- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
Syrça (enamelum). Dişiň täjini örtýän bu dokuma bedendäki iň gaty dokuma bolup durýar (Wikkersiň 250-800 b.). Çeýneýji üstünde onuň galyňlygy 1,5-1,7 mm, gapdal tarapynyň üstünde ol has inçelip, boýunjyga tarap ugurda sement bilen birleşýän ýerde tamamlanýar.
4-5 mkm diametrli syrça prizmalary syrçanyň esasy gurluş döremesi bolup durýar. prizmanyň uzynlygy syrçanyň gatlagynyň galyňlygyna gabat gelýär, egrem-bugram ugrunyň barlygy sebäpli, ondan-da geçýär. Syrça prizmalar desselere toplanyp, S-görnüşli aýlawlary emele getirýär. Netijede syrçanyň şliflerinde optiki dürlülik (garamtyl we açyk zolaklar) ýüze çykýar, has takygy, bir bölekde prizmalar dikligine, beýlekide olar keseligine kesilen (Gunter-Şregeriň zolaklary). Mundan başga-da, syrçanyň şliflerinde (gapdallygyna kesilen syrçanyň görnüşi), esasan-da, turşulyk bilen arassalanandan soň, gyşyklygyna barýan we syrçanyň ýokarky gatlaklaryna ýetýän zolaklar (Retsiusyň zolaklary diýlip atlandyrylýar) (3.16-nji surat) görünýär. Olaryň döremesini syrçanyň ösüş döwründäki minerallizasiýanyň döwürleýinligi bilen baglanyşdyrýarlar. Bar bolan pikirlere laýyklykda, görkezilen ýerlerde minerallizasiýa doly aýdyň däldir we turşulygyň ýerli täsiri döwründe Retriusyň zolaklarynda has irki we aýdyň üýtgemeler başlanýar.
Syrça prizmasynyň kese çyzgylary bar, olar mineral duzlaryň, gaýraüzülmeleriniň gije-gündizki ritmini görkezýär. Prizmanyň özi keseligine kesilende köplenç ýagdaýlarda arkado görnüşli şekillidir ýa-da teňňe görnüşlidir, (3.17-nji surat) emma ol poligonal, tegeleklenen ýa-da geksagonal görnüşli hem bolup biler.
Mundan öňräk hem her prizmanyň daşynda organiki maddalary öz içine alýan bardajygy bar diýip hasap edilýärdi. Has täze usullaryň kömegi bilen, hususan-da elektron mikroskopyň komegi bilen, syrçanyň prizmasynyň arasyndaky maddanyň, prizmanyň özündäki ýaly hut şeýle kristallardan durýandygy, ýöne olar ugry bilen tapawutlanýandygy kesgitlenildi.
Syrçanyň organiki maddasy inçejik fibrillýar gurluşlar görnüşinde ýüze çykarylýar.
Organiki süýümler syrça prizmasynyň kristallarynyň ugruny kesgitleýär, anyklaýar diýen pikir bar.
Dişiň syrçasynda, görkezilen döremelerden başga-da lamellalar, desseler we ik-towlylar duş gelýär (3.18-nji surat). Lamellalar (plastinkalar) syrçanyň içine has çuň, syrça desseleri bolsa biraz çuňlukda girip gidýärler. Syrça towly ikleri – dentin-syrçaly birleşmäniň üsti bilen syrçanyň içine girip gidýän odontoblastlaryň ösüntgileridir.
Prizmanyň esasy gurluş birligi apatite meňzeşli (topardan) gelip çykan kristallardyr. Olar bir-birine mäkäm degişip, burç astynda ýerleşýärler. Ýaş ulaldygyça kristallaryň ölçegi üýtgäp, olar has ulalýar diýlip hasap edilýär. Kristalyň gurluşy ýönekeý öýjügiň ölçegi bilen şertlenendir. Onuň ölçegi boýunça kristalyň tebigaty, gelip çykyş häsiýeti anyklanýar. Bu bolsa, gidroksiapatit, ftorapati kristallarynyň ozeniniň bardygyny aňladýar.
Kristallaryň gurluşy bilen meşgullanýan G.N.Pahomow, dişleriň syrçasynyň köp görnüşli apatitlerden durýandygyny subut etdi. Olardan bolsa, gidroksiapatit Ca(PO4)6(OH)2– esasy bolup durýar diýip hasap edýär. Boves we Murray syrçadaky organiki däl maddalaryň şu hili düzümine üns çekýärler (göterimlerde): gidroksiapatit 75,04; karbonatapatit 12,06; hlorapatit 4,39; ftorapatit 0,663; CaCO3 1,33; MgCO3 1,62. Himiki organiki däl birleşmeleriň düzümindäki kalsiý 37%, fosfor bolsa 17%.
