- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
Adamda dişler bir gezek çalyşýar. Dişleriň çalşykly-gysylyşmasyna wagtlaýyn ýa-da süýt (dentes temporarii s. lactici) dişleri diýilýär. Olar ýaşaýyşyň 6-7-nji aýlarynda çykyp başlaýarlar, 21/2 -3-nji ýylda bolsa çykyp gutarýar. 5-6 ýaşda hemişelik gysylyşýan dişler çykyp başlaýar, 13 ýaşlara wagtlaýyn dişler hemişelik dişlere bütinleýin çalyşýar. Wagtlaýyn we hemişelik dişleriň sany meňzeş däl: kiçi azy dişleriň we üçünji azy dişleriň ýoklugy zerarly wagtlaýyn dişleriň gysylyşmasynda 20 diş bolýar.
Wagtlaýyn dişleriň gysylyşmasynda dişleriň anatomik formulasy - 2.1.2, ýagny ýokary we aşaky äňleriň her tarapynda 2 alyn diş, 1 gyýak diş we 2 azy diş bolýar.
Hemişelik dişleriň gysylyşmasynda 32 diş bolýar. (3.6 – njy surat). Olaryň anatomik formulasy - 2. 1. 2. 3, ýagny 2 alyn diş, 1 gyýak diş, 2 kiçi azy diş we 3 azy diş.
Wagtlaýyn we hemişelik dişleriň gysylyşmasynda diş täçlerini (corona dentis), ýagny agyz boşlugyna çykýan diş bölegini; alweolada ýerleşýän diş köküni (radix dentis); anatomik döremesi bolan diş boýunjygyny (collum dentis) (munda diş täji köke geçýändir) tapawutlandyrylýar. Bu ýerde diş täjiniň syrçaly örtügi gutarýar we diş köküni örtýän sement (cementum) başlanýar. Diş boýunjygynyň töwereginde aýlawly bagjyklar berkidilýär, onuň süýümleri ters tarapdan alweolanyň, diş etiniň süňküne örülip gidýär, şeýle hem goňşy dişleriň boýunjyklaryna ugrukdyrylýar.
Dişiň içinde boşluk (cavum coronale) bolup, ol täç bölümine (covum coronale) we köküň ujunyň depesinde darajyk deşik (foramen apicis dentis) bilen gutarýan kök akabalaryna (canalis radicis dentis) bölünýär.
Diş täçleriniň birnäçe ýüzüniň üsti bar. Alyn dişleriň toparyna şular degişli: westibulýar (facies vestibularis); dil ýüzüniň üsti (facies lingualis); iki gatnaşykly ýüzüniň üsti bolýar, olaryň biri ortaky zolaga gönükdirilen, muňa ortaky ýüzüniň üsti diýilýär. (facies medialis), beýlekisi bolsa – gapdal ýüzüniň üsti – daşyna gönükdirilendir. Dodak we dil ýokary gatlaklaryň kesişýän zolagy- kesýän gyrany (margo incisalis) emele getirýär. Kiçi azy dişleriň we azy dişleriň toparynda bosaga (facies vestibularis), dil (facies lingualis), çeýneýji (facies masticatoria) ýüzleriniň üstüni tapawutlandyrýarlar. Gapdal diş ýüzüniň üstüni (facies cotactus) birini öňki (facies anterior), beýlekisini yzky (facies posterior) diýip atlandyrýarlar.
Her bir dişiň anatomik alamatlary bolýar. Olar onuň haýsy topara degişlidigini anyklamaga mümkinçilik berýär. Diş täjiniň kesýän gyrasynyň ýa-da çeýneýji ýokarky üstüniň görnüşi, kökleriň sany – bular şol alamatlardyr. Munuň bilen bir hatarda dişiň sag ýa-da çep äňe degişliligi ýaly alamat hem bar, ýagny diş täjiniň, burçunyň, köküň gyşyklygynyň alamatlary.
Diş täjiniň gyşyklygynyň alamaty westibulýar (diş, ýaňak) ýüzüniň üsti ep-esli güberçekliginiň medial ýerleşmeginde ýüze çykýar (3.7-nji surat 1).
Diş täjiniň burçunyň alamaty kesiji we gyýak dişleriň medial ýüzüniň üstüni we kesýän gyralaryň has ýiti burç döredýänliginde ýüze çykýar. Şol burçuň kesýän gyranyň we lateral ýüzüniň üstüni döredýän burçundan has ýitidigini bellemek zerur (3.7-nji surat 2).
Kök alamaty. Munda kesiji we gyýak dişleriň kökleri yzlygyna gapdallaýyn ugurda, kiçi azy dişler we azy dişler bolsa köküň dik okundan yzlygyna gyşarýarlar, süýşýärler (3.7-nji surat 3, 4).
