- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
Gan keselleri we gan öndiriji synalar köplenç agzyň nemli bardasynyň ütgemegi bilen utgaşýar, olar binäçe ýagdaýlarda esasy keseliň kliniki alamatlaryndan ir ýüze çykýar. Şol bolsa, näsaglaryň ilki bilen stomatolog–lukmana ýüz tutmagynymejbur edýär. Stomatolog lukmany, köp ýagdaýlarda şeýle keselli näsaglar bilen ilkinji bolup iş salyşýar, şonuň üçin hem ol agyz boşlugynda gan öndiriji ulgamynyň kesellerinde ýüze çykýan alamatlary dogry ugyr alyp seljermelidir. Bu bolsa keseli öz wagtynda anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başgada gan ondiriji ulgamynyň kesellerini kesgitläp bilmezlik nädogry anyklaýşa we şonyň netijesindede nädogry bejergi berilmegine alyp barýar, ol bolsa näsagyň ýagdaýlarynyň erbetleşmegine eltýär. Esaslandyrylman geçirilýän bejeriş işleri sogurlan dişiň oýtymyndan, ýada kýuretaž edilende diňmeýän ganakma getirip bilýär. Şeýle hem agyz boşlugynda çüýremek hadysanyň beterleşmegine we hatda ölümçilige alyp barmagy mümkin.
Gan keseli näsaglar bilen stomatolog lukmany ilkinji gezek duşuşanda psihologik we dentologik soraglary we ugyrlary örän wajyp, seresap seredilmelidir. Näsaglara käbir ýöriteleşdirlen barlaglardan geçmelidigini onuň hökmany suratda gerekdigini seresaply ynandyryp düşündirmegi başarmalydyr. Şeýle hem agzyň nemli bardasynyň öz bolyşly zeperlenen alamatlarynyň ýüze çykýanlygy üçin gemotolog lukmanyň maslahaty zerurdyr. Näsaglar bilen söhbetdeşlik geçirlende olary gorkyzmazlyk we psihologik şikesleri ýetirmezlik lukman üçin wajypdyr.
Gan öndiriji ulgamynyň keseli bolan näsaglaryň bejerlişi ýöriteleşdirlen serişdeleri we usullary ulanmak bilen baglanşyklydyr. Düzgün bolşy bejergi ýöriteleşdirlen gemotologik hassahanalarda geçirilýär. Stomatologik bejeriş işleriň göwrimi esasy keseliň görnüşine we agyrlyk derejesine görä kesgitlenýär, we stomatolog lukman tarapyndan käbir ýagdaýlarda stomatolog ýa-da ýöriteleşdirlen gemotologik bölümleriň şertlerinde geçirilýär.
Ýiti leýkoz. Süňk ýülüginde, dalakda, limfa düwünlerinde we beýleki synalarda we dokumalarda “ýaşajyk” (blat) öýjikleriň sanynyň köpelmegi bilen häsiýetlenýär. Ýaşajyk öýjikleriň morfologik we sitohimik aýratynlyklaryna baglylykda ýiti leýkoz bir näçe görnüşlere bölünýär: miýeloblas, limfoblast, nlazmoblast we beýlekiler.
Agzyň nemli bardasynyň zeperlenmeleri ýiti leýkozly näsaglaryň 90.9%-de görmek bolýar. Esasan hem ýaş (ýaşy 30 çenli) adamlarda köp duş gelýär.
Ýiti leýkozy anyklamakda esasy üns umumy alamatlara berilýär (umumy gowşaklyk, ysgynsyzlyk, ýarawsyzlyk, çalt ýadamak, deri örtüginiň reňkiniň solmagy). Bedeniň gyzgynlygy ýokary bolmagy mümkin, ol ütgäp durýar, ýöne kä ýagdaýlarda (subfibril) bir az beýgelmegi mümkin. Leýkoz keselli näsaglaryň bedeniniň goraýyş güýçleriniň birden peselmegi netijesinde käwagtlar agyz boşlugynda kandidoz, gerpetiki ýokanç keseller ýüze çykýar. Ganyň düzüminde ýaş (blast) öýjikler tapylýar, trombositleriň we eritositleriň sany köplenç azalan bolýar.
Ýiti leýkoz keselini mälim etmek üçin agyz boşlugynyň alamatlary hem uly orna eýedir. Olar örän maksul häsiýetli we ýeňillik bilen ýüze çykarylýär. Gözden geçirlip seredilende deri örtüginiň solgynlygy, agzyň nemli bardasynyň ýeljermegi, ýeňil ýaralanmagy we ganamagy bellenýär. Diş etlerinde, dulykda, kentlewkde, dilde ganöýmeler emele gelýär. Ganöýmeleri we ganjarmalary nemli bardada şeýle hem deride görmek bolýar.
