Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.4.1.3. Derman allergiýasy.

Dermanlar bilen bejerlişde onuň gaýra üzülmeleriniň meseleleri esasan hem häzirki döwürde wajyp bolup galýar. Bu bir tarapdan sintezirlenen derman serişdeleriň birgideniniň çenden aşa köpelmegi we olaryň adam bedeni üçin allergen bolup durmagy. Beýleki tarap­dan, öňa daşky tebigy gurşawdan ýaramaz faktorlaryň täsir etmeginde ýokary duýu­jylyga getirýän sebäplerdir. Şu hady­salaryň netijesinde allergik keselleriniň sanynyň köpel­megi derman serişdeleriň häsiýetinden beter, olaryň adam bedeni bilen beli-bir häsiýetli aragat­naşyklygynyň bolmagy bilen, onuň reaktiw ýagdaýyna, umumy samatiki keselleriň, nesilge­çirji meýilliligiň bolmaklary bilen şertlendirilendir.

Allergik reaksiýanyň paýyna derman serişdeleriň bejergisindäki gaýraüzülmeleri 6-dan tä 25% - ýagdaýa çenli duşýar. Derman allergiýasy (allergiýa mediсamentosa) islendik demanlaryň täsiri bilen döräp biler, ýöne has köp sebäpleriniň biri antibiotiklerdir (penisillin, tetrasiklin, strep­tomi­sin), silfanilamid dermanlar, analgetikler, nowokain, ýod, bromidlar, trankwilizatorlar we ş.m.

Allergik reaksiýanyň tizligi we agyrlyk derejesi derman serişdeleriň ulanyş usulyna bagly­lykda kesgitlenýär. Derman serişdeleriň ýerli ulanylmagynda (agzyň nemli bardasyna we derä ýüzleý ýapgy görnüşde) iň ýokary howply duýgurlygyň ýüze çykýanlygy bellidir. Dermanlary ezele içire goýberlende allergik reaksiýanyň ýüze ýygy-ýygylygy, ýüzleý ýapgy görnüşe garaňda pesdir.

Şeýle hem ýokary duýgyrlygyň köplenç dermanlaryň az mukdardaka garaňda köp mukdarda göýberilmeginde döreýanligi subut edilendir. Aýratyn hem bu, derman serişde­leriň ýerli ulanylan ýagdaýlarynda aýdyň bellenýär, haçanda dermanyň konsentrasiýasy onuň möçberinden has wajyp, beýik bolanda.

Derman allergiýanyň döremeginde islendik allergik reaksiýanyň görnüşi bolüp biler, ýada köplenç olaryň bilelikdäkileri. Olar bedeniň hususan duýgurlygy bilen, umumy somatiki keselleriň bolmagy, derman serişdeleriň häsiýeti, olaryň ulanyş usullary bilen şertlendirlen bolmagy mümkin. Şonyň üçin hem allergik reaksiýanyň çalt döreýan we haýal döreýän görnüşlerine kliniki alamda bölünmekligi şertli. Agyz boşlugynyň nemli bardasynyň derman allergiýasy bilen zeperlenmegi diýseň köp duş gelýär. Sebäp diýseň agyz boşlugy – bu ýer näsagyň bedeniniň dermanlar bilen ilkinji gezek gatnaşykda bolmagyndadyr.

Derman allergiýanyň kliniki alamatlarynyň ýüze çykmalary, agyz boşlugynda dürlidir. Agzyň nemli bardasynda patologik üýtgeşmeleriň ýeleşýän ýerlerine görä derman sto­ma­titini, heýliti ýada glossiti tapawutlandyrýarlar. Çişmeli reaksiýanyň agyrlyk derejesi boýun­ça derman stomatitiniň, heý­litiň we glossitiň bir näçe görnüşlerini tapawutlandyrýarlar; olarda kataral we kataral-gemo­r­ragik; ýaraly; çüýreýän ýaraly.

Kataral we kataral-gemorragik stomatit (heýlit, glossit).

Bu derman allergiýanyň ýeňil görnüşidir. Näsaglar adatça gijemeklige, awyşamaklygy, tagam duýgyrlygynyň bozulmagyna, guraklyga we gyzgyn hem ýiti iýmitleri iýende agyrynyň bolmagyna arz edýär.

