- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
Tagam alyşyň bozulmagy (dysgensia) ýüz nerwiniň keseli bolan ýagdaýlarda, egerde zeperlenen ojak ýüz nerwiniň akabasynda (fallopiew akabasy)ýerleşen bolsa ýüze çykýar. Ol ýüz nerwiniň şol bölejik kesiminde onuň ýany bilen bir hatarda deprek tarlarynyň geçýänligi bilen baglanşyklydyr we onuň düzüminde tagam geçirjiler bolýar. Olar bolsa diliň 2/3 öň bölegindäki tagam alyş reseptorlardan beýnidäki uly ýarym sarynyň daşky gatlagyna maglumatlary alyp barýar. Şoňa laýyklykda şu ýagdaýda diliň 2/3 öň böleginde bir taraplaýyn tagam alyş duýgyrlygynyň gaçýanlygy ýüze çykarylýar.
Akabada bolmadyk ýüziň nerwisinde tagam alyş süýümleri dil nerwiniň düzüminde ýerleşýär. Şoňa laýyklykda onuň zeperlenmeginde diliň 2/3 öň bölegindäki tagam duýgurlygy gaçýar, ýöne beýleki alamatlar bilen bilelikde. Diliň 1/3 yzky bölegindäki birtaraplaýyn tagam duýgyrlygyň gaçmagynyň, dil bokurdak nerwiniň zeperlenmegi bilen baglanşyklydygyny bellemek zerurdyr. Merkezi nerw ulgamynyň organik zeperlenmeginde (beýniniň howyply çiş keselinde neýrosifilisde we başga.) doly iki taraplaýyn, seýrek ýagdaýlarda birtaraplaýyn tagam duýgurlygy gaçýar. Tagam almagyň bozulmagy onuň doly ýitmegi, peselmegi we ütgemegi ýaly görnüşde ýüze çykyp bilýär. Bu tagam duýgurlygyň hemme görnüşine (süýjä, turşa, duzla, aja) degişlidir. Tagam alyjy kökjagazlar esasan diliň nemli bardasynda ýerleşýärler, şonyň üçin hem zeperlenmäni we tagam alyşyň bozulmagyny döredýän faktorlar köpdürlidir:
Wirusly ýokançlar, allergik dlossitler, şöhle zeperlenmeleri, şikeslenmeler, A we B awitaminozlar, Şegreniň sindromy, aşgazan-içege ýollarynyň keselleri we başgalar. Şeýlelikde diliň epiteliýasynyň güýçli gopmagy ýa-da wagtlaýyn ýitmegi bellenýär, şonyň bilen baglanşykda onuň ýüzi açylýar we tagam alyş emzijekleri gyjyndyrylmak üçin elýeter bolýar.
Şeýle ýagdaýlarda tagam duýujylygy emzijekleriň bitişmegine görä gaýtadan dikelýär.
Bejerliş usuly. Tagam alyşyň bozulmagy köplenç zeper ýeten ojaklarda, ýüz nerwiniň akabasynda ýerleşende, haçanda tagam duýyjy süýmler ýüz nerwisiniň düzümi bilen geçende, dil nerwisiniň näsazlygynda, dil bokurdak nerwiniň bozulmagynda ýüze çykýar. Şonuň bilen baglanşykda keseli döredýän sebäpleri hasaba almak bilen bejergi köplenç newropatolog lukmany tarapyndan geçirýär.
11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
Sülekeý mäzleriniň nerw üpjinçiliginiň (innerwasiýasynyň) bozulmagy we göniden-göni sülekeý mäzleriniň hem-de agzyň nemli bardasynyň zeperlenmeklerinde seýrek bolmadyk ýagdaýlarda sülekeýiň bölünip çykmagy bozulýar. Sülekeý bölünip çykmagynyň bozulmagy iki görnüşe bölünýär: gipersaliwasiýa we giposaliwasiýa (onuň iň soňky derejesi – kserostomiýa).
Gipersaliwasiýa. Gipersaliwasiýany döredýän faktorlar; agzyň nemli bardasynyň ýiti çişme hadysalary, sülekeýiň şertsizreflektor bölünip çykmagynyň beýgelmegi bilen utgaşyp gelýan, nemli bardanyň gyjyndyrylmagy netijesinde bolup durýar.
Bir näçe ýagdaýlarda gipersaliwasiýa simabyň, ýodyň bedene düşmegi bilen sülekeý mäzleriniň bölüp çykaryjy (sekretor) öýjikleriniň gujundyrylmagy netijesinde ýüze çykýar.
Gipersaliwasiýanyň uzak wagtlap bolmagy merkezi nerw ulgamynyň käbir organiki kesellerinde – parkinsonizmde, bulbar we psewdobulbar paraliç kesellerinde, bir näçe ýagdaýlarda insultdan (beýnä gan inmeden) soňky döwirlerde hem-de başgalarda ýüze çykýar. Ýudymagyň bozulmagy we beýleki kesellerde gipersaliwasiýa güýçlenýär. Gipersaliwasiýanyň dörediji sebäbi gelmintleriň, parazitleriň ýokuşmagynda bolup biler.
