Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.

W.M.Uwarowyň (1975) maglumatlaryna görä mieloleýkozly näsaglaryň 1/3 böleginde görmek bolýar.

Çürän agyr zeperlenmegiň emele gelmegini edil ýaramaz alamatlar we beterleşme hadysany gör­ke­ziji höküminde garaýarlar. Keseliň agyr derejeli görnüşinde köplenç kandidoz keseli hem döreýär.

Üznüksiz limfoleýkoz adatça orta we uly ýaşly adamlarda döreýär, ol uzak wagtlaýyn howypsyz geçişi we ganda leýkositleriň sanynyň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýär. Leýkositleriň sany 500 • 109/l ýetip bilýär.

Üznüksiz limfoleýkozyň başlangyç döwri köplenç näsaglar üçin bildirmän geçýär. Näsaglaryň ýeketäk arzlary bolup biler ol hem limfatik düwünleriň ulalmagy (barmak basyp barlag edilende olar beýle bir dukyz hem däl, hereketli, agyrsyz). Üznüksiz limfoleýkozda agyz boşlugynda leýkozly limfositar ýellenmeler ýa-da çiş görnüşli düwünler emele gelýär. Olar köplenç diş etiniň, dulygyň, diliň kentlewk aýlawjyklarynyň, badamlaryň nemli bardalarynda ýerleşýärler. Emele gelen düwünleriň we düwünjikleriň dykyzlygy ýumşak bolýar (hamyr görnüşli), gögimtil reňkde, gymyl­daýan hereketli, nemli bardanyň deňinden üstine çykyp durýar. Ýaralanma seýrek duşýar. Ganak­mak çalaja şikes ýetende ýüze çykýar. Leýkozly limfositar ýellenme şeýle hem süňk ýüliginde, lim­fatik düwünlerde, dalakda, bagyrda ýerleşýärler.

Bejerliş usuly. Umumy we ýerli bejerliş usuly edil ýiti leýkoz keselindäki ýaly geçirilýär.

Agranulositoz. Bu sindrom periferik ganda granulositleriň (däne görnüşli leýkositleriň) sany­nyň azalmagy ýada doly ýitmegi bilen häsiýetlenýär. Keseliň gelip çykyşyna, döreýşine baglylykda mielotoksiki we immunly agranulositoz görnüşlere bölünýär. Mielotoksiki agra­nu­lositoz keseliniň ýüze çykmagyna bedene ionizirleýji şöhläniň, öýjik zäherleýji (sitotok­siki) dermanlaryň, benzol bu­gy­nyň we beýlekileriň ýaramaz täsir etmekleri netijesinde, süňk ýüliginde granulositleriň dör­emeginiň bozulmagy sebäp bolýar.

Immun agranulositoz ganyň düzimindäki immun toplumly granulositleriň dargama­gyn­da we käbir dermanlara (amidopirina, butadiona, analgine, fenasetina, sulfanilamidlere, käbir antibiotik­lere we ş.m.) ýokary duýyjylygy bolan adamlarda ýüze çykýar. Agranulositoz köp­lenç agzyň nemli bardasynyň ütgemegi bilen başlanýar, ol bolsa näsaglary ilki bilen sto­matolog-lukmana ýüz tutmaga mejbur edýär. Näsaglaryň umumy ýagdaýlarynyň erbetleş­meginiň esasynda (bedeniň gyzgynly­gy­nyň beýgelmegi, ysgynsyz, kelle agyry, ýudynanda agyrynyň bolmagy, agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegi) agzyň nemli bardasynda ýaraly – çü­re­ýän hadysa döreýär we ol çalt ýaýramaga ukyply bolýar. Agzyň nemli bardasynyň darga­magy gurşap alýan dokumada aýdyň bolmadyk leýkositar reaksiýanyň we sähelçe agyrynyň bolmagy bilen geçýär. Ýeňillik bilen ganaýan ýakymsyz ysly ýara ýüze çykýar. Kä ýag­daý­larda ýaraly-çüreýän hadysa äňiň süňk dokumasyna ýaýraýar. Köplenç dişeti, dodak, dil du­lyk, badamlar zeperlenýär. Bokurdak badamynyň zeperlenen ýagdaýynda näsaglar ýudy­nan­da agyry ýüze çykýar. Käbir näsaglarda iýmitsiňdiriş ýollarynyň ugrynda ýara­laryň emele gelmegi bellenýär. Limfatik düwünler ulalan bolýar. Ganyň düzüminde limfositleriň sany azal­ýar (1-den 3•109/l çenli). Leýkositar ýazgyda (formulada) granulositleriň sany birden pe­se düşýär ýada olaryň hemmesi ýok bolýar, diňe limfositleri we monositleri görmek bolýar.