Diş etiniň ganamaklygy örän köp ýagdaýlarda ýiti leýkozyň ilkinji alamaty bolup durýar. Dişeti şonda sypjyrlan, ganaýan, ýaralanan bolýar. Ganakmak sähelçe degilende ýüze çykýar. Ganakmak diňe bir dişetinde bolman, eýsem dilde, dulykda we agzyň nemli bardasynyň beýleki bölümlerinde hem bolmagy mümkin. Kä ýagdaýlarda agzyň nemli bardasynda giň göwrümli gan öýmeler we gemorragiýa ýüze çykarylýar. Gemorragiki (sindrom) alamatlar toplumy näsaglaryň 50-60%-de anyklanýar we onuň emele gelmeginiň esasynda kadaly ganöndirijiligiň agyr ýagdaýa düşmegi, bozulmagy, leýkoz giperplaziýanyň we süňk ýüliginiň ýellenmegi netijesinde döreýan aýdyň bildirýan trombositopeniýa, ýatandyr. Ýiti leýkozda bolýan gemorragik alamatlary gipowitaminoz С, şikesli zeperlenme bilen deňeşdirmek gerekdir. Gutarnykly keseli anyklamak keseliň kliniki alamatlarynyň, ganyň umumy we süňk ýüliginiň barlagynyň esasynda kesgitlenýär.
Diş etiniň (giperplaziýasy) çenden aşa ösmegi ýiti leýkozyň ýygy-ýygydan duş gelýan alamaty bolup, esasan hem onuň agyr derejeli geçişinde ýüze çykýar. Gematolog lukmanlary ony ýaramaz alamat höküminde hasap edýärler. Dişetiniň (giperplaziýasy) çenden aşa ösmegi we ýellenmegi leýkoz öýjikleri bilen şeýle bir ulalýar, hatda diş täçlerini bütinleý ýapýar. Ol sypçyrlan, ganaýan, ýaralanan görnüşde näsaglara iýmit iýende we gürlände päsgel berýär. Bu kliniki alamat kä ýagdaýlarda leýkoz keselinde bolýan giperplaziýany, adaty ýönekeý gipertrofiki gingiwitden tapawutlandyrmaga kömek edýär.
Gistologik barlagynyň maglumatlaryna laýyklykda, dişetiniň giperplaziýasy mieloid öýjikleri nemli bardanyň birleşdiriji gatlagynyň ýellenmegi sebäpli emele gelýär, ol bolsa soňa baka gan upjinçiliginiň bozulmagyna, dokumalarynyň çüremegine we ýaralaryň döremegine getirýär.
Agzyň nemli bardasynyň çüýreýan-ýaraly zeperlenmegi ýiti leýkoz keselinde ýygy-ýygydan emele gelýär. Köplenç çüýreme hadysa dişara emzijekleriň ujynda bolmagy oňa mahsusdyr. Çürän ojagyň daştöweregi dişeti gögimtil reňkde bolýar, şol, wagytda ähli nemli barda solgyn, gany az (anemiýa) görnüşde bolýar (11.38. surat). Çüremek hadysa çalt ýaýrap, dişiň töwereginde ýakymsyz ysly haparak-çal reňkli kesmek bilen örtilen ýaralar emele gelýär. Seýrek bolmadyk ýagdaýlarda bokurdagyň badamlarynda, azy dişleriň arka sebitlerinde we agyz boşlugynyň beýleki bölümlerinde çürän dokumalar ýüze çykarylýar.
Ýiti leýkoz keselinde çüýreýän hadysa nemli bardanyň goňşy bölümlerine ýaýramagy onuň aýratynlygy bolup durýar. Netijede giňgöwrümli nädogry görnüşde, çürän çal kesmek bilen örtilen ýara ýüze çykýar. Agyz boşlugynda çürän dokuma emele gelende näsaglar iýmit iýen wagty onuň agyrýanlygyna, ýuwdynmanyň kynlygyna, agzyndan erbet – çürän ysyň gelýanligine, umumy ysgynsyzlyga, başaýlanma, kelle agyra arz-şikaýat edýärler.
Ýaraly – çüreýan ütgemeleriň başlanmagynda ilki bilen sülekeýiň köp bölünip çykmagy (gipersaliwasiýa) mümkin, ondan soň sülekeýiň mukdary azalýar, ol bolsa sülekeý mäzlerinde distrofik hadysalaryň bolmagy bilen baglanşdyrýar.
Ýiti leýkoz keselinde agzyň nemli bardasynda çüreýän hadysany döredýän sebäbi gutarnykly anyklanmadyk. Ýöne çüremek hadysa giňgöwrimli ganöýmeleriň meýdançasynda leýkemiýeli ýellenme çökündisiniň netijesinde, şeýle hem dokumalarda nerw-damar (trofiki) üpjinçiliginiň näsazlyklary we bedeniň goraýyş güýçleriniň bozulmagy netijelerinde bolmagy mümkin diýip hasap edýäler. Çüreme hadysanyň emele gelmegini şertlendirýän esasy pursat, ol hem daşky gurşawyň täsirli faktorlary, aýratynda mikroblar bolup durýar.
