- •Institutynyň talyplary üçin
- •Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we onuň öňünde durýan meseleler
- •Stomatologiýa gullugyny guramak
- •Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:
- •2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.
- •Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:
- •Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika
- •Sterilizasiýa we dezinfeksiýa
- •Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:
- •Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri
- •3.1. Agzyň nemli bardasy
- •3.1.1. Agzyň dürli bölümlerindäki nemli bardanyň gurluşy
- •3.1.2. Agzyň nemli bardasynyň ýerine ýetirýän işleri
- •3.2. Sülekeý mäzleri, sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.1. Sülekeý mäzleri
- •3.2.2. Sülekeý we agyz boşlugynyň suwuklygy
- •3.2.3. Sülekeýiň ýerine ýetirýän funksiýalary
- •We ösüp çykyş möhletleri
- •3.3.1. Dişleriň anatomik gurluşy
- •3.3.1.2. Hemişelik dişler
- •3.3.2. Dişiň gaty dokumalarynyň gistologik gurluşy, himiki düzümi we ýerine ýetirýän işleri
- •3.4. Agyz boşlugynyñ mikroflorasy
- •3.5. Agyz boşlugynyñ goraýjy mehanizmleri
- •3.5.1. Mahsus däl goraýyş faktorlar
- •3.5.2. Mahsus goraýyş faktorlar
- •Mahsus goraýyş faktorlar
- •Agyz agzalarynyň ýagdaýlaryny anyklamagyň usullary
- •4.1. Näsagdan sorag-ideg edilişi (subýektiw barlaglar)
- •4.2. Obýektiw barlag usullary
- •4.2.1. Seretmeklik
- •4.2.1.1 Daşky serediliş
- •4.2.1.2. Agyz boşlugyna seretmek.
- •Dişleriň etlerine seretmek
- •Cpitn indeksiniň kesgitlenişi
- •Agyz boşlugynyň gigiýeniki ýagdaýlarynyň kesgitlenişi
- •4.2.1.3. Agyz boşlugynyň içki bölegine seretmek
- •Agzyň nemli bardasynda bolup geçýän patologik hadysalar
- •4.2.1.4. Dişlere seretmeklik
- •4.2.2. Dişleriň perkussiýasy
- •4.2.3. Palpasiýa barlagy
- •4.2.4. Temperatura duýujylygyny anyklamak.
- •4.2.5. Diş dokumalarynyň ýagdaýlarynyň elektrik togunyň kömegi bilen anyklanylyşy
- •4.2.6. Rentgen anyklaýyş usullary
- •Rentgen barlaglaryň usullary:
- •4.2.7. Transillýuminasiýa anyklaýyş usuly
- •4.2.8. Lýuminesent barlag usuly
- •4.2.9. Funksional takyklamalar
- •4.2.10. Funksional barlaglary
- •4.2.11. Laboratoriýa barlag usullary
- •4.3 Stomatologik näsaglarynyň hasaba alnyş kartasy
- •Kariýesden özge zeperlenmeler
- •Kariýesden özge zeperlenmeler.
- •Syrçanyň kemterliligi (gipoplaziýasy)
- •Dişleriň menekliligi (flýuorozy).
- •Syrçanyň artykmaçlygy (giperplaziýasy)
- •Dişler ösüp çykanyndan soňraky döwürlerde ýüze çykýan kariýesden özge zeperlenmeler
- •Pahna şekilli kemtik.
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň patologik sürtülmesi
- •Dişleriň eroziýasy
- •Dişleriň gaty dokumalarynyň nekrozy
- •Dişleriň himiki (turşulardan) nekrozy
- •Dişleriň ýiti şikeslenmesi
- •Dişleriň kariýesi
- •6.2. Dişleriň kariýesiniň toparlara bölünişi
- •6.3. Kariýesiň klinikasy
- •6.4. Dişleriň kariýesiniň patologik anatomiýasy
- •6.5. Diş kariýesiniň döreýişiniň nazary ýollary (takyklamalary)
- •Şats we Martiniň helasiýa teoriýasy
- •Kariýesiň döremeginiň häzirki zaman düşündirilişi
- •Surat № 6.6. Kariýesiň döreýşiniň taslamasy.
- •6.6. Diş kariýesiniň bejerlişi
- •Blek boýunça kariýes köwekleriniň klaslara bölünişi
- •I klas kariýes ojaklarynyň şekil aýratynlyklary.
- •III klas kariýes köwekleriniň şekilleri.
- •IV klas kariýes köwekleriniň görnüşleri.
- •V klas kariýes köweginiň taýýarlanyşy.
- •6.6.2. Petikleýji serişdeler
- •6.6.2.1. Wagtlaýyn ulanylýan petikleýjiler.
- •6.6.2.2. Aralaýjylar.
- •6.6.2.3. Hemişelik petikleýjiler
- •Sementleriň oňaýly taraplary:
- •Sementleriň oňaýsyz taraplary:
- •Petikleýjileri gatatmaklyk üçin ulanylýan fotopolimerzatorlar (gatadyjy çyralar) we olaryň ulanylyşy
- •6.6.3. Gaýtadan dikeldiji serişdeler bilen köwekleri doldurmaklygynyň tapgyrlary
- •6.7. Kariýesiň bejergisinde goýberilýän säwlikler we gaýra üzülmeler
- •Dişleriň pulpasy
- •7.1.1. Dişiň pulpasynyň anatomiki, gistologiki gurlyşy we fiziologiki aýratynlygy
- •7.1.2. Diş pulpasynyň gistologiki gurluşy
- •Diş pulpasynyň gistohimiýasy
- •7.1.3. Diş pulpasynyň gan üpjinçiligi.
