Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.3.1.2. Hemişelik dişler

Kesiji dişler (dentes incisivi). Ýokarky äňiň merkezi dişleri kesiji dişleriň tarapynda iň ulula­rydyr. Alyn we dil ýüzüniň üstleri kesişip, kesiji gyrany emele getirýär. Öňräk çykan dişlerde onuň 3 tümmejigi bar, bu tümmejikler biraz wagtdan soň ýitýärler (3.8-nji surat). Alyn ýüzüniň üsti biraz gü­ber­çekli bolup, onda aýdyň görünmeýän iki sany keşjagaz ýerleşýär. Bu keşjagazlar täjiň takmynan mer­kezi böleginden kesýän gyra tarap çekilýär we onuň tümmekleriniň arasynda gutarýar. Dil tara­pynyň üsti üçburçluk görnüşdedir, oýukdyr, egrelendir. Täjiň gyralarynda ýiti aýdyň bolmadyk tümme­jik­ler bar. Olar diş boýunjygynda kesişip, tümmegi emele getirýär. Bu tümmegiň ululygy özgerip durýar; kesişýän ýerinde bolsa, uly tümmegiň barlygynda oýjagaz emele gelýär. Ortaky we gapdal diwarjyklar güberçekli, olaryň kesişýän gyrasynda üstjagazy bar, şeýle hem diş boýunjygynda düýbi, esasy bar bolan üçburçluk görnüşine eýedir. Köki konus görnüşli, öň ýüzüniň üsti yzka garaňda biraz giňräk we kese-kesikde üçburçluk gornüsine golaýlaşýar. Köküň ortaky we gapdal tarapyndaky üstünde dik keşjagazlar bar. Gyşyklygyň we burçuň alamatlary has aýdýň görünýär; köküň alamaty aydýň däl, ýöne umuman kök, yzky gapdal ugra gyşaran.

Ýokarky äňiň gapdal kesiji dişleri (3.9-nji surat) ölçegi boýunça merkezi kesiji dişlerden kiçi­räk. Westi­bul­ýar ýüzüniň üsti güberçekli, ortaky üsti kesiji gyra geçende, kütegräk burçy emele getirýär.

Gapdal çüňki ep-esli aýlawly. Dil tarapyndaky üsti oýukdyr, egrelendir we aýdyň gapdal tümmejikleri emele getirýär, üçburçluk görnüşine eýe bolýar.

Dişiň boýunjygynda kesişip, olar tümmegi emele getirýär, onuň birleşýän ýerlerinde bolsa, adatça aýdyň boluşly aýjagaz döreýär. Kök gapdallarynda keşja­gazlar bar. Merkezi kesiji diş ýaly, burçyň we gyşyklygyň alamaty has aýdyň görünýär, kök alamaty bolsa onçakly aýdyň däldir.

Aşaky merkezi kesiji dişler (3.8-nji surat) ýokarky alyn kesiji dişlerden kiçi­räkdir. Olaryň täçleri kese­ligine uzaldylan, dodak tarapynyň üsti onçakly güberçek däl, dil tarapynyň üsti keseligine oýuk­dyr we egrelendir.

Gapdal tümmejigi aýdyň däl, şonuň üçin bu ýerde tümmek ýokdur. Mer­ke­zi kesiji dişleriň täçleri gapdal kesiji dişleriňkiden insizräkdir. Gapdal tarapynyň üsti kerträk, ýöne gapdal kesiji diş­lerde kesiji gyrasyndan boýunjyga tarap gaýdýan gapdal ýüzüniň üsti gyşar­dylan. Şol ýagdaýda kesiji gyranyň diş täjiniň boýun­jygynda­kydan giňiräkdigini bel­lemek zerur. Iki kesiji dişiň köki gapdallaryndan basylan. Merkezi kesiji dişleriň alamatlaryň ählisi sähelçe bildirýär. Olaryň şol ýa-da beýleki tarapa bolan degişliligini kökdäki keşjagaz boýunca kesgitlenýär, ol medial tarapynyň üstüne garaňda lateral tarapyndaky üsti has aýdyň ýüze çykýar.