Diş syrçasynyň ýagdaýynda Ca/P arasyndaky gatnaşyga wajyp orun berilýär. Bulara diş syrçasynyň esasyny düzýän elementler hokmünde garalýar. Bu aragatnaşyk dürli ýagdaýlaryň täsiri astynda üýtgäp bilýär. Ýaş adamlaryň sagdyn syrçasynyň, ulularyň diş syrçasynyňka garanda Ca/P-niň has pes koeffisiýenti bolýar; syrçanyň deminerallizasiýasinda bu görkeziji peselýär.
Ondan başga-da, bir dişiň çäklerinde Ca/P-niň gatnaşygynyň düýpli tapawutlarynyň bolmagy mümkin, bu bolsa, diş syrçasynyň gurluşynyň dürlüligi baradaky we şonuň üçin dürli ýerleriň kariýes bilen şikeslenmesiniň meňzeş bolmadyk sezewarlyklar babatdaky tassyklamalar üçin esas döretdi.
Diş syrçasynyň kristallary bolup durýan apatitler üçin Ca/P-niň uly azy dişli gatnaşygyny (molýar gatnaşygy) 1,67-ni düzýär. Emma, häzirki döwürde tassyklanylyşy ýaly, bu komponentleriň gatnaşygy peselmeklik tarapyna (1,33), şeýle hem ýokarlanmak tarapyna (2,0) üýtgäp bilýär. Ca/P-niň 1,67 gatnaşygynda kristallaryň dargamagy Ca2+-niň iki ionynyň çykmagynda bolup geçýär, 2,0 gatnaşygynda gidroksiapatit Ca2+-niň 4 ionynyň çalşyrylmasyna çenli dargamaklyga garşy durmaga ukyply bolýar, haçanda Ca/P-niň 1,33 gatnaşygy bolanda onuň gurluşy dargaýar. Bar bolan düşünjeler, pikirler boýunça Ca/P-niň koeffisiýentini diş syrçasyny bahalandyrmak maksady bilen ulanmak mümkin.
Biziň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly barlaglaryň netijesinde syrçadaky mikroelementleriň deň bolmadyk tertipde ýerleşýänligi tassyklandy. Daşky gatlakda ftoruň, gurşunyň, sinkiň, demriň uly konsentrasiýasynyň, seýle hem, bu gatlakda natriniň, magniniň, karbonatlaryň az mukdarynyň barlygy anyklandy. Gatlaklar boýunça deň möçberde stronsiý, magdan, alýuminiý we kaliý ýerleşdirilen.
Syrçanyň her bir kristalynyň birleşdirilen ionlarynyň (OH) gidrat gatlagy bar. Ol bolsa kristal – ergin bolünmesiniň ýokarky gatlagynda emele gelýär. Gidrat gatlagy arkaly ion çalşygy amala aşyrylýar diýip hasap edilýär. Bu çalşyk geteroion çalşygy görnüşinde geçip bilýär, şonda kristalyň iony tebigy gurşawyň beýleki iony bilen çalşyrylýar. Ion çalşygy izotop çalşygy görnüşinde hem geçip biler. Şonda kristalyň iony edil şu hilli ion bilen çalşyrylýar.
Häzirki wagtda syrçada baglanyşan suwdan (kristallaryň gidrat bardasy) başga-da mikrogiňişlikde ýerleşýän erkin suwuň barlygy anyklandy. Syrçadaky suwuklygyň umumy möçberi 3,8%.
Dişiň gaty dokumalaryndaky suwuklyklar barada ilkinji gezek alymlar tarapyndan 1928-nji ýylda ýazyp geçdiler. Soňra dentindäki bar bolan diş suwuklygyny mikrogiňişlikleri doldurýan syrça suwuklygy bilen deňeşdirip başladylar. Mikrogiňişlikleriň göwrümi syrçanyň göwrüminiň 0,1-0,2%-ini düzýär. Adamyň sogrulan dişlerinde ýörite gyzdyrma usulyny ulanmak bilen geçirilen barlaglarda şular anyklandy: tejribe başlanandan 2-3 sagatdan soňra syrçanyň ýokarky gatlagynda “syrça suwuklygynyň” damjalary emele gelýär. Suwuklygyň hereketi ownuk damarjylyk (kapillýarlyk) güýçleri bilen şertlenendir, syrça suwuklygy bolsa, molekulalaryň we ionlaryň (Bergman…) geçirijisi bolup hyzmat edýär. Syrça suwuklygy syrçanyñ diñe ösüş döwründe däl-de, eýsem kemala gelen dişde hem wajyp orny eýeleýär.