Anyklanyş usuly. Keseliň kesgidi anamneziň, kliniki alamatlaryň, periferiki ganyň barlagyn­daky netijeleriň we süňk ýüliginden alnan suwklygyň barlagynyň esaslarynda goýulýar.

Deňeşdirlip anyklanyş usuly. Agranulositozy, Wensanyň ýaraly-çüýreýän stomatiti we beýleki gan keselleri bilen deňeşdirlip anyklanýar.

Bejerlişi. Umumy bejergi terapewt we gematolog lukmanyň gözegçiliginde geçirilýär. Ilkinji nobatda damara gan guýmagy göz öňünde tutulýar, sebäp bolýan faktorlary ýonedilýär.

Ýerli bejergi agyrsyzlandyryjy serişdeleri, proteoloitik fermentleri ýapgy görnüşde agzyň nemli bardasynyň çürän ýerlerine ulanmagy öz içine alýar. Şeýle hem antiseptik we ýara bitirijiligi hyjywlandyrýan dermanlar ulanylýar.

Trombositopenik purpura. Bu sindrom, güýçli gan akmanyň netijesinde ganyň düziminde trombositleriň sanynyň azalmagy bilen häsiýetlenýär. Trombositopenik purpura özbaşdak keselem bolup biler – Werlgofyň keseli, şeýle hem başga keselleriň (howply çiş keselleri, şöhle keseli, gepatit, ýokanç keseller, dermandan zäherlenme we ş.m.) netijesinde döreýär.

Idiopatik trombositopenik purpura, ýada Werlgotyň keseli ýiti ýada üznüksiz görnüşde geçip biler. Keseliň esasy kliniki alamatlary derä, nemli barda ganöýme şeýle hem bir azajyk şikesiň täsirine diş etinden, buryndan ganakmak bolýar.

Gan öýmäni gözüň seroz perdejiginde, setçatkasynda we beýleki bölümlerinde görmek bolýar. Ýürege, kelle beýnisine ganöýse ýada ganinse adamyň ýaşamagy üçin howyply bolýar. Näsaglarda beden gyzgynlygynyň beýgelmegi we aýdyň trombositopeniýa (20 • 109/l çenli we ondanda az) bel­lenýär, onuň netijesinde ganyň goýylanmagynyň retraksiýasy (lagtalanmagy) bozulýar we ga­nak­manyň wagty 10 minde we ondan hem köpiräge çenli uzalýar (kadada 3-4 min). Köp mukdar­daky ganakmanyň netijesinde demir ýetmezçilik gan azlygy (železodefisit) anemiýa döremegi mümkin.

Anyklanyş usuly. Trombositopenik purpura keseli anamnez maglumatlaryň (dürli görnüşli hi­miki serişdeler bilen gatnaşykda bolanlygyny ýüze çykarmak, gözegçiliksiz analgetik, uky we ş.m. dermanlaryň kabul edilmegi), kliniki alamatlarynyň we ganyň analiziniň esasynda kesgitlenýär.

Deňeşdirip anyklanyş usuly. Bu keseli

  • gemofiliýa;

  • skorbuta;

  • gemorragik waskulit,

bilen deňeşdirilip anyklanýar.

Bejerlişi. Umumy bejergini düzgün bolşy ýaly hassahana şertinde gematolog lukman geçirýär. Sto­matologik bejeriş işlerini aýratyn örän seresaply diňe gematologyň maslaha­tyndan soň geçirilmelidir.

