Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy

Sülekeý (saliva) agyz boşlygyna bölinip çykarylýan sülekeý mäzleriniň nemidir. Daşynda çykaryş akabajyklaryndan alynýan sülekeýi we garyşykly sülekeýi ýa-da agyz sywuk­lygyny tapawutlandyrýarlar. Agyz suwuklygynda sekretden başga mikroorganizimler we olaryň ýaşaýyş iýmitleri, gopan epiteliý, diş etiniň bagjygynyň epiteliýasynyň üsti bilen agyz boşlugyna barýan sülekeýde mikroblar, (leýkositleri) saklanýar. Bu bolsa, olaryň tapawudy bolup durýar. Mundan başga-da agyz suwuklygynda iýmitiň galyndylary bolup bilýär.

Bir gije-gündiziň dowamynda uly adamda 1500 ml. sülekeý bölünip çykýar. Emma sekresi­ýa­nyň tizligi deň däldir we ol şu zatlara bagly bolup durýar: adamyň ýaşy 55-60 ýaşdan soň sülekeý bölip çykarmasy haýallaýar, nerw we iýmit gyjyndyrmasyna bagly bolýar. Uky wagtynda sülekeý az bölünýär (0.05 ml/min), oýa ýagdaýda 0.5 ml/min. çenli, gyjyndyryp hyjywlandyrlanda bolsa 2,0-2.5 ml/min. çenli bölünip çykýar. Sülekeý bölünip çykarylmasynyň tizligi dişleriň kariýesiniň şikes ýetirmegi bilen baglydyr, ýagny sülekeý näçe köp bölünip çyksa, şonça-da dişler kariýes keseli bilen az şikeslenýär.

Stomatologlar üçin agyz suwuklygy has uly gyzyklanma döredýär, sebäbi agyz suwuklygy agyz boşlugynyň synalaryny we dokumalaryny mydama özinde saklaýan gurşaw bolup durýar.

Sülekeý we agyz suwuklygy bir şepbeşiklige, içki sürtilmä ýa-da akyma garşylyga eýedirler. Şepbesiklik üýtgäp durýan beýiklik bolup, sülekeýiň saklanşyna görä ýuwaş-ýuwaşdan peselýär.

Sülekeý bufer sygymyna eýedir, ýagny ol turşulyklary, aşgarlary güýçden düşürlip, zyýan­syz­landyryp bilýär, ol bikarbonat, fosfat we belok ulgamlary tarapyndan kesgitlenýär. Süle­keýiň bufer sygymy käbir faktorlaryň täsiri astynda üýtgäp durýar. Mysal üçin, uzak wagtyň dowa­mynda uglewod berhizi tutulanda sülekeýiň bufer sygymy peselýär, ýokary belokly berhis tutulanda, bolsa ýokarlanýar. Nahar wagtynda ýygnalan sülekeý, iýmit kabul etmegiň aralygynda bölünip çykýan sülekeýe garanda, has ýokary bufer sygymyna eýedir. Köpsanly edebiýatlaryň maglumatlaryna görä, sülekeýiň ýokary bufer sygymy bar bolan adamlaryň dişleri kariýes keseli bilen az şikeslenýär.

Sülekeýiň wodorod ionlarynyň (pH) konsentrasiýasy agyz suwuklygyndaky turşulyklaryň barlygy bilen kesgitlenýär. Bu soragyň uly taryhy bar, sebäbi sülekeýdäki wodorod ionlarynyň öwrenilmesi 100 ýyl mundan öň başlanypdy.

Dişleriň kariýes bilen şikeslenmesini sülekeýdäki wodorod ionlarynyň sanynyň juda artmagy bilen baglanyşdyrýarlar (Miller,1884). Dürli görnüş­däki kariýesli adamlaryň agyz suwuklyklarynyň pH-babatda geçirilen barlaglara laýyklykda, olaryň arasynda gös-göni baglanyşygyň ýokdugy kesgit­lenildi. Diňe göwreli aýallarda we şöhle bejergisine sezewar bolan adamlaryň agyz suwuklygynyň pH-ynyň biraz ýokarlanýanlygy anyklandy.

Köpsanly barlaglaryň maglumatlaryna görä, sülekeýiň pH-y kadada 6,5-6,9 aralykda üýtgäp durýar we her adam üçin mydamalykdyr.Gündiz we gijäniň dowamynda pH-nyň az-kem ütgäp durmasy (gijeki wagtda peselmesi), iýmit kabul etmekden soň onuň aşak düşmesi anyklanyldy. Esasanda uglewodlary kabul etmekden soň pH-yň peselýändigini bellemek zerur, şeýle ýagdaý 30 minut we ondan-da köpräk wagt dowam edip bilýär.

Sülekeýiň we agyz suwuklygynyň düzümi. Sülekeý 99,0-99,4% suwdan we onda erän 1,0-0,6% organiki, mineral maddalardan ybarat. Sülekeýde organiki däl komponentlerden kalsiý duzlary, fosfatlar, kaliý we natriý birleşmeleri, hloridler, bikarbonatlar, ftoridler, rodanidler we başgalar bar.

