- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.1. Diş ýokundylary
Gelip çykyşyna görä diş çökündiler iki topara bölünýar.
I. Miniralaşmadyk diş ýokundylary; pellikula; diş kesmegi; ýumşak diş ýokundysy (ak madalar); Iýmit galyndy.
II. Mineralaşan diş ýokundylar; dişyany dokumanyň ustündäki daşlar; dişyany dokumanyň astyndaky daşlar.
Diş ösüp çikanyndan soňra öýjükler we kutikula syrçanyň epitelýasynyň ýüzne örtülýar. Onuň düzüminde ösüntgiler tertipsiz ýagdaýda ýerleşendir. Bular öz gezeginde iki topara bölünyär (üstündäki gatlagyň astyndaky we üstündäki) kutikula we pellikula.
Pellikula-sülekeýiň esasynda emele gelip düzümi aminokislotlardan şekerden ybarat bolup olardan polisaharidler emele gelýär. Birnäçe alymlaryň pikirlerine görä pellikula gidroksitapatitleriň kristalyndan emele gelýändigini belleýarler. Pellikula birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Goraýyş işi, dişiň syrçasynyň kristallaryny gurşap alýan turşulyklardan gorayar. Şeýle-de mikroorganizimleri birleşdirip hatara ýerleşdirip diş kesmegini emele getiryär.
Dişlere ýokundy ýygnanmagy belli bir yzygiderlilikde bolup:
1) Pellikula bakterýalaryň ýelmeşmegi; 2) Öýjüksiz ýokudylaryň döremegi; 3) Bakterýalaryň ösmegi we diş kesmegiň emele gelmegi.
Pellikula bakterýalaryň ýelmeşmegi barada birnäçe düşünjeler bar. Bu mesele gaty gyzykly bolmak bilen bakterýalaryň ýelmeşmek derejesini peseldip, onda karies keselini azaldyp boljagyny aýratyn alymlar tarapyndan bellenylýar.
Alym Silwerstone tarapyndan şu aşakdaky faktorlary grkezilýär;
- Mikromolekulalaryň sorulmagy.
- Bakterýalaryň himiki taýdan berkemegi.
- Syrçanyň ýüzine bakteriýalaryň ýelmeşmegi.
-Ikilenji mikrofloranyň emele gelmegi.
-Gaýtadan berk ýelmeşmegi.
Diş kesmegi-dürli görnüşdäki mikroorganizimleriň ýygnanmagyna we syrçanyň ýüzüne berk ýelmeşmegine aýdylýar. Düzüminde dürli görnüşde hem köp möçberde mikroblar bolup, olardan 70% golaýy streptokokk,15 %weýlonelly we neysserii hem 15% başga görnüşdäki mikroblar. Esasy turşylyk görnüşdäki beloklar toparyndan bakterýalar, kömelejikler esasan hem Candida albiçans, difteroidlar we sol sandan anaerob bakterýalar, fuzobakteri we ş.m. bolýarlar.
Dişleri arassalanandan soňra 2 sagat geçenden kesmekler peýda bolup başlaýarlar, ýokundy 24 sagatyň dowamynda bakteryalara baýlaşyp we öz görnüşlerini üýtgedip, gatap başlaýar. Ilki başda ýokundynyň düzmünde anaerob mikroblary soňra ösen aerob we anaeroblara baýlaşýar. Kesmekler döremekde şekeriň oruny ýokarydyr. Monodisaharidler we mikroblaryň esasan hem Str.mutansyň jemlenmegi, dişiň gaty ýylmanak ýüzünde monodisaharidler emele gelmäge mümkinçiligi ýokarydyr. Ýöne kesmekler esasan diş aralarynda, dişyany dokumalaryň kisejiklerinde, iň köp jemlenýän ýerleridir.
Kesmegiň ýygnanmagynda şekerlerden we mikroblardan başgada sülekeýiň dykyzlygyna, nemli bardanyn epitelýasynyň desknamasiýasynda ýagny ýara bolmagy sebäpli öz özünden arassalanyp bilmeýän ýagdaýlarynada baglydyr.