Kliniki alamatlary. Agyz boşlugyna seredilip görlende ýaýraň ýada çäklendirlen gyzarma, nemli bardanyň ýellenmegi bellenýär (diliň gapdal gyralarynda we dulykda dişleriň yzy galýar), epiteliýanyň bütewligi bozulmadyk (11.27. surat). Ka ýagdaýlarda haçanda güýçli ütgeşmeler bilen bir hatarda gyzarma bilen nokat-nokat ýada uly göwrümde (gemorragiýa) gan öýmeler ýüze çykýar. Mahsus bolan häsiýetli kliniki alamatlary derman glossiti öziçe ýüze çykarýar; diliň arkasy ýagty-gyzaran bolýar, kä halatlarda güýçli epite­li­ýanyň gopmaklygy (deskwamasiýa) we sapak görnüşli emzijekleriň atrofiýasy (ýalpyl­la­dylan dil) bolýar.

Deňeşdirilip anyklanşy. Derman serişdelerden gelip çykan kataral stomatitiň belli bir häsiýetli kliniki alamatlary bolmaýar. Olary özine meňzeş agzyň nemli bardasynyň üýtgeşmeleri bilen deňeşdirilýar; Mysal üçin gipowitaminoz С, B toparlary; aşgazan-içege ýollarynyň keselleri, ýokanç keselleri, kandidoz zeperlenmeleri.

Bejerlişi. Derman serişdeleriniň berilmegini bes etmek ýada ony başga bir dermana çalşyl­magy bilen baglanşyklydyr; şeýle hem antigistamin serişdeleriniň, kalsiý dermanlary bellenilmegi gerekdir. Gan öýmeli (gemorragiýa) zeperlenmeleriň ýüze çykan ýagdaýlaryn­da witamin С we P bellenýär. Agzyň nemli bardasy üçin ýöriteleşdirilen ýerli bejergini talap etmeýär, ýöne görkezme­ler boýunça gerek bolan ýagdaýda agyrsyzlandyrjy serişdeler ulanylýar (ýüzleý ýapgy, agyz çaý­ka­mak üçin 2%-trimekainiň ergini, 1-2% - promekainiň ergini, gliserinli anestezi we ş.m.). Gyjyndyr­maýan iýmitler we köp mukdarda suwly içgileri içmek maslahat berilýär.

Ýaraly stomatit (heýlit, glossit). Bu derman serişdelere bolan allergik reaksiýanyň iň agyr görnüşidir. Ol güýçli agyrynyň, nahar iýende we gürlände güjeýanligi bilen utgaşýar. Agzyň nemli bar­dasynyň gyzaran we ýellenen ýeriniň esasynda kentlewgiň, diş etiniň, dodagyň, dulugyň, diliň sebit­lerinde, her dürli göwrimli açyk-dury suwklykly pakgarçaklar ýüze çykýarlar. Olar ýarylyp açylan­dan soň ýaralar peýda bolýar, onuň üsti fibrinoz kesmek bilen örtülen (11.28. surat). Seýrek bolmadyk ýagdaýda ýekelikdäki ýaralar goşulyşyp, giň göw­rümli ýaranyň üstüni döredýarler. Diş ara emzijekleri gyzaran, ýellenen, sähelçe gan­jarýar. Sülekeý bölünip çykmasy peselýar (ginosaliwasiýa), damak geçel­gesinde ýakymsyz düýgy, gijäp gyjynmagy, ýüze çykýar. Näsagyň umumy ýagdaýlarynyň agyrlaşmagy müm­kin: gowşaklyk, işdäsiniň peselmegi, beden gyzgynynyň 37.5-38 0С çenli beýgelmegi. Aşa­ky äň asty limfatik düwünleri ulalan, agyryly bolup biler. Ýaraly derman stomatitiniň agyr­lyk derejesi agzyň nemli bardasynda patologik üýtgeşmeleriň ýaýraňlygyna bagly bolýar;

Ol agyz boşlugynyň arassaçylygy kanahatlanarsyz ýagdaýda bolanda, dişleriň kariýesi, parodontlaryň keselleri bolanda beterleşip bilýär.

Mundan başgada üznüksiz ýokançlaryň ojaklary, ýaraly derman stomatitiniň geçişiniň agyr­ly­gyny beterleşdirip biler.

Deňeşdirlip anyklanşy. Ýaraly derman stomatiti

  • ýiti gerpetik stomatit;

  • köpgörnüşli şypyljaýan eritema;

  • pakgarçak

bilen deňeşdirilýär.

