- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.8.2. Pakgarçak keseli
Pakgarçagyň 4-sany kliniki görnüşleri tapawutlandyrylýär (pemphigus):
wulgar görnüşi;
wegetirleýji görnüşi;
ýapyrak şekili;
seboreýli (eritematoz) görnüşli.
Agzyň nemli bardasy köp ýagdaýlarda pakgarçagyň wulgar görnüşde zeperlenýärler (näsaglaryň 75%-de), şonuň üçin hem ol diş lukmanlara uly gyzyklanma döredýär. Wulgar görnüşli pakgarçak elmydama diýen ýaly agzyň nemli bardasyny ýa-da kekirdegi zeperlemekden başlaýar, ondan soňra bolsa derä ýaýraýar. Kesel hatda derini zeperläp başlaýan bolsada ondan soň onuň esasynda agzyň nemli bardasynyň zeperlenmegi ýüze çykarylýär.
Pakgarçagyň wulgar görnüşli (pemphigus wulgaris). Wulgar ýa-da adaty, pakgarçak beýleki görnüşlere görä diýes kän duş gelýär. Bu kesel bilen zenanlar we erkekler 35-ýaşdan ýokardakylar we çagalar örän seýrek keselleýarler.
Keseliň sebäbi. Nübelli. Bu keseliň döremegi üçin wirusly we autoimmun teoriýalary bardyr.
Kliniki alamatlary: Pakgarçak keselinde agzyň nemli bardasynyň we dodagyň zeper-lenmegi, içi seroz suwklykly ýa-da ganly pakgarygyň emele gelýanligi, onuň örän ýukajyk örtüginiň bardygy bilen häsiýetlenýär.
Agyz boşlugynda elmydama sürtülmäniň bolýanlygy zerarly pakgaryklar örän bahym ýarylyp açylýarlar şonuň üçin hem olary agyz boşlugynda görmek örän seýrek bolýar. Köplenç öňki bolan pakgarygyň galyndysy ýüze çykarylýar. Pakgarygyň ýerine tegelek ýa-da süri görnüşli uzak wagtlap bilmeýän ýaralar emelegelýär. Ýaralar açyk-gyzyl reňkde bolup, ütgemedik ýa-da ýeňiljek sowuklap çişen nemli bardanyň düzlüginde ýerleşýärler (11.44. sur.). Pakgarçak keselinde ýaralaryň göwrümi her dürli bolýar uly bolmadyk sypçyrykdan tä giň göwrümli durnykly gyzyl reňkli üste çenli. Ýaranyň ýüzünde düzgün bolşy ýaly kesmek örtügi bolmaýar, ýa-da ýukajyk gatlakda ýeňil sypyrylýan fibrinoz kesmegi bolýar. Köp ýagdaýlarda ýaralar dulugyň nemli bardasynda (esasan hem azy dişiň ýeňse sebitinde), diliň aşaky ýüzünde, gaňşylawkda we agyz boşlugynyň dübinde. Bejerginiň bolmadyk ýagdaýynda täze ýaralar döreýär, olar öz ara goşuluşýarlar we giňgöwrümli ýara üstüni emele getirýär, ol bitmezlige meýilli bolýar. Agyry ýeterlik güýçli, has depginli haçanda näsag iýmit iýende we gürlände. Ýaralar bahym zäherlenýärler, esasanhem agyz boşlugy saplanmadyk bilsa. Del bedenjikleriň, kökleriň, kömelejikle-riň floralary we fuzospirohetozlaryň birleşip ýokuşmagynda näsagyň ýagdaýy agyrlaşýar, agyz boşlugynda kesele mahsus bolan erbet ýakymsyz ysyň bolmagy ýüze çykýar. Sülekeý bölünip çykmasy güýçlenýär. Sülekeý agzyň burçyny sürtüp agyryly jaýryklary emelegetirýär. Dodagyň gyzyl gaýmasynda, agzyň burçlarynda hem pakgaryklaryň we ýüzleý ýaralaryň ýüze çykmagy mümkin olar ganly örtük bilen örtülen. Kä ýagdaýlarda sesiň gyrylmasy ýüze çykýar ol bolsa bokurdagyň zeperlenendigine şaýatlyk edýär.