Ýiti leýkoz keselinde limfatik düwünleri bir az 0.5-1 sm çenli ulalýar, olar ýumşak, agyrsyz bolýar.
Deňeşdirip anyklanyş usuly. Ýiti leýkoz keselinde agzyň nemli bardasynda ýüze çykýan alamatlary;
başga sebäbi bolan gipertrofiki gingiwiti;
Wensanyň ýaraly-çüreýän stomatiti;
gipowitaminoz С;
agyr demir duzlarynyň zäherlenmeleri bilen deňeşdirilip anyklanýar.
Leýkoz keselini aýgytly anyklaýan, ganyň barlag usullarynyň netijeleridir.
Bejerliş usuly. Ýiti leýkoz keselinde stomatolog – lukmanyň öňünde durýan meselesi dogry we özwagtynda agyz boşlugyndaky kliniki alamatlary we beýleki ýüze çykmalary tanap seljermekden, periferik ganyň analizini geçirmekden ybaratdyr.
Ýiti leýkoz keseliniň bejerlişi ýöriteleşdirlen gemotologik bölümleriň şertlerinde geçirilýär.
Ýerli bejergi gematolog-lukman bilen ylalaşylyp geçirilýär. Agyz boşlugynyň arassaçylyk duzgunlerini saklamak örän wajypdyr. Dişleri bejermek we sogurmak, diş daşlaryny aýyrmak gematolog lukmanyň gözegçiliginde hassahana şertlerinde geçirilýär. Agzyň nemli bardasynda ýaraly-çürän dokuma bar bolanda ony agyrsyzlandyrýarlar, antiseptik erginler (hydrogeni peroxidi 3%, hloraminiň, etoniň, romazulanyň, furasilliniň we ş.m. erginleri), fermentler we ýarabitmegini hyjywlandyryjy serişdeler (itburynyň ýagy, oblepiha, propolis dermany, A, E witaminleriň ergin ýaglary we ş.m.) bilen arassalanýar. Agyz nemli bardasy kömelejik şikilli mikroblar we gerpetiki wiruslar bilen zeperlense ýüze çykarylsa, ony umumy kabul edilen mikroblara we wiruslara garşy usullar bilen bejerilýär.
Üznüksiz leýkoz. Üznüksiz leýkoz ganöndiriji synalaryň zeperlenmekleriniň häsiýetlerine baglylykda miýeloproliferatiw (miýeloleýkoz) we limfoproliferatiw (limfoleýkoz) görnüşlere bölünýär. Üznüksiz miýeloleýkoz iki görnüşde geçýär: howypsyz, birnäçe ýullap dowam edýän we howyply (terminal), ol 3-6 aýa çenli dowam edýär. Ilkinji görnüşinde köplenç aýdyň bolmadyk alamatlar bilen başlanýar, soňra promiýeloşitlere we ýekeleýin (blast) ýaş öýjiklere çenli ütgemegi bilen neýtrofil leýkositozy emele gelýär.
Ikilenji görnüşde edil birinji görnüşdäki ýaly ýaş (blast) öýjikleriň bozulmalarynda ganyň düzüminde ýaş (blast) öýjikleriň görnüşi (miýeloblastlar, gemositoblastlar) köp bolýar, ganda leýkositleriň sanynyň çalt köpelmegi bellenýär. Leýkoz keseliniň beterleşmeginde anemiýa, trombositopeniýa emele gelýär, ol ganjarma bilen utgaşýar.
Üznüksiz miýeloleýkoz uzak wagtlap alamatsyz geçýär we ol ganyň kliniki analizi geçirlende tötänden anyklanmagy mümkin. Ganyň görkeziji alamatlary leýkositozyň beýikligi (50 – 60 • 109/l) bilen häsiýetlenýär. Ganyň çyrşagynda dürli görnüşli mieloid hatarlara degişli: mieloblastlar, promielositler, mielositler ýüze çykarylýar.
Gemorragiýa alamatlaryüznüksiz miýeloleýkoz üçin häsiýetlidir, ýöne ýiti leýkoza garaňda olaryň depgini epesli pesdir. Diş etiniň ganamagy şikes ýetende ýüze çykýar. Agzyň nemli bardasy reňksiz solgun. Diş eti ýellenen, gögümtil, çalaja degilende ganap başlaýar, çişme hadysa bolmaýar. Çişme hadysanyň ýoklygy we güýçli ganakmak alamatlary – leýkoz üçin häsiýetli bolýar.