Syrçanyñ organiki maddasyny beloklar, lipidler we uglewodlar düzýär. Syrçanyñ beloklarynda fraksiýalar kesgitlendi: turşulyklarda ereýän EDTU (?) 0,17%, eremeýäni 0,18%, peptidler we erkin aminoturşulyklar – 0,15%.
Aminoturşulykly düzüm boýunça bu beloklarda keratinleriñ (umumy mukdary 0,5%) alamatlary bar. Syrçada beloklar bilen bir hatarda lipidler (0,6%), sitratlar (0,1), polisaharidler (uglewodlaryñ 1,65 mg 100 g syrçasyna) ýüze çykaryldy. Şeýlelik bilen, syrça şu düzümde bolýar: organiki däl maddalar – 95%, organiki maddalar – 1,2%, suw- 3,8%. Beýleki ýazarlaryñ maglumatlaryna laýyklykda organiki maddalaryñ düzümi 3% barabar.
Dentin (dentinum). Dişiñ esasy durkyny düzýän dentin syrça garanda az heklenen. Dentinde 70-72% organiki däl hem-de 28-30% organiki maddalar we suw bardyr. Organiki däl maddanyñ esasyny kalsiý fosfaty (gidroksiapatit), kalsiý karbonaty we az mukdardaky kalsiý ftoridi düzýär. Onuñ düzüminde köpsanly makro- we mikroelementler bardyr.
Dentiniñ organiki maddasy beloklardan, lipidlerden we polisaharidlerden durýar. Beloklaryñ aminoturşulykly düzümi kallogenler üçin adatydyr, birmeñzeşdir: glisiniñ, proliniñ, oksiproliniñ köp mukdary we kükürtli aminoturşulyklaryñ ýoklugy.
Dentiniñ esasy maddasynyñ içinden köp-köp dentin lulejikleri (akabajyklary) geçýär (3.19-nji surat), olaryñ mukdary 1mm2 dentinde 30 000–den 75000-e çenli üýtgäp durýar. Dentin lulejiklerinde (akabajyklarynda) dentin suwuklygy hereket edýär, ol dentiniñ täzelenmegine gatnaşýan organiki we organiki däl maddalar bilen üpjün edýär.
Dentinde aýdyñ çalşyk hadysalar bolup geçýär, bu bolsa onuñ düzümi we gurluşy bilen şertlenendir. Ilki bilen dentiniñ belogyna degişlidir. Kollageniñ molekulasynyñ aminoturşulykly düzüminiñ täzelenmegine ukyplydygy mälimdir.
Dentin akabajyklaryñ barlygy we onda hereket edýän dentin suwuklygy organiki we organiki däl maddalaryñ çalşygy üçin zerur şertleri döredýär. Dişleriñ gaty dokumalaryna dürli faktorlaryñ täsir etmeginde dentin gurluşynyñ we düzüminiñ üýtgemesi, alyş-çalyş hadysalarynyñ barlygynyñ kliniki taýdan tassyklamasy bolup durýar. Köpelişen mehaniki şikesler, himiki täsirler, ýasy boýunça özgerişler we beýlekiler dişiñ gaty dokumalaryna täsir edýän faktorlar bolup durýar.
Gistologik barlaglaryň netijesinde, diş täjiniñ pulpa ýany dentininiñ (predentininiñ) içki bölümlerinde nerw uçlarynyñ bardygy anyklandy. Olar duýujydyrlar, efferent bolmagy-da mümkin. Ỳazarlaryñ köpüsi nerw süýümlerini heklenen dentiniñ bütin galyñlygyna geçmeýär diýip hasap edýärler. Elektron-mikroskopik barlaglaryň netijesinde hem heklenen dentindäki nerw süýümleriniñ barlygy kesgitlenmedi. Bu bolsa, şeksiz kliniki delili bolan dentiniñ duýujylygyny (gaty dokumalaryñ operasiýasynda we olara himiki we ýylylyk gyjyndyryjylaryñ täsirinde agyrynyñ geçmegi) düşündirmekligi has kynlaşdyrýar.
