Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
29
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler

Terapewtik stomatologiýa-lukmançylygyň esasy pudaklarynyň biri bolup, agzyň içindäki we onuň töweregindäki agzalaryň, şonuň bilen birlikde dişleriň, ýuz süňkleriniň, äňleriň we olara ýakyn durýan ýüzüň we boýnuň ýumşak dokumalarynyň ýagdaýlaryny, olaryň keselleriniň öňüni almagy we ygtybarly bejermegi öz içine alýan wajyp meseleler bilen meşgullanýar. Şu ýokarda ag­zalan toplum we özboluşly sebit, bir bitewi, äň-ýüz ulgamyny emele getirýär we örän köptaraplaýyn hem-de çylşyrymly, biri-biri bilen örän inçeden ysnyşykly baglanyşygy bolan işleri ýerine ýetirýär.

Agyz boşlugynyň nemli bardasy, giň duýujy we merkezi beýnä habar beriji zolak bolup, iýmitiň gatylyk-ýumşaklyk ýagdaýyny, tagamyny duýmaklygyň, çeýnemek hem-de ýuwutmagyň, iýmit siňdirmegiň, dem almagyň we gepleşmegiň belli bir bölegini amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu ulgamyň haýsy-da bolsa bir agzasynyň gurluşynyň ýa-da düzüminiň üýtgemegi, onuň kadaly işlemegine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň bilen birlikde, agzalaryň kadaly işiniň bozulmagy dokumalaryň gurluşynyň, kä halatlarda anyklamagy kyn bolan üýtgeşmelerine alyp barýar.

Ýüz-äň ulgamynyň aýry-aýry agzalarynyň gurluşynyň, fiziologiýasynyň biri-birinden ýeterlik tapawutlydygyny ýatdan çykarmak bolmaz. Agzalaryň gurluşy bilen işiniň arasynda ýakyn baglanyşygynyň bardygyny hem-de gurluş bilen işiň bitewüligini ýüz-äň ulgamynyň aýry-aýry ösüş döwürleriniň mysalynda göz öňüne getirmek kyn däldir.

Dişlerde, äňlerde we agzyň ýumşak dokumalarynda döreýän keselleriň adamlarda döreýşiniň we geçişiniň özboluşly aýratynlyklarynyň barlygy, olaryň öňüni almakda we ygtybarly bejermekde görnüp duran aýratynlyklarynyň bardygyny aňladýar.

Biziň ýurdumyzda terapewtik stomatologiýa ugry boýunça birnäçe görnüşdäki keseller uly mesele bolup durýar. Olar: dişleriň kariýesi we gönüden-göni ötüşen görnüşleri, dişleriň flurozy (menekliligi), parodontyň (ýagny parodontlaryň) we agzyň nemli barda keselleridir.

Bulardan başga-da, terapewtik stomatologiýada agzyň nemli bardasynyň ke­sel­lerde üýtgemegi, sülekeýiň düzüminiň üýtgemegi, dişleriň gaty dokumalarynyň kariýesden özge ke­sel­leri, umumy agyzdaky üznüksiz ojaklaýyn ýokanjynyň täsirleri we başgalar aýratyn ünse mätäçdir.

Bu wajyp meselelere garamazdan, terapewtik stomatologiýanyň esasyny öz wagtynda ulanylmaly ilkinji we ikilenç geçirilýän öňüni alyş çäreleri düzýär. Adamlary ýörite dispanser gözegçiligine almak arkaly we maşgala lukmanlary bilen ýakyn gatnaşykda geçirilýän bu wajyp çäreler, diş-äň keselleriniň wagtynda öňüni almagy we ygtybarly bejermekligi üpjün etmäge, olarda umumy bedeniň keselleri bolan guragyry, böwrek, bogun we şuňa meňzeş kesellerin-de öňüni almaga ýardam edýär.

Terapewtik stomatologiýa özbaşdak ylym we umumy lukmançylygyň hem-de onuň wajyp bölümi bolan stomatologiýanyň ösüşi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Her bir ylma mahsus bolşy ýaly, terapewtik stomatologiýa-da özüniň ösüşini ilkinji ädimlerden we taryhy hadysalardan başlady. Onuň döremegine ilki bilen diş, agyz, äň keselleriniň gadym zamanlardan bäri bolanlygy we barlygy täsir edendir. Şu agzalan esasy meseläni diş keselleri barada düşünjäniň, şol keselleri netijeli bejermek baradaky bilimiň asyrlar boýy artmagynyň ýüze çykarandygyny bellemek gerek.