Diş kesmekler (bilýaşka) agyz boşlugyny suw bilen çaýkalanda ýa-da sülekeýiň täsiri bilen hem aýrylmaýar, ol agyz boşlugynyň pH üýtgemegine täsir edip bilýär .
Kesmekleri aýyrmak üçin diş süpürgijiň (sotganyň) kömegi bilen gowy sürtmek bilen aýrmak bolýar. Diş kesmeginde ftoruň bolmagy içilýän agyz suwyň düzümine baglydyr. Diş ýokundynyň kariýes keselini döretmekde orny ulydyr.
Emma kabir ylmy barlaglarda adamynyň agyz boşlugynda diş kesmekleri ýokary derejede ýygnanan hem bolsa, karies keseli duş gelmeýar. Iýmit iýlende uzak wagtyň dowamynda çeýnemek bilen sülekeýiň mukdarynyň artmagy bilen kariýes keselini dörediji uglewod turşusynyň dargamagyna alyp barýar. Şeýle-de ýokundynyň düzüminde mikroelementleriň bolmagy kariýes keseline garşy täsiri bardyr. Ftoruň bolmagy ýokundynyň düzümindäki kesel dörediji bakteriýalary dargadýar.
Şeýle-de kalsi we fosforiň mukdarynyň ýokary bolmagy kariýesiň döremegine garşy täsir edýär diýip belenýär.
Miniralaşan diş ýokundylary ýerleşişi we gelip çykyşyna görä iki topara bölünýär;
- Parodontyň astynda; Dişýany dokumanyň üstünde.
Kafedramyzda geçirilen barlaglaryň netijesinde adamlaryň arasynda dürli ýaşlarda, sagdyn parodontlarda 70%-de miniralaşan diş ýokundylary we agyz boşlugynyň agzalary kesellän adamlarda 90-95% çenli duşýar. Parodontyň astyndäki daşlar ýaşlaryň arasynda köp duşýar we ýaşy ulaldygyça köpelýar. Parodontyň üstündäki daşlar astyndaka seredeninde has köp duş gelýar. Çagalaryň arasynda 12-14 yaşda 40-60%,16-19 yaşda 45-70%, a 40 yaşdan ýokardaky adamlarda bolsa 80-100% duşýar. Ýaşyň ýokarlandygyça dişyany dokumanyň aşagyndaky daşlar has köp duşýar.
Dişyany dokumanyň üstündäki daşlar dişyany dokumanyň üstünde halka şekili birleşdirji süýmleriň we dişiň boýunjyk böleginde hem ýüzüni örtýär. Adaty ýagdaýda ak ýada agymtyl sary reňklerde bolup gaty we ýumşak kesek gatylygynda bolýar. Daşlaryň renki iýilýän iýmitiň ýa-da ýaramaz endikleriň (çilim, nas) täsirine görä üýtgeýar. Bulary reňkine we gatylygyna görä tapawutlandyryp bolýar. Näçe renky ak bolsa şonça ol täze dörän bolýar we dykyzlygy gowşak, hem ýumşak bolýar. Emma reňki gara boldugyça şonça-da dykyzlygy ýokary we gaty bolmak bilen uzak wagtdan bäri emele gelen bolýar. Bu topardaky daşlar sülekeýler toparyndan bolup, esasy sülekeýiň düzümindäki mineral maddalaryň esasynda mineralaşýar. Bir dişiň töweregine ýygnanyp bilýär ýa-da bir topar dişleriň we hemme dişleriň düýplerine ýygnanýar. Esasan hem ýokarky uly azy dişiň çekge tarapynda ýagny gulak ýany sülekeý mäziniň akabasynyň göz başynda we aşaky alyn dişleriň dil tarapynda dil asty we äň asty sülekeý mäzleriň akabasynyň göz başynyň açylýan ýerlerinde iň bir köp ýygnanýan ýerleri bolup durýar. Şeýle-de dişleriň aralarynda, çeýneýji üstinde, gapdal taraplarynda hem gapma-garşy diş ýok ýerlerde we dişleriň arassalamasy kyn bolan ýerlerde, çeýneýji işleri ýerine ýetirilmeýän (agyryly diş bolup şol tarapda iýmit çeýnelmedik ýagdaýlarda) halatlarda diş daşlar ýygnanyp başlamaga mümkinçilik ýüze çykýar.
