Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.10. Heýlitler

Heýlitler (cheilitis) – dodagyň howypsyz çişme keselleri bolup olar gelip çykyşy boýunça iki topara bölünýärler: 1) özbaşdak döreýän heýlitler 2) Beden üýtgeşmeleriniň bir alamaty bolup durýan (simptomatiki) heýlitler.

Özbaşdak heýlitlere degişli bolup: eksfoliýatiw; glandulýar; meteorologik we aktinik heýlitler. Simptomatik topardakylara bolsa – atopik, ekzematoz, makroheýlit we başg.

11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)

Eksfoliýatiw (tozgalaýan) heýlit (cheilitis exfoliativa) – üznüksiz zeperlenme bolup ol diňe dodagyň gyzyl gaýmasynda ýerleşýär. Bu heýlit köplenç halatlarde 20-40 ýaş aralykdaky aýal maşgalalarda duş gelýär.

Döreýiş ýollary. Häzirki wagta çenli tozgalaýan heýlitiň döreýiş sebäpleri doly anyk öwre­nilmedik. Ýöne onuň käbir ýollary anyklanylandyr. Mysal üçin bu ýagdaýlar nerw ulgamynyň käbir bozulmalaryndaky adamlarda (aladaçyl, howsalaly, gaýgyçyl ýagdaýlarda), durmuşyň aladaly-dart­gynly hadysalarynda kän döreýärler. Bulardan başgada galkan. Şekilli mäziniň işjeňliginiň bozul­magynda (gipo, gipertireozda), jynsy mäzleriniň işjeňliginiň artmagynda hem-de käbir umumy bedeniň immunologik goraýyş guýçleriniň pese gaçmaklygynda ýüze çykýarlar.

Kliniki häsiýetnamasy. Tozgalaýan eksfoliýatiw heýlitiniň kliniki geçiriş boýunça iki görnüşi bardyr. 1) guraksy görnüşi 2) suwjarýan-ekssudatiw görnüşi. Eksfoliýatiw heýlitiň özboluşly ýerleşmekligi we zeperlenmesi bolup patologik ojagy ýokarda ýa-da aşaky dodagyň diňe gyzyl gaýmasynda ol hiç haçan gaýmanyň derä geçýan ýerini dodagyň derisini hem-de agzyň girelgesiniň çuňklerini şol sanda agzyň nemli bardasyny zeperlemeýär.

Tozgalaýan heýlitiň guraksy görnüşi dodagyň gyzyl gaýmasynyň goýy gyzarmasy bilen baş­laýar we şol ýerde çalymtyň-goňur reňkdäki teňňejikler peýda bolýar, olar dodagyň gyzyl gaý­ma­syna mäkäm ýelmeşip, aňsat gopmaýarlar. Näsagyň dodaklary köplenç guraýar hem-de tozgalaýar. Ol şol teňňejikleri dişleri bilen dişläp goparýar, gopan ýerinden ganakma peýda bolýar, ýüzleýje ýara peýda bolýar (surat 11.53). Birnäçe wagtdan soň (5-7 gün) teňňejikleriň ýüzi has galňap olar gopup başlaýarlar. Ýöne az wagytdan ol teňňejikler ýenede täzeden peýda bolýarlar. Kesel köp wagtlap dowam edýär, öz özünden aýrylyp ýa-da bejerilip gitmeýär. Köp wagtlap bejerilmese ol ikinji görnüşine – eksudatiw-suwjarma geçýär.

Exssudatiw – suwjarma görnüşi dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň ýiti gyzarmasy, çişip ulalmasy, ýellenmegi we agyrlaryň peýda bolmaklygy bilen başlanýar. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň nemli barda geçýän serhedinde (kleýna zolagy) sarymtyl-çal, sarymtyl-goňur reňkdäki birnäçe teňňejikler peýda bolýar we olar birleşip agzyň bir çuňkünden beýleki çuňkine çenli aralygy tutuşlugyna ýapýar (surat 11.54) we kesmekleri emele getirýär. Kesmekleri goparyp aýrylanda dodagyň gyzyl gaýmasynda goýy gyzylymtyl, ýöne ýaralary döretmeýän ýagdaý döreýär.

Ekssudatiw-suwjarma heýlitli näsaglarda agyrynyň bolmaklygyndan, dodaklarynyň gijemek­ligi hem-de gürlände, nahar iýende dodagynyň çişmekliginiň päsgel berýändiginden arz edýär.

Patologik gistologiýasy. Dodagyň gyzyl gaýmasynda patologik hadysalary bolan akantoz, para-giperkeratoz, ýagny nemli bardanyň tikenli gatlagynda buýnuzlaşma hadysasynyň bozul­maklygy, onuň çenden aşa bolup geçmekligi görünýär. Bulardan başgada epiteliýal gatlakdaky öýjükleriň düzüminiň üýtgemesi, dokuma suwuklygynyň ýygnanmasy hem bolup geçýär.

Deňeşdirilip anyklanylyşy. Guraksy, eksfoliýatiw heýliti tapawutlandyrylýär:

  • meteorologiki heýlitden;

  • atopiki heýlitden;

  • ýerli galtaşma allergik heýlitden.

