Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar

Soňky onýyllykda kliniki immunologiýanyň täze pudagy bolan, agyz boşlugynyň immuno­logiýasy, güýçli hemme taraplaýyn ösüşi bilen häsiýet­lenýär. Bu bölüm agzyň nemli bardasynyň ýerli immuniteti baradaky ylmy esasynda ýaýbaňlanýar.

Ýerli immunitetiň nazaryýeti (teoriýasy) ilkinji gezek 1925-nji ýylda A.M. Bezredka tara­pyndan işlenildi we nazary taýdan esaslandyryldy. A.M. Bezredka öz işlerinde ýerli immunitetiň ulgamlaýyn immunitetden garaşsyzlygyny, hem-de nemli barda gelip düşýän ýokançlara garşy (infek­siýa­lara) bolan, beden durnuklygyndaky ýerli immun mehanizmleriň ähmiýetini aýratyn belläp geçýär. Emma uzak wagtyň dowamynda nemli bardanyň antitelolarynyň aýrany antitelolarynyň transsudasiýasy netijesinde ýüze çykýar diýip hasap edilýärdi.

Diňe 70-nji ýyllarda bu bawatdaky ylmy işleriň toplumy çykaryldy. Olarda nemli bardanyň immunitetiniň, umumy immunitetiň ýönekeý serpikmesi däldigi görkezildi. Nemli bardanyň immuniteti umumy immunitetiň kemala gelmeginde we agyz boşlugyndaky keselleriň geçişinde uly täsir galdyrýan özbaşdak ulgamyň ýerine ýetirýän işi bilen şertlenendir.

Mahsus goraýyş faktorlar

Bu mikrobyň ozüne gelip düşýän antigenlere aýry-aýry täsir etmek ukybydyr. Mahsus mikroba garşy goraýjylygyň esasy faktory immun - globulinlerdir (immunoglobulinlerdir).

Immunoglobulinler – ganyň ýa-da bölünip çykýan şireleriň, suwuklyklaryň aýranynyň goraýjy be­loklarydyr. Olar antitelolaryň ýerine ýetirýän funksiýasyna eýe bolup, globulin fraksiýasyna degişli bolup durýarlar. Immunoglobulinleriň 6 klasyny, ýagny A, G, M, E, D, U klaslary tapawut­landyrýarlar. Şu görkezilen klaslardan agyz boşlugynda SigA, IgA, IgG, IgM has giň görkezilen. Agyz boşlugyndaky immunoglobulinleriň gatnaşygy ganyň aýranyndaky we suwuklyklardaky immunog­lobulinleriň gatnaşmagyna garanda başgadyr. Eger adam ganynyň aýranyndaky IgG köp bolup, IgM az mukdarda bolsa, onda sülekeýde IgA derejesi 100 esse ýokary bolup bilýär.

Bu maglumatlara laýyklykda, sülekeýdäki mahsus goraýjylygyň esasy faktorlarynyň A topardaky immunoglobulinleriň bolup durýandygy aýdyňdyr.

A klasdaky immunoglobulinler bedende iki görnüşli bolýandyr: aýranly we bölünip çykýan. Aýranly IgA gurluşy boýunça IgG-den az tapawutlanýar, özi hem disulfid baglary bilen birleş­dirilen polipeptid zynjyrlaryň iki jübütinden durýar.

Sülekeý bilen bölünip çykýan IgA dürli proteolitiki fermentleriň täsirine durnukly bolýär. Fer­mentleriň täsirine duýgur bolan peptid baglanşygy, bölünip çykýan komponentiň birleşmesi zerarly, bölünip çyk­ýan IgA molekulalarynda ýapyk diýen çaklama bar. Bu durnuklylygyň proteolize bolan möhüm biologiki ähmiýeti bardyr.

Sülekeý bilen bölünip çykýan immunoglobulinleriň gelip çykyşynda ýerli sinteze wajyp orun berilýär. Aýranly we bölünip çykýan IgA gurluşyndaky we alamatla­ryndaky tapawutlar, aýranly immunog­­lobulinleriň derejesiniň we olaryň bölünip çykýan suwuklygyndaky düzüminiň arasyn­da­ky bagla­nyşygyň ýoklugy ýokardaky netijänin dogrydygyny tassyklaýar. Şeýle baglanyşygyň ýoklugy, hususan-da, uly sag adamlarda sülekeýiň immunoglobulinleriniň we gan aýranynyň derejesinde bellenildi hem-de, aýry-aýry ýagdaýlar hem beýan edildi. Mysal üçin, aýranly IgA-nyň önümleri bozulanda (meselem, gyzyl gurt keselinde, A- miýelomada onuň derejesiniň birden ulalmagy) IgA-nyň derejesi bölünip çykýan suwuklyklarda kadaly bolup galýar.

