- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
We ösüp çykyş möhletleri
Dişler |
Düwünçekleriň emele gelşi |
Gaty dokumanyň minerallaşmagy |
Syrçanyň doly emele gelşi |
Dişleriň ösüp çykyşy |
Dişiň kökleriniň emele gelişi |
1 |
Göwreliligiň 8-nji aýynda |
Çaganyň 6 aýlyk döwründe |
4-5 ýaşda |
6-8 ýaşda |
10 –ýaşda |
2 |
Göwreliligiň 8-nji aýynda |
9-aýda |
4-5 ýaşda |
8-9 ýaşda |
10 ýaşda |
3 |
Göwreliligiň 8-nji aýynda |
6-aýda |
6-7 ýaşda |
10-11 ýaşda |
13- ýaşda |
4 |
2-ýaşda |
2,5 ýaşda |
5-6 ýaşda |
9-10 ýaşda |
12- ýaşda |
5 |
3-ýaşda |
3,3 ýaşda |
6-7 ýaşda |
11-12 ýaşda |
12- ýaşda |
6 |
Göwreliligiň 5-nji aýynda |
Göwrelligiň 9-njy aýynda |
2-3 ýaşda |
6 ýaşda |
10- ýaşda |
7 |
3-ýaşda |
3,5 ýaşda |
7-8 ýaşda |
12-13 ýaşda |
15- ýaşda |
8 |
5-ýaşda |
8- ýaşda |
18-20 ýaşdan soň |
Dürli ýaşda |
Dürli ýaşda |
Hemişelik dişleriň kökleriniň gurluşy şu möhletlerde tamamlanýar: kesiji dişler we birinji uly azy diş 10 ýaşlara, gyýak dişler we kiçi azy dişler 12-14 ýaşlara, ikinji uly azy dişler 14-16 ýaşlara.
Dişleriň ýerleşişi: olaryň täçleri ýaýy ýa-da ýokarky we aşaky äňlerde hatary emele getirýär.
Dişleriň hatary 16 dişden ybaratdyr: 4 kesiji diş, 2 gyýak diş, 4 kiçi azy diş we 6 azy diş. Ýokarky we aşaky äňleriň diş hatarlary kesgitli ýagdaýda gyslyşyp birleşýärler. Ýokarky we aşaky äňlerdäki diş hatarlarynyň bek, doly gatnaşygyna dişleriň galtaşmasy (occlusio) diýilýär.
Wagtlaýyn, nobatlaýyn we hemişelik diş gysylyşmasyny tapawutlandyrýarlar.
Wagtlaýyn diş gysylyşmasy. Wagtlaýyn diş gysylyşmasynda 20 diş bolýar, olar hemişelik dişlerden ölçegi, görnüşi we reňki bilen tapawutlanýar.
Çalşyk diş gysylyşmasy. Çalşyk diş gysylyşmasynda 32 diş bolýar. Diş hataryndaky dişler öz gapdal üstleri (nokatlary) bilen bir-birine mäkäm degip durýarlar; her diş iki goňşy diş bilen gatnaşykda bolup, aşaky merkezi kesiji dişler we ýokarky üçünji azy dişler bilen däl-de, iki (antagonist) ýagny ýokarky we aşaky dişler bilen gyslyşýar. Diş hatarlar gyslyşanda ýokarky kesiji dişler aşakylaryň täç böleginiň 3/1 bölegini ýapýar. Aşaky kesiji dişleriň kesiji taraplary ýokarky kesiji dişleriň kentlewük (dil) üstlerindäki diş tümmejiklerine daýanýar. Ýokarky gapdal dişleriň ýaňak tümmüleri aşaky dişleriň laýyk gelýän tümmillerini örtýär. Dişler gyslyşanda ýokarky gyýaklar aşaky gyýaklaryň we birinji kiçi azy dişleriň arasyna düşýär. Ýokarky azy dişleriň medial-ýaňak tümmüleri aşaky birinji azy dişleriň ýaňak tümmülleriniň aralygyndaky öňki kesjagazlara ýerleşýärler.
Beýan edilen alamatlar kadaly bolan ortognatiki diş gysylyşmasyna laýyk gelýär.
Hemişelik diş gysylyşmasy. Hemişelik kadaly diş gysylyşmasynyň görnüşlerine şular degişli: fiziologiki prognatiýa – aram durmaklyk ýa-da ýokarky äňiň öň taraplaýyn durmagy we fiziologiki progeniýa – aşaky äňiň diş hatarynyň aram durmagy; biprognatiýa – ýokarky we aşaky öňki dişleriň bir wagtyň özünde öňe süýşmegi, gyşarmasy (alyn tarapa); dişleriň göni gysylyşmagy – kesiji dişleriň we ýokarky hem-de aşaky gapdallaýyn dişleriň bir meňzeş atly tümmekleriniň gapdallaýyn gyslyşmasy.
Kliniki taýdan gysylyşmanyň nädogrulyklary (anomaliýalary) diş hatarlarynyň bozulyp üýtgemesi hem-de olaryň sagital, transwerzal we dik ugurlarda nädogry gyslyşmasy görnüşde ýüze çykyp biler.