Parodontyň üstündäki daşlaryň 70-90% organiki däl we galany organiki madalardyr. Organiki däl maddalaryň 75,9% fosfat kalsiya, 3,1% karbonat kalsiya we fosfat magniý, şeýle-de başga görnüşdäki demirlerem az möçberde barlygy ýüze çykaryldy. Muniň 39% kalsiya, 19% fosfor, 0,8%, magny 1,9% karbonatlardan ybaratdyr. Şeýle-de düzüminde mikroelmentlerden natry, sink, brom, mis, altyn, alýumini, demir, ftor we s.m.
Organiki däl maddalaryň 3,2% kristal maddalary bolup onuň esasy dört görnüşi bolýär; gidroksiapatit, magniapatiti, oktatkalsia fosfat we brusitler.
Alymlar T.L.Pilat we B.A.Sawostin (1983) apatitleri üç görnüşe bölýärler (gidroksiapatiti, ftorapatit, frankolit). A.A.Kolesewa tarapyndan dişiň ýüzüne ýygnanýan gaty ýokundylaryň düzüminde üç görnüşde miniral çöküntgi barlygyny bellenýär:
-däne görnüşli miniral çöküntgi; -ýumurtgaň gabygy pisint; -dürli sekilli.
Diş daşlarynyň organiki we minirallaşan madalaryna görä iki topara bolünýär. Düzüminde miniral madalarynyn mukdary az bolmadyk diş daşlary ýygnanan adamlarda däne görnüşli çökündi ýygnanan bolýär. Çökündi nädogry ýagdaýda ýerleşip organiki madalar esasynda toplanan bolýar. Fosfat kalsiý çökündisi däne şekili bolup 0,1-0.25 mm möçberde bolýär.
Kä bir adamlarda diş daşlary azajyk mukdarda ýygnanan ýagdaýlarda ýumurtganyň gabygy pisint ya-da dürli şekilde bolup düzüminde organiki we organiki däl maddalar gat-gat ýagdaýda ýerleşýärler. Diş daşlaryny keseligine ýüzüni ýylmanan ýagdaýda onyň gatlak-gatlak ýagdaýdadlygyny görmek bolýar. Fosfat kalsiý çöküntgi esasan hem organiky gatlagynda jemlenýärler. Organiki düzüminde epitelýa hyzmat edýän proteýin polisahoritler birleşmesi, leýkositler şeýle-de dürli kesel dorediji mikroblar bolýar.
Diş çöküntgileriň organiki düzüminiň 10% golaýy uglewod galaktoza, glýukoza, ramnoza, mannoza, glyukoron turşysy, galaktozaminler we seýrek duşýän arabinoza, galakturon turşysy, glýukozaminler ýüze çykarlan. Proteýin sülekeýde 5,9-8,2% muniň esasy bölegi aminoturşysydyr. Lipidler bolsa erkin ýagdaýda ýerleşendir. Olar ýag turşysy, holesterol, efir holesterol we fosfolipitlerden ybaratdyr.
Malyskinoý A.T. (1979) tarapyndan geçirilen elektron-mikroskop barlagynda parodontyň üstindäki diş daşlar rumba sypatly çötündi bolup, olaryň aralarynda dürli görnüşdäki bakterýalaryň kokkalaryň toplymynyň ýygnanmagy bilen, agyz boşlugynda kokkalar ösüp köpelmegine mümkinçilik berýär. Diş daşlaryň içki gatlaklaryna ulaldyjy mikroskobyň kömegi bilen seredilende sülekeý bilen galtaşýän gatlagy büdir-südir bolmak bilen minerallaşmagyň derejesi pes ýagdaýda saklanýär hem mikroblaryň esasy bölegi ýaşaýşa ukyplylygy pes halda bolup, düzüminde grampolojitel we gramotersatel mikroblaryn derejesi agyz boşlugyndakydan mukdary köp bolýar. Diş ýany dokumanyň üstindäki daşlarda grampolojitel mikroblara baý bolýär. Iriňli suwuklygy ýygnanan wagtynda mikroblar daşlaryň iň daşky gatlaklarynda has köp jemlenýär.
