Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi

Içki mäz ulgamy adam bedeniniň metabolizm hadysalarynyň ugrykdyrjysy bolup hyzmat edýär. Ol aýry – aýry synalaryň we ulgamlaryň ylalaşykly işlemegini üpjin edýär, şeýle hem bede­niň birnäçe ýerne ýetirýän işleriniň deňagramly saklanmagyna gözegçilik edýär (ganyň düzüminde glýukozanyň we kalsiniň saklanmagyna, bedeniň gyzgynlygyna we ş.m.). Käbir içiki mäz (endok­rin) bozulmalarynda agzyň nemli bardasynda we dodagyň gyzyl gaýmasynda ütgeşikleri görmek bolýar. Agyz boşlugynda kliniki alamatlaryň ýüze çykmagy, içki mäz ulgamynyň aýratyn ýerne ýetirýän işleriniň barlagdan geçirmegini talap edýär. Meselem, ýitileşip döreýan parodontit keselleri süji kesel ýada içki mäz ulgamynyň beýleki keselleri bilen baglanşykly bolmagy mümkindir. Agyz boşlugynyň ütgemegiköplenç ýagdaýlarda süji keselinde, jyns mäzleriniň işjeňliginiň bozulma­gyn­da, galkan şekilli we galkan şekilli mazýany mazleriň, gipofiziň, böwrek üst mäziňdäki gatlagynyň işjeňligi bozulan ýagdaýda ýüze çykýar. Şonuň üçin agyz boşlugynda şu keselleriň ýerli alamat­laryny öz wagtynda we dogry baha berilmegi stomatolog lukmanlara olary ir anyklamaga ýardam berýär.

Süji kesel. Uglewodlaryň alyş-çalyşygynyň bozulmagy bilen häsiýetlenýär we onuň esasynda agyz boşlugynda ütgemeler ýüze çykýar. Onuň alamatlylygy, süji keseliniň geçiş dowamlylygyna we agyrlyk derejesine bagly bolýar. Agyz boşlugynda ýüze çykýan ütgeşikler keseliň ilkinji alamaty bolýar.

Kserostomiýa – agyz boşlugynyň gyzarmagy, bu sükeleýiň bölünip çykmagynyň azal­ma­gy, onuň agyrlyk derejesi her dürli näsaglarda ütgäp durýar. köplenç agzyň guramagy ýoka­ry derejede suwsamak, işdäsiniň açylmagy, diliň, dodagyň, diş etiniň sebitlerinde awy­şap-sanjap agyrýan duýgylaryň bolmagy bilen utgaşýar. Käwagtlar jynys synalarynyň (ge­nitaliý) we bedeniň beýleki bölümleriniň gijemegi we awyşamagy bilen bile bolup geçýär.

Agyz boşlugy gözden geçirlende onuň nemli bardasy gury, öwüşgenli, ýellenen we gyuzaran, aýratyn hem dilde. Şonyň bilen bir hatarda paresteziýa ýüze çykmagy mümkin.

Süji keseliň esasynda ýüze çykýan kserostomiýany nerw ulgamynyň bozulmagynda döreýän sülekeýiň bölünip çykmagynyň näsazlyklary, Şegreniň sindromy, sialodenit we sialodohit, Mikuliçin keseli bilen deňeşdirilýär.

Ýönekeý (kataral) eroziw – ýaraly stomatit, glossit. Süji keselinde agzyň nemli bardas­y­nyň ýada onuň aýratyn bölümleriniň çişmegi gaýtadan dikeldilmek hadysalaryň bozulmagy esasynda onuň durnyklylygynyň pese düşmegi netijesinde agyz boşlugynda disbakteriozy, ýerli goraýyş güýçleriniň deňagramlylygy bozulanda we beýleki sebäpler bolanda bolup geçýär. Şularyň hem­mesi agzyň nemli bardasynyň goraýyş güýjiniň ütgemegine, ýokanç mikroblara garşy täsiriň azal­magyna alyp barýar. Ýaralaryň bitmek hadysasy haýallaýar. Hatda sähelçe şikesli täsir edýän fak­torlar agzyň nemli bardasynyň çişmegine we birnäçe ýag­daýlarda onuň bitewliginiň bozulmagyna, jaýrygyň, ýaranyň emele gelmegine alyp barýar. Şonuň bilen bilelikde näsaglar gyzgyn, ýiti ýada gury iýmit iýende agyrynyň bolýandygyna arz edýär. Eroziýalar we ýaralar nemli bardanyň bitmek ukybynyň peselenligi üçin uzak wagtlap geçýanligi bilen häsiýetlenýär. Süýji keselinde köp ýag­daýlarda parodont dokumalary zeperlenýär. Ilki başda kataral gingiwiti diş etleriniň güýçli ýel­lenmegi we ganamagy bilen emele gelýär. Ondan soň ol örän çalt parodontite geçýär. Ol hemme parodont dokumalarynyň çişme-destruktiw ütgemegi, güýçli geçişi bilen häsiýetlenýä. Köplenç parodontal abssesler ýüze çykýar. Süýji keseliň geçiş agyr derejeli we uzak wagtlaýyn bolanda, şonçada parodont dokumalary güýçli zeperlenýär.

