Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri

Häzirki döwürde aşgazan-içege ýollarynyñ we dem alyş ýollarynyñ nemli bardasynyñ ýokarky gatlak­larynda köp sanly mikroblaryñ barlygyna garamazdan, keselleriñ döremegine ýol bermeýän maddalaryñ barlygy anyklandy.

Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri iki topara bölunýärler: 1) goraýjylygyñ ýöriteleş­diril­medik faktorlary. Bular keseki mikroblara garşy göreşýärler, emma mikrofloranyñ öz takyk ýaşaý­jylaryna, wekillerine garşy göreşmeýärler; 2) ýöriteleşdirilen faktorlar (ýöriteleşdirlen immun ulgamy), olar mikroblaryñ diñe kesgitli görnüşlerine täsir edýärler.

3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar

Mikroba garşy mahsus däl goraýjy faktorlar mehaniki, himiki we fiziologik täsir ediş mehanizmleri bolýar.

Mehaniki goraýjylyga şikeslenmedik nemli bardanyñ goraýyş işjeňligi, sülekeý bilen mikrob­laryñ ýuwulmagy, nahar iýilýän döwürde nemli bardanyñ arassalanmasy, gabygy aýrylan (arassala­nan) epiteliý öýjüklerindäki ýelmeşme degişlidir.

Sülekeý mikroblary ýuwup çykarýar, şeýle hem, özünde biologik taýdan işjeñ maddalaryñ barlygy sebäpli, bakterisid hereket edýär.

Lizosim (asetilmuramidaz fermenti) – mukolitik ferment ýaly hereket edýän aşgar belogy. Ol ähli bölünip çykýan suwuklyklarda bar. Aýratyn-da, ol gözýaş suwuklygynda, sülekeýde we gakylykda has köp saklanýar. Lizosimiñ tebigy, hakyky ýerine ýetirýän funksiýasy käbir mikroblaryñ (ilki bilen grampoložitel) bardasyna täsir etmekden ybaratdyr.

Lizosim leýkositleriň fagositar işjeňligini hyjuwlandyrýar, biologik dokumalaryň çalt bitmegine (regenerasiýasyna) gatnaşýar.

Lizosimiň tebigy ingibitory geparindir. Lizosim turşulyklaryň, esaslaryň we ultramelewşe şöhleleriň hereketine duýgurdyr.

Sülekeý fermentleriniň goraýjylygy, mikroblaryň agzyň nemli bardasynyň ýa-da dişiň ýokarky gatlagynda ýapyşyp saklanmak ukybynyň bozulmasynda ýüze çykýar.

Sülekeý fermentleri Str. Mutans kariýes dörediji ştammynyň ýokarky gatlagynda ýerleşýän dekstranalara täsir edýärler we kariýesogen ştammyny dargatmak bilen, mikroblary ýapyşmak ukybyndan mahrum edýärler, şeýlelik bilen, dişde kariýesiň döremeginiň öňüni alýarlar.

Adamyň garyşyk sülekeýinde 50-den gowrak ferment bolup, olaryň hereketi dürli-dürlidir. Proteazalar we glikolitik fermentler sülekeýde iň işjeň fermentler bolup durýar. Olar beloklary, nukleýin turşulary we uglewodlary dargadýar.

- Lizinler – bakteriosid faktorlar bolup, olar anaerob we sporalary döredýän aerob mikroorganizmlere degişlilikde has uly, ýokary işjeňligi ýüze çykarýarlar.

Komplement-belok suwuklygynyň köpmolekulaly (polimolekulýar) ulgamy. Komplemen­tiň biologik işjeňligi (ýerine ýetirýän işi) fagositozy güýçlendirmäge gönükdirlendir. Komplement bak­­teri­ýalaryň, wiruslaryň opsoni­za­siýasyna, şeýle hem, çişmäniň, sowuklamanyň döremegine gatnaşýar.

Fagositoz – bedeniň mahsus däl goraýyş reaksiýasynyň filogene­tiki taýdan has gady­my görnüşidir. Ol I.I. Meçnikow tarapyndan açyldy. Adamyň garyşyk sülekeýinde dişýany etiniň jübüleriniň epiteliýa arkaly agyz boşlugyna düşýän leýkositler, limfositler hemişe ýüze çykarylýar.

Fagositozda neýtrofil granulositler we makrofaglar ähmiýetli orny eýeleýär. Olar mikroblary we beýleki öýjükleri, bölejikleri gurşap alýarlar hem-de lizosoma fermentleriniň, ýagny prote­aza­nyň, peptidazanyň, nukleazanyň, fosfatazanyň, lipazanyň, karboksilazanyň we başgalaryň kömegi bilen olary siňdirýärler. Mundan başga-da neýtrofil fagositler kollagenaza, elastaza, D we E katepsinler gör­nüşdäki proteolitik fermenleri bölüp çykarýarlar, nemli bardanyň ýara yzly oýjagazlaryň üýtge­me­leriniň rezorbsiýasyna, owunjak damarlaryň bazal membranalarynda immun kompleksleriň (toplum­laryň) berklenmegine (ýapyşyp saklanmagyna) gatnaşýarlar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]