Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi

Agzyň nemli bardasy we dil merkezi nerw ulgamynyň zolagyna degişli bolýar. Köplenç nerw ulgamynyň keselleri agyz boşlugynda ýakymsyz duýgylar görnüşde ýüze çykýar. Diňe käbir ýag­daýlarda nemli bardanyň morfologik ütgemegini (näsaglaryň organiki zeperlenmegi bilen ýaralar we merkezi nerw ulgamynyň şikesleri) görmek bolýar. Stomalgiýada (glossalgiýada) we tagam alyş bozulanda adatça agzyň nemli bardasy ütgemeýär, ýöne bu keseller stomalgiýa we neýrostomalgiýa üçin örän aktual bolup galýar.

11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).

Stomalgiýa (sinonim: glossalgiýa, glossodiniýa, diliň paresteziýasy) – bu öjikdiriji agyrly üznüksiz kesel, adatça agzyň nemli bardasynyň we diliň zeperlenmegi bilen utgaşmaýar. Weisse 1838ý. ilkinji bolup stomalgiýanyň ylmy ýazgysyny ýazyp berdi. Bu kesel barada dürli ugyrlar boýunça köp sanly işler ýazylan, ýöne şu wagta çenli stomalgiýanyň döreýşi, sebäpleri we bejerlişi barada soraglar gutarnykly çözülmän galýar. Kesel döreýiş mehanizminiň anyk däldigi sebäpli sto­malgiýanyň belli bir adalgasy ýok. Birnäçe adalgalar hödürlenen: ýanýan diliň sindromy, glossal­giýa, ýada agyz boşlugynyň dezesteziýasy, glossodiniýa, diliň wegetozy, diliň sensorly newrozy, glossoperoz. R.M.Basker, D.M.Main (1991) bu ejir çekijilige täze adalga hödürleýär – “agyz boş­lugynyň ýangynly sindromy” ol näsaglaryň esasy arz şikaýatlaryny has anyk görkezýär.

Sebäpleri we döreýşi. Bir näçe ýazarlar stomalgiýanyň dörediji sebäpleri protezleriň akril esasynda monomerleriň ýokary derejede saklanmagy diýip çaklaýarlar. Ýöne hemme ýazarlar akri­lat protezleriň allergik reaksiýasyny kesel dörediji esasy sebäbi diýip hasap etmeýärler. Has bolup biläýjek sebäbi protezleriň mehaniki gyjyndyrmalary we parafuksional endikleri bolmagy mumkin. Stomalgiýanyň döremeginde galwaniki togyň uly orny bar diýip hasap edilýärdi, ýöne soňky ýyllarda geçirlen barlaglaryň netijeleri onuň beýle däldigini görkezdi. Stomalgiýa keselli näsag­larda simaba, nikele, kobalta, altyna, palladia, mise, sinke we iýmit goşyndylaryna ýokary duýy­jylyk berýänligi bellenýär.

Simaba ýokary duýyjylyk reaksiýasy has ýygy-ýygydan bolýar, ýöne amalgama petigi çalşy­landan soň näsaglaryň ýarsyndan azyragynyň agyz boşlugyndaky ýanyp awyşaýan alamaty aýrylýar.

Stomalgiýa bilen näsaglanlaryň köp bölegini zenanlar tutýanlygyny hasaba almak bilen, me­nopauza döwürde bir näçe ýazarlar öz çaklamasyny aýdýarlar – ýagny agyz boşlugynyň gura­mak­lygy menopauze döwürde sülekeý mäzleriniň funksional işjeňliginiň peselmegi netijesinde bolmagy mümkin diýip belleýärler. Ýöne, alymlaryň köp böleginiň görkezmekleri bilen, menopauze döwü­r­de sülekeý mäzleriniň işjeňliginiň beýle bir bidirip duran peselmegi bolaýar diýip bellenýar.

Kserostomiýanyň – (agyz guramaklygynyň) sebäbi çylşyrymlaşdyrýan iç keselleri bolmagy mümkin. Sülekeý mäzleriniň gistologik barlagynda käbir ýazarlar morfologik ütgeşikleriniň barlygyny görkezýär, beýlekiler ol maglumatlary dogry hasap etmeýärler.