Parodontda aýratyn hem çältgeçýän destruktiw hadysalar süji keselli ýaş adamlarda ýygy-ýygydan duş gelýänligi häsýetlidir.

Kömelejikler şekilli mikrobly stomatit, agyz burçynyň mikotik jaýrylmagy.

Süji keselinde duş gelýän agyz boşlugynyň dişseň giňden ýaýran görnüşli keselleriň biri hem kandidozdyr. Onuň döremegi üçin amatly şertleriň biri agyz boşlugynyň disbakteriozy, turşuly – esasdaky deňagramlylygyň bozulmagy we dokumalarda alyş-çalyş önümleriniň (süýt we piro­wi­nograd turşulary) doly derejede turşamazlygy bolup bilýar. Süýji keselinde agzyň nemli bardasynyň kandidozy durnykly we gazap geçişi bilen häsiýetlenýär. Köplenç agzyň burçynyň zeperlenmegi duş gelýär. Onda jaýryjaklar emele gelýär, onuň üsti kän bolmadyk çalymtyl-ak gataňsy kesmek bilen örtülýär.

Kandidozy anyklamak üçin süýji keseliniň umumy alamatlarynyň bolmagy möhüm orny tutýar. Laborator barlaglaryň maglumatlary (ganda we peşewde süýjiniň möçberiniň beýgelmegi), şeýle hem ýaranyň ýüzinde alnan kesmegiň bakterioskopik barlag netijeleri zerurdyr.

Kömelejik şekilli mikroblara garşy bejergini endokrinolog lukman bilen ylalaşyp, süji keseline garşy bejergi höküminde geçirilýär.

Paresteziýa, tagam alyşyň bozulmagy.

Süji keselli näsaglarda agzyň nemli bardasynyň guramagy we awyşamagy bilen bilelikde käwagtlar paresteziýa hem ýüze çykýar. Süji keseli dekompensirlenen görnüşinde käbir näsaglarda süji, duzly, turşy birnäçe ýagdaýlarda ajy tagamlara duýgurlygy peselýär. Kä wagtlar nerw ulgamynyň bozulmalaryny görmek bolýar (newrit, üçem nerw şahasynyň newralgiýasy).

Bejerlişi endokrinolog lukmanyň gatnaşmagynda geçirilýär. Süji keseliniň bejerilmegi bilen bir hatarda agyz boşlugynyň saplanmagy we alamatlara garşy ýerli bejergi geçirilýär.

Isenko – Kuşinganyň keseli. Gipotalamo – gipofizar ulgamynyň zeperlenmegi bilen böwrek üsti mäziň gabyk böleginiň işjeňliginiň ýokarlanmagy netijesinde döreýär. Böwrek üsti mäzleriniň gabyk gatlagynda steriodlaryň ýokary derejede emele gelmegi süňk dokumalarynyň, şol sanda hem äňleriň osteoporoz (süňk pytramagy) bolmagyna alyp barýar, hem-de parodont keselleriniň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Käbir näsaglarda makroheýlit ýüze çykýar. Köplenç ýagdaýlarda kandidozyň döremegini görmek bolýar. Diliň, dulugyň we agyz boşlugynyň beýleki bölümleriniň nemli bardasynda çuň (trofik) ýaralaryň döremegi mümkin.

Bejerlişi. Esasy kesel endokrinolog lukmanda bejerilýär. Ýerli bejergi agyz boşlugynyň saplanmagyny öz içine alýar. Görkezmeler boýunça alamatlara garşy bejergi geçirilýär.

