- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
Agyz boşlugynyñ mikroflorasynyñ düzümi kadada hemişelik, durnukly bolýar, emma mikroblaryñ sany, mukdary ep-esli üýtgäp durýar.
Mikrofloranyñ düzümi sülekeýiň bolünip çykarylyşyna, iýmitiñ ýumşaklyk, konsistensiýasyna hem-de häsiýetine, şeýle hem agyz boşlugynyñ arassaçylygyna, agyz boşlugynyñ dokumalarynyñ we synalarynyñ ýagdaýyna we iç (somatiki) keselleriñ barlygyna baglydyr.
Sülekeýiň bolünip çykmagynyñ, çeýnemegiñ we ýuwutmagyñ bozulmalary agyz boşlugynda mikroblaryñ mukdarynyñ köpelmegine getirýär. Sülekeýiñ akymy bilen mikroblaryñ ýuwlup çykmagyny (karioz şikesler, patologiki diş we dişýany etiñ jübüleri, ýasalyşy onçakly bolmadyk çykarylmaýan protezler we beýl.) kynlaşdyrýan dürli näsazlyklar we kemçilikler, agyz boşlugynda olaryñ sanynyñ köpelmegine getirýär.
Agyz boşlugynyñ mikroflorasy dürli-dürli bolup, ol bakteriýalary, aktinomisetleri, kömelekleri, ýönekeýjeleri (biröýjüklileri), spirohetleri, rikketsiýalary, wiruslary öz içine alýar. Şu ýerde uly adamlaryñ agyz boşlugynyñ mikroblarynyñ aglaba bölegini anaerob görnüşleriñ tutýandygyny bellemek gerek.
Agyz boşlugynda hemişe ýaşaýan bakteriýalaryñ uly toparyny kokklar (ähli görnüşlerinden 85-90%) düzýär. Olar biohimiki taýdan işjeñ bolup, uglewodlary dargadýarlar, kükürtwodorod emele getirmek bilen beloklary bölekleýärler.
Streptokokklar agyz boşlugynyñ esasy ýaşaýjylary bolup durýar. 1 ml sülekeýde 108-109-a çenli streptokokklar saklanýar. Olaryñ köpüsi fakultatiw anaeroblar bolup durýar, ýöne obligat anaeroblar (peptokokklar) hem duş gelýär. Streptokokklar fermentatiw işjeñligine eýe bolup, süýt-turşy ajamagyñ görnüşi boýunça, süýt turşulygynyñ we käbir beýleki organiki turşulyklaryñ ep-esli mukdarynyñ emele getirilmegi bilen uglewodlary ajadyjylar, turşadyjylardyr. Streptokokklaryñ fermentatiw işjeñligi netijesinde emele gelýän turşulyklar agyz boşlugyna daşky gurşawdan gelip düşýän käbir iriñli mikroblaryñ ösüşini peseldýär.
Sagat adamlaryñ diş örtüginde we dişýany etinde stafilokokklar (staph. epidermis) bardyr, emma käbir adamlaryñ agyz boşlugynda staph.aureus hem bolup bilýär.
Taýajyk görnüşli laktobakteriýalar sagdyn agyz boşlugynda belli bir mukdarda bolýarlar. Olar hem streptokokklar ýaly, süýt turşulygynyñ öjükdirijisi bolup durýar.
Laktobakteriýalar aerob şertlerde anaerob şertlerdäkä garanda erbet ösýärler, sebäbi wodorodyñ peroksidini bölüp çykarýarlar, katalazalary bolsa, döretmeýärler. Laktobakteriýalaryñ ýaşaýşynyñ dowamynda süýt turşulygynyñ uly mukdarynyñ döremegi sebäpli, olar beýleki mikroblaryñ, ýagny stafilokokklaryñ, içege brýuşnotifoz we dizenteriýa (içgeçme) taýajyklarynyñ ösüşini togtadýar. Dişiñ kariýes keselinde agyz boşlugyndaky laktobakteriýalaryñ sany karioz boşlugynyñ ululygyna baglylykda ep-esli köpelýär. Karioz hadysasynyñ işjeñligini bahalandyrmak üçin laktobasillentest (laktobakteriýalaryñ sanyny kesgitleme) diýlip atlandyrylýan barlag usuly teklip edildi.