Meteorologik heýlitde dodagyň gyzyl gaýmasynyň zeperlenmesi has giňden, ýaýraň görnüşde bolup çişme alamatlary has aýdyň görünýär hem-de bu alamatlar daşky gurşawyň täsirlerine baglylykda üýtgäp durýarlar. Atopik heýlitde eksfoliýatiwiň tersine dodagyň gyzyl gaýmasynyň derä golaý ýerleri we agzyň çuňk bölekleri köp zeperlenýär.

Ýerli galtaşma allergologik heýlitde bolsa dodaklarda ýaýraw gyzarmanyň (eritema) bolmak­lygy bilen häsiýetlendirilýär we kesel dörediji sebäbini (allergeni) aýyrylanda çişme alamatlar tiz­den ýitip gidýärler.

Ekssudatiw-suwjarma görnüşdäki eksfoliýatiw heýliti tapawutlandyrmak zerur bolup durýar:

  • aktiniki heýlitiň ekssudatiw suwjarýan görnüşinden

  • ekzematoz heýlitden;

  • eroziw-ýaraly gyzyl gurtdan.

Ekssudatiw suwjarma aktiniki heýlitde dodagyň gyzyl gaýmasynyň tutuşlugyna zeperlenmesi hem-de ýüzleý ýaranyň (eroziýanyň) bolmaklygy, patologik hadysanyň gün şöhlesiniň ýitiligi bilen baglanşygynyň barlygy bilen düşündirilýar.

Ekzematoz heýlitde diňe bir dodagyň gyzyl gaýmasy zeperlenmän eýsem-de onuň derisinede geçýär, patologik hadysada birnäçe morfologik elementleriň (eroziýanyň, kesmekleriň, pakgarçak­laryň, jaýrylmalaryň) bolmaklygy bilen ony eksfoliýotiw heýlitden tapawutlandyryp bolýar.

Gyzyl gurdyň eroziw-ýaraly görnüşinde dodaklaryň gyzyl gaýmasynyň we onuň derisinde ýaý­raň eritemanyň bolmaklygy, çendenaşa buýnuzlaşmanyň, eroziýalaryň, ýaralaryň bolmaklygy ojagyň ortarasynda bertik çöketliginiň barlygy ony eksfoliýatiw heýlitden tapawutlandyrýar.

Bejerlişi. Bejergiler köptaraplaýyn hem-de guraksy we suwjarma görnüşleri aýratapawut­lylyk­da geçirilmeli.

Heýlitin iki görnüşinde-de umumy nerw ulgamyna täsir ediji serişdeler bellenilmeli. Mysal üçin nerw ulgamyny rahatlandyryjylary-fenazepam, sibazon, seduksen, relanium 0.005 gr möçberde günde 3wagtyna içmeklik; ýada neýroleptik-tioridazin, melleril, sonapaks 0.01 gr günde 3 wagtyna kabul etmeklik.eksfoliýatiw heýlitiň guraksy görnüşinde näsaglarda newroz, neýrodepresiw ýag­daý­laryň köp bolýanlygy üçin antidepresant serişdelerini (amitriptilin, melipramin, 0.025 gr 2 wag­tyna) hem-de trankwilizatorlary (trioksazin-0.03gr 3 wagtyna; hlozepid, elenium 0.01gr 3 wagtyna) bermeklik gerekdir. Guraksy eksfoliýatiw heýlitde ýerli zeperlenen dodaklara çalmak üçin düzümi indifterent bolan ýaglary (wostorg, spermasetowyý, gigiýeniki) ulanmaklyk maslahat berilýär.

Egerde näsagda galkan şekilli mäziniň tireotoksikoz keseli bar bolsa onda endekrinolog lukmanda bejergisini almaly.

Eksfoliýatiw heýlitiň suwjarma görnüşinde bejergiler köp taraplaýyn geçirilmelidir. Bu bejergiler öz içine alýar;

  • zeperlenen dodaklara çäklendirilen Bukkanyň şöhlelerini tutmaklyk-2.0gr ölçegden hepdede 2 gezek, jemi etmelisi – 16-30gr ölçegi. Şöhleler tutulmasyndan öň syra dodakdaky teňňejikleriň kesmeklerini goparyp aýyrylmaly.

  • Umumy bedeniň durnuklylygyny artdyrmak üçin pirogenol serişdesini bermeklik – 50 MPD ölçeg birliginden başlap gün-günden 100 MPD goşup tä 1000-1500 ölçege çenli ýetirilýär. Ýerli çişmä garşy kortikosteroid serişdesinden taýýarlanan ýaglary (kortizon, gidrokortizon, sinalar) streptosid ýagyny salmaklyk maslahat berilýär.

Köptaraplaýyn bejergiler 3-4 gezek gaýtalanyp geçirilmeli we ondan soň 6-8 aý arakesme ber­meli. Häzirki wagtda eksfoliýatiw heýlitlerde refleksoterapiýa bejerjisi hem has giňden ulanylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]