- •7.1.4. Diş pulpasynyň nerw üpjinçiligi
- •7.1.5.Diş pulpasynyň ýerine ýetirýän işleri.
- •Iýmitlendiriş
- •Iýmitlendiriş işjeňligi
- •7.3. Dişiň pulpit keselleriniň sebäpleri.
- •7.3.1. Döreýiş sebäpleri.
- •7.4. Diş pulpasynyň çişmesiniň geçiş aýratynlygy, morfogenezi, mikrosirkulýator üýtgeşmesi.
- •7.3. Surat. Diş kök akabasynyň esasy arteriolynyň diwarynyň ultrodüzmi.
- •7.5. Diş pulpasynyň çişmesiniň toparlara bölünişi.
- •7.6. Pulpidiň geçiş alamatlary we anyklanyşy.
- •7.6.1.Ýiti ojaklaýyn pulpit.
- •7.6.2.Ýiti ýaýraň pulpit.
- •7.6.3. Üznüksiz fibroz pulpit.
- •7.6.4.Üznüksiz gipertrofiki pulpit.
- •7.6.5. Üznüksiz çüýreme (gangrenoz) pulpit
- •7.6.6. Üznüksiz pulpidiň ýitileşmegi.
- •7.7. Dişleriň pulpit keselleriniň bejerliş usullary
- •Bejerliş usullar
- •7.7.2. Pulpit keselini wital amputasyýa geçiriliş aýratynlygy.
- •7.13. Surat. Wital ekistropasiýa amputasion usuly
- •7.7.3. Hirurgiki usuly.
- •7.7.3.1. Pulpany wital ekstirpasyýa geçirilişi.
- •Pulpit bejerlende wital ekistropasyýa usulynyň geçiriliş tapgyry
- •7.7.3.2. Pulpanyň dewital ekistropasyýa geçirilişi
- •7.7.3.3. Pulpanyň dewital amputasyýa geçirilişi
- •Pulpit kesellerini bejerlende göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler
- •VIII Bap Periodont dokumanyň çişmesi (infilomkatiýasy)
- •8.1. Periodont dokumanyň anatomiki -fiziologiki aýratynlygy.
- •8.3. Surat. Periodont süýmleriniň keseligine ýerleşişi, diş keseligine keseilende.
- •8.6. Surat. Periodontdaky epitelial galyndylary.
- •Periodontyn işjeňligi.
- •8.2. Periodontitiň sebapleri.
- •8.3. Periodontitiň (döreýşi geip çykyşy, geçiş aýratynlygy) patogenezi
- •8.4. Periodontit keselleriniň toparlara bölünişi.
- •8.5. Periodontit keseliniň geçiş aýratynlygy.
- •8.5.1. Dişiň köküniň depejigindäki ýiti periodontit.
- •8.5.2.Üznüksiz periodontitler
- •8.5.2.1.Üznüksiz fibroz periodontit.
- •8.5.2.2. Üznüksiz granurleýji periodontit
- •8.5.2.3. Üznüksiz granulamatoz periodontit
- •8.18. Surat. Üznüksiz gramulýomtoz periodontit.
- •8.5.2.4. Üznüksiz periodontitiň ýitileşmesi
- •Patomorfologiki üýtgeşmeler.
- •Periodontit kesellerini bejerliş usullary
- •8.6. Periodontitleriň bejerlişi.
- •Dişiň periodontit keselini bejermekligi şu aşakdaky tertiplerde amala aşyrmak ýerlikli hasap edilýär:
- •Ýiti periodontit keselini bejermekligiň aýratynlygy
- •Bir kökli dişiň bejerilişi
- •Köp kökli dişiň ýiti periodontit keselini bejerlişi Näsag ilkinji gezek ýüz tutanda
- •Üznüksiz periodontidiň bejerlişi
- •Bir kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Köp kökli dişleriň bejerliş aýratynlygy
- •Üznüksiz periodontidiň ýitileşmesiniň bejeriliş aýratynlygy.
- •Periodontit keselini bejerlýärkä we bejergiden soňki göýberilýän säwlikler we gaýry üzülmeler.
- •Parodontyň keselleri
- •9.1. Umumy maglumatlar.
- •9.2. Parodont keselleriniň toparlara bölünişi.
- •9.3. Parodontyň gurluşy.
- •9.4. Parodontyň funksiýalary.
- •9.5. Parodont keselleriniň sebäpleri.
- •9.6. Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.
- •9.7. Parodont keselleriniň anyklanyş - barlag usullary.
- •9.1. Görkeziji. Parodont keselleriniň dürli görnüşlerinde
- •9.8. Parodont keselleriň geçiş alamatlary
- •9.8.1. Gingiwit
- •9.8.2. Parodont kesellerinde dişetiniň melanoz tegmildi.
- •9.19. Surat Dişetindäki melanoz tegmildiň goýylyk
- •9.8.3. Parodontit.
- •9.8.4. Parodontoz.
- •9.8.5. Parodontoliz (parodontyň beterleşip ereýän idiopatik keselleri).
- •9.8.6. Parodontomalar.
- •9.9. Parodont keselleriniň bejerlişi.
- •9.9.1. Ýerli bejergi.
- •9.9.2. Umumy bejerlişi.
- •9.9.3. Hirurgik bejerliş usuly.
- •9.9.4. Fiziki bejerji usuly.
- •9.9.5. Ortopedik bejerliş usuly.