Bu delilleri düşündirmeklige synanyşýan iki nazary garaýyş bar. Avey, Repp-iñ (1959) kesgitlemesine görä, odontoblastlaryñ dentin ösüntgileri özünde asetilholinesterazanyñ köp mukdaryny saklaýar, ol bolsa, mälim bolşy ýaly, nerw impulsynyñ geçirijiliginde örän ähmiýetlidir. Munuñ esasynda ýazarlar agyrly azmalaryñ (gyjyndyrma) kabul edilmesiniñ we geçirilişiniñ hut odontoblastlaryñ ösüntgileri boýunça amala aşyrylýar diýip çakladylar. Şeýlelik bilen, ýazarlar olarda nerw süýümlerine degişli bolan alamatyñ bardygyny belläp geçdiler. Bränström (1966) gyjyndyryjylaryñ täsirinde agyrynyñ ýüze çykmasynyñ gidrodinamiki mehanizminiñ nazary düşünjesini (teoriýasyny) öñe sürdi. Ol dentiniñ içinde akabajyklaryñ geçýändigini, onuñ dentinli suwuklyk bilen doldurylan dokuma bolup durýandygyny subut edýär. Dentine bolan islendik bir täsir bu suwuklygyñ dişiñ pulpasynyñ reseptor apparatyna geçmegini döredýär. Eksperimental barlaglara laýyklykda, dentiniñ ýokarky gatlagynyñ guradylmagynda, şeýle hem operasiýa wagtynda dis dokumalarynyñ aşa gyzdyrylmagynda odontoblastyñ ýadrosy ösüntgä geçip gidýär. Bu bolsa, ondaky aýdyñ görunýän fiziko-himiki üýtgemeler barada şaýatlyk edýär.
Sement (cementum). Diş köküni örtýän dokuma gatlagy 68% organiki däl we 32% organiki maddalardan durýar. Himiki düzümi we gurluşy boýunça sement gödeksüýümli süñki ýatladýar.
Sement kalsiý duzlary bilen gandyrylan, esasy maddasy kollagen süýümlerinden durýar. Olar alweolanyñ süñk dokumasynyñ şu hili süýumleri bilen birleşýärler. Öýjüksiz we öýjükli sementi tapawutlandyrýarlar. Öýjüksiz sement köküñ bütin ýokarky gatlagynda ýerleşýär, öýjükli bolsa köküñ depejigini, köp köklülerde bolsa kökleriň şaha bölünýan töwereklerini hem örtýär. Süñkden tapawutlylykda sementiñ gan aýlanyş damarlary bar.
Diş syrçasynyñ ýerine ýetirýän işleri. Diş syrçasynyñ himiki duzümine we gurluşyna seredilende bir topar aýratynlyklar ýuze çykarylýar. Sebäbi ol bedeniñ damarsyz we iñ bir gaty dokumasydyr. Mundan başga-da, syrça adamyñ bütin durmuşynda diýen ýaly üýtgewsiz bolup galýar. Görkezilen alamatlar onuñ ýerine ýetirýän işi bilen düşundirilýär.
Diş syrçasy dentini we pulpany daşky mehaniki, himiki we ýylylyk gyjyndyrmalaryndan goraýar.
Bu sebäpli diş özüniñ esasy işini, ýagny iýmiti dişlemekligi we owratmaklygy amala aşyrýar. Bedeniñ iñ minerally we gaty dokumasy bolan syrçanyñ gurluş aýratynlyklary filogenez hadysasy netijesinde emele gelen.
Filogenezde dişleriñ osüşiniñ 4 tapgyry tapawutlandyrylýar. (I.G.Lukomskiý). Sada oñurgalylarda I tapgyrda, esasan-da balyklarda, dişiñ konus görnüşli şekili bolup, ol nemli bardanyñ buýnuzlaşan emzijekleri bolup durýar (gomodont diş gysylyşmasy). II tapgyrda dişler görnüşi boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar (geterodont diş gysylyşmasy). III tapgyrda (çylşyrymly, has ösen oñurgalylar) dişleriñ aýdyñ differensirlenmesi ýüze çykýar. IV tapgyrda adamyñ dişleri – diş gysylyşmasy redusirlenýär (ysgynsyzlanýar). Ỳazar haýwanlarda dişleriñ sanynyñ 44-den 32-ä çenli (adamda) azalmagyny göz öñünde tutýar. Munda diş dokumalarynyñ düzüminde we gurluşynda aýdyñ üýtgemeler bolup geçipdir.
