- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Diş daşlaryny aýyrmak
Parodont we agyz boşlugyň nemli bardasynyň keselleri bejerlende ilki bilen diş daşlary we ýokundylary aýrmakdan başlanýar. Emma köp lukmanlar muňa känbir üns bermeýärler, şeýle hem diş daşlary aýyrmagyň usularyny we agyz boşlugyň (gigienasyny) arassaçylygynyň tertip düzgünini öwretmeýärler. Diş daşlaryny arassalamak çylşyrymly iş bolmak bilen, ussatlygy talap edýär. Diş daşlary howlugman dişiň öňünden, yzyndan, gapdalyndan, üstünden, parodontyň astyndan, jübijigiň içinden hemme tarapyndan ýumşadyjy we arasalaýjy serişdeler bilen arasalap geçmeli. Arassalan wagtyňda üns bilen dişiň hemme tarapyny doly geçmeli.
Ýumşak ýokundylary antyseptik erginler (furasyllin,3% hidrogeni peroxidi we ş.m.) bilen çaýkap soňra pamyk letdejigini hidrogeni peroxidi ergini ýa-da permanganat kaliýa bilen gowy ýuwup arassalanýar.
Eger munuň bilen aýrylmasa, onda ýörite daşlary aýyrmak üçin netlenen gurallaryň (ekiskawatryň, çeňňekleriň) kömegi bilen aýrylýar. Diş ýokundylary ekiskwatoryň kömegi bilen arassalananda hökmany ýagdaýda süpürji (şotka) ýa-da rezinler bilen ýüzüni ýylmamak zerurdyr. Stomatologiya serişdelerini öndürýän firmalar diş daşlaryny aýyrýan hamyrlar öndürýärler. Düzüminde ionlaşdyrlan ftor we okisid çirkon saklaýar (Detartrine, Detartrine fluoree, Dentartrine "Z" we ş.m.). Şu günki günde düzüminde gidrokarbonat natry saklaýjy hamyrlar bilen arassalamak gowy netijeli hasaplanýar. Diş daşlary arassalamagyň tertibi ilki bilen iň çetki dişden ýagny aşaky äň-den çep tarapdan sekizinji dişde onuňam aňyrky (distal) tarapyndan başlap, soňra onuň gapdal (medýal) dil, duluk taraplaryny ahyrynda çeýneýji üstüni arassalap bolanyňdan soň onuň bärsindäki dişi, şeýdip merkezi dişlere tarap geçmek bilen sag tarapdaky dişleri arassalanyňdan soň çep tarapdaky çetki dişlerden başlap, merkezi dişlere geçilip arassalanýar.
Şonuň ýaly ýokarky aňdäki dişleri arassalamak çep tarapdan iň soňky dişlerden başlap merkeze dişlere tarap şeýdip sag tarapdaky çetki dişlerden hem başlap merkeze tarap arassalap geçmeli ahyrynda alyn dişlerde gutarylýar.
Şu günki günde diş daşlaryny arassalamak parodont keselleriň önüni almakda uly ähmiýeti bardyr. Diş daşlary, parodont şikes ýetirýär we çişme hadysanyň başlamagyna ýardam berýär. Diş ýokundylary diýip ýerli ýokanç ojaklaryna aýtmak bolar, sebäbi munuň özi ýerli we umumy bedeniň zeperlenmegine alyp barýar hem patalogik alamatlary döremegine alyp barýar. Şonuň üçin diş daşlaryny aýyrmak we arassalamak iň bir wajyp zatlaryň biridir.
Stomatologiya gullugynda diş daşlaryny mehaniki usul bilen aýyrmak giňden ýaýrandyr. Onuň üçin dürli görnüşdäki ekiskowatorlar, çeňňekler, krýutaj edilýän çemçeler, Zakisiň, Makkollanyň gurallar toplumy ulanylýar, esasan hem ýiti ekyskowatorlar iň oňaýlysydyr.
Diş daşlary aýrylanda şu tertip düzgünler berjaý edilmelidir.
- Diş daşlaryny aýyrmak üçin ulanylýan stomatologiki gurallar hökmany ýagdaýda arassalanmaly (sterilizasiya).
- Diş daşlaryny aýrmazdan öň hökmany suratda agyz boşlugy we işlenjek ýerleri antiseptik erginler (furasillin, hidrogeni peroxidi we ş.m.) bilen arassalamak, ýuwmak, sülekeýden pamyk letdejigi (walyk) bilen çäklendirmek gerekdir.
- Howlygyp gödek we çalyt hereketler etmek bolmaýar: ýuwaşlyk bilen süpürji hereketler etmek wajip, esasan hem gatan daşlar bar bolsa.
- Diş daşlary aýyrýan wagtyň gurallary saklaýan eliň hökmany suratda goňşy dişe ýa-da äňe daýanmaly, sebäbi ýumşak dokumalara şikes ýetmez ýaly.
- Gyýmydaýan dişi bolsa hökmany ýagdaýlda çep eliň bilen berk saklamaly.
- Näsagyň gözüne goparylýan daş duşmez ýaly ýörite netlenen äýnek geýdirmek zerurdyr.