Diş daşlary diýip-mineralaşan kesmegiň ýygnanmagyna aýtmak bolar. Köplenç kesmekler gatamaýar. Täze kesmeklerde mineralaşan apatitler bolmaýar. Diş kesmekleri minerallaşmaga 24 sagatdan soňra başlaýanlygy aýratyn ylmy çeşmelerde bellenilýär.
Alymlar Pilat T.L. we Fatahowa Yu.B. (1988) aýtmagyna görä diş ýokundylar üç döwürde emelegelýär:
1-nji döwür - mineral madalaryň ýygnanýan döwri 45-60 güne çenli, miniralaşmagyň emele gelip başlaýan wagty.
2-nji döwür - mineralaşmagyň ösüp kämilleşýän döwri 45-60 günden 650-700 güne çenli dowam edýär.
3-nji döwür - mineralaşmagyň ýokary derejede kämileşen döwri 650-700 günden soňraky wagtlary öz içine alýar.
Diş ýokundylaryň ilkinji döwründe ýumşak bolýar, ikilenji we üçinji döwürde gatan kesege (daşa) öwrülýär.
Diş kesmekleri belli bir derejelerde kalsi saklaýar. Diş daşlarynda, kalsi sülekeýiň düzümindäkilere seredeniňde 20 esse ýokary bolýar.
Diş daşlarynyň minerallaşa hadysasynyň esasynda kalsiý iýonlaryň, organiki matriksdaky proteinsaharid toplumy bilen baglanşygy we kalsiý fosfatynyň kristal duzlarynyň çökündileri ýatandyr. Ilki bilen kristallar öýjükara makriksde we bakterial kesmegiň ýüzünde emele gelýär – a soň bakteriýalaryň içinde. Diş daşlaryň minerallaşmagy dürli wagtda we şertlerde emelegelýänligi bellidir. Olar bir näçe toparlara bölünýär;
-Gysga wagtda emele gelmegi;
-Ýylyň dowamynda emele gelmegi;
-Uzak wagtyň dowaminda emele gelmegi;
-Hiç wagt emele gelmeýär;
Adamlarda günüň dowamynda daşlar ortaça 0,10-dan 0,15 mg çenli gury çökündi madanyň emele gelýänligini Pahomow G.N.(1982 ý) tarapyndan bellenildi. Diş daşlarynyň bir adamda ortaça 10-hepdeden 6 aýyň dowamynda emele gelýänligini belleýär.
Parodontyň astyndaky daşlar patologiki kisejiklerde we disýany dokumanyň nemli bardasynyň aşagynda ýerleşip adaty ýagdaýda agyz boşlugyna seredilende kän bir görünmeýär. Anyklamak üçin köplenç dürtgüçleriň kömegi gerek bolýar. Daşlar özüniň gatylygy we dykyzlygy hem gara goňurdan gara renklere çenli bolýar. Özem dişiň boýunjyk bölegiň ýüzüne berk ýelmeşýär. Parodontyň üstindäki daşlara garanynda az duş gelýär. Emma 40 ýaşdan ýokary geçen adamlaryň hemmesinde diýen ýaly duş gelýär. Daşlar aýran suwklyk toparyna degişli bolýar, sebäbi parodontyň çykarýan suwuklygyna garaşykly bolup durýar özem gan suwklygyna meňzeş. Düzümi parodontyň üstindäki daşlaryňka gabat gelýär. Düzüminde şol mukdarda gidroksiapatitler bolýar, emma magny (Mg) apatiti köpräk. Bursit, oktatkalsi we fosfatlaryň mukdary az bolýar. Kalsiniň we fosfatyň mukdary ýokary şeýle-de natry duzy parodontyň jübüjiginde ýokary derejede saklanýar.