Sagital nädogrulyklara şular degişli: patologik prognatiýa – ýokarky äň dişleriniň ep-esli öňe çykyp durmagy; patologiki progeniýa – aşaky äňiň dişleriniň ep-esli öňe çykyp durmagy; bir taraplaýyn atanaklaýyn dişleriň gysylyşmasy – bir tarapdan aşaky dişler ýokarky dişleriň kesýän gyralaryny we ýaňak tümmeklerini örtýär; dişleriň açyk gysylyşmasy – gatnaşyklar diňe distal gapdal dişlerinde saklanylýar; dişleriň çuň galtaşmasy – ýokarky we aşaky äňleriň kesiji dişleriniň arasynda hiç hili gatnaşyk ýok.
Dişleriň nädogrulyklary (anomaliýalary). Dişleriň sanynyň, göwrüminiň, görnüşiniň, ululygynyň, reňkiniň we ýerleşişiniň nädogrulyklaryny tapawutlandyrýarlar (3.5-nji surat). Dişleriň nädogrulyklary diş-äň ulgamynyň bozulan ösüşiniň alamatydyr.
Dişleriň sanynyň nädogrulyklaryna kadaly ýagdaý bilen deňeşdirilende olaryň sanynyň azalmagy ýa-da köpelmegi degişlidir. Dişleriň sanynyň azalmagy düwünçegiň ýoklugy bilen (düýbi tutulyş döwründäki bozulma ýa-da düwünçegiň ölmegi) baglydyr ýa-da äňde doly kemala gelen dişiň saklanyp galmagy netijesinde bolýandyr. Dişleriň ýoklugyna adentiýa, olaryň äňde saklanyp galmagyna bolsa, retensiýa diýilýär.
Adentiýa kem-käsleýin (ýagny bir ýa-da birnäçe dişleriň ýoklugy) bolup bilýär. Ähli dişleriň ýoklugyna bolsa doly adentiýa diýilýär. Bir ýa-da birnäçe dişler çykmadyk ýagdaýynda ilkinji adentiýa ýüze çykýar, ikinjisi – diş sogrulandan soň döreýär.
Retensiýa – dişiň äňde saklanyp galmagydyr. Adatça bu doly kemala gelen diş, ýöne käwagt onuň kökleri doly emele gelmedik bolýar.
Aşa gatnaşykly dişler – diş ýaýynyň daşynda, käwagt diş hatarynda ýerleşýän dişler, olar diş hatarynyň görnüşini bozmaýarlar. Köplenç ýagdaýlarda aşa gatnaşykly dişleriň kökleriniň nädogry görki we ölçegi bolýar.
Diş täçleriniň göwrümindäki we ululygyndaky nädogrulyklar. Kadaly ýagdaý bilen deňeşdirilende uly ýa-da kiçi ölçegli dişleri nädogrulykly (anomal) hasap edilýär. Ýaýyň içindäki ähli dişleriň ölçegleriniň ulalmasyna “mähnet” (gigantizim) diýilýär. Dişiň, hususan-da, kesiji dişiň ölçegi diş düwünçekleriniň goşulyşmasy netijesinde bitişen dişleriň döremesi zerarly ulalyp bilýär. Mähnet (gigantizimde) dişler ýaýdan daşary çykýarlar (ýeriň ýetmezçiligi zerarly), käwagt bolsa dişler hiç çykmaýarlar.
Köp sanly ownuk ölçegli dişleriň arasynda ara boşlugy, ýagny diastemalar we tremalar döreýär.
Aýry-aýry dişleriň ýerleşmesiniň nädogrulyklary köp duş gelýän nädogrulykdyr. Oralyň (kentlewük we dil) westibulýar, medial, distal ýerleşmelerini, dişleriň öwrülmesini, transpozisiýany, pes we ýokary ýerleşmelerini tapawutlandyrýarlar.
Dişleriň gaňşyrawyk, dil we westibulýar çykmasy, esasan, diş hatarlarynyň daralmasy, aşa gatnaşykly dişleriň barlygy bilen baglydyr.
Dişleriň öz okunyň daşynda aýlanmalary diş hatarlarynyň daralmagynda bolýar, olar ýerleşişiniň üýtgemesi bilen, ýagny bir tarapa gyşarmagy we süýşmegi bilen bilelikde ýüze çykýar.
Dişleriň transpozisiýasy – dişleriň ýerleşişiniň nädogrulygy bolup, goňşy dişleriň ornunyň çalyşmasy bilen häsiýetlenýär .
Kökleriň nädogrulyklary ýygy-ýygy duş gelýär we dürli-dürli ýagdaýda ýüze çykýar. Kökleriň sany köpelip ýa-da azalyp bilýär, olar dürli ugurlara gyşarylan görnüşde bolmagy mümkin (käwagt 900 burça). Köküň adaty ugurdan üýtgemegi akabanyň geçirijiligini ep-esli kynlaşdyrýar. Käwagt bolsa, ony örän kynlaşdyrýar. Bu ýagdaýy pulpitiň we periodontitiň bejerilişinde göz öňünde tutmalydyr.
