Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy

Şegreniň alamatlary toplumy (syndromum Sjögren) – bu ulgamlaýyn kesel, Şegren tarapyndan 1933ý. ýazylan.

Häzirki wagyta çenli bu keseliň döremeginiň sebäbi barada bir umumy pikir ýok. Ýokanç – al­lergik gelip çykyşy (genezi) bolan sebäpleriň bolmagyny çaklaýarlar. Endokrin mäzleriň işjeňli­gi­niň bozulmagy esasy alyp baryjy orunda durýar, witamin A-nyň alyş-çalşygynyň bozulmagy bilen baglanşykly nesilden-nesile geçmek meýilli sebäpler bolmagy mümkin. Ýöne bir zat anyk, ol hem Şegreniň alamatlary bolan näsaglarda gipergamma – globulinemiýa we uýan ganyň çökündisinde antinukleor faktorlary we öjükdirji antitelalary ýüze çykarylýar. Ol bolsa bir näçe ýazarlara keseliň antoimmun tebigatly gelip çykyşynyň barlygyny tassyklamaga esas berýar.

Kliniki alamatlary. Başlangyç ütgeşikler uzak wagtyň dowamynda sülekeýiň möçbe­riniň azal­magy we onuň şepbikliginiň ýokarlanmagy ýaly görnüşe bolmagy mümkin. Ondan soň nemli bar­dada ütgeşikler bolýar: diliň emzijekleri (atrofiýa bolýar) çökýär, dil gyzaran görnüşe geçýär, ýanyp barýan ýaly duýgylar emele gelýär. Şol wagytda ýokarky dem alyş ýollarynyň nemli bardasynyň (atrofiki) çökmegi ýaly ütgeşikler ýüze çykarylmagy mümkin (gury traheobronhit, renit). Ys alyşyň peselmegi mümkin. Ahiliýa ýüze çykýar.

Näsaglaryň arz-şikaýaty hadysanyň agyrlyk derejesine bagly bolýar. Haçanda sülekeýiň bölü­nip çykmagy peselende näsaglar agzyň guramagyna we iýmit iýen wagty agyrynyň bolýandygyna arz edýärler, agzyň burçlarynda jaýryklar peýda bolmagy; gözüň guramagyny görkezýar, konýunk­tiwit, kesiji agyry, ýagtylykdan gorkmak, göz ýaşyň ýoklygy ýaly alamatlar bilen utgaşýar. Keseliň has giç döwründe agzyň, gözüň, burnyň nemli bardasynyň guramagyndan başgada jyns synasyn­da­ky (genitaliý) nemli bardasynyň atrofik ütgeşikleri ýüze çykýar, deriniň guraksylygy we tozga­lan­ma­gy, saçyň guraklygy we döwülmegi bellenýar. Deri keselleriniň döremegine ýykgynly bolýar. Nä­saglaryň 1/3 böleginde üznüksiz artrit pisintli ütgeşikler bolmagy mümkin. Käbir näsaglarda pnew­mosklerozyň, çetki we trigeminal newralgiýanyň we beýleki ütgeşikleriň ýüze çykmagy be­l­lenýar.

Näsaglar gözden geçirlende sülekeýiň bölünip çykmagynyň peselmegi we agzyň nemli barda­synyň ütgemekleri bilen bir hatarda ýeke ýada iki gulakýany we beýleki sülekeý mäzleriň çiş gör­nüşli ulalmagyny görmek bolýar. Kä ýagdaýlarda gulakýany mäzlerde daşlar emele gelýär.

Gistologik barlagynda agzyň nemli bardasynda ojaklaýyn limfositar ýellenme bellenýar, nemli barda asty, şol sanda hem sülekeý mäzleriniň bölünip çykaryş işjeňligi mese-mälim peselýär.

Sülekeý mäzleriniň gistologik ütgeşikleri limfasitler, plazmatik öýjükler bilen ýellenmegi we birleşdiriji dokumanyň proliferasiýasy bilen häsiýetlenýär.

Anyklanyş usuly. Şegreniň alamatlar toplumyny anyklamakda onuň mahsus alamat­larynyň bolanlygy üçin aýratyn bir kynçylyk döretmeýär. Şegreniň alamatlar toplumyny hökmany suratda kserostomiýa bilen deňeşdirilýär.

Bejerlişi. Stomatolog, okulist, terapewt lukmanlary tarapyndan toplumlaýyn bejergi geçirilýär. Näsaglara sülekeýiň bölünip çykmagyny güýçlendirýan A, E, B12, С (askorbin turşysy) witaminleri bellenýär. Şeýle hem kortikosteroid dermanlary, lewamizol ulanylýar.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]