Bu daşyň düzüminde sulekeýdäki beloklar bolmaýar. Iň daşki gatlagy gramotersatel, aralyk we içki gatlaklary grampolojitel mikroblara baý bolýar. Daşlaryň üç zolagynyňam çetki we icki gyralarynda ýadrolar bardyr. Daşlaryn zolagyndaky ýadrosynda grampolojitel mikroblar köp mukdarda bolýar. Emma gramotersateli seýrek duşýar. Daşyň içki gatlagynda mikroblar düşmaýar.
Diş daşlaryň emele gelmegi barada nazary pikirler.
Diş daşlarynyň emele gelmegi barada birnäçe düşinjeler bar. Olardan biri agyz boşlukda sülekeýiň düzümindäki mineralaryň dişiň ýüzüne köp çökmegi bilen kalsi we fosfatyň ionlarynyň köpelmegi agyz boşlugynda sülekeýiň pH ýokarlanmagyna alyp barýar. Kömürturşy gazyň köp sarp edýänligi bilen wodorot görkezijileriniň ýokarlanmagy bakterýalaryň kesmeklerinde ammiýaklaryň peýda bolmagyna alyp barýar.
Başga düşünjeler sülekeýiň çökündilerinde aşa köp kolloýit proteýinleriň ýygnanmagy fosat kalsiniň köpelmegine we dişiň ýüzüne çökmegine alyp barýar diýip bellenýär. Ýene bir topar alymlaryň pikirleri, diş kesmeginiň aralaýjy fasfatazalaryň erkin ýagdaýa geçip epiteliýal öýjügi ýa-da bakterýalara gulluk etmegi bilen fosfat kalsiniň bir ýere ýygnanmagyna alyp barýanlygyny belleýärler.
Bulardan başga-da esasan hem mikroblaryň uly orny barlygyny bellenip, mikroblar sülekeýiň düzümindäki mineral madalary dişiň syrçasynyň ýüzüne ýygnap berk ýelmeşdirýänligini bellenilýär.
Diş ýokundylarynyň emele gelmeginde mikroblaryň uly orny barlygyny alym G.N.Pahomow tarapyndan bellenip, ol öýjükleriň daşynda gramotrisatel we polojitel mikroblaryň mineral elementleriň ýignanmagy bilen kesmekleriň emele gelýänligini aýdýar. Kä halatlarda öýjükleriň içinde grampolojitel bakterýalara miniral elementleriň ýygnanmagy bolup bilýänligini belleýärler. Diş ýokundylarynyň durkunyň minerallar bilen bakterýalar berk birleşip gatamagyna alyp barýar.
Ilki başda daşlar ýokundynyň içki gatlagyndan dişiň ýüzüne kokka taýajyklary ýelmeşip ýygnanýarlar, soňra galňamak bilen gatap daşa öwrülýär. Diş kesmekleriniň daşa öwrülýänça mikroblar dürli görnüşe geçýär.
Diş daşlary 4 görnüşde bolýar;
-Intraçellyulýar,
-Ekistraçelyulýar,
-Organiki kükürt saklayjy madalar çöküntgisi ýygnanan,
-Bir görnüşdäki miniral çökündisi kalsiniň ýygnanmagy
Bulary dört topara bolünýänligi, diş daşlarynyň emelegelmeginiň önüni alyş işlerini geçirilende mikroblara garşy düzüminde antiseptik saklaýan we apatitler dörediji serişdeler ulanmak has oňaýly netijeleri bolýangyny beýan edilýär.
Diş daşlaryň emele gelmeginde we köpelmeginde çeýnemeklige, sülekeýiň mukdaryna, iýmitiň görnüşine we agyz boşlugyň idegine berk baglydyr.
Diş daşlarynyň emele gelmeginde we köpelmeginde sülekeýiň düzümindäki demir maddalaryň saklanmagy ýardam berýär. Kadaly ýagdaýda gije gündüziň dowamynda 1,5-2 litre çenli sülekeý agyz boşlugyna duşýär. Sülekeýiň mukdaryň köpelmegi onyň düzümindäki mineral maddalary dişiň ýüzüne aşa köp çökmegi bilen diş daşlarynyň depgini artýar.
