- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde ýüze çykýan agzyň nemli bardasynyň zeperlenmeleri göniden-göni gan üpjinçiliginiň bozulmagy netijesinde bolýar. Gaýtalanýan aftoz stomatitiniň aşgazan-içege ýollarynyň keselleri bilen baglanşyklydygy bellidir. Aşgazan-içege keselli näsaglaryň 50% golaýy gaýtalanýan aftoz stomatitiniň dürli agyrlyk derejesi bilen ejir çekýärler.
Sülekeý bölünip çykmagynyň bozulmagy. Sülekeýiň köp (gipersaliwasiýa) ýada az (giposaliwasiýa) bölünip çykmagy ýüze çykyp biler. Aşgazanyň we onikibarmak içegäniň ýaraly keselinde, kiçi sülekeý mäzlerinde morfologik we funksional ütgemeleriň bolýanlygyny bir näçe alym ýazarmanlar ylmy barlaglarda subut etdiler. Aşgazanyň ýaraly keseliniň başlangyç döeründe şeýlede onuň gaýraüzülmelerinde sülekeý köp bölünip çykmagy, ondan soňra az bölünip çykmagy bellenýär. Näsaglar agzynyň guraýanlygyna arz edip başlaýarlar. Şeýle hem beýleki aşgazan-içege kesellerine mahsus bolan kliniki alamatlar bilen utgaşýar.
Bejerlişi. Düzgünne laýyklykda aşgazan-içege keselleriniň esasynda dörän kataral stomatitiň, gingiwitiň ýada glossitiň hökmany suratda ýorite ýerli bejergini geçirmegiň zerurlygy ýok. Agyz boşlugyna ideg etmegi we talaba laýyk arassaçylygy saklamaklygy, gerek bolanda antiseptik we çişmä garşy dermanlar (hlorgeksidin, etoniý, atgulak, çopantelpek dermanlaryň erginini we ş.m.) ulanmaklygy maslahat berilýär. Esasy aşgazan-içege ýollarynyň kesellerini bejermek hökman bolup durýar. Mundan başgada gipowitaminoz B toparynyň we disbakteriozyň agyz boşlugynda we içegede alamatlarynyň bolmagyny göz önünde tutylýar. Aşgazan-içege ýollarynyň üznüksiz keselli köp näsaglaryna witaminleriň B toparynyň içmek üçin bermek zerurdyr (köp görnüşli witaminler toplumy “Dekamewit”, “Pangeksawit”, “Glutamewit”, “Unikap” we başgalar) ýada haýsy göwnejaý bolsa sanjym görnüşde (tiamin, piboflawin, piridoksin, sianokobalamin) ulanylýar.
11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
Ýürek – damar ulgamynyň bozulmalarynda agyz boşlugynyň ütgemegi ganaýlanşygyň bozulmalary we damar diwarlarynyň zeperlenmegi bilen şertlendirilýär.
Agzyň nemli bardasynyň ýellenmegi we sianozy, dodagyň gögermegi. Adatça buny ýürek – damar ýetmezçiliginiň dekompensirlenen görnüşinde görmek bolýar: gipertonik keselinde, guryagyryly (rewmatizm) ýüregiň çataçmagynda ýada beýleki kesellerde.
Diliň gyralarynda, duluklarda dişleriň yzy peýda bolýar. Şeýle ýagdaý köplenç dodagyň gyzyl gaýmasynyň gögermegi bilen utgaşýar. Dil belli bir derejede ýellenip biler, onuň netijesinde ol göwrümi boýunça ulalýar; gürlemek kynlaşýar. Infarkt miokartda diliň ýellenmegi onuň reňkiniň ütgemegi bilen utgaşyp bilýär, jaýryklar, ýüzleý we çuň ýaralar peýda bolýar. Bu ütgeşikleriň aýdyň görünmegi bilen esasy keseliň agyrlyk derejesi kesgitlenýär. Uly ojakly infarktda agzyň nemli bardasynyň zeperlenmegi has aýdyň bolýar. Umumy bejergiden soň näsagyň ýagdaýlary gowlandygyça agyz boşlugyndaky ütgeşmeler gowlanyp başlaýar–diliň ýellenmegi peselýär, ýaralar bitişip başlaýar. Agzyň nemli bardasynyň ýellenmegi we ýaralary köplenç diş protezleriň ýatýan ýerlerinde emele gelýar: diş etiniň gapdal gyralarynda, demirden ýasalan diş täçleriniň ýatan ýerlerinde; köpüri görnüşli protezleriň aşagyndaky aralykda ýerleşen nemli bardada; aýyrlyp–dakylýan protezleriň oturýan ýerlerinde we ş.m.