Stomalgiýa köplenç ýagdaýlarda aşgazan-içege ýollarynyň, bagyr keselleriniň, damarlaryň zeperlenmeginiň, merkezi nerw ulgamyndaky keselleriň endokrin bozulmalaryň esasynda döräp bilýär. Nerw ulgamynyň bozulmagyna alyp barýan umumy keseller haçanda gyjyndyryjylyk duýgysy berden pese düşende amatly şert döreýär we şol şertiň esasynda hem islendik ýerli gyjyndyryjylar stomalgiýanyň döremegine getirip bilýär.

Kliniki alamatlary. Stomalgiýa keselinde agyry ýüzleý we çuň bolýar, esasan hem diliň ujynda we gyralarynda bolup bilýär. Ol agyz boşlugyna, bokurdaga, dodaga ýaýrap bilýär we agyz boşlu­gynyň awyşamagy, guramagy, suwsamagy, tagam alyşyň bozulmagy, howsala düşmek, binja­lyk­syzlyk, adamlar bilen gürleşmäge höwesi peselen ýaly alamatlar bilen gürleşmäge höwesi peselen ýaly alamatlar bilen utgaşýar.

Paresteziýa bolan ýagdaýynda awyşadýan alamat irden ýüze çykýar, ol günüň dowamynda güýçlenýär we agşama deňeç ýarky kadyna ýetýar, ýöne iýmit ýiýip başlananda gowşaýar ýada doly ýitip gidýär. Agyrynyň ýüze çykmagy gije-gündiziň dowamynda şol bir wagty yzarlaýar. Ol bir aýyň dowamynda wagtal-wagtal beterleşmegi bilen gaýtalanýar. Bu ýagdaý kä wagtlar şikes ýetenden soň, ölüm ýada ýakyn adamyň howply çiş keseline duşmagy, hünär taýdan kynçylyklar bolanda ýüze çykýar. Köp ýagdaýlarda stomatologiýadan aýallar ejir çekýärler, özem jyns mäzleriniň kadaly işjeňligi peselende ýada ýitende (menopauza). Olar diliň we agyz boşlugynyň nemli bardasynda gyjyndyrjylygy duýýarlar, düzgün bolşy ýaly ol gury bolýar. Diliň duýgyr bolmagy goşulýar. Näsaglar uzak wagtlap öz diline seredip, onda bir ütgeşiklik tapjak bolyp synanşýarlar. Näsaglarda howply çiş (cancer) keseliniň ýüze çykmagyna gorky döreýär. Bir näçe näsaglar stomalgiýa keselinde tagam almanyň bozulmagyna – disgewziýa arz edýärler. Bu ýagdaý stomalgiýaly näsaglaryň 68%-de ýüze çykaryldy, esasan hem ajy iýmite.

Disgewziýanyň (tagam alyşyň bozulmagy) periferik gelip çykyşlydygy kesgitlenende, sebäbi ýerli agyrsyzlandyrjy ulanylandan soň onuň peselmegi bellenýär.

Stomalgiýanyň alamatlary gyzgyn ýada ýiti iýmit täsir edende aýrylşýar. Bu ýagdaýyň gowy netijeli täsiri ýiti iýmitiň düzüminde kapsaisiniň (ajy burçdan alynýan derman) bolmagy bilen baglanşyklydyr.

Bir näçe ýazarlar, stomalgiýanyň köp ýagdaýlarda aşgazan-içege ýollarynyň, ýürek-damar, osteohondroz, endokrin we autoimmun, burun-bokurdak keselleri bilen bilelikde utgaşykly duş gelýändigini belleýärler. Stomalgiýa üçin iň häsiýetli mahsus alamatlar – ol hem gaýgy alada depressiýanyň bolmagy we ukynyň bozulmagy, aýdyň – güýçli neýrowegetatiw ütgeşiklik.

Deňeşdirlip anyklanyş usuly. Stomalgiýanyň kliniki alamatlary newralgiýanyňka we dil nerwiniň newropatiýasynyňka meňzeş bolany üçin deňeşdirilýär. Olarda agyry ýada gopesteziýa görnüşdäki duýgylar aýdyň bozulanlygy bellenýär. Ýöne stomalgiýanyň olardan esasy tapawydyny – ol hem iýmit iýlen wagty hemme agyryly duýgylaryň ýitip gitmegidir.

Bejerliş usuly. Stomalgiýa bejerlende hökmany suratda toplumlaýyn bejeriş çäreleri geçiril­melidir: derman serişdeler, fiziobejergi, iňňereflekbejergi, lazerbejergi, giperbarik oksigenasiýa we psihobejergi usullary bilen geçirmek gerekdir.