Pakgarçak keselinde deride pakgaryklar esasan geýim-eşigiň şüýkelen, gysylan, sürtülen (garynyň, arkaň, satanyň gasynynda we ş.m.), ýerlerde ýüze çykýarlar. Deride pakgaryklaryň ýarylyp açylandan soňky emelegelen ýaralary hem örän agyrly, geýim-eşik, içki ýorgan-düşek ýa-da ýara daňysy bilen her gezek oňa degende birden örän güýçli agyrynyň pýda bolmagy, näsagyň birnäçe sagatlap gymyldysyz bolmagyny mejbur edýär.
Pakgarçak keselinde Nikolskiýniň alamaty düzgün bolşy ýaly barlygy kesgitlenýär. Onuň 3-sany dürli görnüşleri bardyr:
haçanda jübtek bilen pakgarygyň üstündäki örtügini ýa-da epiteliýanyň ýokarky gatlagynyň ýaraly gyrasyndan tutyp çekişen, onda epiteliýanyň ýukajyk gatlagy görnükli ütgemedik sagdyn nemli bardada we deride soýulýar. Epiteliýanyň gatlagy ýukajyk örän ejiz we jübtek bilen ýeňil kesilip aýrylýar.
Nemli bardanyň görnükli üýtgemedik ýerine ýa-da deride zeperlenmeleriň aralyk sebitinde sürtülme edilende ol ýerde derrew pakgarygyň we ýaralaryň ýüze çykmagyna getirýär.
Egerde zeperlenen sebitden uzaklykda ýerleşýan meýdançasyny surtilse, onda ol ýerde hem epiteliýanyň ýokarky gatlagy aşaky gatlagyndan syprylýar.
Nikolskiý alamatynyň ikinji we esasan hem üçinji görnüşiniň bolmagy akantoliziň depginliginiň güýçlenýändigine şaýatlyk edýär.
Pakgarçak keselinde agzyň nemli bardasynda we deriden başgada beýleki nemli bardalar zeperlenip bilýarler (aşgazan, içege, gyzylödek, bokurdagyň nemli bardalary), şeýlede bedeniň içki synalary we merkezi nerw ulgamy.
Egerde hadysa agzyň nemli bardasynda başlan bolsa, onda gelejekde talaba laýyk bejergi bolmasa 1-6 aý geçen soň ol ýanbaşyň, ýüzüň, el-aýaklaryň derisine ýaýraýar. Şeýlelikde näsagyň umumy ýagdaýy birde erbetleşýär, zäherlenme güýçlenýär, horlanma (kaheksiýa) ýüze çykýar we kesel döränden 1-2 ýyl geçen soň kortikosteroid dermanlar bilen näsaglar bejergi almasa olar ölýärler. Ýöne häzirki döwürde kortikosteroid dermanlaryň giňden ulanylýanlygy bilen baglanşykda şeýle ýagdaýlar örän az duşýar.
Kortikosteroid dermanlar bejergisi pakgarçagyň geçişiniň beterlemegini kesýär we sagdynlaşan (remissiýa) döwre geçýär.
Anyklanşy. Keseliň kesgitlenmesi kliniki ýüze çykmalaryň esasynda, Nikolskiýniň alamatynyň bolmagynda, sitologiki barlaglaryň netijesinde we immunofluoressensiýanyň göni duýgurlyk barlagynyň esasynda goýulýar.
Sitologik barlag usuly. Ýaranyň dübinden alnan kesmegi sitologik usuly bilen barlanmak pakgarçak keseli anyklamak üçin hökmandyr. Onda ýüze çykarlan akantolitik öýjükleriň balmagy, akantolitik pakgarçak keselini tassyklamaga şaýatlyk edýär. Akantolitik öýjikler ýada Tsankaň öýjikleri, pytanak – ösüntgili gatlagyň ütgän öýjükleri bilen häsiýetlenýärler. Olar tegelek sudyrly, öz ölçegi boýunça ösüntgili gatlagyň kadaly öýjiklerinden kiçi (11.45 surat).