Diş daşlarynyň ýygnanmagynda diňe bir sülekeýe bagly bolman, başga-da iýmit çeýnemegiňem uly orny bardyr. Gapma garşy dişiň ýok bolmagy iýmit iýlende öz-özünden arassalanmak mümkinçiligi ýitýär. Ýenede bir ýagdaý dişiň agyrly bolmagy bilen köp näsaglar, şol agyrly diş tarapynda iýmit çeýnäp bilmeýär, munuň özi hem dişleriň arasalanmak mümkünçilgini peseldýär.
Käbir adamlarda nädogry endikleri izigiderli gaýtalamak bilen ýumşak ýokundynyň dişiň syrçasynyň ýüzünde ýygnanmagyna ýardam berýär. Mysal üçin dine bir tarapda iýmiti çeýnemek ýaly dürs bolmadyk endikleri gaýtalasa, beýleki tarapda ýokundynyň ýygnanmagy başlanýar.
Dişleriň ýokundylarynyň emele gelmeginde iýmitiň orny ulydyr. Iymitleriň görnüşine, dykyzlygyna we mukdaryna görä diş daşlaryň ýygnanmagyna sebäp bolýar. Iýmitleriň ýumşak bolmagy ýokundynyň ýygnanmagy soňra minerallaşyp, daşlaryň emele gelmegine we berkemegine alyp barýar.
Şeýle-de ýumşak iýmit iýýän adamlar agyz boşlugynyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmese, onda mikroblaryň mukdary we görnüşleriniň köpelmegi soňra minerallaşyp diş daşlaryň ýygnanmagyna uly mümkinçilik berýär. Agyz boşlugyň arassaçylygy dogry we yzygiderli doly berjaý edilmese, diş daşlaryň mukdarynyň köpelmegine amatly şert döredýär, käbir ýagdaýlarda agyz boşlugynyň hiç-hili arassaçylyk işleri geçirilmese-de ýokundylar we diş daşlary toplanmaýar. Diş daşlarynyň ýygnanmagyna diňe bir ýerli şertler bolman umumy bedeniň madda alyş-çalşygyna-da bagly bolýanlygyny alymlar (A.I. Ewdokimow., E.E. Platonow we başg.) tarapyndan ylmy çeşmelerinde bellenýär.
Alym M.I. Groşikowanyň pikirine görä parodontyň astyndaky daşlaryň emele gelmeginde dokuma suwuklygynyň we gapan epitelýal öýjükleri bilen mikroblaryň oruny uludyr. Parodontyň üstündäki daşlar astyndaky daşlardan tapawudy diňe bir gelip çykyşyna ýa-da ýerleşişine bagly bolman, onuň ýerne ýetirýän işinde-de, düzüminde-de tapawudy bardyr. Parodontyň astyndaky daşlar dişiň köküniň boýunjyk böleginiň ýüzüne siňňinlik bilen çökündiler ýygnanyp gatamagy, berkemegi owunjak bolejikler bolup jemlenmegi köplenç paradont kesellerinde ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda paradont dokumanyň biohimiki düzümi üýtgeýär. Soňra parodontyň jübüjigi sülekeý bilen parodontyň çykarýan suwuklygy garylyp gan damarlaryň diwarlaryndan syzyp çykýan glikogen suwuklygy bilen garylýar we parodontyň birleşdiriji süýmleriniň dargamagyna alyp barýar. Näçe dokuma süýmleriniň köp dargamagy bolup geçse şonça-da daşlaryň köpelmegine ýardam berýär.
Köp alymlar tarapyndan, diş daşlarynyň mineralaşyp mukdarynyň köpelmegi parodontdaky jubüjigiň giňelip, çuňlaşmagyna alyp barýanlygy bellenýär. Diş kesmekleri parodontyň, diş etiniň çişmegine alyp barýar diş etiniň jübüjigi diş kesmekleriň, bakteriýanyň köpelmegine we ösmegine mümkinçilik döreýär. Parodontyň çykarýan suwuklygynyň depginiň ýokarlanmagy çişme hadysanyň güýçlenýänliginiň alamatydyr. Bu alamatlar gan damarlardan mineral maddalaryň aşa köp çykmagyna alyp barýanlygyny we diş ýokundylaryň minerallaşmagyna ýardam berýänligini aýtmak bolar.