Şeýlelik bilen, ösüş (ewolýusiýa) hadysasynda dokuma kemala geldi. Ol aşakda ýerleşýän dentini we pulpany dürli-dürli gyjyndyrmalardan pugta goraýar.
Adamyñ dişi çeýneýiş wagtynda degerli basyşa çydaýar. Çeýneýiş ezeläniň ýygrylmagynda dişlere düşýän basyş 130 kg ýetýär. Diş dokumalary şeýle basyşy diñe ähmiýetli, degerli gatylykda göterip bilerler, bu bolsa olaryñ uly minerallaşmasy mynasybetli gazanylýar. Şol bir wagtyñ özünde, syrça beýleki dokumalara degişli bolan bir topar alamatlary ýitirdi syrçada nerw süýümleriniñ, reseptorlaryñ damarlaryñ ýoklugy zerarly, onuñ gyjyndyryjylarynyñ hiç birine täsiri ýokdur, şeyle hem dokumanyñ ýitirilen bölegini dikeltmekde (regenerasiýa ukyby) hiç hili ukyby ýokdur. Şonuñ bilen bir hatarda syrça adamyñ bütin ömrüniñ dowamynda öz düzüminiñ hemişeligini saklamaga ukyply. Syrçanyñ fiziologiki aýratynlyklaryny saklamakda wajyp orny eýeleýän ýeke-täk saklanan alamaty bu onuñ geçirijiligidir, ýagny suwy we onda erän maddalaryñ ionlaryny geçirmeklige bolan ukyplylygy.
Syrçanyñ geçirijilik hadysasy dişiñ (syrcanyñ) daş tarapyndan agyz suwuklygy, pulpanyñ gapdallaryndan bolsa dokuma suwuklygy bilen ýuwulmagy zerarly we syrçada suwuklyk bilen doldurylan giñişlikleriñ barlygy sebäpli amala aşyrylýar.
Reñkleriñ, suwuñ we käbir beýleki ionlaryñ geçirilmeginiñ mümkinçiligi geçen asyryñ ahyryndan bäri mälimdir. Bedeckeriñ tassyklamagyna laýyklykda, diş limfasy iki hilli funksiýany ýerine ýetirip, syrçanyñ içinden geçip bilýär. Ỳerine ýetirýän funksiýalary: süýt turşulygyny güýçden gaçyrmak we syrçadaky mineral duzlaryñ hasabyna diş syrçasynyñ galyñlygyny, berkligini ýokarlandyrmak.
Häzirki döwürde syrçanyñ geçirijiligi jikme-jik öwrenildi, bu bolsa, öñki döwurlerde bar bolan düşunjelere, pikirlere täzeden seretmäge mümkinçilik berdi. Öñler maddalar syrçanyñ içine pulpa-dentin-syrça ýoly bilen barýar diýip hasap edilýän bolsa, häzirki döwürde maddalaryñ syrçanyñ içine sülekeýden geçýändigi, bu ýoluñ bolsa, esasy ýol bolup durýandygy subut edildi (3.20-nji surat). Syrça iki ugurda geçirijidir: syrçanyñ ýokarky gatlagyndan dentine we pulpa tarap hem-de pulpadan dentine we syrçanyñ ýokarky gatlagyna tarap. Edil şu ýerde diş syrcasyny ýarymgeçiriji membrana diýip alymlar hasap edýärler. Fosdicriñ tassyklamagyna görä, geçirijilik-bu dişleriñ çykmasyndan soñra, diş syrçasynyñ ýetişip, kemala gelenliginiñ esasy subutnamasy bolup durýar.
Onuñ pikiriçe, dişde diffuziýanyñ adaty kanunlary ýüze çykýar. Şonuñ bilen birlikde suw (syrça suwuklygy) kiçi molekulýar konsentrasiýasynyñ gapdaly bilen ýokarky tarapa, molekulalar we ionlar bolsa ýokary konsentrasiýa tarapyndan aşaky konsentrasiýanyñ tarapyna geçip gidýär.
Häzirki döwürde alymlaryň arasynda diş syrçasyna we dentine sülekeýden köp mukdarda organiki däl we organiki maddalaryñ geçýänligi babatda jedeller ýaýbañlanan.