Öýjikleriň hemmesinde diýen ýaly ýadrolary uly bolýar, onuň göwrimi öýjigiň 1/3 – 1/2 we ondan hem ulyragyny tutýar, ol garamtyl-gök reňk bilen boýalan, köplenç 1-den – 6-çenli ýagty nukleollar bolýar. Öýjigiň sitoplazmasynyň reňklenmegi birmeňzeş däl: ýadronyň daş töweregi açyk-asman reňkde, çet ýerleri bolsa garamtyl-gök bolýar. Akantolitik öýjikler boýalanda öýjikleriň we ýadrolaryň göwrimine görä polimorfizm häsiýetli. Köpýadroly uly-mähnet öýjikler – duş gelýär. Kesel doly ýüze çykanda akantolitik we köpýadroly öýjikleriň sany birden köpelýär. Olar bütinleý polimorf öýjikleriň tertipsiz garyndylary bilen goşulyşýarlar. Näsagyň sagalan döwri we kortikosteroid dermanlar bilen bejerilýän söwri akantolitik öýjikler azalýar.
Patogistologik barlag usuly. Geçirmek görkezilen. Akantolitik pakgarçak keselinde akantoliz we ýellenme hadysalar esasy morfologik ütgeşmeleriň biri bolup durýar, onuň netijesinde epiteliýanyň içinde pakgaryk emele gelýär, onuň netijesinde öýjikara köpürileriň eremegi bolup geçýär, öýjikleriň arasynda yş emele gelýär, ondan soň pakgaryk. Şeýle pakgaryklaryň dübi we ýarylandan soň emele gelen ýaralaryň üsti akantolitik öýjikler bilen düşelen.
Deňeşdirilip anyklanşy: Akantoliki (hakyky) pakgarçagy hökman agzyň nemli bardasynyň beýleki bullez zeperlenmelerinden tapawutlandyryp deňeşdirmelidir:
Köp görnüşli şypyljaýan eritemadan;
Pemfigoidden;
Deman täsirli allergiýadan;
Gyzyl ýasy demrewiň bullez görnüşinden;
Gerpetik görnüşli Duýringiň deri keselinden;
Akantolitik pakgarçagyň beýleki pakgarykly keseller bilen deňeşdirilip anyklanmagy ilki bilen epiteliýa degişlilikde pakgarygyň ýerleşýan ýerine esaslanýar.
Köp görnüşli şypyljaýan eritemada pakgaryk subepitelial gatlakda ýerleşýär, Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär. Ondan başgada köp görnüşli şypyljaýan eritema üçin keseliň ýiti başlanmagy, gaýtadan beterleşmeginiň pasyllaýynlygy, agzyň nemli bardasynyň güýçli çişmegi, onuň gysga wagytda geçmegi häsiýetlidir.
Pemfigoid keseliniň bullez görnüşinde pakgaryklar epiteliýanyň aşagynda ýerleşýär, olaryň üsindäki örtilen gapagy galyň bolýar, şonyň üçin hem onuň saklanyp galmagy has köp wagyta çekýär. Bullez pemfigoid keseli bilen esasan 60 – ýaşdan ýokary ýaşan adamlar keselleýär. Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär, akantolitik öýjikler ýüze çykarylmaýar.
Akontalitik pakgarçagy derman täsirinden dörän allergik stomatitden tapawutlandyrmak üçin anamnez (derman kabul edenliginiň maglumaty) we allergologik synag-barlagyň netijeleri gowy kömek berýar.
Derman – allergeni kabul etmek besedilenden soň – stomatit keseli çalt aýrylýar. Derman stomatitinde, pakgaryk epiteliýanyň aşagynda ýerleşýär, Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär, akantolitik öýjik ýök.
Gyrmyzy ýasy demrewiň bullez görnüşinde pakaryklar subepiteliýa gatlakda ýerleşýär, akantoliz bolmaýar. Pakgaryklaryň töwereginde ýada agzyň nemli bardasynyň beýleki ýerlerinde gyzyl ýasy demrewe mahsus bolan köpsanly düwinjikler bolýar.
Dýuringiň gerpetik görnüşli deri keseli pakgaryklaryň subepitelial ýerleşmegi bilen häsiýetlenýär, olar ilki bilen deride emele delýär. Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär, akantolitik öýjükler ýok. Pakgaryklar özinde eozinofilleriň saklanmagy bilen häsiýetlenýär, şeýle hem ganyň düzüminde eozinofilýa bellenýär. Dýuringiň gerpetik görnüşli deri keselinde ýoda bolan ýokary düýgyrlyk bellenýär.