Agzyň nemli bardasynyň aýdyň ütgeýänligine garamazdan näsaglaryň köpüsinde ýaramaz (subýektiw) azly duýgylar bolmaýar, ýöne lukmanyň ýellenmäni ýüze çykarandan soň ony döredýän sebäbi kesgitlemegi borjydyr. Hökmany suratda deňeşdirilip anyklanmagy aşgazan-içege kesellerinde, ýokanç we beýleki kesellerde duş gelýän agzyň nemli bardasynyň meňzeş ütgemekleri bilen geçirilýär.
Agyz boşlugynyň pakgaryk damarly alamatlar toplumy.
Bu 1972ý. A.L. Maşkleýson we ýazarlar tarapyndan bilelikde ýazylan. Içinde ganly ýada dury suwklyk saklaýan düri göwrümde bolan dykyz pakgarygyň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär (11.36. surat). Ýürek –damar keselli näsaglarda kakgarygyň emele gelmeginiň sebäbini ýazarlar agzyň nemli bardasyndaky ownyk damarlarynyň geçirjiliginiň ýokarlanmagy we damar diwarlarynyň dargamagy esasynda bolup geçýan damarlaryň ýarylmagy bilen düşündirýärler. Şonyň bilen bir hatarda agzyň nemli bardasynyň epitelial we birleşdiriji dokuma gatlaklarynyň arasyndaky baglanşygynyň gowşaýanlygy bellenýär. Bu ýagdaý mümkin megerem bazal gatlagynyň destruksiýa bolmagy bilen baglanşykly bolsa gerek.
Pakgaryk damarly alamatlar toplumy köplenç 40-75 ýaşly zenanlarda duş gelýär. Pakgaryk duýdansyz ýüze çykýar. Köplenç iýmit iýlen wagty. Pakgarygyň emele gelmegi düzgün bolşy ýaly arterial basyşyň beýgelmegi bilen baglanşykly bolýar, ýöne näsaglar ol barada guman etmeýärler. Esasy ýerleşýän ýeri – ýumşak kentlewgiň nemli bardasynda, diliň, dulugyň gapdal taraplarynda bolýar. Pakgaryklar ütgöwsiz ýagdaýda bir näçe sagatdan, birnäçe güne çenli galyp bilýär. Käbir ýagdaýlarda olar ýarylman ýitip gidýär, ýöne köplenç ýarylyp ýara emele getirýar. Ýaralar göwrümine balylykda 3 – 7 güniň dowamynda bitişýärler. Ýaranyň ýüzinde barlag üçin alnan kesmekde çäklendirlen ganyň elementleri ýüze çykarylýar. Nikolskiýniň alamaty kesgitlenmeýär.
Deňeşdirlip anyklanyş usuly. Pakgaryk – damarly alamatlar toplumy
Pakgarçak;
Angiomalar;
Köp görnüşli şypyljaýan eritema
bilen deňeşdirilýär.
Bejerlişi. Ilkinji nobatda esasy ýürek – damar kesellerini bejermäge ugrykdyrlan bolmaly, onsyz pakgaryklaryň emele gelmeginiň öňüni almak mümkin däl. Damar diwarlarynyň ýagdaýlaryny kadalaşdyrýan dermanlary (askorutin, komplomin) bellenýär.
Ýerli bejerlişi agyz boşlugynyň saplanmagyndan, pähimli talaba laýyk protezleri goýmakdan ybaratdyr. Agzyň nemli bardasynyň antiseptiki serişdeler (hlorgeksidiniň ergini, hloraminiň ergini we ş.m.) bilen arassalanýar. Ondan soňra ýara bitiriji (keratoplastik) serişdeleri (A, E witaminleriň suwklandyrlan ýagy, it buryn ösümlik ýagy, oblepiha, aktowegin, solkoseril melhem – ýagy we ş.m.) ulanylan. Egerde ýaralar çalt bitişip başlasa, käwagtlar 2-3 günden soň, olara ýörite ýerli bejergi geçirmek talap etmeýär.
