Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri

Häzirki zaman terapewtiki stomatologiýasynda iň howply keselleriň biri bolup nemli bardanyň hem-de dodagyň rak-dömmesidir. Rak dömmesine getiriji ýagdaýlary öwrenmeklik we olary wagtynda anyklamaklyk we bejeriş çärelerini geçirmeklik esasy wajyp meseleleriň biridir. Agyz boşlugynyň keselleriniň içinde howply rak keseli 5% göterimini tutýar. Ragyň has köp ýerleşýän ýerleri bolup – aşaky dodagyň nemli bardasynda; dilde we boşlugyň düýpki bölegidir.

Howply rak keselini dörediji bolup birnäçe ýaramaz endikler–aşa köp çilim çekmeklik, nas at­maklyk, temmäkini çeýnemeklik, birnäçe üznüksiz şikesleriň, nemli bardany gyjyndyryjylaryň bol­maklygy (diş daşlary, ýiti kesiji diş bölekleri, nädogry goýulan petikler protezler, emeli täçler we ş.m.). Bulardan başga-da agyzda bolup geçýän üznüksiz ýokanç we ýokançdäl keselleriň birnäçe ýyllaryň dowamynda gaýtalanyp durmaklygy rak keselleriniň döremekligine şert döredýärler. Bu to­par dörediji kesellere howply dömmä getirjiler hem diýilýär howply dömmä getiriji keseller öz gezeginde iki topara bölünýärler. A.L.Maşkileýson tarapyndan (1979) hödürlenen topara bölünşigi has gowne jaý diýip aýtsak ýalňyş bolmazdy. Şol topara bölünşige görä howply çişe getirjiler a) fa­kul­tatiw şertli keseller ýagny rak keseline belli-bir şertlerde döredýärler, käbir ýagdaýlarda raga ge­tirmänem bilýarler. b) obligat şertli keseller-ýagny köplenç ýagdaýlarda howply dömmä getirýärler.

11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi

Nemli bardanyň (NB) howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi.

I. Ýokary derejede howply dömmä getirjiler (obligat)

1. Boueniň keseli

II. Pes derejede howply dömmä getirijiler (fakultatiw)

1. eroziw we werenkoz görnüşdäki leýkoplakiýa

2. NB-nyň papillomatoz çişmeleri.

3. NB-nyň eroziw-ýaraly we giperkeratoz görnüşindäki gyzyl wolçanka.

4. NB-nyň eroziw-ýaraly we giperkeratoz görnüşindäki gyzyl ýasy demrew.

5. Iýonlaşdyrylan şöhlesiniň täsirinden döreýan nemli bardanyň çişmesi.

Dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getirji hadysalarynyň toparlara bölünişi.

I. Ýokary derejede howply dömmä getirjiler (obligat)

1. rak öň ýany siňňiler

2. rak öň ýany çäkli giperkeratozlar

3. rak öň ýany Mangahottiniň heýliti

II. Pes derejede howply dömmä getirijiler (fakultatiw)

1. leýkoplakiýa

2. keratoakantoma

3. deri siňňili

4. papilomalar

5. eroziw ýaraly we giperkiratoz görnüşdaki gyzyl wolçanka

6. eroziw-ýaraly we giperkeratoz görnüşdäki gyzyl ýasy demrew

7. iýonlaşdyrylan şöhlesiniň täsirinden döreýän nemli bardanyň çişmesi.

11.11.2. Boueniň keseli

Ilkinji bolup bu keseli öwrenen ýewropaly alym Bouýen 1912 ýylda ylmy maglumatda ýazyp­dyr hem-de oňa içki gatlaklardan emele gelýan howply dömme diýip kesgitleme beripdir (caucer in situ).

Kliniki alamatlary. Agzyň nemli bardasynda bir-iki ýada birnäçe zeperlenme ojaklary peýda bolýar. Keseliň ilkinji alamatlary – nemli bardanyň reňkiniň üýtgemesinden başlap soňra düwuniň emele gelmesi, ondan soňra bolsa emzijekleriň peýda bolmasy we olaryň köp wagtlap dowam etmesinde olaryň ýüzi sürtülip ýyrtylýarlar hem-de eroziýanyň ýaranyň emele gelmesine getirýär. Ýaranyň ýüzi ganaýar, daşy gyzaryp duran leýkoplakiýany ýadyňa salýar. (surat 11.59). Ak kes­mejikler birleşip näbelli şekilli döredýärler. Zeperlenen ojagyň ululygy 1-2 mm deň tä 5-6-8 m çenli bolup biler, ojagyň gyralary nätekiz, dübi gataňsyzdyr. Bouýeniň keselinde köplenç ýagdaýlarda onuň ýerleşýän ýerleri bolup ýokarky ýumşak kentlewügiň nemli bardasynda, kiçi dilde, agzyň damaga goloýynda, dilde. Bu näsaglarda ýüz-äň ulgamynyň limfatik düwünlerini barlanylanda olaryň ulalmasy bolmaýar. Näsaglarda känbir arzy şikaýatlary hem bolmaýar, ýöne ýaralaryň peýda bolmaklygy bilen agyrlaryň döremekligi bolup biler.

Bouýeniň keseli köp halatlarda kliniki geçişi boýunça leýkoplakiýa hem-de gyzyl ýasy dem­rewiň alamatlaryna meňzeşdir. Şoňa göräde ony olardan tapawutlandyrmaklyk zerurdyr. Bu kesel köp wagtlap döwam edýändir, käbir ýagdaýlarda çalt geçmekligi we rak keseline sapmaklygy hem duş gelinýär.

Gistologik barlaglarda: nemli bardanyň epiteliýol gatlagynyň içki ragyna meňzeşlik görünýär: tikenli gatlagyň öýjükleriniň polimorfizmi mitozynyň köpelmekligi, uly göwrümli öýjikleriň peýda bolmaklygy; giper, parakeratoz hadysalaryň, akantozyň barlygy ýüze çykýar.

Bejerlişi. Zeperlenen ojagy daşky sagdyn bölegine çenli doly kesip aýyrmaklyk.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]