- •9.10. Parodont keselli näsaglara bejeriş – keseliň öňüni alyş kömeginiň guralşy.
- •Stomatogen ýokanç ojaklary we ojakly – şertlendirlen keseller.
- •Bejerliş aýratynlygy
- •Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri
- •11.1. Agzyň nemli bardasynda keselleriniň görnüşlere bölnüşi
- •Ýokanç keseller:
- •III. Allergiki we zäherli-allergiki keseller:
- •IX. Rakoňýany keseller, howypsyz we howyply çişler:
- •II. Ýokanç keseller:
- •IV. Ekzogen zäherlenmelerde, agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri.
- •11.2. Şikesli zeperlenmeler
- •11.2.1. Mehaniki şikeslenme
- •11.2.1.1. Ýiti mehaniki zeperlenme
- •11.2.1.2. Üznüksiz mehaniki zeperlenme
- •11.2.2. Himiki zeperlenme.
- •11.2.3. Fiziki zeperlenilme.
- •11.2.3.1. Galwanizm.
- •11.2.3.2. Şöhle keseli
- •11.2.3.3. Äň-ýüz sebtindäki täze dömmeleriň şöhle bejergisinde agzyň nemli bardasynyň üýtgemeleri.
- •11.2.4. Leýkoplakiýalar
- •Owunjak düwünçejikleri bolan gaty we ýumşak gaňşyrawgyň nemli bardasynyň gipertozy çykaryjy akabanyň giňeldilen nokatly bolan giperplazirlenen sülekeý mäzleri.
- •11.2.5. Paşkowyň ýumşak leýkoplakiýasy
- •11.2.6. Kennonyň ak ýumşak haly
- •11.3. Ýokanç keseller
- •11.3.1. Wirus keseller
- •11.3.1.1. Ýönekeý (adaty) gerpes
- •11.3.1.2. Gurşaýjy gerpes.
- •11.3.1.3. Gerpetiki angina
- •11.3.1.4. Ýiti respirator wirus ýokanç keselleri.
- •11.3.1.5. Agsal keseli
- •11.3.1.6. Agyz boşlugyndaky aids ýokanç keseli.
- •11.3.2. Wensanyň ýaraly – çüýreme stomatiti
- •11.3.3. Mereziýel keseli
- •11.3.4. Inçekesel.
- •11.3.5. Kandidoz (Agyz boşlugyň nemli bardasynyň köpüklemesi)
- •Agyz burçynyň jaýrykly mikotik (hamyrmaýaly) çişmesi.
- •11.4. Allergiýa keselleri.
- •11.4.1. Käbir allergiki keselleriň kliniki alamatlary
- •11.4.1.1. Anafilaktiki şok.
- •11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini
- •11.4.1.3. Derman allergiýasy.
- •Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).
- •11.4.2. Köp görnüşli şypyljaýan eritema
- •11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
- •11.4.4. Behçetiň (sindromy) alamatlar toplumy.
- •11.4.5. Şegreniň (sindromy) alamatlar toplumy
- •11.6. Gipowitaminozlarda agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri.
- •11.7. Käbir ulgamlaýyn kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgeýşi
- •11.7.1. Aşgazan-içege ýollarynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemeleri
- •Agzyň nemli bardasynyň bozulmagy
- •11.7.2. Ýürek-damar kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.3. Içki mäz (endokrin) kesellerde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.5. Gan emele getiriş ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •Agzyň nemli bardasynyň eroziw – ýaraly zeperlenmegi.
- •11.7.6. Nerw ulgamynyň kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ütgemegi
- •11.7.6.1. Stomalgiýa (glossalgiýa).
- •11.7.6.2. Tagam alyşyň bozulmagy
- •11.7.6.3. Sülekeý çykmagyň bozulmagy
- •11.8. Deri kesellerinde agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri
- •11.8.1. Gyzyl ýasy demrew
- •11.8.2. Pakgarçak keseli
- •11.8.3. Pemfigoid
- •11.8.4. Gyzyl gurt keseli
- •11.8.5. Dýuringiň dermatiti
- •11.9. Diliň anomaliýasy we aýratyn keselleri
- •11.9.1. Gasynly dil
- •11.9.2. Gara (saçly) dil
- •11.9.3. Deskwamatiw glossit
- •11.9.4. Rombgörnüşli glossit
- •11.10. Heýlitler
- •11.10.1. Eksfoliýatiw heýlit (tozgalaýan)
- •11.10.2. Glandulýar heýlit
- •11.10.3. Aktiniki we meteorologik heýlitler
- •11.10.4. Allergik gatnaşyk heýlit
- •11.10.5. Atopiki heýlit (adaty däl heýliti)
- •11.10.6. Ekzematoz heýliti
- •11.10.7. Makroheýlit (Melkerson – Rozentalyň alamaty)
- •11.11. Agzyň nemli bardasynyň we dodagyň gyzyl gaýmasynyň howply dömmä getiriji keselleri
- •11.11.1. Howply dömmä getiriji hadysalarynyň toparlara bölünşi
- •11.11.2. Boueniň keseli
- •11.11.3. Rak öň ýany siňňiller
- •11.11.4. Dodagyň gyzyl gaýmasynyň rak öň ýany çäkli giperkeratozy
- •11.11.5. Manganoftiniň rak öň ýany abraziw heýliti
- •11.11.6. Deri siňňili
- •11.11.7. Keratoakantoma.
- •11.11.8. Rak öň ýany keselleriň öňüni alyş çäreleri
- •11.1. Diş ýokundylary
- •Diş daşlaryny aýyrmak
- •Edebiýat sanawy
11.4.3. Üznüksiz gaýtalanýan aftoz stomatit.