Gipersaliwasiýasy bolan näsaglar stomatolog lukmandan başgada görkezme boýunça newrapatolog we terapewt lukmanlaryň barlagyndan geçmelidir.
Bejerliş usuly. Gipersaliwasiýa bolanda bejergi hemme ýagdaýlarda esasy keseli ýok etmeklige ugrykdyrlan bolmaly. Sülekeýiň bölünip çykmagyny wagtlaýyn peseltmek üçin atropin dermanlary ulanmak bilen ýerne ýetirip bolar.
Giposaliwasiýa. Giposaliwasiýanyň döremeginde onuň sebäpleri köpgörnüşli: awitaminoz A, B, E giposideroz; süýji keselinde sülekeý bölünmegi peselýär, birleşdirji dokumanyň ulgamlaýyn kesellerinde, şöhle zeperlenmelerinde, ikitaraplaýyn üznüksiz, parodontitde, uly sülekeý mäzleri hirurgiki aýyrlandan soň bolýarlar. Agyz boşlugynyň aýdyň gyrak bolmagy Şegreniň sindromy bilen kesellän näsaglarda bolýar. Tireotoksikozda, klimaterik döwürde simpatik nerw ulgamyndaky dartgynlygynyň beýgelmegi giposaliwasiýa getirip bilýär. Kserostomiýa – (agzyň guramagy), wagtlaýyn hadysa höküminde ýiti ýokanç keselinde, botulizmde, käbir dermanserişdeleri kabul edilenden soň (meselem atropin toparlary) ýüze çykyp bilýär. Adamlaryň burundan demalyşy bozulan ýagdaýlarda (polipler, buryn germewiň gyşarmagy), mejbury ýagdaýda mydama agzyndan dem almagy, agyz boşlugynyň suwklygy buglanyp aýrylmak şerti bilen agyz boşlugy guraýar (ýalan giposaliwasiýa). Agyz boşlugynyň guramagy diňe gijelerne adam agzy açyk uklasa, ol köplenç uly ýaşly adamlarda bolup biler. Uly ýaşly we garry adamlarda sülekeý bölünip çykmak peselýär, şonuň üçin hem ony peseldýän faktorlar şol ýaşdaky topar adamlara güýçli täsir edýärligini bellemek gerekdir.
Giposaliwasiýa esasan hem kserostomiýa näsaglarda agyz boşlugynyň guramagyna getirýär, iýmit iýende we gürlände kynçylyk döredýär, ýiti gaty iýmitlerden agyrynyň bolmagy, awyşaýan duýgurlyk, nemli bardanyň ýüzüniň büdir-südirligi bellenýär. Giposaliwasiýa köplenç beýleki nemli bardalaryň guramaklygy bilen utgaşýar. Ýerli gözden geçiriş barlagynda agzyň nemli bardasy bir az çyglanan ýada gury, reňki bulaşan. Sülekeý az çyglanan, ol köpürjikli ýada bütinleý bolmaýar. Mikrofloranyň tiz ösmegi agzyň nemli bardasynyň çişmegine alyp barýar hem-de iýmit iýlende ýaralaryň emele gelmegi ýüze çykýar. Näsaglarda uzak wagtlap giposaliwasiýanyň bolmagy dişleriň kesmeginiň möçberini beýgeldýär we dişleriň köpçilikleýin kariýesi ýüze çykýar.
Bejeriş usuly. Esasy giposaliwasiýanyň, döredýän sebäbi ýok etmekden ybarat. Hokmany suratda agyz boşlugynyň saplanmagy, protezleriň dakylmagy zerurdyr. Çişmä garşy ýerli dermanlary we nemli bardany gyjyndyrjylardan goraýan derman serişdeleri (gliserine goşylan tenekär, lizosim, güne bakaryň, şetdalyň ýagy we başgalar) ulanmak maslahat maslahat berilýär. Düzgün bolşy ýaly witaminler bilen bejergi (A, B1, B6, B12, С, E) geçirmek bellenýär. Görkezmeler boýunça jyns gormanlary; ýod dermanlary içmek üçin berilýär. Uly sülekeý mäzleriniň sebtinde galwanizasiýa bejergisiniň geçirilmegi örän gowy netije berýar. Alamatlara garşy bejergide antiholinesteraza dermanlary üstünlikli ulanylýar, hususanda 0.5% galantaminiňeggini 1.0ml deriasy 1-aýyň dowamynda goýberip ulanylýar. Pilokarpin gidrohloridiň 1% - ergini 4 – damjadan günde 1-2 gezekden bellenip berilýär.