A klasdaky immunoglobulin nemli bardanyň hususy gatlagynyň plazmatik öýjüklerinde we sülekeý mäzlerinde sintezlenýär. Ýerli sintezirlenýän beýleki immunoglobulinlerden IgM IgG-den üstün çykýar (aýrandaky aragatnaşyk tersinedir). IgM-niň epitelial böwedir usti bilen geçýän göçme mehanizmi bardyr, şonuň üçin bölünip çykýan IgA-nyň ýetmezçiliginde IgM-niň sülekeýdäki derejesi beýgelýär. IgG-niň sülekeýdäki derejesi pesdir, özi hem ol IgA-nyň ýa-da IgM-iň ýetmezçilik etmek derejesine baglylykda üýtgemeýär.

Bölünip çykýan IgA-nyň sinteziniň mehanizmi babatdaky soragyň anyklanyşynda L-zynjyra we bölünip çykýan komponentine bolan lýuminessirlenen antisyworatkanyň kömegi bilen geçirilen barlaglar möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu barlaglaryň esasynda IgA-nyň we bölünip çykýan kom­ponentiň dürli öýjüklerde sinzirlenýändigi kesgitlendi: IgA-agyz boşlugynyň nemli bardasynyň we beýleki beden boşluklarynyň hususy gatlagynyň plazmatiki öýjüklerinde, bölünip çykýan kom­ponent bolsa epitelial öýjüklerde sintezirlenýär.

Bölünip çykýan suwuklyklara düşmek üçin IgA nemli bardalara ýazylan dykyz epitelial gat­lagy böwsüp geçmeli. Lýuminessirlenen antiglobulin aýranlar bilen geçirilen tejribeler esasynda im­munoglobuliniň bölünip çykýan hadysasyna syn edildi. IgA-nyň molekulasynyň bu ýoly öýjügara giňişlikler boýunça, şeýle hem epitelial öýjükleriň sitoplazmasy arkaly geçip bilýändigi anyklandy. Bölünip çykýan IgA aýdyň bakterisidlige, wirusa we zähere garşy işjeňlige eýedir, şeýle hem ol komplementi işjeňleşdirýär, fagositozy hyjywlandyrýär, ýokanja garşy durnuklylygynyň amala aşyrylyşynda möhüm orny eýeleýär.

I.I. Oleýnik agyz boşlugynyň bakteriýa garşy goraýyş güýçleriniň möhüm mehanizminiň biri IgA-nyň kömegi bilen, nemli bardalaryň öýjükleriniň ýokarky gatlagyna we dişleriň syrçasyna ýapyşýan bakteriýalaryň öňüni almakdan durýar diýip hasaplaýar. Tejribe (eksperiment) döwründe saha­rozaly gurşawa str. mutansa aýrana garşylar (antisyworotka) goşulanda, ýylmanak ýokarky gatla­gynda onuň ýapyşyp saklanylyşynyň görünmeýänligi ýokarda görkezilen çaklamanyň esaslanmasy bolup durýar. Şonda bakteriýalaryň ýokarky gatlaklarynda immunoflýuoressensiýa usuly arkaly IgA ýüze çykaryldy. Diýmek, agzyň nemli bardasynda we dişiň ýylmanak ýokarky gatlagyndaky bakteriýalaryn ýapyşyp saklanmasynyň ingibirlenilişi bölünip çykýan IgA-antitelolaryň möhüm ýerine ýetirýän işi bolup durýar. Bölünip çykýan IgA-antitelolar patologiki hadysanyň (dişleriň kariýesi) ýüze çykmasynyň öňüni alýar. Şeýlelikde, bölünip çykýan IgA-antitelolar bedeniň içki täçleriny nemli bardalaryna gelip düşýän dürli agentlerden goraýar.

Immunoglobulinleriň bölünip çykýan suwuklyklarda ýüze çykmagynyň beýleki ýoly - olaryň gan aýranyndan gelip düşmegidir: IgA çişmeli ýa-da şikeslenen nemli bardanyň üsti bilen trans­sudasiýanyň netijesinde aýrandan sülekeýe gelip düşýär. Agzyň nemli bardasyny örtýän ýasy epi­teliýniň işjeňsiz molekulýar elegi hökmünde hereket edip, IgA-niň geçmegine amatly şert döredýär. Kadada bu gelip düşme ýoly çäklendirilen. Aýranly IgM-niň sülekeýe geçmeklik ukybynyň pesräk­digi kesgitlendi.

Agzyň nemli bardasynyň çişme hadysalary, onuň şikesi, IgE-antitelolaryň (reaginleriň) özüne laýyk gelýän antigenler bilen aragatnaşygynda ýüze çykýan ýerli allergiýa reaksiýalary aýranly (syworodkaly) immunoglobulinleriň bölünip çykýan suwklyga (sekretlere) gelip düşmegini güýçlendirýän faktorlary bolup durýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda aýranly (syworotkaly) antite­lalaryň uly mukdarynyň antigeniň hereket edýän ýerine baryp düşmesi, ýerli immunitetiň güýçlen­meginiň biologiki taýdan amatly mehanizmi bolup durýar.

IV Bap

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]