Sagdyn syrçanyñ ýokarky gatlagyna radioişjeň kalsiý ergini (45Ca) çalnanda, ol eýýäm 20 minutdan soñ ýokarky gatlakda peýda bolýandygy subut edildi. Dişiñ ergin bilen geçirilen uzak barlaglar tarapyndan dişiň ýokarky gatlagyna Na2HP32O4 ergininiñ damar içine goýberilenden ýa-da ýüzleý ýapgyly siňdirlenden soñra haýwanlaryñ sagdyn dişiniñ dentinine we syrçasyna radioişjeň fosforyñ girizilişi anyklandy.
Kalsiniñ we fosforyñ sülekeýden diş syrçasyna geçýänligi babatdaky ýuze çykarylan kanunalaýyklyklar, syrçanyñ remineralizasiýa usulynyñ işlenmesi üçin nazary başlangyçlar bolup hyzmat etdi. Bu usul häzirki wagtda irki döwürdäki kariýesiñ öñüni almak we ony bejermek maksady bilen ulanylýar.
Häzirki döwürde diş syrçasyna sülekeýden köp mukdarda organiki ionlaryñ geçýänligi anyklandy. Bu ionlaryñ köpüsi ýokary derejedäki geçirijilige eýedirler. Mysal üçin, pişigiñ sagdyn gyýak dişiniň ýokarky gatlaklarynyñ üstüne kaliýniñ radioişjeň ýodidiniñ ergini (131K) çalnanda, bu ergin 2 sagatdan soñra, galkan görnüşli mäzde anyklandy.
Köp wagtyñ dowamynda organiki maddalaryñ diş syrçasyna geçmeýänligi babatda pikirler bardy. Emma radioişjeň izotoplaryñ kömegi bilen itiñ dişleriniñ şikes ýetmedik ýokarky gatlagyna aminoturşulyklar, witaminler, zäherler çalynyp, 2 sagat geçenden soñ, olaryñ diş syrçasyna we hat-da dentine geçenligi anyklandy.
Häzirki döwürde syrçanyñ bu wajyp hasiýetiniñ käbir aýratynlyklary, kanunalaýyklyklary öwrenildi. Geçirijiligiñ derejesiniñ birnäçe faktorlaryñ täsiri astynda üýtgäp bilýänligi anyklandy. Geçirijilik geçýän agente köp-köp bagly bolup durýar. Bir walentli ionlar iki walentlilere garanda has geçiriji bolup durýandyr. Ionyñ zarýady, täçleriñ pH-i, fermentleriñ işjeñligi we beýlekiler möhüm ähmiýete eýedirler. Munuñ bilen bir hatarda syrçanyñ geçirijilik derejesi onuň gurluşyna hem baglydyr. Mysal üçin, ýaş ulaldygyça adamda hemişelik dişleriñ syrçasynyñ geçirijiligi peselýär. Elektroforez, ultrasesli tolkunlar, pH-yñ pes ähmiýeti syrçanyñ (3.21-nji surat) geçirijiligini güýçlendirýär. Gialuronidaza fermentiniñ täsiri astynda syrçanyñ geçirijiligi has güýçlenýär, agyz boşlugynda gialuronidaza fermentiniñ mukdary mikroblaryñ barlygynda kopelýär. Esasan-da, diş syrçasynyñ geçirijiliginiñ (ýokarlanmagyny, artmagyny) diş örtügi astynda üýtgeýändigini bellemek zerur. Saharozaly diş örtügi bar ýagdaýynda, syrçanyñ geçirijiliginde has aýdyñ üýtgemelere syn etmek bolar.
Syrçada ftoryñ ionlarynyñ ýaýramagyny öwrenmek özüne aýratyn üns çekýär. Natriý ftoridiniñ ergini ýüzleý çalnanda ftoryñ ionlary çuñluga çalt geçip gidýär we käbir alymlaryñ tassyklamagyna görä, syrçanyñ kristallik gözenegine girişýärler. Syrçanyñ ýokarky gatlagyny natriý ftoridiniñ ergini bilen arassalanylandan soñra, syrçanyñ geçirijiliginiñ birden pese düşýändigini bellemek gerek. Bu hadysa klinika üçin örän wajypdyr, çünki remineralizirleýji bejerginiň dowamynda diş arassalanyşynyñ yzygiderligini kesgitleýär.