Gaýtalanýan aftoz stomatit (stomatitis aphtosa reсidiva) – agzyň nemli bardasynyň üznüksiz çişme keseli bolup, aftalaryň we ýaralaryň gatalanyp örmekleri, uzak wagtlap geçmekligi bilen wagtal-wagtal beterleşmeleriniň ýüze çykmaklary bilen häsiýetlendirilýär.
Gaýtalanýan aftoz stomatiti – agzyň nemli barda keselleriniň has köp ýaýranlarynyň beridir. Dürli ýazarman alymlaryň maglumatlaryna görä Gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýaýraýşy ilatyň dürli ýaşdaky taparynda 10-dan 40% - aralygynda bolup bilýär. Soňky 10 ýylda gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglaryň sanynyň köpelmegi bellenýär.
Sebäpleri we döreýşi. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň döremegini we sebäplerini öwrenýan alym barlagçylaryň, köpüsi bu keseliň döremeginde goraýyş güýçleriň oňa alyp barýan ornynyň barlygyna ýykgyn edýärler.
Gaýtalanýan aftoz stomatit bu kesel goraýyş güýçleriniň peselmegi we mahsus bolmadyk goraýyş işiniň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Onuň ýüze çykmagynda üznüksiz ýokanç ojaklar (angina, üznüksiz tonzillit, faringit, aşgazan-içge ýollarynyň keselleri we başgalar) şeýle hem birnäçe ýaramaz täsir edýän faktorlar (üznüksiz aladaly ýagdaýlar, tebigi howanyň çalt-çaltdan ütgedilmegi, hünär taýdan ýaramaz täsirler we başgalar) sebäp bolup bilerler.
Gaýtalanýan aftoz stomatit keselli näsaglarda goraýyş güýçleriniň hukugynyň we mahsus bolmadyk goraýyş isiniň bozulmaklary ýüze çykaryldy:
Goraýyş güýçlerindäki T–ulgamyň üýtgemegi anyklanyldy, bu T–limfositleriň sanynyň azalmagy we ýerne ýetirýan işjeňliginiň peselmegi bilen düşindirilýär. T–limfasitleriň subpopulýasiýasynyň bozulmagy, T–helperleriň sanynyň güýçli azalmagy we T–supressorlaryň köpelmegi ýüze çykaryldy. Goraýyş güýçlerindäki B-ulgamyň ütgemegi bellenilýär, bu bolsa B-limfositlaryň sanynyň köpelmegini görkezýär, goraýyş güýjiniň toplumynda aýlanýan, M-immunoglobuliniň azalmagynyň esasynda, ganyň gury çökündisi bolan G-immunoglobuliniň beýgelmegi bellenýär. Gaýtalanýan aftoz stomatitde mahsus bolmadyk gumoral we öýjük goraýyş görkezijileri ütgeýärler (lizosimin konsentrasiýasynyň peselmegi we ganyň suwklygynda beta – lizinleriň beýgelmegi, fraksiýa komplement С3, С4 saklanmagynyň azalmagy we fraksiýa С5 beýgelmegi).
Leýkositleriň fagositar işjeňliginiň asgynlamagynyň esasynda birnäçe barlagdan geçirlen mikrob allergenleriň içinde Streptokokus saliwarius we Streptokokus albiсansyň güçlenmekleri bellenýar. Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglarda agyz boşlugynyň ýerli goraýyş güýçleriniň bozulmagy lizosimin konsentrasiýasynyň peselmegi, betalizinleriň beýgelmegi, şeýle hem agyz suwklygynyň düzümindäki bölünip çykýan we ganyň gury çökündili A nemiň azalýanlygy bilen häsiýetlenýär. Şonyň esasynda agzyň nemli bardasyny mikroblaryň täsirinden goraýan güýçler bozulýar, şeýle hem mydama bolýan mikrofloralaryň möçberi we görnüşleriniň düzümi ütgeýär. Netijede agyz boşlugynda mikroblaryň toplumlary (assosiasiýalary) köpelýär we olaryň täsir edijiligini – zäherleýjiligi beýgelýär.
Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglarda agyz boşlugynyň nemli bardasynyň mikroblar toplumlary esasan kokkolar bolup durýar (peptokoki, peptostreptokokilar). Mikroblar toplumynyň düzüminde belli bir möçberde bakteriýalar hem bolýar, mikroblar toplumynyň beýgelmegi bilen olaryň möçberi köpelýar. Mikroblaryň täsir edijiliginiň beýgelmegi bilen gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglaryň bedeninde bakterial ýokary duýgurlyk güýçlenýär – muňa goraýyş güýçleriniň haýal we çalt döreýan reaksiýasynyň zynjyry goşulýar, ol bolsa keseliň ýygy-ýygydan gaýtalanýanlygyny şertlendirýar. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň döremeginde goraýyş güýçleriniň atanakly diýip atlandyrylýan reaksiýasynyň wajyp orny tutýar, ol şu indeksi işjeň ugyrlar boýunça geçýar. Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglarda agzyň nemli bardasynyň ýüzünde köp sanly streptokoklar (52,9 %) bolýar, olaryň arasynda streptoсoссus mutans, sanguis, salikarius, mitis, olar agzyň nemli bardasyndaky öýjükleriniň antigenligi bilen meňzeşligi bardyr.