Irki döwürlerde (ýagny VIII – XII-nji asyrlarda) araplarda stomatologiýa ylmynyň pajarlap ösmegi bilen birnäçe örän peýdaly pikirler, abzallar we serişdeler ulanylypdyr. Öz döwrüniň belli hekimi Abul Kasym (936-1013) diş etiniň kesellerini diňe ýerli hadysa diýip hasaplapdyr. Ony bejermek üçin diş daşlaryny aýyrýan ýörite abzallar we dişetini bejermegiň ýörite usulyny hödür­läpdir.

Gündogaryň beýik hekimi bolan Abu Ali Ibn Sina (980-1037 ýý) özüniň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen ägirt uly işinde kentlewügiň keselleri we dişleriň ösüp çykyşy barada giňişleýin durup geçipdir. Ol yrgyldaýan dişleri berkitmegiň usulyny hem salgy beripdir.

Terapewtik stomatologiýa degişli örän peýdaly maglumatlar orta asyr türkmen hekimleri S.Y. Gurgenliniň hem-de Muhammet Gaýmaz Türkmeniň ylmy ýazgylarynda getirilipdir. S.Y. Gurgenliniň (1057-1137 ýý) “Tebipçiligiň ýan kitaby” atly örän peýdaly işinde diş-äň kesellerine ýörite bölüm berlipdir. Onda berlen maslahatlar şu güne çenli özüniň ähmiýetini saklap gelipdir. Muhammet gaýmaz Türkmeniň (1264 ý. doglan) işlerinde Muhammet Pygamberiň hadyslaryndan gelip çykýan tebipçilik maslahatlary berlipdir.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň alym şahslarymyzyň ylmy miraslaryny dikeltmäge uly ýol açdy we şolaryň ylmy miraslaryny öwrenmek lukman­çylyk institutynyň okuw maksatnamalaryna girizildi. Şonuň üçinem, häzir biziň talyplarymyz şol alym şahslary ylmy miraslaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Belli rus alymlary H.M.Maksimowiç – Ambodigiň, I.F.Buşyň, N.P.Gundobiniň, N.I.Pirogowyň, H.B.Sklifosowskiniň, A.M.Sobolewiň ylmy işlerinde terapewtik stomatologiýa­­nyň dürli bölümlerine degişli gyzykly we peýdaly maglumatlar getirilipdir.

Stomatologiýanyň hem-de onuň wajyp bölümleriniň biri bolan terapewtik stomatologiýanyň Türkmenistanda döremeginde we ösmeginde belli rus alymlary A.K.Limbergiň, P.G.Daugäň ylmy işleri hem-de türkmen alymlaryny ýetişdirmekde A.I.Ýewdokimowyň, A.I.Rybakowyň, E.I. Gawrilowyň, W.S.Dmitriýewanyň, H.H.Bajanowyň, E.B.Borowskiň, G.D.Owrudskiň, G.N. Pahomowyň, W.K.Leontýewiň, A.B.Alimskiň we başgalaryň hyzmatlary belläp geçmäge mynasypdyr.

Türkmenistanda 1930-njy ýyllara çenli ýokary bilimli stomatolog hekimleri hem-de ýorite orta bilimli diş lukmanlary we diş ussalaryny taýýarlaýan okuw mekdepleri bolmandyr.

Dişleri agyrýan adamlara kömegi gündogar lukmançylygynyň esasynda taýýarlanan tebip­ler ýa-da daşary döwletlerden gelen (iberilen) diş hekimleri beripdirler.

1932-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň açylmagy we onuň ýokary kursdaky talyplaryna stomatologiýa sapagynyň okadylmagy, belli bir derejede orta bilimli diş şypa­çylarynyň bejeriş–öňüni alyş bölümini gutaryp, stomatolog-hekim bolup işlemeklerine ýol açdy. Aş­ga­batda 1935-nji ýylda diş hekimçilik mekdebi açyldy we ýer yranmagy sebäpli 1948-nji ýylda Türk­menabada göçürildi. Şol bir wagtda, ýörite mekdepde, diş ussasyny taýýarlaýan bölüm hem işläp başlady.

Emma Türkmenistanda stomatologiýanyň ösmegi 1958-nji ýyldan başlap, ýokary bilimli sto­matologlary ýerli milletden taýýarlamak bilen bagly boldy. Soňra şol stomatologlardan Mosk­wada ýokary hünärli ylmy-mugallym işgärleriň taýýarlanmagy, 1964-nji ýylda açylan stoma­to­lo­giýa fakultetde öz ugurlary boýunça mugallymlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Fakultetiň 1969-njy ýyldan başlap uçrum stomatolog-lukmanlari, terapewtik stomatologiýa köme­gini düýp­göter gowulandyrmaga itergi berdi.