Syrça geçirijiliginiñ mehanizmi we ýollary.
Häzirki wagta çenli syrçanyň ýeterli derejede öwrenilendigine garamazdan, bu ýerde heniz çözülmedik meseleler köp. Ilki bilen diş syrçasyndan has ownuk giñişlikler molekulalar geçip bilýärler.
Alymlaryñ tassyklamagyna görä, dişiň ýokarky gatlagynda pulpanyñ öýjügara suwuklygynyñ we agyz suwuklygynyñ osmatik basyşynyñ dürlüligi, diş syrçasyna dürli ionlaryñ we anionlaryñ geçmeginiñ esasy şerti bolup durýar. Sebäbi sülekeý interstisial suwuklyklara (syrça suwuklygy) garanda, fosfatlara, kalsiý ionlaryna we beýleki ionlara has baýdyr, ionlar sülekeýden diş syrçasyna geçip gidýär. Bu hadysa çylşyrymly bolup, dürli faktorlaryñ (maddalaryñ konsentrasiýa, fermentatiw işjeñlik, pH, dişe mehaniki basyş, ýükleme we beýl.) täsiri bilen üýtgäp bilýär.
Glisiniñ, liziniñ aminoturşulary ýaly, organiki maddalar syrçanyñ bütin ýokarky gatlagyna çalynanda, olaryň syrçanyñ bütin çuñlugyna geçip gidişini düşündirmek biraz kynçylyk döredýär. Organiki maddalaryñ ýokarky gatlaklardan çuñ gatlaklara, oz içinde organiki maddalaryñ uly mukdaryny saklaýan (lamellalar, towlylary we başg.) döremeler boýunça girip gidýänligi kesgitlenildi. Syrçanyñ içine organiki maddalaryñ diñe sülekeýden geçýänligi tejribeleriň üsti bilen anyklanyldy. Aminoturşulyklar, witaminler syrçanyñ içine dentin tarapdan geçmeýärler.
Diş syrçasyna organiki däl we organiki maddalaryñ geçiş hadysasy öwrenilende, sülekeýiñ ýerine ýetirýän işi baradaky sorag ýüze çykýar.
Mälim bolşy ýaly, sülekeý – bu dişiñ hemişeki ýerleşýän täçleri, sebäbi syrçanyñ içine maddalaryñ girip gitmegi, maddalaryñ eremegi şerti bilen diñe suwuk täçleriñ barlygynda mümkindir. Dişiñ ýokarky gatlarynyñ sülekeý bilen öllenmegi dişiñ gaty dokumalarynyñ (hususan-da, syrçanyñ) fiziologik ýagdaýyny şertlendirýär. Munda, bu dokumanyñ düzüminiñ hemişeligi saklanýar we onuñ esasy ýerine ýetirýän funksiýasynyñ, ýagny, aşakda ýerleşýän dokumalaryñ daşky gyjyndyryjylardan goraýjylyk funksiýasynyň ýerine ýetirilişi amala aşyrylýar.
Diş syrçasynyñ kemala gelşi. Dişiñ kemala gelşi – bu kalsiniñ, fosforyñ, ftoryñ we beýleki komponentleriñ köpelmegi we diş syrçasynyñ gurluşynyñ kämilleşmesidir. Dişleriñ üýtgeýşine, esasan-da, diş çykandan soñ onuñ syrçasyna köp sanly gözegçiliklerden soñra, bu sorag has jikme-jik öwrenilip başlandy. Gartaşan adamlaryñ dişleri demineralizirlenen erginleriñ hereketine has durnukly bolýanlygy möhüm delilleriñ biri bolup durýar. Soñky barlaglaryñ netijesinde adamyñ ýaşy ulaldygyça syrçanyñ we dentiniñ mineral düzümi we gurluşynyñ üýtgeýänligi anyklandy. Himiki düzümiñ üýtgemesi maddalaryñ pulpa arkaly gelip düşmegine baglydyr diýlip hasap edilýärdi. Soñrak bolsa, syrçanyñ mineral düzüminiñ üýtgemesiniñ sülekeýden dürli maddalaryñ gelip düşmesi bilen şertlenenligi anyklanyldy.