Agzyň nemli bardasynyň belli bir derejede antigenleri toplamaga ukyplydygy (Knolle, 1970) kesgitlenen. Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglarda bir tarapdan genetiki taýdan adalgalaryň ütgäp nyşana alnan T-limfasitleri mälim edip kesgitlenmegi bozulan, şonyň bilen bir hatarda beýleki bir tarapdan agzyň nemli bardasynyň ýüzünde dürligörnüşli antigenli zolagy bolýar. Şu ýüze çykma mehanizim bilen doly derejede aftanyň peýda bolýandygyny Artýusyň fenomenyň ýüze çykýanlygy höküminde düşündirmek bolar. Şeýle hem gaýtalanýan aftoz stomatitiň döremeginde aşgazan-içege keselleriniň we üznüksiz ýokanç ojaklaryň emele gelýandigine şaýatlyk edýär.
Kliniki alamatlary. Agzyň nemli bardasynda gaýtalanýan aftoz zeperlenmesinde 2 sany kliniki görnüşi bolýar: ýeňil we agyr derejeli, onuň kesgitlenen kliniki häsiýetleri bolýar.
Gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyrlyk derejesini kesgitleýan alamatlar toplumyna keseliň ýygy-ýygydan gaýtalanmagy we onuň sagdynlyk döwrüniň (remissiýanyň) uzak wagytlylygy, agzyň nemli bardasynda zeperlenmeleriniň häsiýeti, onuň sanlary we olaryň bitişmeginiň möhleti degişlidir.
Gaýtalanýan aftoz stomatiti umumy ýaýraň afoz keseliň bir alamaty bolup, onda jyns synalaryň we içegeleriň sebitlerine zeper ýetip bilýär. Agzyň nemli bardasynyň zeperlenmeginden başgada gözüň zeperlenmegi, kä ýagdaýlarda piodermiýa ýüze çykýar.
Gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýeňil görnüşi. Agzyň nemli bardasynda adaty aftalaryň ýüze çykmaklary örän öz boluşly bolýar. Agzyň nemli bardasynda aftalaryň döremek hadysalary uly bolmadyk menekden başlanyp 1 sm çenli göwrüme ýetip bilýär. Afta gyzaran, çürt-kesik çäklendirlen, tegelek ýada süri görnüşde, agyryly bolup ol birnäçe sagat geçensoň töweregindäki nemli bardadan sähelçe ýokaryk galyp durýar. Ýenede birnäçe sagat geçenden soň elementler ýüzleý ýara öwrülýärler we çalymtyk-ak berk oturan fibrinoz kesmegi bilen örtülýär. Şeýle çürän-fibrinozly ojak köplenç ýagdaýda inçejik gyzaran aýlawly halka bilen gurşalan bolýar (11.32. surat).
Afta degilende örän agyryly, elläp görlende ýumşak. Aftanyň dübinde ýellenme peýda bolýar, şonyň netijesinde afta daş töweregindäki dokumalardan, sähelçe galyp durýar, onuň üstündäki çürän dokuma çalymtyl reňkdäki fibrinoz perdesini döredýär. Afta ýagty gyzaran, sähelçe ýellenen halka bilen gurşalan. Ol agyrly we köplenç limfadenit bilen utgaşyp gidýär. Çürän dokuma 2-4 günden soň gopýar, ýene 2-3 gün geçen soň afta adat boýunça bitip başlaýar; käbir wagtlarda onuň ýerinde toplanan gyzarma saklanýar. Köp ýagdaýlarda aftanyň çykjak ýerinde bir näçe gün öňünden näsaglar ütgejek ýerde awyşap agyrýan duýgylary başdan geçirýärler. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýeňil görnüşinde birwagtda bir ýada iki afta ýüze çykýar. Keseliň aýratynlygyny örgünleriň gaýtalanýanhäsiýeti bolmagydyr.
Gaýtalanýan aftoz stomatitde aftalaryň ýüze çykmak döwri birnäçe günden 1-aýa çenli aralykda bolup bilýär. Esasan örginler dulugyň, dodagyň nemli bardasynda, diliň ujynda we gapdalynda ýerleşýär, ýöne olar agzyň nemli bardasynyň islendik ýerlerinden çykyp biler. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýeňil görnüşi adatça näsag üçin kän bir bildirmeýär. Näsaglaryň 50%-keseliň şu görnüş bilen ýylda 1-2 gezek gaýtalanýar, şonuň üçin hem näsaglar lukmana seýrek ýüz tutýarlar. Näsaglaryň beýleki bölegi gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýeňil görnüşi bilen lukmana köp ýüz tutýarlar, sebäbi olarda keseliň beterleşip gaýtalanmagy ýylda 5-6 gezek bolup keseliň geçişini çuňlaşdyryp agyrlaşdyrýar.
Keseliň ýitileşmegini öjikdirýän agzyň nemli bardasyny şikesleýjiler, gaýgy-alada (stress), çenden aşa ýadowlyk, öň ýokanç wirus keseli geçiren, aýbaşynyň öň syrasyndaky döwir ýaly sebäpler bolup biler. Mundan başgada gaýtalanýan aftoz stomatitiň ýeňil görnüşinden agyr görnüşe geçmegini çaltlaşdyrýan hünär taýdan ýaramaz täsirler, bahym-bahymda tebigy gurşaw howanyň çylşylmagy, üznüksiz keseliň bolmagy (angina, aşgazan-içege ýollarynyň keselleri, üznüksiz gastrit, kolit aşgazanyň we 12-barmak içegäniň ýaraly keselleri) ýaly sebäpler degişlidir, bu köp ýagdaýlarda ýaş adamlarda (25 ýaşa çenli) duş gelýär. Gistologik barlagynda adaty aftada nemli bardanyň çuň çürän-fibrinoz çişgini ýüze çykarylýar. Hadysa nemli bardanyň hususy gatlagyndan we nem asty esasdan ütgäp başlaýar. Damarlaryň giňemeginden soň uly bolmadyk damar töwereginiň ýellenmegi bilen epiteliýanyň tikenekli gatlagynyň çişmegi ýüze çykyp ondan soň spongioz we owynjak boşluklaryň emele gelmegi bolup geçýär. Alteratiw ütgeşmeler epiteliýanyň çüremegi we nemli bardanyň ýaralanmagy bilen tamamlanýar. Epiteliýanyň kemtik ýeri fibrin bilen doldyrylýar, ol aşakda ýatan dokuma bilen berk bitişen bolýar.
