoma­tologiýa amalynda takyklanylyşyň birnäçe usullary ulanyl­ýar: näsagdan sorag-ideg etmek (anemnez), eger gerek bolsa ýakyn garyndaşlaryndan hem soraglar etmek, agzyň agzalaryna seretmek, tempera­turayny anyklamak, elektroodonto anyklaýyş, rentgen bar­laglary, her-hili görnüşdäki laboratoriýa bar­laglary (ganyň, peşewiň düzüminiň analizleri, biohimik, sitologik, allergologik, barlaglar we ş.m.) hem-de beýleki takyklamalar.

Näsaglardan sorag-ideg etmek we agza­lary obýektiw barlamak usullary anyklaýşyň esasylary hasap edilýär.

Anyklaýşyň galan usullary: himiki, fiziki, gistologik, rentgenologik, laborator barlaglary goş­maça usullary diýlip hasap edilýär sebäbi, köplenç halatlarda, olarsyz hem keseli takyklamak başardýar.

4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)

Nasagdan sorag-ideg etmek (keseliň taryhyny) ilkinji we örän möhüm anyklaýyş tap­gyrynyň biridir. Munda näsagyň arzy, keseliň alamatlary, kliniki geçişine hem-de geçirilen bejer­gilere baha bermekden ybaratdyr.

Lukman tarapyndan doly we dogry geçirilen sorag-idegiň netijesinde keseli dogry takyklamak ba­şardýar hem-de ony goşmaça barlaglaryň netijesinde hasam doly anyklamak mümkinçiligi ýüze çykýar. Sorag-ideg geçirilende lukman bilen näsagyň arasynda birek-birege doly ynanmaklygyň bolmagy wajypdyr.

Näsagyň arzy: näsagyň arzy-şikaýatlaryny ýüze çykarmak oňa soraglary bermek arkaly ýa-da arzylaryny diňlemek arkaly amala aşyrylýar: näsagyň häzirki wagtda nämäniň binjalyk etýanligini, haýsy agzanyň agyrýanlygyny, agyrynyň güýjüni, nämeden beterleşýänligini, keseliň geçiş häsiýetlerini anyklamak we başgalar. Bulardan başga-da näsagda geçirilen bejergiler barada, olaryň netijesi ýa-da bejerginiň geçirilmänligi barada maglumatlar ýygnalmalydyr.

Näsagyň umumy bedendäki keselleri baradaky maglumatlar ýygnamak sto­ma­tolog-hekim üçin örän zerurdyr, sebäbi birnäçe umumy beden keselleri agyz boşlu­gyn­daky zeperlenmeleriň se­bäp­käri, ony dörediji bolup durýar. Kä halatlarda bolsa keseliň agyrlaşmagyna, ötüşme gör­nüş­lerine geç­megine-de sebäp bolýar. Şonuň üçin näsa­gyň haýsy keseller bilen kesellänini, haýsy döwürde, wagt­da geçirenligi, ol zeperlen­melere nähili bejergileri alanlygyny we beýleki mag­lumatlary bilmek zerurdyr.

Näsagyň käri we ýaramaz iş şertleri. Nasagda sorag-ideg edilýän döwri onuň käri barada we onuň bilen baglanyşykly bolan ýaramaz täsir edijiler hem-de endikleri baradaky maglumatlar alyn­ýar. Käbir näsaglaryň käri bilen baglanyşykly döreýän keseller şu günki döwürde doly takyklanyldy - dişleriň gaty dokumalarynyň kariýesden özge zeperlenmeleri, gingiwitler, stomatit çişmeleri we başgalar.

Näsagyň allergologik ýagdaýy. Häzirki zaman himiýa senagatynyň has giňden ösmegi zerarly adamlaryň içinde, näsaglaryň keselleriniň içinde ýokary duýujylyk (allergologik) esasda ýüze çykýan keselleriň sanawy has köpeldi, şonuň üçin hem allergologik anamnezi soramak, takyk­lamak, keseliň käbir aýratynlyklaryny bilmek, haýsy derman serişdelerini ulanyp boljaklygyny aýdyňlaşdyrmak zerurdyr.

