Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.8.4. Gyzyl gurt keseli

Gyzyl gurt keseliniň iki sany görnüşi tapawutlanýar (lupus erythematodes): üznüksiz (diskoid) – gyzyl gurt keseliniň howpsyz kliniki görnüşine degişli we ýiti (ulgamlaýyn)–agyr geçýan görnüşi. Gyzyl gurt keseliniň iki görnüşinde hem dodagyň gyzyl gaýmasy we agzyň nemli bardasy zeper­le­nip bilýärler. Gyzyl gurt keselinde aýratyn diňe agzyň nemli bardasynyň zeperlenmegi amalyýetde duş gelmeýär, şonyň üçin hem näsaglar stomatolog-lukmana ilkinji bolup örän seýrek ýüz tutýarlar. Kesel köplenç 20-den 40 ýaş aralygynda başlanýar, erkeklere garaňda zananlar köp keseleýär.

Sebäbi we döreýşi. Gyzyl gurt keseliniň sebäbi gutarnykly anyklanmadyk. Häzirki zaman ga­raýyşda gyzyl gurt keseli birleşdirdi dokumalarynyň (rewmatid) we goraýyş güýçleriniň (autoim­mun) kesellerine degişlidir. Keseliň döremegi, dürli görnüşli ýokanç we ýokançdäl faktorlara ýoka­ry duýgurlygynyň bolmagy netijesinde ýüze çykýar diýip hasaplanylýar. Kesel döredip biljek se­bäp­lere; gün şöhlesine, sowyga, üznüksiz ýokanç ojaga bolan allergiýa degişlidir.

Üznüksiz gyzyl gurt. Kliniki alamatlary. Üznüksiz gyzyl gurt adatça ýüzüň derisiniň eritemasy (köplenç burunda, maňlaýda, dulykda-ýaňakda kebelek görnüşde bolýar) bilen gulak ýelkenlerinde, kelläniň saçly ýerinde, dodagyň gyzyl gaýmasynda we bedeniň bepleki açyk ýerlerinde ýüze çykyp baş­lanýar. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň aýratyn öz başyna zeperlenmegi bolup biler. Agzyň nemli bardasy seýrek zeperlenýär. Eritemadan soň onuň ýüzinde giperkeratoz emele gelýär. Zeperlenen ojagyň merkezinde (atrofiýa) çöketlik ýeri dörlýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan hemme ojagy eýeleýar we bu ýerde eritema hemde giperkeratoz saklanyp galýar (11.48 surat). Gyzyl gurt keseliniň bu esasy üç sany kliniki alamatlaryndan başgada goşmaça alamatlary bolýar: olardan ýellenme-çişginligi, te­lean­giektaziýa we tegmillenmek. Gyzyl gurt keseliniň kliniki görnüşinde agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň zeperlenmegi bilen awyşamak, agyry bolup iýmit iýlende, gur­le­nen­­de güýçlenmegi bilen utgaşýar. Dodagyň gyzyl gaýmasynda duş gelýan gyzyl gurt keseliniň 4-sa­ny dürli görnüşleri tapawutlanýar: hakyky-ýönekeý; aýdyň bolmadyk atrofiýa; eroziw-ýaraly; çuňňür.

Gyzyl gurt keselini hakyky-ýönekeý görnüşinde dodagyň gyzyl gaýmasynda süri sudyrly ýeljerme ojagy döreýär, ýada bu hadysa bütin dodagyň gyzyl gaýmasyna ýaýrap eýeläp bilýär. Zeperlenen meýdança giňelen damarlar we aýdyň suwklyk üşmegi (infiltrat) bilen gögimtil-gyzaran reňkde bolýar. Olaryň üsti berk otyran agymtyl-çal reňkli teňňejikler bilen örtülen, ony güýç bilen sypyryp aýyrlanda ganakmak we belli bir derejede agyry ýüze çykýar. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň we deriniň zeperlenen merkezinde atrofiýasy bellenýär. Ojagyň daşky çäklerinde görnüşi ak reňkli zolaklar deň bolmadyk epiteliýanyň bulançak meýdançasynda bellenýär. Patogistologik barlagda, keseliň hakyky-ýönekeý görnüşinde epiteliýada parakeratoz, giperkeratoz, akantoz, bazal gatlagyň Wakuol distrofiýasy, kä bir ýerlerde dokumanyň atrofiýasy kesgitlenýär. Nemli bardanyň hususy gatlagynda ýaraň çişginli infiltrat, limfa we ganaýlanşyk damarlaryň giňelmegi, kollagen süýmleriň dargamagy ýüze çykarylýar.