Aşaky gapdal kesiji dişler (3.9-nji surat) burçunyň we köküniň gyşyklygynyň alamaty bo­ýun­­ça kesgitlenýär, ýöne bu alamatlaryň sähelçe ýüze çykýandygyny bellemek gerek. Ýokarky we aşaky kesiji dişlerdäki diş boşlugy üç­bur­çluk görnüşli bolýar, dil we iki gapdal diwarjyklary bilen emele gelýar. Boşlugyň has giň bölegi diş boýunjygynyň derejesinde ýerleşen, ol ýuwaş-ýuwaşdan daralyp, kök akabasyna geçýär. Ýokarky merkezi kesiji dişleriň akabalary giňdir, gapdal kesiji dişler birneme insizräk, gapdallaryndan gysylan. Käbir ýagdaýlarda akabalaryň ýitigsi gutarýan şahalandyrmalaryň bolmagy mümkin. Aşa­ky gapdal kesiji dişleriň aşaky üçünji böleginde akabalar delta şekilli şahalanýar we ýene-de köküň depejigine birleşyär.

Gyýaklar (dentes canini). Ýokarky äniň gyýaklary (3.10-nji surat) konus görnüşli, bir kökli dişleriň toparyndan iň bir ösen dişler bolup durýar. Gyýagyň kesiji gyrasy kesiji dişlerdäki ýaly göni çyzyk bi­len döremän, ol burç aşagynda iki sany kesişyän böleklerden durýar. Şol bolekler kesişyän ýerinde aý­dyň görünyän tümmegi emele getiryär. Ony emele getiryän çyzyklardan medial çyzyk hemişe late­ral çyzykdan gys­ga gelyär. Dodak tarapy üsti güberçek we tümmejikli tarapyndan aýdyň bolma­dyk dodak tara­py­nyň üsti iki sany ýapgyt gyra, ýagny kiçi, medial we uly, lateral ‎ýapgyt gyralaryna bö­lün­ýar. Dil tara­pynyň üsti güberçek ol hem tümmejikler bilen iki sany ýapgyt gyra bölünen, olarda çu­ňlyk, kä­wagt bolsa ö‎ýjagazlar bol‎ýar. Dişiň boýunjydynda tümmejik aýdyň görünýan tümmege geçýar. Gatna­şykly tarapynyň üsti üçburçlyk görnüşli bol‎ýarlar. Köki gowy ösen, konus ­pisintli gör­nüş­de, gap­dal­laryndan biraz gysylan, onuň laterial ‎ýokarky gatlagy has güberçekli. Iki tarapyň aýdyň bol­ma­dyk keş­jagazlary bar. Köküň depejigi köplenç egrelen. Burçuň we gyşyklygyň alamatlary gowy görünýär.

Aşaky äňiň gyýak dişleri (3.10-nji surat) ýokarky äňiň gyýak dişleri bilen deňeşdirilende biraz kiçiräk; daşky görnüşi boýunça olaryň arasynda uly tapawut ‎ýok. Dodak tarapynyň üsti güberçek, tümmejik erbet görünyär, şonuň üçin medial we laterial ýapgyt gyralara bölünmesi düşnüksiz, nätakyk. Dil tara­pynyň üsti biraz egrelen, tümmegi aýdyň. Diş täjiniň alyn we gapdal tarapynyň üs­tüniň beýikligi dil we medial üstüniň beýikliginden biraz geçyär. Gapdal tarapynyň üstünde köküň aýdyň keşja­gaz­lary bar.

Ýokarky we aşaky äňleriň gyýak dişleriniň boşluklary giň. Olar iki görnüşde bolýar. Boşlugyň täç bölegi gönüden-göni kök akabasyna geçyär. Aşaky äňiň gyýak dişlerinde käwagt iki akaba, ýagny dodak we dil akabalary duş gelýär.