- Diş daşlary aýyrýan lukman hökmany ýagdaýda ýorite aýnek geýmek zerurdyr, sebäbi goparylýan daşlar zarbyna gözüňe we agyz boşluga düşmegi mümkin.
Diş daşlary doly we gowy arassalamak üçin ilki bilen parodontyň üstindäki daşlardan, dişiň öň ýüzündäki dodak we ýaňak taraplaryny, şeyle-de dişleriň arasyndaky gapdal taraplaryny, soňra dil tarapyny arassalamak zerur. Diňe şondan soň doly arassalanandygyna göz ýetireniňden soň parodontyň astyndaky daşlary we granulýasiýany aýryp başlamagy maslahat berilýär. Özem bir wagtyň özünde hemme dişlerde aýyrmak maslahat berlmeýär. Adaty ýagdaýda 3-4 dişlerde aýyrmak bolýar. Hökmany ýagdaýda gurallarymyz parodont jubijigine şikes ýetirmez ýaly onyň göwrümine, çünlugyne, dişleriň aýlawyna gabat gelmelidir.
Diş daşlaryny aýyrlanda sarp edilýän güýçler ýerine düşer ýaly lukman bilen näsagyn öz aralarynda durmaly ýerleri sazlaşyk bolmalydyr.
I - Lukman näsagyň öňünde durup.13.12.11.21.22.23. dişleriň hemme tarapyny we soňra çep tarapdaky uly azy dişleriň dil tarapyny hem ýaňak tarapdaky uly azy dişleri arassalaýar.
II - Lukman näsagyň arka tarapynda durup (yzyndan gelip) 43.42.41.31.32.33 dişleriň hemme tarapyny arassalaýar.
III - Lukman näsagyň yzynda durup kellesini sag tarapa öwürmeli.
Ýokarky we aşaky kiçi hem uly azy dişleriň ýaňak tarapyny, şeýle-de gaňşlawyk ýokarky sag tarapy we dil tarapy aşaky sag tarapdaky kiçi hem uly azy dişler arassalanýar.
IV - Lukman näsagyň yzynda durup kelesini çep tarapa öwürmeli.
Ýaňak tarapynda ýokarky sag we gaňşlawyk (tanlay) tarapynda ýokarky çep kiçi we uly azy dişleri arassalanýar.
Parodontyň astyndaky diş daşlary doly derejede arassalananlygyny barlamak hökman, onuň üçin dürtgüjiň kömegi zerurdyr. Dürtgüç bilen jübüjigiň içinden köküň ýüzüni ýuwaşlyk bilen sürtüp barlananda ýüzi ýylmanak arassa hem iriňli suwuklygy ýok bolanda, onyň arassadygy barada habar berýär.
Diş daşlaryny aýyrmak üçin ultra sesli enjamy ulanylanda, lukmanyň işlerini aňsatlaşdyrýar we doly arassalamaga mumkinçilik berýär. Muniň üçin ýorite enjamlar bolup, onuň päýneklery bolýar. Bu enjam dünýä stomatologiýasynyň amalynda giňden ulanylýar. Diş daşlaryny ultrasesli (ultrastom) enjamyň kömegi bilen aýyrmakda görkezmeler we garşy görkezmeler onyň gowy tarapy hem-de ýetmezçilikleri kesgitlenildi.
Ultrastomyň kömegi bilen daşlary aýyrlanda şu aşakdaky üç sany tertip düzgünler ýerine ýetirmek zerurdyr.
-Dişiň öz okuniň üstünde ýiti kesiji gural goýmak ulanmak bolmaýar.
-Dişiň üstüne agram güýç bilen basmak bolmaýar.
-Enjamyň suw sepip ýuwyjysy bolmasa, ulanmak bolmaýar.
Umumy gan damar keselli näsaglarda enjamy seresap ulanmaly, näsagda binjalyklar ýüze çyksa,onda işi togtatmaly.
Ultra sesli enjamlary dogry ulanylanda dişiň pulpasyna ziýan yetmeýär.
Dişler gymyldysy ýokary bolanda daşlar berk ýelmeşen bolsa, onda mehaniki güýç bilen aýyrman himiki usul bilen (himiki erginler) daşlary eredip, ýumşadyp aýyrmak masalhat berilýär. Bu usul üçin (Detartrol ultra) "Septodont" firmasynyň çykaran ergini ulanmak maslahat berilýär. Muniň düzümi konçentirlenen duzly turşulygy, ýod we hloroformdan durýar. Serişdäni pamyk letdejigine siňdirip 30 sekundyň dowamynda daşlary aýryljak dişlere çalmaly we soňra arassa suw bilen çaýkamaly. Şeýle edilse daşyň gatylygyny ýumşadýar we aňsatlyk bilen dişiň ýüzünden aýyrmak bolýar. Ýöne ergin parodont düşse şikeslendirýär şonuň üçin seresap bolmak zerurdyr.
Haýsy usul bilen diş daşlary aýrylandada ýüzüni hökmany ýagdaýda ýylmamak zerur bolup galýar. Muniň üçin Süpürji (şotkalr) rezinden ýasalan browlar we ş. m. ulanylýar. Has gowy netije berýän ýorite hamyrlar bilen arassalansa we ýüzüni ýylmamak bilen jemlemek maslahat berilýär.