Sülekeýde bar bolan kalsiý (1,2mmol) gan suwuklygyna garaňda pesräk. Kalsiýniň uly bölegi fosfatlar bilen baglydyr. Agyz suwuklygynda gidroksilapatitiň güýçli eremegi, onuň pH-nyň pese düşmeginde ep-esli köpelýänligi aýratyn ünsüňi çekýär. W.K. Leontýewiň görkezişi ýaly, agyz suwuklygynyň pH-yň 6,8 ýagdaýynda ol kalsiý bilen aşa doýgun bolsa, onda pH-yň 6,0 ýagdaýynda agyz suwuklygy üçin kalsiý gytçylygy, ýetmezçiligi döredýär. Diýmek, pH-yň az-kem üýtgäp durmasy diş syrçasynyň dinamiki deňagramlylygyny saklamaklyga işjeň täsir edip bilýär.

Fosfor sülekeýde (3,2mmol/l) ganyň suwuklygyna garaňda 2 esse köpdür. Iýmit kabul edilende ýygnalan sülekeýde fosfor has köp bolýar.

Agyz suwuklygynda beýleki elementler bilen bilelikde ftory hem ýüze çykarýarlar. Käbir alym­lar onuň mukdarynyň üýtgewsizdigini aýdyp geçdiler. Emma karies bilen köpşikesli dişleri bar bolan adamlaryň agyz suwuklygynda ftoruň ep-esli az bolýandygy barada hem pikirler bar.

Agyz suwuklygynyň organiki komponentleri köpsanlydyr. Onda proteinler, uglewodlar, erkin aminoturşulyklar, fermentler, witaminler we başga-da köp-köp maddalar bar. Belok- esasy organiki madda bolup durýar. Elektroforez usuly arkaly 17 belok fraksiýasy tapawutlandyryldy. Olar amilazany, geksozaminleri we beýleki komponentleri saklaýarlar. Sülekeý mäz­lerinde fer­ment­ler, glikoproteinler, musin toplanýar. Olaryň agyz boşlu­gynyň dokumalarynyň kadaly ýagda­ýyny saklamakda örän uly ähmiýeti bardyr.

Sülekeýdäki organiki maddalar gelip çykyşy boýunça iki topara bölünýär: ganyň suwuk­ly­gyndan sülekeýe baryp durýan (aminoturşulyklar, moçewina) we mäzler arkaly ýygnanýan (amila­za, glikoproteidler, musin, A klasyň immunoglobulinleri we beýl.)

Garyşyk sülekeýdäki fermentler 5 esasy topardan durýar: karbo­angidrazalar, esterazalar, pro­teolitiki fermentler, geçiriş fermentler we garyşyk topar. Häzirki döwürde agyz suwuklygynda 50-den gowrak ferment ýüze çykaryldy. Gelip çykyşy boýunça fermentler üç topara bölünýär: 1) sülekeý mäziniň parenhimasy tarapyndan bölünip çykýan; 2) bakteriýalaryň fermentatiw işjeňligi dowamynda (hadysasynde) döreýän; 3) agyz boşlugynda leýkositleriň dargamagy netijesinde döreýänler.

Sülekeýiň fermentlerinden ilki bilen L-amilazany belläp geçmelidir. Ol agyz boşlugynda uglewodlary kem-käsleýin gidrolizleýär, olary dekstranalara, maltoza we başg. öwürýär. Sülekeýde fosfatazalar, lipazalar, lizosim, gialuronidaza, kallikrein, kallikrein puisintli peptidaza, RNK-aza, DNK-aza we beýlekiler bar.

Fosfatazalar (turşy we aşgar) fosfor-kalsiý çalşygyna gatnaşýarlar, olar fosfor turşulygynyň birleşmelerinden organiki däl fosfaty bölüp aýyrýar. Şunuň bilen birlikde süňkleriň we dişleriň mineral­laşmasyny şertlendirýär. Gialuronidaza we kallikrein dokumalaryň, şol sanda hem diş syrçasynyň geçirijiligini üýtgedýän fermentler bolup durýar. Şeýlelik bilen, olar agzyň nemli bardasynyň we dişiň gaty dokumalarynyň kadaly gomeostazyny saklamakda aýratyn orny eýeleýärler.

Agyz suwuklygynda has wajyp fermentatiw hadysalar uglewod fermentasiýasy bilen bagly. Olar mikrofloranyň mukdar we hil taýdaky düzümi tarapyndan we agyz boşlugynyň leýkositler, epitelial öýjükler ýaly öýjük elementleri tarapyndan şertlenendir.

Agyz suwlugy diş syrçasyna kalsiniň, fosforyň we beýleki mineral elemenleriň diş syrçasyna düşirji esasy çeşme hökmünde diş syrçasynyň fiziki we himiki alamatlaryna täsir ed‎ýär. Agyz suwuk­lygynyň mukdarynyň we hiliniň ü‎ýtgemegi dişlerde kari‎ýesiň döremegine we ösmegine getirýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]