Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.8.5. Dýuringiň dermatiti

Dýuringiň dematiti (dermatitis herpetiformis Duhring) – diýseň seýrek duş gelýän keseldir. B.M.Paşkowyň berýan maglumatlaryna görä bu keselde näsaglaryň diňe 10%-de agzyň nemli bardalary zeperlenýär.

Sebäpleri we döreýşi. Anyklanmadyk. Dýuringiň dematitli nasaglaryna ýod dermana bolan ýokary guýyjylygy bellenýär. Içmek üçin 3-5% ýodid kaliýa berlende bu kesel üçin hakyky sorylma ýüze çykýar.

Kliniki alamatlary. Agzyň nemli bardasynyň aýratyn zeperlenmegi bolmaýar, ýone deriniň zeperlenmegi bilen bir hatarda agyz boşlugynda hem ütgeşme ýüze çykýar. Dýuringiň dermatitiniň kliniki alamatlary köp dürli (polimorfizm) örginleriň bolmagy bilen häsiýetlenýär. Guzaran we ýel­lenen agzyň nemli bardasynda düwinjikler, pakgarçajyklar we pakgaryklar emele gelýär. Kä ýag­daýlarda diňe pakgaryklar emele gelýär. Olar nemli bardanyň gyzaran düzliginde, toplumlaýyn, su­bepitelial gatlakda, içi dury suwklykly we galyň gapyrjagy bolup ýerleşýär. Bu alamatlar onuň daş­ky görnüşini gerpese meňzeş edýär, şonyň netijesinde hem kesel öz şeýle adyna eýe bolýar. Pak­garyklar 3-4 gün geçenden soň ýarylýarlar we gyralary jähekli açyk-gyzyl eroziýalar emele gelýar. Olar bir azyrak agyryly bolýar. Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär, akantolitik öýjikler ýok. Agyz boşlugynda ýüzleý ýara (eroziýa) 2-3 hepdäniň dowamynda bolýar, ýara bitenden soň yzyna bertik galmaýar. Kesel döwirleýin geçişi bilen häsiýetlenýär.

Anyklanyş usuly. Dýuringiň dermatiti hakyky kliniki alamatlaryň ýüze çykmagynyň (agzyň nemli bardasynda pakgaryklaryň toplumlaýyn ýerleşmegi, Nikolskiýniň alamatynyň kesgitlen­me­ýänligi, akantolitik öýjikleriň ýoklygy, derä hakyky köp görnüşli (polimorf) örgin örmegi şeýle hem periferiki ganda ganda eozinofilýa we ýoda ýokary duýgurlygyň bolmagy esasynda anyklanýar.

Deňeşdirlip anyklanyş ulusy. Keseli

  • hakyky akantolitik pakgarçak;

  • akantolitik däl pakgarçak;

  • köpgörnüşli şypyljaýan eritema bilen deňeşdirilýär.

Bejerlişi. Dýuringiň dermatitini bejermek üçin sulfanlary, esasan hem dimosifon dermanlary ula­nylýar. Keseliň agyr geçýan ýagdaýlarynda bu dermanlar bilen bilelikde kortikosteroid derma­nlary belli bir möçberde (bir gije-gündizde 20-30 mg prednizolony 10-12 güniň dowamynda be­rilýar, soň ýuwaş-ýuwaşdan möçberini 2.5-5 mg çenli her 5-7 günden azaldylýar) belenip berilýar. Agzyňy berhiz tutmak, dogry iýmitlenmek maslahat berilýär.

Gelejegi. Şowly.

11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri

Dil kesellerini - özbaşdak glossitler diýip hem atlandyrmak bolýar. Olar diňe dilde döräp, agzyň nemli bardasynyň beýleki bölümlerini zeperlemeýärler. Olar deskbamatiw glossit, gara (saçly) dil, gasynly dil, rombgörnişli glossit kesellere degişlidir.

11.9.1. Gasynly dil

Bu dogabitdi nädogry (anomaliýa) görnüşli we göwrümli dildir. Gasynly dil (lingna plicata) köp ýagdaýlarda çagalarda we uly adamlarda bir meňzeş, ýöne çagalarda gasynyň çuňlygy kiçidir. Gasynly dil üçin onuň ýüzüde esasan dikligine, keseligine we ýanyn (simmetrik) ugurlarda ýerleşen çuň zolagyň (gasynyň) bolmagy mahsusdyr. Has çuň dikligine ýerleşýän gasyn adatça diliň ortaky çyzygyndan geçýär. Ol özüniň başlangyjyny diliň ujyndan alyp gaýdýar we köplenç joýajyk gör­nüşli emzijekleriň ýerleşýän deňine çenli baryp ýetýär. Keseligine ýatan gasynlar çuň bolmaýar we adatça olar esasy hem-de has çuň dikligine geçýän gasynlara ugrykdyrlan ýaňky gasynlary bir umumy ulgama birikdirýär we diliň ýüzünde köp sanly bölünen bölek-bölek şekilini emele getirýär. Gasynlaryň dübi we gapdal ýüzleri emzijekler bilen örtülen, bu kadaly diliň nemli bardasy üçin häsiýetlidir. Emzijekler görnükli gowy görünýär, käwagtlar olar çenden aşa ösýarler (gipertro­fir­lenen). (surat 11.49).

Dili hereketlendirilende gasynlar gowy görünýär. Köp ýagdaýlarda ol diliň göwrüminiň sähelçe ulanmagy-makroglossiýa, şeýlede onuň galňamagy bilen utgaşyp geçýar. Gasynlylyk we diliň göwrüminiň ulylygy (anomaliýa) nädogry emele gelme höküminde diliň üçden bir böleginiň öňündäkisini eýeläp bilýär.

Gasynly dil Melkerson-Rozentalyň alamatlar toplumynyň bir alamaty höküminde bolup biler. Ondan başgada gasynly dil 30-50% -ýagdaýlarda, deskwamatiw glosit bilen bilelikde geçýär. Diliň gasynlygy we ulylygy dulygyň gasynlygy bilen bilelikde bolup geçende akromegaliýany ýalňyş­dy­r­ýar. Garry adamlarda nemli bardanyň (turgor) dykyzlygy pese düşen netijesinde dile we ýaňaga sähelçe gasyn düşüp biler, ýöne ony dogabitdi gasynly dil bilen deňeşdirip bolmaz.

Gasynly dilde düzgün bolşy ýaly näsaglaryň arzy bolmaýar, ýöne günlerde bir gün adaty gör­nüş­de bolmadyk dili görüp we gasyny jaýryk höküminde görüp näsaglar lukmana ýüz tutýarlar. Agyz boşlugynyň idegi erbet ýagdaýda bolanda, sülekeýiň bölünip çykmagy peselende, diliň gasyn­la­ryn­da iýmit galyndylary, epiteliýanyň gopan öýjükleri, mikroblar çişginiň ýüze çykmagyna we awy­saýan hem-de agyrýan arzlaryň bolmagyna getirip biler. Çuň gasynlaryň bolmagy kömelek şe­killi mikroblaryň ösmegine amatly şert döredýär, esasan hem bedeniniň durnuklylygy pes bolan şahslarda.

Bejerlişi. Ýerli bejergi gasynly dilde talap edilmeýär. Agyz boşlugynyň arassaçylygyny berjaý etmelidir we öz wagtynda çaplamak.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]