- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary köpdürli bolup, olar bedeniň ýaşaýşa ukyplygy üçin ähmiýetlidir. Giposaliwasiýa, aýratyn kiserostomiýa (sülekeýiň ýoklugy) başlananda agzyň nenli bardasynyň keselleri çalt ýaýbaňlanýar, 3-6 aý geçende bolsa, dişleriň kariýesi bilen köpçülikleýin şikeslenýänligi bellidir. Munuň bilen birlikde iýmiti çeýnemekde we ýuwtmakda kynçylyklar döreýär.
Sülekeý köp işleri ýerine ýetirýär, ýöne olarda goraýjylyk we iýmit siňdiriş işler has wajyp bolup durýar.
Goraýjylyk işi sülekeýiň köp dürli alamatlary bilen ýüze çykýar. Nemli bardanyň nem-musin bilen öllenmegi we çalynmagy, ony guramakdan, jaýrylmakdan we mehaniki gyjndyryjylaryň täsirinden goraýar. Mundan başga-da goraýjylyk işi dişiň, nemli bardanyň ýokarky gatlaklarynyň mikroblaryndan we olaryň ýaşaýyş ukybynyň iýmitlerinden, iýmit galyndylaryndan arasalanmagy (ýuwulmagy) netijesinde amala aşýar. Munda sülekeýiň bakteriosid alamatynyň uly ähmiýeti bardyr. Ol, ýokarda bellenilişi ýaly, birnäçe fermentleriň (lizosym, lipaza, RNK aza, opsoninler, leýkinler we beýlekiler) hereketleri mynasybetli amala aşýar.
Sülekeýiň goraýjylyk funksiýasyny amal etmekde onuň lagtalanyş we fibrinolitiki ukyby wajyp orny eýeleýär. Sülekeýde tromboplastin, antigeparin substansiýa, protrombin, fibrinoliziň aktiwatorlary we ingibitorlary bar. Gemokoagulirlenen we fibrinolitik funksiýasy bar bolan bu maddalar ýerli gomeostazyň üpçünçiliginde, şikesli dokumalaryň bitmeginiň (regenerasiýasynyň) gowlaşmagynda wajyp ähmiýete eýedir.
Sülekeýiň bufer sygymy agyz boşlugyna gelip düşýän turşulyklary we aşgarlary güýçden düşürmekden başga-da goraýjy mehanizmiň ýüze çykmasy hökmünde gulluk edýär. Şeýle hem, sülekeýde saklanýan immunoglobulinler wajyp goraýjylyk ähmiýete eýedir. Agyz suwuklugynyň diş syrçasynyň düzümini (gomeostazy) saklamakda hem uly ähmiýeti bardyr.
Sülekeýiň iýmit siňdiriş funksiýasy iýmit lokgasynyň döremeginde we ony ýuwutmakda ýüze çykýar. Mundan başga-da, sülekeýde L-amilazanyň, maltazanyň barlygy üçin eýýäm iýmiti çeýnemekde uglewodlaryň fermentasiýasy (siňdirilişi) başlanýar. Sülekeýde erän iýmit önümleri tagam biliş analizatorlara täsir edýär, bu bolsa, aşgazan-içege ýollarynyň ýerine ýetiryän funksiýasyna täsir edýär.
Sülekeýiň kariýese garşy bolan goraýjylyk ähmiýeti. Häzirki döwürde sülekeýiň kariýese garşy bolan ukybynyň bardygy kesgitlendi. Bu iýmit önümleriniň süýjüsiniň (gandynyň) garylmagynda we çykarylmagynda, diş örtügindäki turşulyklaryň gowşadylmagynda, diş syrçasynyň dargama (demineralizasiýa) hadysasynyň üpjün edilmeginde ýüze çykýar.
Agyz boşlugyna gaty uglewod iýmitiniň gelip düşmeginden soňra, sülekeýdäki glýukozanyň toplanmasynyň başda çalt, soňra bolsa haýal pese düşýänligi kesgitlendi. Munda sülekeý bölünip çykmasynyň uly ähmiýeti bardyr, ýagny onuň güýçlenmegi, köpelmegi uglewodlaryň çykarylmagyna ýardam berýär.