Polisitemiýa (eritemiýa, ýada Wakezaň keseli). Bu gan öndiriji ulgamyn üznüksiz keseli bo­lup, ganyň birlik san eritrositleriň we gemoglobiniň sanynyň durnykly beýgelmegi we şonuň bilen bir hatarda aýlanýan ganyň möçberiniň ýokarlanmagy bilen häsiýetlenýär. Kesel süňk ýüliginiň ýokary öňümleri bolan eritrositler, leýkositler we trombositler bilen baglan­şykly bolýar. Kesel ýu­waş-ýuwaşdan emele gelýär we uzak wagtlaýyn üznüksiz geçişi bo­lýar. Köplenç 40-60 ýaşly erkek adamlarda duş gelýär. Agzyň nemli bardasynyň we deri reň­­kiniň ütgemegi bolup geçýär. Olar gögümtil (sianoz) öwüşginli garamtyl – ülje gyzyl reňk­de bolýar ol bolsa owynjak damarlarda (kapillýarlarda) gemoglobiniň köp mukdarda sak­lanýanlygy bilen şertlenendir. Köplenç diş eti ga­naýar. Ýöne ganakma aşgazandan, içe­geden, ýatgydan bolup biler. Dodagyň, dulugyň gögümtil öwüş­ginli garamtyl-gyzyl reňkde bolmagy häsiýetlidir. Agyz boşlugynda hakyky mahsus Kuper­manyň alamaty – ýumşak kentlewükdäki nemli bardanyň sianozy we gaty kentlewükde reňki solak bolýar. Bir näçe näsaglarda derisiniň gijemegi, agzyň nemli bardasynyň paresteziýasy, ýüze çykýar. Peri­feriki ganda eritrositleriň (6 – 8 • 109/l çenli), gemoglobiniň (180 – 200 g/l çenli) uly möç­berde saklanýanlygy, EÇT (SOE) 1 – 3 mm/s çenli peselmegi ýaly alamatlar häsýetlidir.

Bejerlişi. Gematolog geçirýär. Ýöriteleşdirlen ýerli bejergä görkeze ýok.

Anemiýa. Bu kesel ganyň birlik san möçberinde gemoglobiniň we eritrositleriň azal­ma­gy bilen häsýetlenýar. Anemiýanyň görnüşi nesilgeçirjilikli we gazanylan bolup bilýär. Ke­se­liň häzirki zaman bölünşine (klassifikasiýasyna) laýyklykda anemiýa-gan azlyk köp muk­darda ganýitiniň netijesinde (postgemoragik), eritrositleriň güýçli dargamagynda (gemo­liti­ki) we eritrositleriň emele gelmeginiň bozulmagy netijesinde döreýär.

Anemiýanyň käbir görnüşleri umumy ütgeşikler bilen bir hatarda agyz boşlugynda mahsus bo­lan alamatlaryň bolmagy häsiýetlidir. Bu ilki bilen eritrositleriň emele gelmeginiň bozulmagy net­i­jesinde döreýän anemiýa–ýetmezçilikli anemiýa, ganöndiriji faktorlaryň ýetmezçiligi bilen baglan­şyk­ly bolan, demiriň (demir ýetmezçilikli anemiýa), şeýle hem witamin B12 we foliewa turşysyň (megaloblast anemiýa).

Gipohrom demirýetmezçilikli anemiýa. Keseliň döremeginiň sebäbi bedene demiriň ýeter­­liksiz barmaýanlygy ýada onuň ýokary derejede harç edilmegi (ösüşdöwürde, göwre­li­likde, lakta­siýada, ýokary derejede deriň bölünip çykmagy), şeýle hem demiriň ýeterliksiz özleş­megine alyp barýan endogen bozulmalar (aşgazanyň, içegäniň belli bir bölegi kesilip aýrylmagy – rezeksiýa, gasrit, gastroenterit, üznüksiz kolit, endokrin bozulmalar we baş­ga­larda) bilen baglanşyklydyr.