Deňeşdirilip anyklanyş usulynda keseliň gelip çykyşyndan (anomnezinden) agzyň nemli bar­da­synyň ütgemegi derman serişdesiniň kabul edilmegi bilen baglanşyklydygyny kesgitlemek mö­hüm oryny eýeleýär. Şeýle hem derman berilmegi bes edilenden soň, kliniki alamatlaryň ýitip gidýanligini belmek zerurdyr.

Gerpetiki stomatit ýaraly derman stomatitinden ýarasynyň jähekli şekili bilen, olara mahsus bolan ýerleşýän ýerleri we ýaranyň ýüzünden alnan kesmekde gerpes wirusyň mähnet öýjikleriniň barlygy bilen tapawutlanýar.

Bejerlişi. Ýaramaz täsir edýan dermany kabul etmekligi bes etmelik we antigistamin der­manlary bellemek bilen baglanşykly bolýar.

Ýaraly derman stomatitiniň agyr görnüşinde kortikosteroid dermanlary ulanylýar (pred­nizolon 15 – 30 mg, deksametazon 2 -3 mg 10 – 14 günüň dowamynda). ýerli agyrsyzlan­dyr­ma geçirilýär, agyz boşlugyny antiseptik dermanlar bilen päkizelenýär, ýara bolan sebitlere proteolitik fermentleň we serişdeler bilen ýüzleý ýapgy goýulýar. ýara bitirijiligi hyjuwlandyrýan dermanlar (E, A witaminleriň ýagly erginleri itburynyň ýagy, oblepihanyň ýagy, aktobegin, solkoseril çalgylar we başgalar).

Gyjyndyrmaýan iýmitler we köp mukdarda suwly içgiler içmek maslahat berilýär.

Ýaraly – çüreýän stomatit ýada gingiwit. Bu derman serişdeleri ulananda döreýän iň agyr allergik stomatitiň ýüze çykmalary bolup durýar. Adatça ýaraly – çüreýän derman stomatit umumy agyr allergik reaksiýanyň esasynda deriniň, nemli bardanyň we içki synalaryň zeperlenmeginde döreýärler. Ýaraly – çüreýän derman stomatit umumy bedeniň ýagdaýlarynyň bozulmagy bilen bile­likde geçýär (gowşaklyk, bedeniň gyzgynlygynyň beýgelmegi). Kesel ýiti başlanýar. Näsaglar umu­my gowşaklyga, kelle agyra, agzyndan ýakymsyz ysyň gelmegine, sülekeý bölünip çykmagynyň ýokarlanmagyna arz edýärler. Güýçli agyrynyň ýüze çykmagy netijesinde iýmit iýlende, gürlände kynçylyk döredýär. Agyz boşlugy gözden geçirlende nemli bardanyň gyzarmagy we ýellenmegi ýüze çykarylýar, onuň esasynda sarymtyk – çal reňkli çürän ojagy bolýar. Zeperlenen sebit agyz boşlugynyň has köp meýdançasyny tutup biler, ýöne kä ýagdaýlarda hatda hemme nemli barda zeperlenýär. Aşaky äňasty limfatik düwünleri ulalan, agyrly.

Deňeşdirilip anyklanşy. Ýaraly – çüreýän derman stomatiti. Şu aşakdakylardan tapawytlan­dyryl­ýar:

  • Wensanyň ýaraly – çüreýän stomatitinden;

  • Gan kesellerinde agzyň nemli bardasynyň ýaraly zeperlenmelerinden (leýkoz, agranu­losi­toz);

  • Ýürek – damar kesellerindäki çuň ýaralardan.

Bejerlişi. Kesel dörediji dermanlaryň berilmegini bes etmek bilen baglanşykly bolýar. Antigistamin dermanlar, serişdeler berilýär, näsaglaryň agyrlaşan ýagdaýlarynda.

  • Kortokosteroid dermanlar (parenteral) berilýar (bir gije gündizde 40-60 mg çenli predni­zo­lon). Bedeniň güýçli zäherlenen ýagdaýlarynda damar içine 30% - tiosulfat Natriýanyň 5 – 10 ml erginini her günde goýberilýar. Ýatymlaýyn hassahana şertlerinde danjalaýyn damar içine gemostaz, poliglýukin we başgalar göýberilýär.

Iýilýän iýmitlerden ýokary duýyjylykly ýaramaz täsir edýän önümleri aýyrmaly (kofe, ýumyrtga, ikra, şokolad we ş.m.), şeýle hem agzyň nemli bardasyny gyjyndyrýan nahar (ýiti, gyzgyn, hamyrly).