Deňeşdirilip anyklanyş usuly. Daşky görnüşi boýunça aftalar şu aşakdakylar bilen meňzeşligi bardyr;
şikesden soňky ýaralar;
gerpetiki ýaralar;
mereziýel düwünçejik.
Gerpetiki ýara aftoz stomatotiňkiden köp görnüşli sudyrly, uly bolmadyk agyryly, ýaranyň daş töweregi has ýaýraň çisgin reaksiýa gerpetik stomatitde toplanan pakgaryklar üstin çykýar. Mereziýel düwünçejikleri azajyk agyrlygy bilen häsiýetlenýär, onuň dübi ýellenen, çişginli halkanyň çetleri gyzaran häsiýetli we ýaradan bölünip çykýan suwklykda solgun treponema bolýar.
Gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr görnüşi, ýada Settonyň aftasy. Agyr görnüşli gaýtalanýan aftoz stomatitiň kliniki geçişi boýunça şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:
agzyň nemli bardasynyň zeperlenme elementi afta bolup durýar, onuň bitişmek möhleti 14-20 gün. Keseliň geçişi her aşda beterleşip gaýtalanmagy bilen häsiýetlenýär;
agzyň nemli bardasynda çuň öoýulan görnüşli, örän agyryly ýara emele gelýär, onuň bitişmekligi uzak möhletli (25-35 gün) bolýar. Keseliň ýitileşip, gaýtalanmagy ýylda 5-6 gezek ýüze çykýar;
agzyň nemli bardasynyda bir wagytda aftalar we çuň ýaralar ýüze çykarylýar. Olaryň bitişmek möhletleri 25-35 günden ybarat.
Gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr görnüşi ýylyň dowamynda 5-6 gezek ýada her aýda ýitileşip gaýtalanýar. Keseliň geçişi üznüksiz bolýar. Bir näçe näsaglarda aftalar birnäçe hepdäniň içinde duýdansyz görnüşde bil wagytda uly, köp möçberde ýüze çykýar. Beýleki bir näsaglarda dürli wagytda, ýeketäk aftalar emele gelýär.
Keseliň geçişi ilkinji hem beýleki näsaglarda wagtlary boýunça ütgäp bilýärler. Gaýtalanýan aftoz stomatitiniň agyr görnüşli näsaglaynda umumy ýagdaýlary hem ejir çekýär: ýokary derejede gujundyrylmagy, ukynyň bozulmagy, işdäsiniň kesilmegi (70% -näsaglarda) bellenýär, 22% - näsaglarda newrologik näsazlyklar emele gelýär. Agyz boşlugynda ol mydama agyryly duýgylar bilen şertlendirlen, seýrek bolmadyk ýagdaýlarda sebitleýin limfodenitler ýüze çykýar. Pasyllaýyn täsir edýan sebäpler, gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr görnüşinde, onuň beterleşip, ýitileşmegine uly täsir etmeýär. Düzgün bolşy ýaly keseliň ýitileşmegi her aýda ýüze çykýar we ütgäp dürýan häsiýetli bolup, keseliň döränine köp wagyt geçdigiçe keseliň geçişi agyrlaşýär. Keseliň ýitileşmesi adatça nemli bardanyň çäklenen agyryly dykyzlanmagy bilen başlanýar. Ol ýerde ilki bilen fibrinoz kesmegi bilen örtülme peýda bolýar. Ondan soň çuňlaşan oýulan görnüşli ýara emele gelýär onuň töweregi sähelçe gyzaran (11.33 surat). Ýara düzgün bolşy ýaly ölçegi boýunça ulalýar. Käbir ýagdaýlarda ilki bilen ýüzleý afta emele gelýär, onuň dübinde 6-7 gün geçenden soň ýellenme peýda bolýar, aftanyň özi bolsa çuň ýara öwrilýär. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr görnüşinde çuň ýaralar örän haýal (1.5-2 aýa çenli) bitýärler. Olaryň bitişmeginden soň birleşdiriji dokumanyň gödek yzy-bertigi galýar, ol bolsa agzyň nemli bardasynyň kadaly görnüşiniň (deformasiýasyna) bozulmagyna getirýär. Ýaralaryň agyz burçynda ýerleşmegi agzyň görnüşini ütgedýär, käbir ýagdaýlarda agzyň kiçelmegine – mikrotoma emele gelmegine alyp barýar.
Bertikleşýän aftanyň uzak möhletli bolmagy 2 hepdeden – 2 aýa çenli bolup bilýär. Agyz boşlugynda örgünler köp ýagdaýlarda diliň gapdal taraplarynda, dodagyň we dulugyň nemli bardasynda ýerleşýär, olar güýçli agyrylar bilen utgaşýarlar.