Kliniki alamatlary. Näsagyň umumy ýagdaplarynyň bozulmagy bilen häsiýetlenýär: deri örtü­giniň agaryp solmagy, gowşaklyk, başaýlanma, gulagyň şaňlamagy, sowyk ýel­meş­ýän deriň bol­magy, beden gyzgynlygynyň we arterial gan basyşynyň pese düşmegi, özünden gitmäge ýykgynly ýaly alamatlar ýüze çykýar. Umumy alamatlar bilen bir hatarda agyz boş­lugynda hem ütgeşikler bellenýär. Agyz boşlugynda paresteziýa we tagam alyş duý­gyrlygyň bozulmagy, entäk ganda dem­riňmöçberi azalmanka, aýdyň alamatly anemiýa döremänkä ýüze çykýar. Gözden geçiriş bar­la­gynda agzyň nemli bardasy solgyn reňkde, atrofiýa, ýeter­liksiz çyglanan. Näsaglary agzyň gura­magy, iýmit iýende kynçylyk bolýan­ly­gy, diliň, doda­gyň awyşamagy we agyrmagy, iýmit iýlende onuň güýjemegi, tagamlara ýüregi bulanmagy binjalyk edýär. Näsaglar iýmit höküminde meli, dişýuwyjy külkäni, çig – bişirilmedik döneli önümleri iýärler. Köplenç agzyň burçlarynda we dodaklarda jaýryklar emele gelýär (aýratyn hem anasid gastritli näsaglarda). Diliň arkasy gyzaram, ýalpyldawyk bolýar, onuň emzi­jek­leri çöken atrofirlenen. Dil hemme mehaniki we himiki gyjyn­dyrjylara örän duýgurly. Süýji hamyrly, turşy, gyzgyn iýmitler iýlende agyry ýüze çykýar.

Birnäçe näsaglarda diliniň ýellenmegi, diş syrçalarynyň tebigi öwüşginliginiň ýitmegi, dişleriniň ýokary derejeli sürtilmegi bellenýär.

Anyklanyş usuly. Keseliň kesgidi anamnez maglumatlaryň, kliniki alamatlaryň esasynda goýulýar, ýöne esasy kesgitleýan aýgytlaýjy pursat ganyň barlag neyijeleri bolup galýar. Ol gi­pohrom anemiýa (gan azlyk) bilen häsiýetlenýär – ýagny ganyň (syworatka) düzüminde ge­moglobiniň azalmagy we reňki görkezijileriň peselmegi (0.5-0.6 we andanda pes), ani­zo­si­tozyň we poýkilositozyň bolmagy, şeýle hem demiriň we ferritiniň azalmagy bilen bagl­an­şyklydyr.

Bejeriş usuly. Umumy bejergi anemiýany (ganazlygy) döredýan sebäbini aýyrmaklyga we demir ýetmezçiligini düzetmäge ugrykdyrylýar. Düzüminde demir saklaýan dermanlar, witaminler bellenip berilýär. talaba laýyk iýmitlenmek maslahat berilýär.

Ýerli bejergi ilkinji nobatda şikes ýetirjek sebäpleri aýyrmaga ugrykdyrlan bolmalydyr. Agyz boşlugynyň saplanmagy geçirilýär. Görkezmeler boýunça dodagyň gyzyl gaýmasynyň jaýrygyny bejermek, sülekeýiň bölünip çykmagyny kadalaşdyrmak, awyşaýan doýgyny, paresteziýany aýyr­mak üçin alamatlara garşy bejergi bellenip geçirilýär.