Leptotrihler süýt-turşy bakteriýalaryñ maşgalasyna degişli bolup, gomofermentatiw süýt-turşy turşamasynyñ döredijisi bolup durýar. Olar dürli galyňlykdaky we ýiteldilen ýa-da çişen uçlary bar bolan, uzyn sapak görnüşine eýedirler. Leptotrihleriñ sapaklary segmentirlenýärler, gür örümleri berýärler. Olar anaeroblardyr.
Antinomisetler ýa-da şöhle kömelekleri mydama diýen ýaly, sagdyn adamyñ agyz boşlugynda bolýarlar. Daşky sypaty boýunça olar sapak görnüşli kömeleklere meñzeşdirler: inçe şahalanýan sapaklardan, ýagny giflerden durýarlar. Çolaşyp, çyrmaşyp, olar göz bilen görünýän miselini emele getirýärler. Şöhle kömelekleriñ käbir görnüşleri, beýleki kömelekler ýaly, spora bilen kopelip bilýärler, emma ýönekeý bölünme, sapaklaryñ fragmentasiýasy kopelmegiñ esasy ýoly bolup durýar.
Sagdyn adamlaryñ agyz boşlugynda 40-50% ýagdaýlarda Candida (C.albicans) toparynyñ hamyrmaýa meñzeş kömelekleri duş gelýärler. Olar 7-10 mkm ölçegdäki süýri ýa-da uzaldylan görnüşli öýjük şekiline eýedirler. Mundan başga-da, agyz boşlugynda C.tropicalis, C.crusli ýaly hamyrmaýa meñzeş kömelekleriñ duş gelmegi mümkin. C.albicans kömelekleriniň patogen zäherleýji häsiýeti has aýdyñ ýüze çykýar. Hamyrmaýa meñzeş kömelekler çalt depginde köpelmek bilen, bedende disbakterioz, kandidoz ýa-da agyz boşlugynyñ ýerli şikesini (çagalarda bu ýagdaýa ak düşme keseli diýilýär) döretmegi mümkin. Bu keselleriñ endogen häsiýeti bolup, olar antibiotikler ýa-da ýöne güýçli antiseptikler bilen gözegçiliksiz öz-özüñi bejermegiñ netijesinde hem ýuze çykýarlar.
Spirohetler çagalarda süýt dişleriniñ çykan pursatyndan agyz boşlugyna aralaşýarlar.
Şol pursatdan olar agyz boşlugynyñ hemişeki ýaşaýjylary bolup durýarlar. Olaryñ hemmesi gramotrisateldir. Spirohetler örän hereketli bolup, egrelýän, aýlandyryjy, gönüçyzykly we ýygrylýan hereketleri ýerine ýetirýär. Olary garañky meýdanda natiw preparatynyñ mikroskopiýasynda görmek bolýar. Spirohetler hakyky anaeroblardyr. Olar beýleki anaerob mikroorganizmleriñ ep-esli köpelmeginde agyz boşlugynda çalt depginde köpelýärler. Spirohetler fuzobakteriýalaryñ, wibrionlaryñ käbir ştammlary bilen bir hatarda patologik hadysalary döredýärler. Nemli bardanyñ çüýreýän-ýaraly şikeslerinde (ýaraly stomatiti, Wensanyñ anginasy), parodontitiñ agyr görnüşlerindäki patologik dişýany etiniñ jübülerinde, karios ojaklarynda we çüýrän pulpada köp spirohetler anyklanýar.
