Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.11.3. Rak öň ýany siňňiller

Rak öň ýany siňňiller (praecancer verrucosus) nemli bardanyň ýüzinden ýokary düwünjük bolup çykyp duran morfologik element bolup onuň uzynlygy 4-10 mm çenlidir (surat 11.60). düwunjik ýokarky we aşaky dodagyň gyzyl gaýmasynyň hem-de onuň deri bölegini tutup daşynda känbir gyzarma ýellenmeler bolmaýar. Polpasiýa edilende agyrsyz. Käbir ýagdaýlarda zeperlenen ojagyň gyralarynda tozgalaýan ak-çal teňňejikleri görmek bolýar. Gistologik barlaglary geçirilende rak öň ýany siňňillerde nemli bardanyň tikenli gatlagynda patologik bozulmalary – giperkeratoz, akantoz, parakeratoz hadysalary görünýar. Nemli bardanyň düýpki gatlaklary üýtgewsiz galýar.

Rak öň ýany siňňiller kliniki geçişi boýunça tiz wagtda bolup geçip 1-2 aýyň dowamynda kanser keseline geçmekligi ähtimaldyr. Rak öň ýany siňňili nemli bardanyň papillomalary, siňňilleri we keratoakontomalary bilen deňeşdirilip anyklanylmalydyrlar. Takyk diagnoz gistologik barlaglaryň netijesinde goýulýar.

Bejerilişi: Diňe hirurgiki kesip aýyrmaklykdan ybaratdyr.

11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy

Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy (hyperkeratosis preçançerosa çir­çumsçripta) aşaky dodagyň gyzyl gaýmasynyň 0.2-1.0 sm ölçegde zeperleýär. Ojagyň üski ýüzi te­kiz we owunjak ak-çalymtyl teňejikler bilen örtülendir (surat 11.61). teňňejikleri gazalanyňde gop­maýarlar, palpasiýa edilende zeperlenen ojakda agyry ýok hem-de gatamaklyk hadysasy duýul­maýar. Gistologik barlagda epiteliýal gatlagyň öýjüklerinde köpelmeklik, ulalmaklyk hadysalary, tikenli gatlagyň çendenaşa buýnuzlaşmasy aýdyň görünýär.

Deňeşdirilip anyklanyşy. Bu keseli agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň leýkoplakiýasy, gyzyl wolçankasy we gyzyl ýasy demrewi bilen tapawutlandyrma geçirmeli.

Bu zeperlenmäniň kliniki geçiş dowamlylygy birnäçe aýa çekip 6-aýdan soň howply raga geçmekligi ähtimaldyr.

Bejergisi: diňe hirurgik taýdan kesip aýyrmaklykdan ybaratdyr.

11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti

Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti (cheilitis abrasiva precanceroza Manganofti) – üznüksiz zeperlenmäniň biri bolup ol aşaky dodagyň gyzyl gaýmasynda bir ýada birnäçe ýaralaryň peýda bolmaklygy bilen başlaýar. Ol ýaralar köplenç halatlarda dodagyň gyrasynda, çuňklerinde ýade ortarasynda ýerleşýärler, tegelek şar şekilinde, daşky ýüzi tekiz ýylmanak goýy gyzylymtyl reňkde (surat 11.62). Käbir ýagdaýlarda ýaranyň üstki ýüzi çal reňkdäki kesmek bilen örtülýär we ony çekeläp aýyrylanda ol ganjarýar. Palpasiýa edilip görülende ýaralar agyrsyz we olaryň daşky erňeklerinde gatamaklyk hadysasy duýulmaýar. Manganoftiniň ýaralary dermanlaryň täsiri bilen aňsat bitmeýarler we uzaga çekýärler. Käbir bitäýen ýagdaýlarynda-da az wagtdan ýene-de täze döreýär. Umuman ortaça Manganoftiniň heýlitinde ýaralaryň bitmekliginiň dowamlylygy 3-aýdan 2 ýyla dowam edip biler. Bu ýaranyň howply raga geçiş möhleti käbirinde 4-6 aýda, kä halatda bolsa 5-7 ýyla çekýär. Howply dömmä geçmekliginiň alamatlary ýaranyň ýüzünde emzijek şekilindäki ösüntginiň peýda bolmaklygy, ýaranyň çala gyjyndyrmada ganamaklygy we onuň erňekleriniň gatamaklygydyr.

Gistologik barlagda. Epiteliýal gatlagyň bozulmasy, tikenli gatlagyň akantozy, onuň öýjük­le­ri­niň köpelmegi we şekilini üýtgetmesi, birleşdiriji dokumasynyň limfosit, plazmosit, gistiosit öý­jük­lerden dykyzlanmasyny görmek bolýär (11.63. surat).

Deňeşdirilip anyklanylyşy. Manganoftiniň heýlitiki şu aşakdaky zeperlenmeler bilen tapawut­landyrylmaly:

▲leýkoplakiýanyň eroziw-ýaraly görnüşinden

▲gyzyl ýasy demrewiň eroziw-ýaraly görnüşinden

▲gyzyl wolçankanyň eroziw görnüşinden

▲pakgarçakdan

▲aktiniki heýlitden

▲ köp görnüşli suwjarma eritwmadan

▲gerpetiki ýaralardan

▲dodagyň ragyndan we ş.m.

Bejergisi. Egerde Manganoftiniň heýliti precanseroz (raga) geçmedik bolsa onda başlangyç döwründe konserwatiw bejeriş geçirilýar ýagny: 1) agzyň agzalaryny sagatlandyrmaklyk çäreleri 2) gyjyndyryjy sebäpleri aradan aýyrmaklyk 3) ýaramaz endikleri bes etmeklik 4) ýarany bitiriji ke­ratoplastiki serişdeleri çalmaklyk (wit. A, itburunyň ýagy, oblepihaň ýagyny salmaklyk). Bulardan başgada çişme hadysasynyň garşysyna antibiotik, gormonal serişdelerini ulanmaklyk maslahat be­ril­ýär. Eger-de bejergileriň netijeliligi pes bolsa onda ýarany diňe hirurgik ýol bilen kesip aýyr­maklyk arkaly bejergi geçirilmelidir.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]