Derman serişdeler bilen bejerlende antidepressantlar, benzodiazepinler, antigistamin derman­lar, jyns gormonlar, witaminler we siallaryň goşyndylary, kömelejik şekilli mikroblara garşy der­manlar, analgetiklar, wegetotrop serişdeler ulanylýar. Agyryly ýagdaýlary bejermek üçin antidep­ressantlary giňden ulanylýar. Adatça antidepressant dermanlaryň bir gije-gündizlikde ulanylýan möçberi 25-100 mg. Egerde onuň ýaramaz täsiri ýüze çykanda (agzyň guramagy, içi gatamak, akkomadasiýanyň (deňagramlylygyň) bozulmagy, peşewiň saklanmagy) ol dermany kabul etmek azaldylýar ýada bes edilýär.

Üznüksiz agyryly näsaglara köplenç benzodiazepinler ulanylýar. Köplenç fenazenam 0.25-05 mg günde 2-3 gezekden, tazepam 30-90 mg (bir gije-gündizde), mezapam (10-30mg bir gije-gündizde) ulanylýar. Stomalgiýanyň ýaramaz duýgylarynyň ýitileşen döwründe relanium dermany ezele içine sanjym bilen doly bejergi bellenýär.

Keselleriň agyr geçýän ýagdaýlarynda neýroleptikleri ulanylýar, mysal üçin galoperidol bir gije-gündizde 3.6-15 mg çenli möçberde bellenýar. Ownyk gan aýlanşygyny gowlandyrmak üçin, aýratyn hem damar kesellerinde we boýun-oňurga bölüminiň degeneratiw ütgemeginde pentok­sifil­lin bir gije-gündizde 300-600 mg möçberde, nikotin turşysy, nikoňpan, no-şpa, stugeron, kawinton dermanlary ulanylýar.

Witaminleriň ulanylmagy hökmandyr (sanjym görnüşde tiamin, riboflawin, piridoksin, siano­ko­balamin, askorbin turşysy; üçem üçin tokoferol asetet we retinol). Wegetotrap drmanlary kabul etmek maslahat berilýär; holinolitikler (bellaspon, belloid, platifillin); antiholinesteraz dermanlar (galantamin); ganglioblokatorow (gangleon, benzogekson). Antigistamin dermanlary – pipolfen, dimedrol, suprastin ulanylýar.

Periferiki mehanizmleri (agyrylary) gowşatmak maksady bilen ýerli agyrsyzlandyrjy serişdeler (gliserine garylan anesteziniň kulkesi, trimekainiň ergini we lidokain) ony ýapgy, aerazol-sepgi, agyz çaýkamak ýaly görnüşlerde ulanylýar. Agzyň guramaklygyny peseltmek üçin sülekeý mäzle­riniň işjeňligini hyjuwlandyrmak maksady bilen pilokarpin dermany 5 mg. günde bir gezekden diliň aşagyna (sublingiwal), witamin A, ýodid kaliýa peýdalanylýar. Sülekeýiň goýylygyny ütgetmek üçin bromgeksin ulanylýar.

Stomalgiýanyň toplumlaýyn bejerlişinde giňden we ýokary netijeli iňňe bilen bejergi usuly ulanylýar.

Fiziobejerliş emleri giň gerim alýar: kelle we boýun-ýaka zolagynyň owkalanmagy (massaž), ýokarky boýun simpatiki düwünlere galwanizasiýa geçirmek, nowokain bilen endonazal elekt­ro­fo­rezi, lazer bilen bejergi gowy netije berýär. Ol biostimulýator ornynda bolup, agyrsyzlandyrjy täsi­rini berýär.

Giperbarik oksigenasiýanyň we kislorodyň şipris bilen agzyň nemli bardasyna, duluga we diliň gapdal tarapyna goýberip ulanylmagy bejergide netijelidigini görkezýär.

Agyz boşlugynyň saplanmagy, dişleriň ýiti gyralaryny düzlemek, okkluzion beýkligi dikelt­mek zerurdyr.

Stomalgiýa keseli üçin ulanylýan dermanlaryň we usullaryň sanynyň köplügine garamazdan onuň bejerji netijeliligi uly däl. Şonuň üçin hem stomalgiýany bejermekde üstünlik gazanmak üçin dürli hünärmen lukmanlaryň – stomatologlaryň, newropatologlaryň we psihiatorlaryň bilelikde bejergi geçirmegi talap edilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]