Anyklanyş usuly. Gaýtalanýan çuňňür aftalaryň gistologik barlagynda epiteliýanyň we bazalgatlagynyň dargamagy bilen çürän meýdançasy kesgitlenýär. Şeýle hem hususy gatlagyň nemli bardasy we nemli bardanyň aşagyndaky dübiniň çişmegi ýüze çykýar. Köp ýagdaýlarda zeperlenen ýerde ýag mäzleri bolýar, olaryň güýçli ýellenen görnüşde bolmagy bu keseli nemli bardanyň gaýtalanyp çüreýän periadeniti diýip atlandyrmagy esaslandyrýar.
Deňeşdirilip anyklanyş usuly. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr görnüşini şular bilen deňeşdirilýär:
Şikes ýeten ýüzleý ýara (eroziýa);
Şikes ýeten çuň ýara (ulсus);
Gaýtalanýan gerpes;
Behçetiň keseli
Wensanyň ýaraly-çüýreýan keseli;
Ýokanç kesellerdäki çuň ýara (mereziýel, inçe kesel);
Howyply çiş keseliň ýaralary.
Behçetiň keselinde agzyň nemli bardasynyň, göziň we jyns synalarynyň afta-ýaralar bilen bilelikde zeperlemegini görmek bolýar.
Wensanyň ýaraly-çüreýän keselinde barlag üçin ýaradan alnan kesmekde köp mukdarda fuzobakteriýalar we spirohetler ýüze çykarylýar.
Howyply çiş keseliň ýarasynyň gyralary dykyz, biraz agyryly, köplenç üznüksiz şikes ýeten sebäbi bolýar. Sitologik barlagynda ütgän (kesele mahsus) öýjükler ýüze çykarylýar.
Bejerlişi. Gaýtalanýan aftoz stomatiti bejerlende näsaglary diňe örän oňat çuňňür kliniko-immunologik barlaglardan geçirlen ýagdaýda gowy netijeli bolýar. Barlagdan alnan maglumatlaryň esasynda talaba laýyk şahsy toplumlaýyn, mikroblara garşy (patogenetik) bejergini saýlap almaga mumkinçilik berýär. Bejergi başlamazdan öň hökmany suratda näsagy lukman terapewtiň, otorinolaringologyň we beýleki hünärmen lukmanlaryň barlagyndan iç keselleriniň barlygyny ýüze çykarmak maksady bilen geçirmeli.
Ilki bilen aşgazan-içege ýollaryny, üznüksiz ýokanç ojaklaryny, goraýyş ulgamynyň ýagdaýlaryny anyklamak gerekdir. Aýratyn esasy ünis dişleriň we parodontlaryň kesellerini ýüze çykarmaga we bejergisine berilmelidir. Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglar bejerlende toplumlaýyn patogenetik bejerliş usulyna immun ulgamyny sazlaşdyrýan derman serişdeleri, metabolizim dakalaşdyryjy dermanlary ulanmagy goşulýar. Şeýle hem hökmany suratda üznüksiz ýokanç ojagy aýyrmak-saplamak zerurdur.
Immun ulgamyny kadalaşdyrmak üçin timogen dermany ulanylýar. Ol bolsa öýjükli we gumoral immunitetiň reaksiýasyna bolan täsirini sazlaşdyrýar. Şeýle hem bedeniň ýöriteleşdirlmedik durnuklylygyna bolan faktorlary sazlaşdyrýar. Timogen dermany her günde 100 mg 10 günläp esele içine göýberilýär. Hökmany suratda bejergiden öň we soň immunogrammany göz astynda saklamaly.
Gaýtalanýan aftoz stomatiti bejermek üçin lewamizol dermany hem ulanylýar, dermany hepdede iki gün ulanmaga (bir wagytda 150mg-den ýada 50mg-den günde 3 – gezekden) bellenýär. Bejergini 1.5 – 2 aýyň dowamynda ganyň kliniki görnüşini we bedeniň umumy ýagdaýyny gözegçilikde saklap geçirilýär.
Limfositlerdäki öýjik metobolizimini kadalaşdyrmak maksady bilen gaýtalanýan aftoz stomatit keselli näsaglara, mitohondriniň derejesinde alyş-çalyş hadysasyny hyjuwlandyryjy metabolik dermanlary bellenýär.
Näsaglara metaboliki täsirli iki sany toplum dermanlary bermek bellenýär. Birinji toplum limfosotlerde energiýa (güýçlenme) hadysasyny gowlandyrmada ugrykdyrlan. Ony 10 güniň dowamynda berilýär: pantotenat kalsiýa (20% - 2 mlsuwklygy ezele içine göýberilýär, ýada 0.1gr günde 4–gezekden içmek bellenýär), riboflawin mononukleotid (1%-1ml suwklygy ezere içine); Lipamid (0.025gr günde 3 gezekden nahardan soň); kokarboksilaza (0.05gr ezele içine); orotat kaliýa (0.5gr günde 3 gezekden 1s nahardan öň).
Indiki 10 güniň dowamynda ikinji toplum metabolik dermanlar belenýär: Witamin B12 (0.01% suwklyk 1ml ezele içine sanjym); foliýewa turşysy (0.005g. günde 3 – gezekden); piridoksalfosfat (0.02g günde 3 gezekden nahardan soň); metilmetioninsulfoniýa hlorid (0.1g günde 3-gezekden nahardan soň); pangamat kalsiýa (0.05g günde 3 – gezekden nahardan soň); oratat kaliýa (0.5g günde 3 – gezekden nahardan 1 sagat öňinden içmeli).