Witamin B12 we foleiwo – ýetmezçilik anemiýasy (howyply, ýada Addisona – Birmeriň ane­mi­ýasy). Bu eritropoezyň bozulmagy bilen häsiýetlenýär. Witaminiň B12 we foliewa turşysy kadaly gemopoez üçin hökmany gerekli faktorlar bolup durýar. Witamin B12-niň ýetmezçiliginde süňk ýü­liginde eritroblastlaryň kämilleşmek hadysalary bozulýar, onuň netijesine bolsa kämil­leşmedik öýjikler – megaloblastlar, megalositler emele gelýär, ýone olar çalt ölýär. Bedende wita­min B12 ýet­mezçiligi, aşgazanyň nemli bardasy bölüp çykarýan içki faktory bolan Kasla-gast­romu­kop­roteidiň ýoklygy netijesinde bolýar. Şonsyz bedende witamin B12 özleşmeýär. Mundan başgada witamin B12 – ýetmezçiliginiň sebäbi, aşgazanyň nemli bardasynyň atrofik hadysasy, aşgazanyň rezeksiýasy, içe­gäniň sowyklama – çişme ha­dysasy, iýilýän iýmit önümlerinde witamin B12-niň ýetmezçiligi bolup biler. Foliewo ýet­mezçilik anemiýasy foliewo turşysynyň sorylmagynyň bozul­magy netije­sinde (alkogo­lizm keselli näsaglarda we ş.m.), foliewo turşysynyň iýmit bilen ýeter­liksiz barma­gynda, epileptik kesele garşy käbir dermanlaryň ulanmagynda ýüze çykýar. Witamin B12 – ýet­mez­çilik ane­miýa köplenç 40-dan ýokary ýaşly adamlarda duşýar. Näsaglaryň daşky görnüşi; ýüzüniň reňki solyk, derisi sarymtyk, ýukajyk, atrofirlenen, saçlary ir çalarýar – agarýar. Umumy ýagdaý­lary ejir çekýär, gowşaklyk, ýadowlyk duýulýar.

Kliniki alamatlary ganöndiriji dokumanyň, nerw we iýmitsiňdiriş ulgamlarynyň zeper­lenmekleri bilen häsiýetlenýär.

Näsaglar diliniň ujynda ýada gyralarynda awyşamagyň ýada agyrynyň, paresteziýanyň bolmagyna arz edýärler. Agyz boşlygy gözden geçirlende nemli bardanyň reňki solan, atro­fir­lenen, sary öwişginli, käwagtlar dulykda nokat-nokat ganöýmeleri, dişetiniň ganamagyny görmek bolýar. Diliň ütgemegi oňa häsýetli bolýar. Emzijekleriň atrofirlenmeginiň netije­sinde ol ýylpyldawyk, ýylmanak bolýar, epiteliýa ýukalýar. Dilde ýagty-gyzyl menekler emele gelmegi mumkin, olar biri-birlerine goşulanda diliň hemme ýeri ýagty-gyzyl bolýar (gýunteriň, Genter-Milleriň glossiti). Ol agyz boşlugynyň beýleki blümlerindäki solgyn nemli bardada mese-mälim tapawytlanýar.

Anyklanyş usuly. Keseliň kesgidi anamneziň, kliniki alamatlaryň we ganyň barlag neti­jeleriniň esaslarynda goýulýar. Gan barlagynda giperhrom anemiýa ýüze çykýar-ýagny erit­ro­sitleriň sanynyň azalmagy, gemoglobinleriň toplanmagy; reňkli görkezijiler 1.1-1.3 deň; eritrositler uly ölçegde bolýar (megalositlar). Eritrositler ýadrolaryň galyndylary we mähnet neýtrofiller bilen bilelikde duş gelýär. Süňk ýüliginiň suwklygy barlag edilende uly möçberde megaloblastlar ýüze çykarylýar.

Bejeriliş usuly. Witamin B12 günde 100-500 mkg we foliýewa turşysyny 0.005 g bellenip berilýar. Keseliň agyrlaşan ýagdaýlarynda witaminler bilen bilelikde gan we eritrosit serişdeler guýulýar. Agyz boşlugynyň ütgemegi umumy bejergiden soň çalt gutylyp geçýär.

Ýerli bejergi talap edilmeýar. Agyz boşlugynyň saplanmagy geçirilýä, görkezme bo­ýun­ça agzyň nemli bardasyny ýerli agyrsyzlandyrmak üçin serişdeler (2%-trimekain, 1-2% piromekain erginleri, anestezin we ş.m.) ulanylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]