Kiçi azy dişler (dentis premolares). Ýokarky äňiň birinji kiçi azy dişinde täjiniň görnüşi gö­nüburçluga ýakynlaşýar, dil tarapynyň üsti ýaňak tarapynyň üstünden biraz kiçiräk, täjiň göw­rümi ýaňak-dil ugurda ulurak (3.11-nji surat). Ýaňak tarapynyň üsti güberçekli, diş täjiniň gyşyklygynyň ala­maty aýdyň yüze çykýar, bu alamat şu dişlerde käwagt tersine bolmagy-da mümkin, ýagny ýaňak tarapynyň üstüniň yzky bölegi has güberçekli we öňki bölegi has ýapaşak. Ýaňak tarapynyň üsti aýlawly burçlary emele getirip, gapdal tarapynyň üstüne geçyär. Gapdal tarapynyň üsti gö­nü­burç gör­nüşli, güberçekli, onda-da yzky ýokarky üsti has güberçek bolýar. Olar birsydyrgyn hiç hili burç döret­män güberçekli dil tarapynyň üstüne geçyär. Çeýneýji tarapynyň üsti iki tümmek bilen döre­dilen, olardan ýaňak tümmeginiň ölçegi biraz ulurak.

Tümmekleriň arasynda keşjagazlar ýerleşýär, ol gapdallaryndan kiçiräk kese keşjagazlar bilen çäklendirilen. Munuň netijesinde çeýneýji tarapynyň üstüniň gyralary boýunça tümmejikler emele gelýär. Köküň öň – yzky ugurlary gysylandyr, gapdal tarapynyň üstünde çuň keşjagazlar bar. Diş köküniň depejigi iki sany özbaşdak köke, ýagny ýaňak we dil köklerine bölünýär. Kökleriň bölünýan araçäkleri dürli – dürlüdir. Olar köplenç köküň üstjagazynda bolýar, ýöne onuň ortaky böleginde hem, hatda boýunýany töwereklere hem ýakyn bolmagy mümkin. Köküň bölünmesiniň araçäkleri näçe ýokary boldugyça çeýneýji tarapyndaky üstüniň tümmekleri şonçada biri – birine gabat gelýär. Dişde ähli tapawutlandyrylýan alamatlar aýdyňdyr. Olar äňiň sag ýa-da çep tarapdaky dişlerdigini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ýokarky äňiň ikiňji kiçi azy dişlerinde guýguç şekildäki agyzly bir akaba bar, ol boşluk düýbüniň merkezinde ýerleşen. Seýrek ýagdaýda (13,5% ýagdaýda) bu dişlerde iki akaba bolýar, şonda olaryň agyzlary diş boşlugynyň ýaňak we dil diwarjyklaryna has ýakyn ýerleşen bolýar. 85% ýagdaýlarda iki akaba, 6%-de üç we 9% ýagdaýlarda bir akaba bolýar.

Ýokarky äňiň ikinji kiçi azy dişi (3.12-nji surat) görnüşi boýunça birinjiden az tapawutlanýar, ýöne ondan biraz kiçiräk. Alyn tarapynyň üsti güberçek bolup, onuň gowy aýdyň bolmadyk dik tümmegi bar. Gatnaşykly tarapynyň üsti güberçek, özi hem, yzky tarapynyň üsti öňki tarapynyň üsti bilen deňeşdirilende has güberçek bolýar. Ýaňak we dil tarapyndaky üstüniň ölçegi birinji kiçi azy dişe garanda birneme kiçiräk.

Çeýneýji tarapynyň üstünde meňzeş ululykda bolan, iki sany tümmek ýerleşýär. Kök, kada bolşy ýaly, ýekelikde bolup, gapdal tarapyndaky üstünde uly bolmadyk keşjagazlary bar. Görnüşi, biraz ýasy ýaýbaň şekilli bolup durýar. Ýokarky äňiň birinji kiçi azy dişlerinde boşlugyň düýbi eýer görnüşli bolýar. Ýaňak we dil akabalar dar bolup, olaryň agyzlary boşluk düýbüniň gyralary boýunça ýerleşýär. 75% ýagdaýda bir akaba, 24%-de iki we 1% ýagdaýda üç akaba bolýar.