1984-nji ýylda Respublikan stomatologik şypahanasynyň açylmagy, soňra onuň ylmy-önümçilik birleşigine öwrülmegi (1988ý.), soňra bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň stomatologiýa merkezine (1995ý.) öwrülmegi, diýarymyzda stomatologiýa gullugyny kämilleşdirmäge degerli ýardam etdi.

1977-nji ýyllaryň başlarynda stomatologiýa fakultetinde ilki bilen terapewtik stomato­lo­giýa dersleriniň, soňra bolsa stomatologik keselleriniň öňüni almak dersiniň girizilmegi, 1990-nji ýylda çagalar stomatologiýasy kafedrasynyň açylmagy, stomatologiýa bölümini tamamlanlaryň, te­ra­pewtik stomatologiýasy boýunça internaturada, ordinaturada we aspiranturada taýarlanmaklary, bu bölümiň pajarlap ösmegine ýol açdy. Ýene bir bellemeli wakalaryň biri hem 1977-nji ýylda Tera­pew­tik stomatologiýa kafedrasynyň (şol sanda hirurgik we ortopedik stomatologiýa kafed­rasynyň hem) özbaşdak edilip döredilmegidir. Köp ýyllaryň dowamynda W.W.Dadalýan (1966-1976 ý.), G.P.Paşaýew (1977-1978 ý.), M.K. Durdynyýazow (1979-1991 ý.), G.P.Paşaýew (1992-2004 ý.) kafedranyň müdiri bolup işlänler. Häzirki wagtda TDLI-niň Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri bolup lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty H.J.Jumaýew (2005-nji ýyldan bäri) işleýär.

Türkmenistanda terapewtik stomatologiýanyň döremeginde we ösmeginde professorlar G.M.Berdimuhamedowyň, G.P.Paşaýewiň, medisina ylymlarynyň doktory M.G. Durdyniýazowyň, dosentler H.B.Abdalow, H.A.Aýnazarowyň, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty H.J.Jumaýewyň, M.Ö.Kulowyň, G.E. Orazowyň hyzmatlary agzalmaga mynasypdyr.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllarda 15 sany özbaşdak (olaryň dördüsi çagalara hyzmat edýär) stomatologiýa merkezleri we 290-a golaý stomatologiki bölümler we otaglar ilata hyzmat edýärdi. Olarda 1000-den gowrak stomatologlar işleýärdi.

Biziň güneşli Diýarymyzda stomatologiýadan, esasan, düýpli ylmy barlaglar çagalar sto­ma­tolo­giýasy boýunça alnyp baryldy we bu ugurdan ýokary hü­när­li ylmy işgärler taýýarlanyldy. Türkmenistanda esasy stomatologiki keseller bolan dişleriň kariýesiniň we onuň ötüşen görnüşleriniň, dişleriň flýuorozynyň, paradontyň keselleriniň we diş-äň ösüş nädogrulyklarynyň döreýiş, kliniki geçiş we ösüş aýratynlyklary (epidemiologiýasy) prof. G.P.Paşaýewiň ylmy ýolbaşçylygynda hemme welaýatlarda düýpli öwrenildi.

Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy – barlag işler Türkmenistanyň ilatynyň arasynda stomatologiki keselleriň öňüni almak boýunça ygtybarly çäreleri durmuşa geçirmäge giň ýol açdy.

Häzirki wagtda, ýurdumyzda, terapewtik stomatologiýanyň öňünde, adamlaryň sag­dyn bolmagyny gazanmak, esasy stomatologiki keselleriň giňişleýin öňüni almak, olary ygtybarly bejermek hem-de adamlary maşgala lukmanlary-terapewtler bilen birlikde stomatologiki dispanser gözegçiligine alyp, höwesjeň iş geçirmek meseleleri durýar.

Terapewtik stomatologiýa dersi boýunça talyplara döwrebap bilim bermek şu ýokarda agzalan wajyp meseleleri üstünlikli çözmäge hem-de adamlara ýöri­teleş­dirilen stomatologiýa kömegini bermegiň medeniýetini we hilini mundan beýlägem has ýokarlan­dyr­maga ýardam eder.

Kitabyň okajylara ýetirilmegi, häzirki wagtda türkmen dilinde terapewtik stomato­logi­ýa dersi we hünäri boýunça ýöriteleşdirilen okuw kitabynyň ýetmezçiligini aradan aýrar hem-de türkmeniň Beýik Galkynyşlar zamanynda ýokary hünärli stomatolog-hekimlery taýýarlamaga öz goşandyny goşar diýen tamamyz bar.

II. BAP

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]