Ýerli bejerlişi ýaraly – çüreýän derman stomatitde agyrsyzlandyryjy dermanlary, pro­teolitik fermentleri, antiseptik we kepatoplastik serişdeleri ulanmaklyk bilen baglanşyklydyr.

Gatnaşykly allergik stomatiti (stomatitis ­сontaсtilis allergiс). Gatnaşykly allergik stomatit – bu allergik reaksiýanyň haýal ýüze çykýan görnüşidir. Stomatologik amalynda ulanylýan dermanlar we serişdeler diýseň köp, olar gatnaşykly ýokary duýyjylygyň döremegine sebäp bolup bilerler. Gatnaşykly allergik reaksiýa amalgamalardan goýlan petikleýjilerden, protezlerden, dürli we bir görnüşli metallardan ýasalan diş protezlerden döräp bilýär. Metallardan diş protezleriň düzümine girýän nikel we onuň kobalt, hrom, palladi bilen garyndyly görnüşi köplenç ýagdaýlarda allergik reaksiýa döredýär. Kümüş we altyna bolan allergiýa köplenç nikele, hroma we kobalta bolan allergiýa bilen utgaşýar.

Gatnaşykly stomatitiň bir näçelerini akril plastmassalardan ýasalan protezleri ulanýan näsag­larda görmek bolýar. Gyjyndyryjy allergen höküminde plastmass komponentleri (monomerler, dürli boýaglar, didrohinon, peroksid benzoila). Gatnaşykly allergiýa dodagyň gyzyl gaýmasynda owa­danlyk serişdelerden (dodak boýaglaryndan, kremler) döräp beler; agyz boşlugynda – diş ýuwyjy hamyrlardan, agyz çaýkalýan erginlerden (eliksirler).

Kliniki alamatlary. Kliniki amalda gatnaşykly allergiýa adatça 5-7 gün geçenden soň ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda ilkinji gezek allergen bilen gatnaşykda bolup birnäçe aý geçenden soň ýüze çykyp bilýär. Bu bolsa näsagyň bedeniniň duýgurlygynyň ýagdaýyny, allergik reaksiýasyna ýykgynlydygyny, allergeniň häsiýetini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Allergen (gyjyndyrjy) bilen gatnaşykda bolan ýerde nemli bardanyň ýellenmesi, eritema, emele gelýär. Kä bir näsaglarda gyzaran nemli bardanyň esasynda owynjak pakgarçaklar ýüze çykýar. Olar çalt ýarylyp, nokat-nokat ýarajyklary emele getirýär. Şeýle ýagdaýda näsaglar agzyň nemli bardasynyň gijemekligine, awyşamaklygyna, guraklygyna, tagamalyş duýgusyna gaýtarmak ýada ony doly ýitmegine arz edýärler.

Anyklanşy. Agzyň nemli bardasyna gatnaşykly allergik reaksiýanyň anyklanşynda ilki bilen ýokary duýgurlykly täsir edýan sebäpleriň sebtinde ýerleşýän zeperlenmäniň ýerine we keseliň kliniki alamatlaryň häsiýetine üns berilýär.

Keseli anyklamakda eliminasiýa barlaglaryň netijeleri, deri barlag usuly we laborator barlaglar (leýkopenik we trombositopenik barlaglary we başgalar) möhüm oryna eýedir.

Bejerlişi. Gatnaşykly allergik stomatitiň bejergisi allergenleri aýyrmak bilen baglan­şykly bol­ýar. Protezlerden dörän gatnaşykly stomatitiň bejerdisi täze, başga serişdelerden protez ýasalmagy bilen baglanşyklydyr. Akril plasmassalar ýaramaz täsir edende agzyň nemli bardasy we proteziň ýatýan ýeri bilen gatnaşykda bolmaz ýaly dürli aralaýjy, gorag gatlagy ulanylýar. Şikes döredýän, diş gysylyşynyň beýikligini peseldýän ýaramaz hilli protezleriň çalşylmaklygy zerurdyr. Agzyň nemli bardasynyň güýçli çişme reaksiýasynda çişmä garşy we antiseptik dermanlar bilen päki­ze­leniş işleri geçirilýär. Keseliň agyr ýagdaýlarynda ýokary duýgyrlyga garşy (desensibili­zirleýji) dermanlar berilýär.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]