Gyzyl gurt keseliniň aýdyň bolmadyk atrofiýa görnişi, dodagyň gyzyl gaýmasynda ýaýraň dur­gynly gyzarmanyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlenýär. Onuň üsti giper we parakeratoz teňňe­jik­leri bilen örtilen bolýar, ol ýönekeý görnüşe garaňda ýeňillik bilen sypyrylýar.

Gyzyl gurt keseliniň Eroziw – ýaraly görnüşinde dodagyň gyzyl gaýmasynda aýdyň çişme, ýagty-gyzyl reňkli ojak, ýellenme, ganjymak-iriňli kesmek bilen örtülen ýaralar we jaýryklar ýüze çyka­rylýar. Näsaglary güýçli awyşamak, agyry we gijilewik binjalyk edýär. Zeperlenen ojak biten­den soň onuň ýerne atrofiki bertik galýar.

Gyzyl gurt keseliniň çuňňür görnişinde dodakda Kapoşa – Irgangyň zeperlenmesi seýrek duşýar. Zeperlenen ojak düwinjik görnüşde gyzyl gaýmanyň deňinden ýokaryk çykyp durýar. onuň üsti ýaraly we giperkeratoz. Dodagyň gyzyl gurt keseli seýrek bolmadyk ýagdaýlarda, ikilenji glandulýar heýlit bilen beterleşýär.

Gyzyl gurt keselinde agzyň nemli bardasy dodagyň gyzyl gaýmasyna seredeňde, ýygy-ýygy­dan zeperlenýär. Hadysa dulugyň, dodagyň nemli bardasynda, dişleriň galtaşýan çyzygynda, dilde, kentlewkde we beýleki ýerlerinde ýerleşýär.

Agzyň nemli bardasynda gyzyl gurt keseliniň şu indiki görnüşleri tapawutlanýar: hakyky-ýönekeý; suwjaryp; eroziw-ýaraly. Hakyky-ýöneleý görnüşi-gurnykly gyzaran ojagyň infiltrasiýasy we giperkeratozy bilen häsiýetlenýär. Zeperlenen ojagyň merkezi atrofirlenen, daşky çaklerinde bolsa – ak zolak görnüşli giperkeratoz bolýar.

Şikesleýji faktor bolan ýagdaýynda suwjaryp-gyzarýan görnüşi diýseň çalt eroziw-ýaraly görnüşine geçýär, onuň zeperlenen ojagynyň merkezinde agyryly eroziýa ýada ýara ýüze çykýar. Ýaranyň daş töwereginde dikligine gidýän ak zolaklar görinýär. Ojagyň çäklerinde giperkeratoz hadysasy güýçlenýär we käbir ýagdaýlarda giperkeratoz böwedi emele gelýär. Gyzyl gurt keseliniň ojagy bitenden soň, düzgün bolşy ýaly onuň ýerine bertik we atrofiýa galýar.

Üznüksiz gyzyl gurt keseliniň geçişi, ýaz-tomus döwürlerinde ýitileşmegi bilen, uzak wagtlaýyn (ýyl-onýyllap) bolýar. Dodagyň gyzyl gaýmasynda duşýan eroziw-ýaraly görnüşi howyply döm­mä geçip bilýär, şonuň üçin hem bu görnüşi howyply dömmäniň öňýany fakultatiw keseline degişli edilýär.

Patologik anatomiýasy. Üznüksiz gyzyl gurt keselinde zeperlenmäniň gistologiki alamatlary agzyň nemli bardasynda we dodakda parakeratozyň, giperkeratozyň, akantozyň we atrofiýanyň bol­maklary bilen häsiýetlenýär. Epiteliýanyň bazal gatlagyndaky öýjikleriň wakuol degenerasiýasy – ütgemegi we infiltratdaky öýjikleriň stromadan epiteliýa geçmegi netijesinde bazal gatlagynyň ütgänligi ýüze çykarylýar. Nemli bardanyň hususy gatlagynda giň göwrimli plazmoöýjikli – limfoid infilt­raty, owynjak damarlaryň giňemegi we ganyň durgynlyk hadysasy bolýar. Kollagen süýüm­leriň dargamagy esasan epiteliýanyň aşagynda we gan aýlanýan ownyk damarjyklaryň töwereginde bolýar. Eroziw-ýaraly görnüşinde epiteliýanyň bozulmagy, ýellenme we çişme ýüze çykýar.