Gaýtalanýan aftoz stomatitiň durnykly kliniki sagdynlama ýagdaýyna ýetmek üçik we ony häsiýetlen dirýan ganyň düzümindäki limfositleriň sitohimiki derejeli görkezijileriniň kadalaşmagy üçin keseliň kliniki geçiş aýratynlygyna garamazdan hökmany suratda 4-6 gezek doly metabolik bejergini 6-aý arakesmeli geçirmek maslahat berilýär. esasy bellemeli zadyň biri, ol hem metobolik bejerginiň ýaz paslynda, haçanda bedende watamin ýetmezçiligi (gipowitaminoz) ýüze çykanda geçirilse maksada okgunly hasap edilýär.
Witamin ýetmezçiligi (gipowitaminoz) düzgün bolşy ýaly gaýtalanýan aftoz stomatitiň agyr ýitileşmegine alyp barýar. Käbir ýagdaýlarda toplumlaýyn bejergi çärelerine sedatiw dermanlary (walerianaň köki, kiçi trankwilizatorlar) goşulýar.
Esasan hem aýratyn ünsi, bedende bolan üznüksiz ýokanç ojaklary ýok etmeklige berilýär (gulak–burun–bokurdak synalaryň üznüksiz kesellerini, aşgazan – içege ýollarynyň kesellerini we ş.m. bejermekden ybaratdyr).
Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglardaüznüksiz sepsis ojagynyň bolmagy mydama bakterial ýokary duýgyrlygy döredýär, ol bolsa keseliň çalt-çaltdan ýitileşmegine alyp barýar.
Gaýtalanýan aftoz stomatitli näsaglaryň mahsus bolan we mahsus däl goraýyş güýçlerini hyjuwlandyrmak maksady bilen häzirki zaman usuly bolup bedene fiziki taýdan täsir edip bejerilmegi neyijeli ulanylýar (deriniň üsti bilen elektroneýrostimulýasiýa, lazer bilen bejerlişi, agzyň zeperlenen nemli bardasyny aeroionly owkalama (massaž). Gaýtalanýan aftoz stomatitiň şowly, netijeli bejerilmeginde agzyň berhizini tutmak wajyp oryny eýeleýar.
Näsaglara ýiti we undan edilen iýmitleri, spirtli içgileri kabul etmek, çilim çekmek gadagan edilýär.
Ýerli bejergi agzyň saplanmagyndan, şikes ýetirýän sebäpleri we üzniksiz ýokanç ojaklary ýok etmekden ybaratdyr.
Keseliň ýitileşen döwründe agyrsyzlandyryjy serişdeler ulanylýar, sebäbi ýaralar we in beterem çuň ýaralar örän agyryly bolýarlar. Agyrsyzlandyrmak üçin ýüzleý ýapgy dermanlar ulanylýär (1-2% lidokainiň suwklygy, 1-2% trimekain, 1-2% piromekainyň suwklygy ýa-da 5% piromekain melhem-ýagny). Agyrsyzlandyrmak üçin şeýle hem 5 ýada 10%-li anesteziniň külkesini gliserine ýa-da suwyk ýaga (şetdalyň, erigiň, günebakaryň ýagyna) goşulyp taýarlanan görnüşde ulanylýar.
Ýaranyň üstünden fibrinoz we çürän kesmegi proteolitik fermentleriň (tripsin, himotripsin, himopsin, lizoamidaza) kömegi bilen aýrylýär. Antiseptiki arassalamany antiseptik erginler (1% - etoniýa ergini; 0.02 – 0.06 % hlorgeksidin ergini, 0.02% - furasillin, riwanol erginleri we başgalar) bilen geçirilýär.
Gaýtalanýan sftoz stomatitde agzyň nemli bardasynyň ýaralarynyň bitmegini güýçlendirmek üçin witamin A, E, karotoliniň suwklandyrlan ýagyny, 5% - linitolyň melhem-ýagy.
Solkoseriliň melhem-ýagy ýada želesi, 5% - aktobeginiň melhem-ýagy, 20% - aktoweginiň želesi we başgalary maksada okgunly bellenýar. Agzyň nemli bardasyna günde 3-4 gezekden nahardan soň ýapgy we ergini sepip ýuwmagy geçilýär.
Düzüminde her dürli dermanlar bolan ereýän biopolimer perdejiginiň ulanylmagy örän gowy netijeli bejergini berýär.
Agzyň nemli bardasynyň bitmegini güýçlendirmek üçin düzüminde oblepihanyň ýagy bolan oblekol-perdejigi üstünlikli ulanylýar.
Gelejekdäki maglumatlary. Gaýtalanýan aftoz stomatitiň geljegi şowly-ýakymly, esasan hem ir wagtynda anyklanyp we ýeňil görnüşinde bejerilen ýagdaýlarda.
Keseliň öňüni alyş işleri. Esasan üznüksiz ýokanç ojaklary öz wagtynda ýüze çykaryp, şol sanda hem agyz boşlygynda we olary ýok etmekden ybaratdyr.
Şeýle hem aşgazan – içege ýollarynyň, nerw we içki mäz (endokrin) ulgamynyň we beýlekileriň üznüksiz kesellerini ir wagytda anyklamak we bejermek esasy bolup durýar. agyz boşlugynyň yzygiderli edeg edilmegi, arassalanyş däzgünleriniň berjaý edilmegi, mydama agyz boşlugynyň saplanmagy wajypdyr.
Hökmany suratda zähmet we dynç alyş düzgünlerini talaba laýyk dürs berjaý edilmelidir. Beden terbiýe bilen meşgullanmak, pähimli, deňagramly iýmitlenmek gerekdir.