Addisonyň keseli. Böwrek üsti mäz gabygynyň işjeňlenmeginiň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Keseliň ilkinji alamatlarynyň biri deriniň we nemli bardanyň tegmillenmegi bolup biler, ol birleşdirji dokumalarda we epiteliýanyň öýjüklerinde örän köp mukdarda melaniniň ýygananmagy bilen şertlendirilýär. Deride tegmil ýagty şöhle täsir edýän ýerlerde (ýüziň derisi, el-barmaklaryň arka taraplary) emele gelýär. Kesel agyrlaşdygyça deri örtügi ýagty-goňyr ýada sarymtyl çaýelan reňke eýe bolýar. Agzyň nemli bardasynda dulygyň sebitlerinde, diliň gyralarynda, kentlewükde, diş etinde uly bolmadyk menek ýada çalymtyl gara, gara-goňyr ýada gögümtil-çal reňkde çişme alamatlary bolmadyk zolaklar emele gelýär (11.37. surat)

Olar nemli bardanyň deňinden ýokaryk çykmaýar. Näsaglaryň arz-şikaýatlary bolma­ýar. Näsa­gyň umumy özini duýyşynyň bozulmagy mümkin. Aşgazan – içege bozulmalary (ýürek bulanma, gaýtarma, içi geçme, garyn agyrma), asteniýa, kelle agyry, ýatkeşligiň peselmegi, horlanmak ýaly alamatlar bellenýar.

Deňeşdirilip anyklanyş usuly. Addison keseli

  • käbir halkalarda duş gelýän agzyň nemli bardasynyň dogabitdi tegmillenmegi;

  • agyr demirleriň duzlary bilen zäherlenmeleri bilen deňeşdirilýär.

Bejerlişi. Esasy keseli endokrinolog lukman bejerýär. Ýöriteleşdirlen ýerli bejergi geçirmek talap etmeýär. Mundan başgada endokrin ulgamynyň kesellerine miksedema, tireotoksikoz, bazedowaň keseli degişlidir.

Ýuwenil (ýetginjekleriň) gingiwiti. Bu kesel ýetginjek oglanlarda we gyzlarda jyns sy­na­larynyň kämilleşýän döwründe, aýbaşynyň (menstrual sikly) bozulan ýagdaýlarynda duş gelýär. Agzyň nemli bardalarynyň ütgemegi haçanda gipofiziň gonadotrop gormonlarynyň täsiri netijesinde bolup geçýär. Ýetginjekleriň gingiwitini döredýän ýerli faktorlar: agyz boşlu­gynyň kanahatlanarsyz idegi, diş gysylyşmalaryň (anomaliýasy) nädogrylyklary we başgalar. Diş etiniň nemli bardasy ýellenen, gyzaran, sähelçe ganaýar. Diş etiniň emzijekleri ösüp (gipertrofiýa) ulalýar, esasan hem aşaky äňiň alyn dişleriniň sebtinde.

Bejerlişi. Hökmany suratda yzygiderli mydama arassaçylyk tärlerini ýerne ýetirmek, diş daş­la­ryny aýyrmak, agyz boşlugyny saplamak zerurdyr. Görkezmeler bar bolanda ortodontik bejergi ge­çirilýär. Gipertrofiki gingiwiti derman serişdeler bilen umumy kabul edilen usuly bilen bejerilýär.

Göwrelileriň gingiwiti. Göwrelilik bilen bagly bolany üçin ýada göwrelilik wagtynda onuň geçişi ýitileşende ýüze çykýar. Ol dişara emzijekleriň ösmegi (gipertrofiýasy) bilen ýü­ze çykýar. “Ýalan” kisejikler emele gelýär, dişetiniň ganamagy bolýar. Käbir ýagdaýlarda em­zijekleriň ösmegi dişleriň kesiji gyralaryna ýada olaryň çeýneýji üstine çenli ösüp ýet­ýar­ler. Ol bolsa iýmit iýlende ganap, agyryly bolýar. Gingiwit alamatlarynyň göwreli­lik­den öň bar bolmagy, köp ýagdaýlarda ony beterleşdirýär. Dogyrmadan soň dişetleri köp ýagdaý­lar­da öňki kadaly ýagdaýyna gelýär, ýöne kä ýagdaýlarda (agyz boşlugynyň ýaramaz arassalan­ma­gynda, dişdaşlaryň bolmagy, hili pes protezlar, diş gysylmasynyň nädogrylyklary (ano­ma­liýa) we beýleki ýerli şikesleýji faktorlar) diş etiniň ösüntgileri (gipertrofiýasy) şol durkynda saklanýar.

Bejerlişi. Göwrelileriň gingiwit keselinde ilki bilen agyz boşlugyny örän gowy yzy­gi­derli ideg edilmegi talap edilýär. Şeýle hem çişmä garşy diş arassalaýjy hamyrlar (“Romaş­ka”, “Zodiak”, “Lesnaýa” we beýlekiler) ulanylýar. Egerde dogyrmadan soň gipertrofik gingiwit alamatlary aýrylmasa, onda ony adaty umumy kabul edilen usul bilen bejerilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]