Добавил:
Upload Опубликованный материал нарушает ваши авторские права? Сообщите нам.
Вуз: Предмет: Файл:
Kitap ter stom.doc
Скачиваний:
23
Добавлен:
01.07.2025
Размер:
3.55 Mб
Скачать

11.4.1.2. Kwinkäniň angionewrotik çişgini

  • Kwinkäniň angionewrotik çişgini (oedema angionewroti cum Quincke)–kähalatlar-da duýdansyz ýok bolup gidýän we seýrek bolmadyk ýagdaýlarda gaýtalanýan, deri-niň we deriasty öýjükligiň ýiti ýüze çykýän çuňňur çişginli çäklendirilen häsiýetli keselidir.

Iç keseller bejeriji nemes lukmany Kwinke tarapyndan (1862) bu kesel ilkinji sapar beýan edilendir. Kwinkäniň angionewrotik çişginliginiň ýüze çykmagynyň esasynda allergiki jogap berijiligiň tiz döreýän görnüşi ýatandyr. (öňden çen bilen) ýokary duýgurly bedende bölünip çykýan biologiki işjeň maddalaryň (gistamin, serotonin, geparin we başgalaryň) täsir etmeginde ownuk gan damarlaryň geçrijiligi ýokarlanýar we çişmekligi ýüze çykýar. Kwinkäniň çiginliligi köplenç iteşen (krapiwnisa) bilen utgaşýar, bu iki keseliň umumy gelip çykyşynyň sebäbi birdir.

Dürli-dürli iýmitleriň, derman allergenleriň (sulfanilamidleriň, antibiotikleriň, assetilsa-lisil – turşysynyň, bromidleriň we başg.), kosmetiki, görk beriji serişdeleriň, yslaryň, sowyga bolan ýokary duýgurlygyň täsir etmekligi Kwinkäniň çişgininiň sebäpleri bolup bilerler. Birnäçe alymlar Kwinkä çişginliginiň gelip çikmagyna nesil yzarlaýjylygyň, wegetatiw nerw ulgamynyň ýokary duýujylygynyň, dowamly ýokanç keselleriň ojaklarynyň aşgazan-içege keselleriniň uly ähmiýetiniň bardygyna üns berýarler.

Kliniki alamatlary. Kesel duýdansyz başlaýar.Ýüzüň dürli-dürli ýerlerinde, agzyň nemli barda­synda ýa-da bedeniň beýleki ýerlerinde birnäçe minutyň dowamynda, käýagdaýlarda haýalrak döräp aýdyň bildirýän çäklendirilen çişgin döreýär. Munda deriniň ýa-da nemli bardanyň reňki üýtgemeýär. Çişginligiň sebtinde dokumanyň dartgynlylygy bellenil-ýär, oňa barmak basyp barla­mak ýagdaýda çukurjyk galmaýar, şeýle hem ol agyrysyz bolýar. Kwinkanyň çişginligi has ýygy-ýygydan aşaky dodakda, gabaklarda, dilde, çekgelerde, kekirdekde ýerleşýär (11.26-nji surat). Diliň çişginli ýagdaýynda ol ep-esli ulalýar we kynlyk bilen agyzda ýerleşýär. Diliň we kekirdegiň eýýam kemala gelen çişgini has howply bolýar, çuňki ol demikmegiň örän çalt emele gelmekligine alyp barmaklygy mümkindir. Bu sebtlerde hadysa örän tiz ösýär. Nasag dem almakda kynçylygy duýýar, sessizlik afoniýa döreýär, diliň gök-dalaklygy ýüze çykýar. Zerur bolan kömegi wagtynda edilmese näsagyň heläk bolmaklygy mümkindir.

Eger-de Kwinkäniň çişgini kelle beýnisine we beýni bardalaryny eýelän bolsa onda degişli bolan newrologiki näsazlyklar (garaguş keselli pisint tutgaýly, afaziýa-gepläp bilmezlik, gemip­le­giýa we başg.) ýüze çykýarlar.

Kwinkäniň çişgini birnäçe gije-gündizleriň dowamynda hem saklanylyp bilýär. Ondan soňra yzsyz-tozsyz ýitip gidýär, ýöne weli gelejekde wagtal-wagtal gaýtalanyp hem biler. Çişgin seýrek ýagdaýlarda agyryly duýgular bilen utgaşýar, köplenç näsaglar dokumalaryň dartgynlygyndan zeýrenýärler.

Deňeşdirilip anyklanşy. Dilleriň sebitindäki Kwinkäniň çişini şu aşakdakylardan tapawutlan­dy­rylmalydyr:

  • Melkerson-Rozentalyň alamatlar toplymyndan;

  • Beze çişginliginden;

  • Limfostazdan we periostitdäki kollateral çişginlikden.

Melkerson-Rozentalyň alamatlar toplymynda dowamly bolup geçmeklige eýe bolan, Kwin­käniň çişginligindäki geçmeklige garanyňda o diýen bir aýdyň bolmadyk dodagyň çiş­ginligi bilen bir hatrda şol bir wagtyň özünde diliň gasyn-gasynlygy we ýuz nerw dama­ry­nyň çişmesi hem (newrit) ýüze çykarylýar.

Dodagyň bese çişginliginde Kwinkäniň çişginliginden tapawutlylykda, zeperlenilme sebtinde, ýalnyň dil ýaly görnüşdäki gyzarmasy bolýar. Kwinkäniň çişginliginiň dil sebitindäki görnüşini makroglossiýanyň dürli-dürli görnüşlerinden tapawutlandyrylýar. Anyk keseliň kesgidi esasan anamneziň maglumatlarynyň we Kwinkäniň çişginliginiň ýiti ýüze çykýan häsiýetiniň esasynda goýulýar.

Bejergisi. Kwinkäniň çişginiň bejergisinde allergen bilen gatnaşmagynyň gaýra goýulmasyz bes edilmekligi (munuň mümkin bolan halatlarynda) esasy zat bolýar. Antigistamin (Gistamine gar­şy) serişdeler (dimedrol, suprastin, twaegil, pipolfen we başg.) ezele içeri ýa-da bolmasa ýeňil derejeli ýagdaýda günde 2-3 gezeklik gerdejikler görnüşindäki serişdeleriň içilmekligi ulanylýar. Gan damarlaryň geçrijiligini peseldýär askorutin hem bellenilýär.

Kekirdegiň çişginliginde goşmaça ezele içeri 25 mg. Ölçegde prednizalon–gemisuksinat goýberilýär. Görkrzmeler boýunça näsag GBB-keselleri bölümine hassahana ýerleşdirilýär ýa-da bolmasa traheotomiýanyň zerurlygynyň mümkin bolaýmaklygy bilen baglanyşykda bejergisi hirurg – lukmanyň gözegçiligi astynda alynýar.

Kwinkäniň çişginliginiň agyr ýagdaýlarynda, haçan-da arterial-gan basyşynyň pese gaçmak­lygyna deri asty 0.1%-li adrenaliniň ergininden 0.5 ml goýberilýär.

Gelejegi. Çişgin bedeniň daş ýuzlerinde ýerleşen ýagdaýynda şowly bolup geçýär, we kekir­degiň, beýniniň we beýni gatlaklarynda çişgin ýüze çyksa örän howply bolýar.

Öňüniň alnyşy. Kwinkäniň çişginliginiň gaýtalanmagynyň öňüni alynmaklygy, ony döreden allergen bilen gatnaşmanyň aradan aýrylmaklygydyr.

Соседние файлы в предмете [НЕСОРТИРОВАННОЕ]