Sülekeý bölünip çykmasynyň ftoridleriň çykarylmagyna getirmeýänligi örän wajypdyr, çünki olar agyz boşlugynyň gaty we ýumşak dokumalarynyň ýokarky gatlaklary bilen baglanyşýar, birnäce sagadyň dowamynda öz-özleri boşaýarlar. Ftoridleriň kariýese garşy hereketiniň esasy mehanizmi-de remineralizasiýanyň arasynda deňagramlylygy (balansy) saklamak diýip hasap edilýär, özi hem soňkusyna has ýykgyn edilýär. Soňky ýyllarda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu mehanizmiň sülekeýdäki ftoridleriň has pes toplanmasynda hem amala aşýanlygy kesgitlendi.
Sülekeý kalsiniň, fosforyň we gidroksiliň ionlary bilen aşa doýgundyr, bularyň birleşmesi diş dokumalarynyň düýbüni tutýar. Aşa doýgunlyk derejesi dişiň ýokarky gatlagy bilen gatnaşykda bolan diş kesmeginiň suwuk döwründe has ýokary bolýar. Sülekeýiň diş dokumalarynyň esasyny düzýän ionlar bilen aşa doýgunlygy, olaryň şol dokumalara gelip düşmegini üpjün edýär, ýagny ol minerallaşmanyň hereketlendirijisi bolup durýar.
Şeýlelik bilen, sülekeý - bu çylşyrymly gurşaw bolup, ol wajyp işleri amala aşyrýar. Sülekeý we agyz suwuklygy aýratyn gurşawdyr, onuň mukdar we hil taýdan düzümine birnäçe sebäpler (faktorlar), esasan hem bedeniň umumy ýagdaýy täsir edýär. Ýaş ulaldygyça gulakýany sülekeý mäziniň ýerine ýetirýän funksiýasy peselýär, onuň düzüminde kalsiniň ep-esli köpelmegi bilen hloruň mukdary azalýar. Sülekeýiň bölünip çykyşyn üýtgemeleri birnäçe kesellerde başlaýar. Mysal üçin, gepatoholesistitlerde (giposaliwasiýa) sülekeý az bölünip çykýar, näsaglar gurulyga arz edýärler. Ýaraly keselde, gurçuk inwaziýasynda, göwreli aýallaryň toksikozynda agyzda sülekeý juda köp mukdarda bölünip çykýar. Süýji keselinde agyz suwuklygynda glýukozanyň mukdary köpelýär. Sülekeýiň bölünip çykyşynyň häsiýeti köplenç onuň konsistensiýasy, owradylmanyň derejesi, iýmitiň himiki düzümi bilen kesgitlenýär.
Agyz suwuklygynyň düzümine agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýy uly täsir edýär. Agyz boşlugyna gowy ideg edilmese, dişlerde örtük köpelýär, fermentleriň (fosfatazanyň, asparagin transamiazanyň) işjeňligi ýokarlanýar, sülekeýiň çökündisi mikroflora çalt köpelýär, bu bolsa, esasan-da, uglewodlar ýygy kabul edilende, organiki turşulyklaryň täsir etmekleri we wodorod ionlarynyň konsentrasiýasynyň üýtgemegi üçin şert döredýär.
Agyz suwuklygynyň düzümine demir protezleriniň täsiriniň bardygyny bellemek zerurdyr. Demir garnuwlarynyň (splawlarynyň) komponentleri agyz suwuklygynda eräp, mikroelementleriň konsentrasiýasyny (düzümini) üýtgedip bilýänligi subut edildi.
3.3. Dişler.
Diş (dens) – esasan üç sany gaty dokumalardan (dentin, syrça, sement) ybarat bolup, ol äňleriň alweolalarynda ýerleşýär. Dişler iýmiti dişlemek we çeýnemek üçin niýetlenendir (3.4.- sur.)
Dişler embrionyň agyz töwereginiň nemli bardasyndan emele gelýär. Nemli bardanyň epiteliýinden syrça ýaýbaňlanýar, epiteliýiň aşagynda ýerleşýän mezenhimadan bolsa, pulpa, dentin, sement, periodont emele gelýär.