Agyry we onuň häsiýetnamasy. Näsagyň lukmana ýüz tutmagynda we dogry diagnoz goýmakda agyry we onuň hasiýetnamasy uly ähmiýete eýedir. Agyry dişleriň kesellerinde (kariýes, pulpit, periodontit) dişýany we nemli bardanyň çişme ke­sellerinde döreýär. Agyrynyň hä­si­ýetlerini takyklamak üçin onuň döreýiş sebäpleri, dowamlylygy, häsiýetleri (yzygiderliligi, tutgaýly, sorkuldyly agyrylar), ýüze çykyş döwürleri (gijesine, gündizine), ýerleşişi (ýerli, ýaýraw) boýunça maglumatlary almak keseli anyklamaga esas bolup bilýär.

Agyrynyň dişleriň gaty dokumasynyň we onuň ötüşme kesellerindäki häsiýetna­masy. Agyry daşky täsir ediji gyjyndyryjylaryň esasynda ýüze çykyp bilýär (mehaniki, himiki, temperatura) – kariýesde, pulpitde, kariýesden özge zeperlenmelerde. Öz-özünden döreýän tutgaýly agyry – pulpitde, periodontitde we ýüzüň kesellerinde.

Dişleriň kariýes we kariýesden özge zeperlenmelerinde agyry daşky gyjyndyryjyla­ryň täsiri esasynda ýüze çykanda olaryň dowamlylygy gysga wagtlaýyn bolup, olaryň täsiri agyrylaram ýitip gidýär.

Dişleriň pulpa çişmelerinde bolsa daşky gyjyndyryjylaryň täsiri esasynda güýçli we dowamly agyrylar döreýär hem-de olaryň täsiri aýrylanyna garamazdan agyry aýrylyp gitmeýär.

Eger-de agyrylar gyjyndyryjysyz öz-özünden döreýän ýagdaýlarynda bolsa olaryň dowam­ly­lygyny arakesmeli (pulpitdäki tutgaýly agyry) ýa-da arakesmesizdigini (perio­dontitdäki hemişelik agyry) bilmeklik zerurdyr. Arakesmeli, tutgaýly agyrylar dişiň pulpa çişme kesellerinde, hemişelik sorkuldyly, sanjymly agyrylar bolsa periodontit, parodont keselleriniň ýiti, ýitileşen döwür­lerinde döreýär.

Anyklaýyşda agyrynyň döreýän wagtyny bilmegiň möhüm ähmiýeti bardyr, ýagny, gijelerine döreýan tutgaýly agyrylar dişleriň pulpit çişmesine degişli bolup, onuň tersine üçlük nerwiniň newralgiýasynda tutgaýly agyrylar diňe gündizine ýüze çykýar.

Agyrynyň ýerleşiş derejesini takyklamak hem gerekdir. Kä ýagdaýlarda näsag haýsy dişiniň agyrýandygyny takyk görkezip bilýär-ýerli agyry (kariýesde, kariýesden özge zeperlenmelerde, perio­dontit çişmesinde) kä halatlarda bolsa näsag belli-bir agyrýan dişini, ýerini görkezip bilmeýär-ýaýran agyry (pulpitde, newrit, newralgiýa) we başgalar. Käbir ýagdaýlarda näsagda döreýän agyrylar çylşy­rymly bolup, olary deňeşdirip anyklamak zerurlygy ýüze çykýar. Deňeşdirip anyklamak häsiýetleri biri-birine meňzeş bolan keselleriň arasynda geçirilýär.

Parodontyň we nemli bardanyň çişme keselleriniň alamatlary. Eger-de näsaglar diş etiniň gana­ýan­lygyna, onuň çişip ýellenmesine, dişiniň yrgyldamasyna arz edýän bolsa, onda, gürrüň paro­don­tyň keselleri barada gidýänligi anykdyr. Şu ýagdaýlarda onuň arzy-şikaýatlaryndan başga-da onuň umu­my bedeniniň ýagdaýyny, iýmit­lenmegiň, durmuş we işjeňliginiň, käriniň ýagdaýlary bilen tanyş bolun­malydyr. Mundan baş­ga-da keseliň ilkinji alamatlarynyň haçan peýda bolanlygyny, dowamlylygyny, bejerginiň alyn­magyny hem-de onuň netijelerini, dişleriň yrgyldamasyny we olaryň sogrul­maklygyny, onuň sebäplerini, näsagyň bar bolan ýaramaz endiklerini bilmek, käri bilen baglany­şykly ýaramaz täsir­leri, näsagyň protezleri götermek, dişleriniň arassalaýjy serişdeler bilen ýuwulmagynyň derejesin takyk­lamak (her günde, käwagtlar, ýuwmaýar) zerurdyr.