Aşaky äňiň birinji kiçi azy dişi (3.11-nji surat) öz ölçegi boýunça, ýokarky äňiň kiçi azy dişlerine garanda kiçiräkdir. Tegelek görnüşli täjiň çeýneýji tarapyndaky üstünde iki sany tümmegi bar, olar­dan ýaňak tümmegi dil tümmeginden ulurakdyr. Tümmekleri uly bolmadyk keşjagaz bölýär (kes­ýär), ol mydama dil tümmegine ýakyn ýerleşýär. Öňki we yzky tarapyndaky üstüniň tümmek­leri syrça bilen birleşýär. Beýleki ýagdaýlarda ýaňak tümmeginiň ortasyndan dil tümmegine tarap syrça tümmüjigi geçýär, şonda onuň gapdallary boýunça çeýneýji üstünde iki oýjagaz emele gelýär. Ýaňak tarapynyň üsti güberçekdir, gyşyklygyň alamaty aýdyň görünýär, gatnaşykly tarapynyň üsti hem güberçek bolup, olar ýuwaş-ýuwaşdan dil tarapynyň üstüne geçýär. Kök süýri görnüşli, öňki we yzky taraplarynyň üstünde gowy aýdyň bolmadyk keşjagazlar bar. Köplenç diş täji we kök biri-birine bolan ýagdaýy boýunça kütek burçy bilen dil tarapyna garşy ýapgytly ýerleşýändir. Köküň alamaty aýdyň görünýär. 74% ýagdaýda bir we 26% ýagdaýda iki akabasy bolýar.

Aşaky äňiň ikinji kiçi azy dişi (3.12-nji surat) ölçegri boýunça şol äňiň birinji kiçi azy dişiniň ölçeginden uludyr. Çeýneýji üsti iki sany meňzeş hem-de gowy ösen tümmeklerden ybarat gyralary boýunça olaryň arasynda syrça tümmejikleri bar. Tümmekleriň arasynda çuň keşjagaz ýerleşýär köplenç ondan goşmaça keşjagaz gaýdýar. Bu keşjagaz dişi üç tümmekli dişe öwürp, dil tümmegini ikä bölýär. Ýaňak tarapynyň üsti birinji kiçi azy dişiň ýaňak tarapynyň üstünden tapawutlanmaýar. Gat­na­şykly tarapynyň üsti bolsa, biraz ulurak ölçegde hem-de güberçekli bolup durýar we ýuwaş-ýuwaşdan dil tarapynyň üstine geçýär. Gowy ösen dil tümmekligi zerarly, ol hem birinji kiçi azy dişiniň dil tarapynyň üsti bilen deňeşdirilende ulurakdyr. Konus görnüşli kök, birinji kiçi azy diş bilen deňeşdirilende has ösendir. Diş boşlugynyň täç bölegi kiçi azy dişlerde öňki, yzky ugurlarda gysylgy ýada daralan, täç tümmeklerine laýyklykda iki çykydy bar bolan yş görnüşine eýedir.

Aşaky äňiň kiçi azy dişlerinde hem dişiň täç boşlugy öňki, yzky ugurlarda gysylandyr, bir akabaly, özi hem onuň guýguç şekilli agzy bar. Ikinji kiçi azy dişiň depe böleginde käwagt akabalaryň şahalanmasy bolýar.