Dişleriň ösüşi – çylşyrymly we uzak döwürli hadysadyr. Embrional döwürden başlap, 18-20 ýaşda tamamlanýar.
Wagtlaýyn we hemişelik dişler öz ösüşinde 3 tapgyry geçýärler: düýbüniň tutulyşy we diş düwünçekleriniň döremesi, diş düwünçekleriniň emele gelmegi, dişiň gaty dokumalarynyň gistogenezi.
Adamda wagtlaýyn (süýt) dişleriň düýbüniň tutulmasy we döremesi embrional ýaşaýşyň 6-8-nji hepdesinde başlanýar. Ol başda epitelial plastinkasynyň, soňra syrça örtüjekleriniň, gapajyklarynyň emele gelmegi bilen häsiýetlenýär.
Diş düwünçekleriniň 12-14-nji hepdede emele gelmegi adamant oblastlaryň - syrçany gurýanlaryň we odontoblastlaryň, ýagny dentini gurýanlaryň döremegi bilen häsiýetlenýär.
Dişiň gaty dokumalarynyň gistogenezi embrional ýaşaýşyň 4-nji aýynyň aýagynda başlanýar. Gistogeneziň dowamynda ilki bilen dentin, soňra bolsa syrça emele gelýär.
Dokumalaryň heklenmesi embrional ösüşiň 5-nji aýynyň aýagynda başlanýar.
Hemişelik dişleriň ösüşi wagtlaýyn dişleriňki ýaly bolup geçýär. Düýbüniň tutulyşy embrional ýaşaýşyň 5-nji aýynda başlanýar (1-nji tabl.ser.)
Ilki bilen kesiji, gyýak we kiçi azy dişleriň düýbi tutulýar. Ýaşaýşyň takmynan 6-njy aýynda hemişelik azy dişleriň (ilkinji azy diş), 4-5-nji ýyllarda üçünji azy dişiň düýbi tutulýar. Süýt hem-de hemişelik dişleriň kökleriniň ösüşi dişiň ýaryp çykmasyna çenli dowam edýändigini, köküň ýokarsynyň guralyşynyň bolsa, diş ýaryp çykmasy bolandan 2 ýyldan soň, tamamlanýandygyny bellemek gerekdir.
Dişiň dokumalarynyň düýbüniň tutulyş we ösüş möhletleri babatdaky görkezilen maglumatlar käwagt klinikada duş gelýan üýtgemelerine (dişiň gaty dokumalarynyň patologiýasy, adentiýa we beýl.) düşünmek we olary düşündirmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Kliniki amal üçin wagtlaýyn we hemişelik dişleriň kökleriniň gurluşynyň emele gelmek möhletleriniň, şeýle hem, süýt dişleriň kökleriniň çekilmesiniň, gaýtmasynyň möhletlerini bilmek örän wajypdyr. Bu maglumatlar bejeriş usulyny saýlamagy, olary sogurmaga bolan görkezmeleri kesgitleýär.
Dişleriň ösüp çykmagy – çylşyrymly hadysa bolup, ol nerw we endokrin ulgamlary tarapyndan tertibe salynýar. Şeýle hem, bu döwürde dişleriň dokumalarynyň emele geliş döwri ähmiýetlidir. Bu döwürde göwrümiň ulalmasy we düwünçek içinde basyşyň döremegi bolup geçýär.
Düwünçegiň yzyndaky we öňündäki süňk dokumasynyň täzeden gurluşy uly ähmiýete eýedir.
Hemişelik dişler şu möhletlerde çykýarlar: birinji azy diş – 5-6 ýaşda, merkezi kesiji dişler – 6-8 ýaşda, gapdal kesiji dişler – 8-9 ýaşda, gyýak dişler – 10-11 ýaşda, kiçi azy dişler – 9-12 ýaşda, ikinji azy diş – 12-13 ýaşda, üçünji azy diş – 13 ýaşda we her wagt (3.1-nji görkezgiç).
3.1.-nji tablisa. Hemişelik dişleriň dokumalarynyň emele geliş