Agzyň nemli bardasynda (trofik) çuň ýaralaryň emele gelmegi bilen ýaraly – çüreýän zeperlenme. Birnäçe ýagdaýlarda II – III–derejeli gan aýlanşygy bozulan näsaglarda ýüze çykýar. Agyz nemli bardasynda bir, seýrek birnäçe çuň ýaralar peýda bolýar. Çuň ýaralaryň emele gelmegine pytyrap döwlen dişleriň ýiti gyralarynyň şiukeslemegi ýada beýleki şikes ýetiriji faktorlar sebäp bolýar. Köplenç ýaralar diliň gapdal ýüzlerinde, dulugyň, agyz boşlugynyň dübiniň, kentlewgiň we beýleki nemli bardalarda emele gelýär. Ýaranyň gyralary deň bolmaýar, onuň dübi çalymtyl-ak çürän kesmek bilen örtülen. Egerde çürän dokuma uzak wagtlap dursa, gopyp aýrylmasa, olar garamtyl reňke öwrülýär. Çuň (trofik) ýaranyň daş töweregindäki gurşap alýan dokumada çişme peaksiýanyň ýeňiljek bolmagy, oňa mahsus häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. çüreýän hadysa ýüzüň goňşy sebitlerine ýagny burun-bokurdak ýerlerine ýaýrap bilýär. Agyz boşlugyndan örän ýakymsyz ys gelýär, sülekeý goýy-şepbeşik bolýar. Çuň (trofiki) ýaranyň uzak wagtlap bolmagy howyply çiş ýaralara (malignizasiýa) alyp barmagy mümkin.
Anyklanyş usuly. Sitologik barlagy geçirlende ýaranyň ýüzinden alnan kesmekde köp bolmadyk möçberde bozulan alamaty bolan ýagny göwrimi kiçelen epitelial öýjikler ýüze çykarylýar; öýjikleriň gyra deňligi bozulan bolýar. Neýtofileriň dürli derejedäki çökmeklerini görmek bolýar. Gistositar hatarynda öýjikleriň mese-mälim azalýanlygy bellenýär, ol bolsa çişme hadysasynyň geçişiniň ýeňildigini häsiýetlendirýär.
Patogistologik barlagda çuň (trofiki) ýaranyň sebtinde giň göwrümli çüreme we interstisial dokumanyň ösmegi bilen üznüksiz çişme hadysanyň bolmagy, damarlaryň sklerotik ütgemegi we nerw süýmleriň zeperlenmegi anyklanýar.
Deňeşdirilip anyklanyş usuly. Çuň ýarany
şikes ýeten ýara;
howyply çiş ýaralar;
inçe kesel ýaralar;
wensanyň çüreýän – ýaraly stomatiti;
gan kesellerinde agzyň nemli bardasynyň çüreýan zeperlenmeleri bilen deňeşdirilip geçirilýar.
Bejerlişi. Terapewt lukman bilen bilelikde geçirilýär. Umumy bejergi hökmany suratda ýürek-damar ýetmezçiligini ýok etmek üçin gönükdirlen bolmaly. Köp ýagdaýlarda umumy bejergi maksada okgunly hassahana şertlerinde geçirilýär.Ýerli bejergi sesasan görkezme boýunça alamatlara garşy bejergi geçirilýär. Ilki bilen hemme ýerli şikes ýetiriji, gyjyndyryjy faktorlary ýok edýär. Çürän dokumalary proteolitik fermentleri ulanyp aýrylýar. Agzyň nemli bardasyny antiseptiki we hyjywlandyryjy dermanlar (A, E witaminiň suwklandyrlan ýagy, oblepihanyň, itburynyň ýagy, propolis, sigerol we başgalar) bilen arassalanýar. Ýeňil özleşýän, ýokary kaloriýaly, witaminlere baý iýmitler bilen agzyň berhizini tutmak bellenýär.