Anyklanşy. Egerde gyzyl gurt keseliniň zeperlenen ojagy şol bir wagytda deridede bolsa, onda kynçylyk döretmeýär. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň aýratyn zeperlen­me­ginde kesel anyklamak kyn bolýar, şonyň üçin hem kliniki barlaglar bilen birhatarda goşmaça barlag usullary (gistologik, lýuminessent anyklanyş usuly we göni RIF) ulanylýar. Wudyň şöhleli bar­lagynda gyzyl gurt keselinde giperkeratoz hadysa dodagyň gyzyl gaýmasynda ýerleşýär, ol ak-gar görnüşli öwüşginlik berýär, agzyň nemli bardasynda – ak bulançak öwüşginlik nokat we zolak görnüşe bolýar.

Deňeşdirlip anyklanyş usuly. Üznüksiz gyzyl gurt keselini, gyzyl ýasy demrewden we leýkop­lakiýadan tapawutlandyrmak gerekdir. Hadysa dodagyň gyzyl gaýmasynda ýerleşende ony aktiniki heýlit we howyply dömmäniň Manganottiň heýlit bilen deňeşdirilýär.

Bejerliş usuly. Üznüksiz gyzyl gurt keseliniň bejerlişi üznüksiz ýokanç ojaklary ýüze çykar­mak ýök etmek, şeýle hem ulgamlaýyn zeperlenmäni kesgitlemek üçin gowy durs-barlag geçir­mek­den başlanýar. Dermanly bejermegi hinolin hatardaky dermanlary (plakwenil, delagil) ulanmak bi­len geçirilýär. Şol bir wagytda uly bolmadyk möçberde kortikosteroid dermanlar bellenýär: predni­zolon (10-15 mg), triamsinolon (8-12 mg) we deksametazon (1.5-2.0 mg). witaminleriň toplumy giňden ulanylýar: B2, B12, nikotin we askorbin turşulary. Ýiti çişme hadysa öçip 1-2 gün geçen soň zeperlenen ojagyň içine hingamin derman suwklygy goýbermeklik ulanylýar. Ýerli bejergi üçin kortikosteroid çalgy ýaglary ulanylýar (“Flusinar”, “Sinalar”, prednizolon we ş.m.). Eroziw-ýaraly görnüşi bejerlende, düzüminde antibiotikleri we mikroblara garşy beýleki dermanlary saklaýan kortikosteroid çalgy ýaglary (“Oksikort”, “Sokakopten” we başglar).

Ýiti gyzyl gurt keseli. Ulgamly agyz keselleriň biridir. Onuň üçin bedeniň ýokary gyzgynlygy­nyň, bogunlarda agyrynyň bolmagy, içki synalaryň zeperlenmegi (poliserozit, endokardit, glomeru­lo­­nefrit, poliartrit, aşgazan–içege ýollarynyň zeperlenmegi we başgalar) bilen häsiýetlenýär. Ganda – leýkopeniýa, anemiýa, eritositleriň çökmeginiň tizligi (EÇT) ýokarlanýar. Ýiti gyzyl gurt keselin­de agzyň nemli bardasynyň ütgemegi näsaglaryň 2/3-de diýen ýaly ýüze çykarylýar. Kentlewgiň, dişeti­niň, dulygyň nemli bardalarynda gyzarma, ýellenen menekler emele gelýär. Dürli ölçegli içi ganly pakgaryklar ýarylyp eroziýa geçýärler, olaryň üsti fibrinoz kesmek bilen örtilen bolýar. Deride menek, gyzarma, kä ýagdaýlarda ýellenme we pakgaryklar ýüze çykýar.

Keseliň bu görnüşi onuň beterleşmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan hadysanyň dürli içki synalara we dokumalara geçmegi bilen häsiýetlenýär.

Anyklanyş usuly. Deri zeperlenmegini we içki synalaryň ýagdaýlaryny ýüze çykarmak, şeýle hem ganyň we süňk ýüliginde “gyzyl gurt keseliniň öýjigi” tapylmagy esasynda geçirilýär. Köp sanly näsaglarda ikilenji immun ýetmezçiligi hem kesgitlenýär.

Bejerlişi. Ýiti gyzyl gurt keselli näsaglary näçe mümkin boldygyça ir wagyt, hökmany suratda hassahana şertinde başlanmalydyr. Doly bejerlişi uzak wagtlaýyn we arakesmesiz bolmalydyr. Başlangyç döwürde glýukokortikoid dermanlary köp mukdarda bellenip berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]