Häzirki wagtda diş çykmasyndan soñra syrçada kalsiniñ we fosforyñ toplanmasynyñ bolup geçýänligi anyklandy. Esasan-da, diş çykmasyndan bir ýyl geçenden soñ, bu hadysa has işjeñ bolup geçýär. Bu döwürde syrçanyñ dürli zolaklarynyñ ähli gatlaklarynda kalsiý we fosfor toplanýar. Biraz soñrak fosforyñ, 3 ýaşdan soñra bolsa, kalsiniñ toplanmasy birden haýallaýar. Syrçanyñ kemala geliş we mineral komponentleriniñ köpeliş derejesi boýunça, syrçanyñ ýokarky gatlagynyñ ereýjiligi, kalsiniñ we fosforyñ bioptata çykyşynyñ görkezijileri boýunça peselýär. Syrçadaky kalsiniñ we fosforyñ hem-de kariýesiñ düzüminiñ arasyndaky garşylyklaýyn baglanyşyk kesgitlenildi. Disiñ ýokarky gatlagynda syrça öz içinde has köp kalsini we fosfory saklaýar.
Şol maddalary öz içinde az mukdarda saklaýan syrçasy bar bolan dişiñ ýokarky gatlagy kariýes bilen seýrek şikeslenýär.
Syrçanyñ kemala gelmeginde ftoryñ ähmiýeti uludyr. Diş çykmasyndan soñra onuñ mukdary köpelýär. Ftoryñ goşmaça goýberilmegi syrçanyñ ereýjiligini peseldýär we onuñ gatylygyny ýokarlandyrýar. Syrçanyñ kemala gelmegine wanadiý, molibden, stronsiý ýaly mikroelementler hem täsir edýär.
Syrçanyñ kemala gelmeginiñ mehanizmi doly öwrenilmedik. Munda kristallik gözenekde üýtgemeleriñ bolup geçýänligi, syrçadaky ownuk (mikro) giñişlikleriñ göwrüminiñ kiçelýänligi, bu ýagdaýyñ bolsa, onuñ has dykyzlanmagyna getirýänligi bellenýär.
Syrçanyñ kemala gelmegi baradaky maglumatlar kariýesiñ öñüni almakda wajyp ähmiýete eýedir. Çünki olar boýunça remineralizirleýji (preparatlar) dermanlar bilen arassalanyşyñ geçiriliş usulyny, möhletlerini kesgitlemek mümkin. Agyz suwuklygynda ftoryñ ýetmezçiliginde, syrçanyñ kemala geliş döwründe ftory içine hem-de ýerli goşmaça ulanylmak zerurdyr. Bu bolsa, ftorly erginler bilen agyz çaýkamaklyk, ftorly hamyrlar bilen dişleri arassalamaklyk we beýleki usullar arkaly amala aşyrylýar.
Syrçanyñ ýaşaýşa ukyplylygy. Syrçanyñ ýaşaýşa ukyplylygy babatdaky sorag häzirki wagtda hem ýüze çykýar. Bu sorag taryhy jähtden (takmynan soñky 100 ýylyñ dowamynda) onuñ üç döwre bölünýändigini aýtmak bolar.
Geçen asyryñ ahyrynda we häzirki asyryñ başynda syrça jansyz dokuma diýip hasap edilýärdi. 40-50-nji ýyllarda I.G.Lukomskiniñ, A.E.Şarpenagyñ we beýlekileriñ ýazan işleri çapdan çykdy. Olarda syrçanyñ janly dokuma bolup durýandygy babatda deliller getirilýär. Bu döwür kariýesiñ döremeginiñ sebäpleriniñ gözlenýän döwri hasaplanylýar. Umuman aýdanyñda, ony syrçadaky islendik patologiki üýtgemeleri bedendäki alyş-çalyş hadysalarynyñ bozulmalary nukdaý nazaryndan düşündirýän döwür hökmünde kesgitläp bolýar. Diýmek, syrça – bu janly dokuma bolup, onda madda çalşygy, şol sanda hem belok komponentleriniñ täzelenişi bolup geçýär.
1950-nji ýyldan soñ, üçünji döwür başlanýar. Bu dowür üçin, syrçanyñ gurluşynyñ, syrçada bolup geçýän hadysalaryň öwrenilmegi häsiýetlidir. Netijede, syrçada biologiki çalşygyñ ýoklugy, syrçadaky bolup geçýän hadysalaryñ fiziko-himiki (kanunlar) nukdaýnazardan düşündirilýänligi kesgitlendi. Organiki we organiki däl maddalar syrçanyñ içine esasan sülekeýden geçýärler, ýöne syrçada belok molekulalaryñ täzelenişi ýuze çykarylmady.