Uly azy dişler. Ýokarky äňiň birinji uly azy dişiniň (3.13-nji surat) çeýneýji üstünde 4 tümmegi bar. Olar biri-birinden keşjagaz bilen aýrylan. Keşjagazlaryň biri öňki tarapynyň üstünden başlanyp, çeýneýji üstüni kesip geçýär we ýaňak tarapynyň üstüne geçip gidýär, bu ýerde ol diş boýunjygyna çenli dowam edýär. Bu keşjagaz bilen öňki ýaňak tümmegi çäklendirilýär. Ikinji keşjagaz yzky tara­pynyň üstünden başlanýar. Ol yzky dil tümmeginden aýrylyp, çeýneýji we dil tarapynyň üstüne geçip gidýär. Üçünji keşjagaz çeýneýji üstüniň ortasynda ýerleşýär, iki sany birinjileri birleşdirýär we öňki dil hem-de yzky dil tümmeklerini bölüp aýyrýar. Ýaňak tümmekleri konus gornüşli, dil tümmekleri bolsa has aýlawly tegelenen bolup durýar. Öňki tümmekler yzkylardan mydama ulurak­dyr. Ýaňak tarapynyň üsti güberçek, keşjagaz bilen bölünen, täç gyşyklygynyň alamaty has aýdyň­dyr. Yzky tarapynyň üsti öňki tarapynyň üstünden has guberçekdir, ýöne onuň ölçegleri yzka garanda has ulurakdyr. Dil tarapynyň üsti ýaňak tarapynyň üstünden has güberçekdir, emma ondan kiçi­räkdir. Onuň gowşak aýdyňlykdaky keşjagazy bar. Bu keşjagaz çeýneýji tarapynyň üsti bilen, dil tara­pynyň üstüne geçýär. Öňki dil tümmeginde adatça azda-kände aýdyňlykdaky, emma çeýneýji üstüne ýetmän duran anomal (goşmaça) tümmejigi bar. Dişiň üç sany aýdyň köki bar: biri – kentlewük, konus görnüşli hem-de iki sany ýaňak, ýagny öňki we yzky (soňkusy öňki kökden kiçiräk). Kökleriň ikisi hem öň-yzky ugurda gysylan. 57% ýagdaýda üç, 4% ýagdaýda bolsa, dört akabalary bolýar.

Ýokarky äňiň ikinji uly azy diş tajiniň dürli gurluşy bolýar (3.14-nji surat). Olardan aşakda görkezilen 4 gör­nüşi has köp duş gelýär: 1) diş täjiniň gurluşy boýunça birinji uly azy dişiň täjiniň gönüşine golaýlaşýar, emma hemişe özüniň ýoklugy bilen häsiýetlenýär. Goşmaça tümmejik muňa dahylly daldir; 2) dişiň täji romb görnüşlidir. Öňki dil we yzky dil tümmekleri ýakynlaşan, olaryň arasyndaky keşjagaz çalaja bildirýär; 3) öňki dil we yzky dil tümmekleri öňki dil ugurda birleşýärler; 4) üçburçluk görnüşdäki gurşawyň üç tümmegi, ýagny bir dil we iki ýaňak tümmegi bar. Diş täçleriniň birinji we dördünji görnüşleri has köp duş gelýär. Dişiň üç köki bolup, birinji, uly azy diş bilen deňeşdirilende, biraz kiçiräkdir. Käwagt ähli kökleriň bir konus görnüşlisine bitişmegini görmek bolýar.

Konus görnüşlisinde, has takygy, ondaky bitişmäniň ýerinde diňe keşjagazlar bolýar. Köplenç beýleki ýagdaýda diňe ýaňak kökleri bitişýär. 70% ýagdaýda üç, 30%-de dört akabalary bolýar.

Ýokary äňiň üçünji uly azy dişiniň (3.15-nji surat) dürli görnüşi we ululygy bardyr. Käwagt ol birinji uly azy dişiň ölçeglerine ýetip bilýär ýa-da ondan has kiçi bolup, seýikli dişiň görnüşine eýe bolmagy mümkin. Köplenç diş täjiniň 3 tümmegi, seýrek ýagdaýda 4, ýöne 5-6 hem bolup biler. Dişiň kökleriniň ölçegleri we görnüşi hem mydamalykdyr, olaryň sany 1-den 4-5-e çenli üýtgäp bilýär. Ýokarky äňiň uly azy dişleriniň boşlugy gönüburçluk görnüşinde bolýar ýa-da olar ikinji uly azy dişlerde köplenç duş gelýän uzaldylan üçburçluk görnüşine eýedirler. Boşlugyň gümmezi diş boýunjygynyň derejesinde ýerleşýär, şahalary täç tümmekleriniň töwereklerine çykyp durýar. Akabalaryň girelge agyzlary üçburçluk görnüşinde ýerleşýär. Adatça, üç akaba bolýar: dil akabasy (has giňräk) we iki dar ýaňak akabasy. Olardan yzky ýaňak akabasy özara anastomozir­lenýän iki akaba şahalanýar.