Pemfigoidiň, gyrmyzy ýasy demrewiň we beýleki pakgarykly keselleriň käbir ýagdaýlaynda, pakgaryklaryň subepitelial gatlakda ýerleşýänligi üçin, olaryň töweregi ýada ýaralar diýseň ýeňillik bilen epiteliýanyň çişme zolagynda ýerleşýan hemme gatlagy sypyrylyp biler. Bu ýagdaýda pakgarygyň örtülen gapagy galyň, ol kynlyk bilen sypyrylýar. Bu alamata Nikolskiýniň ýalan alamaty diýilýär.
Bejergisi. Häzirki döwürde pakgarçagy bejermek üçin kortikosteroid we sitostatiki dermanlar ulanylýar. Prednizolon, metilprednizolon, deksametazon, triamsinolon dermanlar bellenýär. Kortikosteroid dermanlar bilen näsaglaryň bejermegi olaryň köpüsinde kliniki alamatlaryň ýok bolmagyna alyp barýar. Ýöne egerde kortikosteroid dermany kabul etmegi bes edilende, düzgün bolşy ýaly kesel gaýtadan beterleşip başlaýar. Şonyň üçin hem pakgarçak keselli näsaglar bejerlende hatda keseliň hiç-hili kliniki alamatlary bolmasada bejergi arakesmesiz bolmalydyr. Näsagyň ýagdaýyna görä prednizolon derman uly möçberde berilýar, bir gije-gündizde 50-80 mg, triamsinolon 40-80 mg, deksemetazon 8-10 mg-den bellenýär. Näsaglar şeýle uly möçberli dermany tä täzeden pakgaryklaryň döremegi kesilýänçä, ýaralar doly bitýänçä kabul edýarler. Ondan soň ýuwaş-ýuwaşdan bir-gije gündiziň dowamyndaky dermanyň möçber azaazaldylýar. Prednizolonyň möçberi ilki her 5-günden 5 mg azaldylýar, soňra her 7-10 günden. Dermany bir gije-gündizde bejergä gerek bolan iň pes möçberine çenli azaldylýar. Ol adatça prednizolon üçin 10-15 mg, deksametazon üçin 0.5-1 mg bolýar.
Kortikosteroid dermanlaryň uzak wagtlap ulanylmagy, näsaglara herdürli ýaramaz täsir edýär (arterial basyşyň beýgelmegi, peşewde süjiniň mukdarynyň beýgelmegi, sünk dokumada osteoporozyň bolmagy tromboz emele gelmegi we ş.m.). Şonyň bilen baglanşykda kortikosteroid dermanly bejergide gaýraüzülme hadysalar bolmaz ýaly näsaglaryň iýmitinde duzly iýmitleri, suwy azaltmagy maslahat berilýär. näsaglaryň iýmiti belokly hem-de ýaglar we uglewodlar az bolmalydyr. Içmek üçin kaliý dermanlar (hlorid kaliý, asparkam), askorbin turşysy, Witaminleriň B-toplumy, kalsiý dermanlary, tireokalsitonin bellenýär.
Pakgarçak keseli bejermek üçin sitostatikler, esasan hem metotreksat ulanylýar. Ony kortikosteroidler bilen bir wagytda hepdede 35-40 mg berilýär.
Ýerli bejergi esasan ýaralaryň ikilenji zäher-ýokanç ýokmazlygynyň öňüni almaklyga gönükdirlen bolmagy. Munda agyz boşlugyny agyrsyzlandyrjy serişdeleri bilen çaýkamak; antiseptiki gyjyndyrmaýan dermanlary ulanmak; agzyň nemli bardasyna ýapgy goýmakýada kortikosteroid ýaglar bilen çalmak geçirilýar. Her nahardan soň we kortikoid-dermanly ýagy ýüzleý çalmakdan öň hökman agyz boşlugy ýyljak, ýeňiljek permanganat kaliýniň, 0.25%-hloramin, 0.02%-hlorgeksidiniň erginleri bilen çaýkalmalydyr. Ýaralaryň çalt bitmekleri üçin agyz boşlugynyň saplanmagy ähmiýetlidir. Dodagyň gyzyl gaýmasy zeperlenende garmonal dermanlar we antibiotikler, şeýle hem witamin A-ýagly ergini bilen ýüzleý çalynýar. Egerde pakgarçak keseli kandidoz bilen beterleşse, oňa kandidalara – mikroblara garşy dermanlar ulanylýar.
Ýone hatda şeýle dogry we özwagtynda geçirilen bejergi we geljeki ýagdaýlary hakyky (akantolitik) pakgarçak keselinde örän wajyp, çynlakaý bolup galýar.