50% ýagdaýda sag adamlaryñ agyz boşlugynda ýönekeýjeler ýaşap bilýärler (wegetasiýa), has takygy, Entamoeba gingivalis, Trihomonas diş örtüginde, badamlaryñ epinlerinde paradontal jübüleriniñ iriñli düzümlerinde möçberi örän köp bolýar. Olar agyz boşlugynyñ arassa däl ýagdaýlarynda çalt köpelýärler. Trihomonadalar amýobalara garanda sagat adamlaryñ agyz boşlugynda has ýygy duş gelýärler. Trihomonadalar, amýobalar ýaly, agyz boşlugynyñ arassa däl düzüminde calt köpelýärler. Olar gingiwitde we parodontitde köp mukdarda duş gelýärler.
Agyz boşlugynyñ kadaly mikroflorasy antibakterial faktorlaryñ hereketine has durnuklydyr. Şonuñ bilen birlikde onuñ öz mikroblary daşyndan gelip düşýän mikroblardan goramaga gatnaşýar.
Sülekeýiñ antibakterial işjeñligi we agyz boşlugyndaky bar bolan mikroblaryñ mukdary bir meňzeş deñagramlylyk ýagdaýynda durýarlar.
Sülekeýiñ antibakterial ulgamynyñ esasy funksiýasy agyz boşlugyndaky mikroflorany doly basyp ýatyrmak däl-de, onuñ mukdar we hil taýdan düzümine gözegçilik etmek bolup durýar.
Antibakterial faktorlaryñ esasy çeşmesi sülekeý şeýle hem, agyz boşlugyna gelýän leýkositler bolup durýar. Nemli bardanyñ ýokary gatlagyna düşen neýtrofil leýkositler fagositoza bolan ukybyny saklaýarlar. Mundan başga-da, agyz boşlugynda T we B-limfositler tarapyndan öndürilýän antibakterial maddalar bardyr. Olar limfatik bokurdak halkasynyñ üsti bilen gelip düşýärler.
Antibakterial goragynyñ gumoral we öýjük faktorlary biri-biri bilen özara içgin aragatnaşykda bolýar. Sülekeýiñ komponentleri bolan oksidazanyñ fermenti, sülekeýiň kallikreini we onuñ gatnaşmagynda döreýän kininler agyz boşlugynda leýkositleriñ (migrasiýasynyñ) gelip düşmeginiñ tertibini üpjün etmek bilen, aýdyñ hemotaksik işjeñligine eýe bolup durýarlar. Kininler gönüden-göni hemotaksik hereketi bilen tapawutlanýarlar, şeýle hem, agyz boşlugynyñ dokuma damarlarynyñ geçirijiligini ýokarlandyrmak arkaly, leýkositleriñ (migrasiýasyny) gelip düşmegini ýokarlandyrýarlar.
Agyz boşlugyna mahsus däl bakteriýalara garşy güýçleriniň göreşi esasan-da, sülekeý mäzleri bilen bölünip çykýan we gelip düşen (migrasiýa) leýkositler tarapyndan boşadylan (azat edýän) lizosim, RNK aza, DNK aza, peroksidaza ýaly fermentler üpjün edýär. Bu fermentleriñ bakteriýalara garşy işjeñliginiñ diýseñ giñ göwrümlidigini bellemek zerur, olar bakteriýalara, wiruslara, kömeleklere we ýönekeýjelere hem täsir edýärler.
Agyz boşlugynyñ suwuklygynyň koagulirleýiş häsiýeti bar, bular koagulýant we fibrinolitik ulgamlaryñ birnäçe faktorlarynyñ barlygy bilen şertlenendir. Bu häsiýetler ýerli gomeostazyñ üpjünçiliginde, agyz boşlugynyñ arassalanmagynda uly ähmiýeti bardyr, şeýle hem olar çişme, regeneratiw we beýleki hadysalaryň ösüşine gatnaşýarlar.
Häzirki döwürde agyz boşlugynda dokumalara meñzeş tromboplastin, antigeparin substansiýasy, protrombin kompleksine (toplumyna) girýän faktorlar, fibrinaza we başg. ýuze çykaryldy.