Diş etleriniň ganamagy we dişleriň yrgyldamagy umumy bedende madda çalşyk­larynyň bozul­magynda (gipowitaminozlar, şeker diabeti we başg.) bolup bilýär. Näsagyň dili­niň üstünde we agzyň beýleki nemli bardalarynda ýüze çykýan arzy-şikaýatlar: agyry, gijeme, ajama, turşama hem-de eme­le gelmeleriň - pakgarçak, ýara, eroziýa peýda bolmagy umumy bedende düýpli üýtgeşme­le­riň bol­ýan­lygynyň alamatydyr we oňa ýokary üns berilmelidir. Çalt ýadamak, ysgynsyzlyk, kelle agyry, başaý­lan­ma, bedeniň gyzdyrmasy ýaly alamatlar umumy beden keseliniň bardygynyň subutna­masydyr.

Köp halatlarda stomatolog-hekimlere umumy beden keselleri bolan ganyň, içki mäz­le­riň, or­ganlaryň, merezel, inçe kesel, deri keselleri we başg. keselli näsaglar kömek sorap ýüz tut­ýarlar. Şu ýagdaýlarda umumy bedeniň, deriniň, beýleki agzalaryň nemli bardalaryna seretmek hökmandyr. Agzyň agzalaryna seredilende sülekeý mäzleriň ýagdaýyna we olaryň işjeňligine baha bermek hökman­dyr. Agyz boşlugynda bölünip çykýan sülekeý onuň agzalarynyň kadaly işlemegine zerur bo­lup durýan suwuklykdyr. Onuň mukdarynyň azalmagy-giposaliwasiýasynda birnäçe keselleriň dö­re­megine şert döreýär, kä halatlarda bolsa, onuň doly kesilmegi-kserostomiýa ýagdaýyna barmagy (Segreniň, ko­steniň kesellerinde) ähtimaldyr. Sülekeýiň çendenaşa köp bölünip çyk­magy-giper­sa­liwasiýa hadysasy (otbaş keselde) ýa-da bedeniň ýaramaz iýmit önumlerden aşadüşmesinde bolýar. Esasan hem sülekeý mäzleriniň işjeňligine ýokary üns berilmeli. Haçanda näsagda köp, ýaýraw kariýesi, boýunjyk töwerekde ýerleşen kariýesde hem-de hek pisint tegmiltlerde, syrçalary port dişlerde öwrenilmelidir.

Agyzdan ýaramaz ysyň gelmegi kä halatlarda näsagyň lukmana ýüz tutma­gy­nyň se­bäp­le­riniň biri bolup durýar, kä halatlarda bolsa bu ýagdaý näsag bilen gürrüň­deş bolanyňda ýüze çy­ka­ryl­ýar. Köp halat­larda agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegine sebäp bolup, dişlerde ýumşak we gaty çökün­dileriň bolma­gy, diş etiniň çişmelerinde gabat gelýär. Mundan başga-da nemli bardanyň ýaraly nekroz çişmelerinde, köp görnüşli eritemada we beýleki ýaraly stomatitlerde duş gelinýär. Dişiň gaty dokumasynyň ötüşme kesel­lerin­de-de (pulpit, periodontit), näsagyň agzyny gigiýeniki arassa sak­la­­n­maýan halatlarynda-da duş­mak bolýar. Näsagyň agzyndan ýaramaz ysyň gelip durmagyna aş­ga­­zan-içege ul­ga­mynyň kesellerinde, bokurdak, burun ulgamlaryndaky näsaz­lyklarda-da gabat gelinýär.

Näsaglarda tagam bilşiň üýtgemeleri. Tagam duýgusynyň pese gaçmagy, ýitip gitmegi, ýa-da onuň üýtgemegi bolup bilýär. Şu ýagdaýlarda näsagdan bu haçan we nämeden başlan­dygyny soramaly, onuň umumy bedendäki näsazlyklaryny anyklamaly, esa­sanam, agyzdaky dile barýan nerw dokumalarynyň ýagdaýlaryny öwrenmek zerurdyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]