Aşaky äňiň birinji uly azy dişi aşaky äňiň uly azy dişleriniň toparyndan iň ulusydyr. Onuň çeýneýji üstünde dik we kese keşjagazlar bar. Dik keşjagaz çeýneýji üstüniň diňe çäklerinde ýerleşýär, kese keşjagaz bolsa, ýokarky ýaňak gatlagynda başlanýar we çeýneýji ýokarky gatlagy kesip geçip, ýökarky dil gatlagyna geçýär.

Çeýneýji üstüniň yzky ýaňak böleginde kese keşjagazdan gaýdýan goşmaça kiçiräk keşjagaz bar. Keşjagazlaryň şu hili ýerleşmesi, çeýneýji tarapynyň üstünde 5 tümmegi, ýagny 3 ýaňak we 2 dil tümmegini emele getirýär. Örän seýrek ýagdaýda alty tümmekli ikinji uly azy dişleri duş gelýär. Ýaňak tarapynyň üsti güberçek, täjiniň gyşyklyk alamaty gowy aýdyňlykda. Gatnaşykly tarapynyň üsti ýokarky äňiň birinji uly azy dişine laýyk gelýän tarapynyň üsti bilen meňzeşligi bar: täjiň yzky ýokarky üsti kiçiräk we öňki tarapynyň üstüne garanda has güberçekdir. Diş üstüniň güberçek we ýaňak tarapynyň üstüne garanda ölçegi kiçidir. Diş täji agyz boşlugyna tarap egilip duran. Dişiň 2 sany, ýagny öňki we yzky kökleri bar; olar ýasy, ýaýbaň bolup, giňligi bolsa ýaňak-dil ugrunda has aýdyňdyr. Kökleriň ýüzüniň üstünde dik keşjagazlar ýerleşýär. Yzky köküň yzky tarapynyň üsti muňa dahylly däldir. Kökler biraz yza gyşarylan. 65 % ýagdaýda üç, 29%-de dört we 6 % ýagdaýda iki akabasy bardyr.

Aşaky äňiň ikinji uly azy dişi (3.14-nji surat) birinji uly azy dişden biraz kiçiräk, ýöne görnüşi meňzeşdir. Çeýneýji üstünde iki keşiň kesişmesi arkaly dörän hem-de ululygy boýunça 4 sany meňzeş tüm­mekleriň barlygy, munuň tapawutlandyrýan alamaty bolup durýar. Örän seýrek ýagdaýda 5 tümmek, şeýle hem seýrek ýagdaýda kökleriň birikmesi duş gelýär. Kökleriň alamaty gowy aýdyňdyr.

Aşaky äňiň üçünji uly azy dişi (3.15-nji surat) dürli görnüşli bolup biler. Ýöne, bu hadysa şol dişe garşy durýan ýokarky äňiň üçünji uly azy dişine garanda has seýrek bolýar. Köplenç çeýneýji üsti 4 tümmekden durýar, emma käwagt bäş tümmekli (üçünji uly azy) dişler hem duş gelýär. 6 – 7 tümmekli dişleriň bolýan ýagdaýlary hem duş gelýär. Köplenç ýagdaýlarda dişler iki bolýar, ýöne köplenç olar bir konus görnüşli köke birigýärler. Seýrek ýagdaýda biraz ýetmezräk ösen birnäçe kök­ler duş gelýär. Aşaky äňiň uly azy dişleriniň boşlugy ýokarky äňiň uly azy dişleri ýaly, dişiň görnüşini gaýtalaýar. Boşlugyň täç böleginiň, öňki diwarjygynyň has giň göwrümliligi bilen trapesiýa şekillidir. Boşlugyň gümmezi diş boýunjygynyň ugrunda ýerleşýär, onuň 4 şahasy tüm­meklere girýär. Şeýle hem, diş täjiniň tümmekleri ýaly öňki şahalar yzkylardan biraz ulurakdyr. Täç boşlugy kök akabalaryna geçýär, olardan ikisi öňki kökde we biri, has giňrägi yzky kökde ýerleşýär. Akabalar şahalanyp bilýärler, öňküleriň arasynda käwagt anastomozlar bardyr. Akabalaryň agyzlary üçburçluk görnüşinde ýerleşen, ýagny, üçburçlugyň depejigi yzky akaba öwrülen.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]