3.3.1.1. Süýt dişler
Süýt dişleriň anatomik gurluşy hemişelik dişleriň gurluşyna meňzeşdir. Ol hemişelik dişlerden özüniň kiçi ölçegi, diş täçleriniň uzynlygy, ýagny, täçleriň has aýdyň giňligi, gögümtil reňki bilen tapawutlanýar. Boýunjyk töwereginde syrçanyň gyrasy birneme ýognalan we ýasyjk görnüşde çykyp dur. Alweolýar ýaýynda wagtlaýyn dişler dikligine ýerleşýärler, bu bolsa wagtlaýyn dişleriň kökleriniň yzynda süýt dişleriň düwünçekleriniň ýerleşişi bilen şertlenendir. Süýt dişlerde kiçi azy dişleriň topary ýokdur.
Kesiji dişler (dentes incisiwi). Ýokarky we aşaky äňleriň wagtlaýyn kesiji dişleriniň täçleri bir meňzeş atly hemişelik dişleriň täçlerine meňzeş.
Dodak ýüzüniň üsti güberçek, ýokarky äňiň merkezi kesiji dişlerinde hemişelik merkezi kesiji dişlerde has aýdyň görülýän dik keşjagazlar ýokdur. Kesiji dişleriň ählisinde lateral burçy ep-esli aýlandyrylan. Dişleriň kökleri inçe, aýlawly görnüşli, merkezi kesiji dişlerde burç alamatlary has aýdyň görülýär: medial burç lateral burça garanda has ýiti.
Emma ýokarky äňiň gapdal kesiji dişiniň lateral burçy merkezi kesiji dişe garanda has aýlanan. Ýokarky äňiň merkezi kesiji dişleriniň kökleri has giňdir, olaryň depejikleri bolsa, distal we öňe tarap gyşaran. Merkezi kesiji dişleriň täçleri ownuk, kökleri medial we lateral ýüzüniň üstündäki keşjagazlar bilen ýemşerilen.
Gyýak dişler (dentes canini). Ýokarky we aşaky äňleriň wagtlaýyn gyýak dişleriniň ölçegi hemişekilere garanda kiçiräkdir, täçleriniň bolsa güberçek ýüzüniň üsti bardyr.
Wagtlaýyn gyýak dişleri üçin kesýän ýiti gyralarynyň barlygy häsiýetlidir. Aşaky äňiň gyýak dişiniň täji ýokarky gyýak dişiňki ýaly däldir. Gyýak dişleriň köki togalak görnüşli, biraz egrelen depejiklidir.
Uly azy dişler (dentes molares). Ýokarky äňiň uly azy dişleri hemişelik azy dişler ýaly üç köke, ýagny iki ýaňak we bir kentlewük köklerine eýedir. Ýöne hemişelik dişler bilen deňeşdirilende olar gapdallara has aýdyň ýaýraýar. Bu bolsa, olaryň arasynda hemişelik kiçi azy dişleriň düwünçekleriniň ýerleşýänligi bilen baglydyr. Birinji uly azy dişiň täji ýygy duş gelýän anatomik gurlyşa baglydyr. Duş gelýän anatomik gurluşyň iki görnüşi bar. Käbir ýagdaýlarda olar gurluş taýdan hemişelik dişleriň gysylyşmasy birinji azy dişleriniň täçleri bilen meňzeşdir, ýagny keşjagazlara bölünen ýaňak we dil tümmekleri bar.
Ikinji ýagdaýda diş täji öňe-yza tarap çekdirilen. Ýaňak tümmeginiň üç sany kiçiräk çykytlary, biraz kiçiräk ölçegdäki ýöne çeýneýji ýüzündäki gatlagyň üstünden has gowy çykyp duran dil tümmegi bar. Ýokarky äniň ikinji uly azy diş täjiniň gurluşy ýokarky äňiň birinji hemişelik uly azy dişleriniň täji bilen meňzeş. Onuň 4 tümmegi bolup, içindäki öňki we yzky dil tümmegi syrça ýasyjagy bilen birleşendir. Nädogry diýip hasap edilýan goşmaça tümmek 90% ýagdaýlarda duş gelýär.
Aşaky äňiň wagtlaýyn uly azy dişleriniň iki sany giňişleýin duran köki bardyr, olaryň arasynda bolsa, ýokarky äňiň uly azy dişleriniň kökleriniň arasyndaky ýaly kiçi azy dişleriň düwünçekleri bardyr.
Birinji uly azy dişiň täjiniň çeýneýji ýüzüniň üstüniň 4 sany tümmegi bardyr, olaryň biri, ýagny oň tarapdaky ýaňak tümmegi yz tarapdaky dil tümmegi bilen ulurak syrça ýasyjagy arkaly birleşdirilendir. Ikinji uly azy dişiň täji özüniň gurluşy boýunça aşaky äňiň hemişelik azy dişiniň täji bilen meňzeş gelýär, onuň 5 sany tümmegi bardyr.
